awadan
08.04.2025 11:54
Hekaya - Gyz jigi [1-nji bolumi,dowamy bar

... Gyz sada jogap berdi:
- Ýok.
- Synanyşybam göreňokmy? – diýip, oglan çintgäp sorady.
- Synanyşybam göremok.
Oglan geň galdy.
- O nämüçin?
- Näme diýeýin saňa?! Aý, höwes ýok-da.
- Beh!..
- Okuw bolsa, bolanok-da meňki. Birhili ýüregim gysyberýä.
Oglan gyzyň ýüzüne seretmän:
- Göni ýöräbermelimi? – diýip sorady.
- Ýok – diýip, gyz barmagyny çommaldyp, saga ümledi. – Şu köçeden şeýläk sowulmaly.
- Be-e, okuwa bolamok diýdiň-ow.
- Hawa, okuwa bolýan däldirin.
- Onda işleýänsiň-dä bir ýerde?
- Ýok-la, işlärinmi?!
- Beh, o nä?
- Aý, işläýin diýeňde nirä barjak şu wagt? Hany iş barmy üýşüp ýatan? Okuwsyz bolsaň-a asylam...
- Iş diýeniň okuwsyz bolaňda-da tapdyrar-a.
- Tapdyrar. Tapdyrmaz diýjek däl. Ýöne maňa borluk iş näbileýin-dä.
- Oňa nähili düşünmeli?
Gyz ýylgyrdy. Soň ýuwaşja gülüp:
- Nähili düşünseň, düşünibermeli – diýdi. – Özümden-le bary. Höwes edýänje işim bolaýsa diýip, şol...
- O nähili iş?
- Diýen bolaýýan. O-da üýtgeşik bir zat däl-le.
- Nähili?
Gyz ýene ýylgyrdy. Ýene ýuwaşja güldi. Soň şeý diýdi:
- Aýtmaýyn. Aýtsam, üstümden gülersiň.
Oglan çynlakaý sypata girdi. Onuň gözlerinde bilesigelijik ody tutaşýardy.
- Güljek däl. Aýt!
- Neme-dä – diýip, gyz aradan esli salymy geçirip gepledi. – Restoranda-zatda diýýän-dä.
- Näm bolup?
- Hyzmat edýän diýen ýalyrak bir zat-da. Müň sany iş ýokdur-a o taýda.
- Müň sany iş-ä ýokdur-la - diýip, oglan gaýtalady.
- Meň diýýän işim-ä, ana, şo.
Oglan bary-ýogy bir agyz:
Dogry – diýdi. Soň:
- O-da gowja iş – diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
Dymyp, biraz ýörediler.
Töwerekde güýz. Köçeleriň ýakasy, ganawlaryň içi, aýaklaryň asty, bütin dünýe – ýaprak. Sary-sary ýapraklar!
Günüň çogy tomusdaky ýaly däl. Öçügsilenipdir. Ýöne ýitilik bar. Oglan jalbarynyň jübüsünden elýaglygyny çykardy-da, maňlaýynyň, boýnunyň, alkymynyň derini süpürdi. Ýüzüni ýelpedi.
- Adyňam-a bilemok men seň – diýip, ol soňrak täze bir gürrüň tapdy. – Adyňy bir aýt maňa. Eşidip goýaly.
Gyz gözlerini güldürdi.
- Çynymy aýdaýynmy ýa...
- Dagy nä aldaýjakmydyň?
Gyz birazajyk utanyp:
- Seýýara – diýdi. Dagy näderini bilmän, diň-gögüne garady.
- Seýýara diýsene, Seýýara. Adyňam özüň ýaly owadan eken-aý. Bäh!
Gyz hakykatdan-da görmegeýdi. Horluk, semizlik babatda pylan diýer ýaly däldi. Ortamiýana. Boýam şonuň ýaly, ne uzyn, ne gysga. Dodakalary birenaýy neşelendirilipdir. Gözleri onçakly ýeser däl. Tersine, öçügsi görünýär. Şonda-da ol gözlere köp wagtlap, belki-de, ömrüňi ötürýänçäň seredip oturasyň gelýär. Şu dünýäniň kän-kän ýagşu-ýaman işleri şunuň ýaly gözlerden başlanýan bolsa-da, ahmal. Onuň maňlaýy dar. Gaşlary selçeň. Burny kiçijegem bolsa, görküne birjik-de zeper ýetirenok. Gaýtam aksowult ýüzüniň görmegini artdyrýanam şu kiçijik burun ýaly bolup dur. Bu gyzyň şeýle gözilginç owadanlygynyň başga zatlardan bolmagy-da mümkin. O-da ujy gyradeň gyrkylan gara saçlarynyň egniniň üstüne dökülip ýatmagy. Ýa-da onuň seresap ädim urşunyň, gaýkyldaman ýöreýşiniň görk-görmegine, syratyna oňaýly täsir etmegi bolup biläýjek zat.
- Men-ä onda saňa Seýýara diýiberjek indiden beýläk - diýip, oglan sözüniň üstüni ýetirýän äheňde müňkürligini syzdyrdy.
- Diýiber.
Seýýara oglana-da çalaja eşdiläýer ýaly sesde ýoň bolan toý aýdymyna hiňlendi:
Gaýgylanma, ýarym, gaýgylanma!
Oglan kesä bakyp, şeý diýdi:
- Entegem giç däl.
- Nämä?

Dowamy kän☘️
8
164
enes_∞
8 Aprel 2025
@smart_gr, Hergun tassyklanyp durdy, goyular sugun
alma___
8 Aprel 2025
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.