awadan
21.12.2024 12:51
Owadan gyzyñ mañlaýycolor="red">hekaýa 7-nji bölüm
“Aýtma” diýerine garaşyp durmady:
— Näme diýdi, ikiňiz bir-biriňize mynasyp gaty bagtly ýaşarsyňyz diýdi. Goç-goç ogluňyz bolar diýdi.
Humaý arzuw etdi: “Kyýas geläýbilsedir şumat”. Şol bir wagtyň özünde-de: “Toba etdim, toba etdim, gelmäwersin, gelmäwersin” diýdi. «Geläýesi ýok-la entek” diýip, diwaryň ýüzünde arabaň tigirçegi kysmy sallanyp duran sagada seretdi. Sagadyň peýkamlary onuň göwnüne teselli berdi.
Mergen hut palçynyň özüne öwrüldi. Humaýyň nämeleriň pikirini edýändigine çenli bilip duran boldy.
— Bäşden bärde gelmeýä ol. Sagat ýaňy on iki bold-a.
Mergen Kyýasa ol diýýär. Ony Humaýyň äri saýmaýar. Onuňça Kyýas Humaýyň ýanynda ýaşap ýören bir biweç keseki. Belki, Mergen özüni Humaýyň äriniň ornunda goýandyr… Goýsa goýubersin. Onuň islegi şol. Ýöne ol isleg bitmez. Haýsy bir islän zadyň bolup dur?!
— Bar, gyýw, git, indi.
— Humaý, men ýene gelerin.
— Waý-eý, adamda utanç-haýa bolmasa…
— Gitdim, häzir gitdim, ine gitdim…
Mergen ynama kast etmedi. Gitdi.Kyýas düýş görüpdir. Bir ýerlerde uly köl, kölüň orruk-ortasynda çaklaňja adajyk, adajygyň üstünde-de aýaklayny suwa salyp Kyýas otyr diýýä. Kyýasyň elinde çeňňek bolup, ol balyk tutmakçy bolýamyş. Çeňňege ilki bir balyk düşüpdir. Asyl ol balygam däl diýýä. Balyk sypatyna giren adamyň hut özümiş. Edil ertekidäki ýaly adam dilinde gürläp ýatyrmyş. Onuň näme diýip gepleýändigi Kyýasyň hakydasynda galmasa-da, adam dilinde sözleýändigi çyn diýýä. Kyýas: “Ertekidäki tylla balygy tutdum” diýip begenipdir. Çeňňege ikinji balyk düşüpdir. O-da adam dilinde gürleýär diýýä. Kyýas: “Onda bu näme?” diýip geň galypdyr. Geňem galmandyrda, birhili gorkjak bolupdyr. Soňam: “Hä-ä, bildim, bi tylla balygyň dogany bolmaly” diýip, öz ýanyndan çak urupdyr, rahatlanypdyr. Onsoň üçünji balygy tutypdyr. Olam ýaňkylar ýaly adam dilinde gepläp başlapdyr welin, Kyýas: “Bu-da bir dogany” diýipdir. Soň başga-başga düýşler başlanypdyr…
Humaý düýşi gowulyga ýordy.
— Balyk gören bolsaň ogluň boljakdyr – diýdi.
— Men üç balyk dagyn gördüm, how. Göremogam, asyl tutdum. Näçe balyk görseň. Şonça ogluň bolýamyka ýa? Ä?
Kyýas muny howsala bilen aýtdy. Ýöne onuň äheňinde ahmyr duýulmady.
Humaý:
— Şeýle bolaýmasa – diýdi.
— Mysal üçin, men on sany balyk tutsam, on sany oglum bolarmy?.. Aý, ýok, oňňaly bolmaga haky ýok…
— Bilmedim onda men-ä.
— Be-eý, walla!.. Aý, ýok, bolýa…
Humaý: “Şu zatlar gowulyk bilen gutarmaz” diýdi. Ol Mergeni halys ýürekden ýigrendi.Kyýas işe gitdi. Humaý penjiräniň öňünde söýenip kän durdy. Näme etmeli? Oýlandy, ölçerdi-de, ol ahyry öýüne gidermen boldy. Ýöne näme üçin? Näçe günlük?
Humaý öz-özüne jogap bermäge gyssanmady. Bu şäherden – bu namutlykdan çykmaga howlukdy. Ol girelgäniň agzynda Mergene sataşmady. Sataşmandygyna-da begendi. Muny ajaldan gutulan adamyň soňky ömrüne barabar gördi. Ýoluň iki gyrasy durşuna bagdy. Tomsuna bu baglaryň kölgesi örän goýry bolýardy. Howur ýerden asmana göterilýärkä bu agaçlar gözüňe dürtüler durardy. Häzir welin olarda gözilginçlik ýok.
Neşelendirilip geýdirilen mahmal donlar ütüm-ütüm edilipdir. Şahalardaky apbasy ýapraklar selçeňleşipdir. Ýalaňaç çybyklaram bar ýaly… Hawa, gyşam ýetip gelýä-dä.Atasy öýünde ony ýeňňesi garşy aldy. Nurtäç saglyk-amanlyk soraşmady.
— Hä-ä, gördüňmi? Bildim-ä men. Ol hazan almyş bitonyň içinde içiň gysjagyny. Şo gün aýtmadymmy?
Dowzah-a siziň onyňyz barypýatan. Şäherde köşgüň bolanda-da, ataň öýüňden enaýy däldir. Oba ýeri-dä. Senem şeýdip geliberseň asyl gidesiňem gelmez. Geple ýalanam bolsa!..Humaýyň ýeňňesine hä diýesi geldi. Diýmedi.
— Ejem dagy ýokmy – diýdi.
— Ejeň bilen kakaň-a Kemman agsaklaň hudaýýolusyna gitdi. Soňurrak gelerler. Jigileňem okuwda. Resulam işe gitdi. Oň-a bu gün isminidirem. Ertir günortandan bäri…
Humaýyň ýüzi asyl-asyl. Gaşlary bürjeşip dur. Gözleri öçügsi. Nurtäç welin muny duýarly däl.
Dowamy bar ☘️
9
192
awadan
20.12.2024 20:39
Owadan gyzyñ mañlaýyhekaýa 6-nji bölüm
— Salam aýtsaň bolany. Sag-aman bar, gyz, gitseň. Özüňem gelip dur. Indiki gelende Röwşen janam alyp gel.
Nurtäç yzyna öwrülip hekgerdi.
— Asyl geläýmen. Kim gelse şo gelsin. Men-ä gelmen. Oba göçýänçäňiz Nurtäj-ä gapyňyzy açmajak bolar. Şuny bek bilip goýaý.
Humaý ýeňňesiniň oýnudygyna-da, çynydygyna-da düşünmedi. Düşünjegem bolmady. Näme etsin düşünip?! Çaky, ýeňňesiniň jaýa pisindi oturmandyr. Ol şuňa düşündi. Ýeterlik dälmi şunuň özi?!
Humaý göwresinde çaga galandygyny Nurtäje aýtmady. Aýtsa, kän oturyp, kän ýaňrar öýtdi. “Onsuzam az geplänok” diýdi.Ertesi günortanlar gapy kakyldy. Kimkä bu? Kyýas-a däldir. Şol-a belli. Nurtäjem düýn gelip gitdi. Onuň-a indi “Humaý öýünden gyzyl paýlap otyr. Gapysyny kakana bir penje berýämiş” diýiläýende-de geljegine kepil geçip biljek ýok. Düýnki bolup oturyşy şeý diýmäge doly esas berýär. Onda kim bu?
Humaý çak urdy: “Mergendir”. Humaý ýaýdandy: “Açmalymy, açmaly dä?..”
Gapy gaýtadan kakyldy: tyrk, tyrk, tyrk..
Bu tyrkyldylarda dözüm ýok. Olarda ümsümligi bozmaga het edýän asudalyk bar. Humaý muňa üns bermedi. Dözümli kakylsyn, dözümsiz kakylsyn, tapawudy ýok, hemmesiniň soňy bir netijä syrygýar:
Gapynyň aňyrsynda biri garaşyp dur. Humaý şuňa pisint etdi.
Gapy üçünji gezek kakyldy:
— Kimsiň?
— Açsana, Humaý, men!
Şol! Humaý: “Aýtdym-a – diýdi. – Bildim-ä şodugny”. Onuň süňňi düşnüksiz galpylda duwlandy. Ol muňa pitiwa etmedikden boldy. Heşelle kakdy:
“Ýüregi gürsüldäp durandyr şumat. Agzyndan çykaýsam-çykaýsam diýýändir”. Şeýdip galagoplygy ýeňmegiň emelini tapandyryn öýtdi.
— Sen kim?
— Mergen – men. Eýýäm ýadyňdan çykaýdyňmy? Açsana gapyny.
— Açjakgä! Nämüçin geldiň?
— Açaýsana! Bir zat aýtjak. Gorkma!
— Aýdyber näme aýtjak bolsaň. Şo taýdanam eşdilýä.
— By taýda beýdip durmak birhili-dä, Humaý!
— Bar, gyýw, git, ärim gelmeli häzir.
— Ol-a bäşden bärde gelenok. Bilýän-ä men.— Gelmese-de açjakgä.
— Açaýsana, Humaý! Derrew gitjeg-ä Gorkma… Elimi degirsem bar-a, söz bereýinmi, elimi degirsem, heleý boldugym.. Erkek adamyň sözüni berýän, Humaý, ynanaý!
… Humaý ynandy.
Ine-de, Mergen! Humaýy öldüren Mergen! Kyýasyň betbagtlygyny ölçeren Mergen! Ol öňküsinden görmegeýleşen ýaly. Onuň görkünde kemlik ýok ýaly.
Humaýyň ýigreneni – jüýkburun. Mergen jüýkburun däl. Humaýyň halamaýany – gür biten gaş. Mergeniň gaşlary gür däl. Humaýyň ýek görýäni süýrikelle. Mergeniň kellesi süýrem däl.
Ähtimal, şu tetelli zatlar onuň üçin Mergene sataşanyndan soň şeýledir. Humaýyň muňa hä diýesi gelmedi.
Mergen iki elini arkasyna tutyp, gapa söýendi. Boýnuny burdy. Oýurgandy. Humaýyň gözlerine göni garap:
— Meň gelmek niýetim ýokdy – diýdi.
Garşysynda durup, bedenindäki üznüksiz saňňyldyny bir ritme düzen Humaýyň: “Onda nämä geldiň?” diýip, heniz bermedik sowalyna-da ugrybir jogap berdi:
— Düýn palça gitdim. Neme diýdi, heniz öýlenmänsiň diýdi, basym bir Aý ýaly gelne öýlenersiň diýdi. Göni seň salgyňy berýä. Begenip gaýtdym…
Humaý: “Çypdyrýa – diýdi. – Çaklap urýa. Göwni islänsoň diýen bolaýýa. Palçam ýokdur häli görseň, beýlekem”.
— Men-ä entek oňňaly palçy görmändim. Eşidipdim, ýöne görmändim. Meň beren pulum-a halallap aldy şo. Palçy diýeniň şoňňaly bolaýsa…
— Halallap alanny näbilýäň?
— Wi-iý, bilmän näme?! Aýdýan zatlary hakykat.
— Waý, bar, git gyýw! Men seni tanamogam, bilemogam.
— Dur, dur, häzir gitdim, ine, gitdim… Wi-iý, neme, Humaý? …
Humaý onuň gözlerinde nälaçlyk gördi. Ýöne nebsi agyrmady. Asla nämüçin ol nebsini agyrtmaly?!
— Palçy heleý maňa ýene bir zat diýdi, aýdaýynmy?
Humaý: “Oňly zat aýtmaz bi” diýdi. Mergen onuň:
Dowamy bar ☘️
8
107
awadan
20.12.2024 07:38
Owadan gyzyñ mañlaýyhekaýa 5-nji bölüm
Siz-ä tanaýan ýok ekeni şu töwerekde. Ýaňy gelýäkäm öňümden çykandan soraýan. Soraýan welin birem bilenok-da. “Kyýas bilen Humaýdyr. Göçüp gelenlerine bir ýylam bolanok. Ýaş maşgaladyr” diýip, näler düşündirip aýdýan welin, gyran degenleň birem bilenok. “Göçüp gelen eriň gursun” diýip, arasynda saňa-da gargynýan. “Aýnadan dagyň kellesini
çykarmazmyka” diýip, aýagaldygyna äpişgelere-de seredişdirýän. Eger-eger…
Ýeňňesi Humaýyň ýüregine dagyn düşdi. Onuň içini it ýyrtdy. Çydamady.
— Onsoň nätdiň – diýdi.
— Wiý, nätmekden Hudaýjanyň özi saklasyn. Gapjygymda allanäme adres ba. Seň ýazyp beren adresiň. Şo ýadyma düşäýdi. Bir gyzjagazyň eline tutdyrdym welin, şart-murt, derrew getiräýdi. Men, aňkasy aşan aýlanyp ýörüpdirin-dä şu jaýyň daşynda.
Biläýmändirin-dä… Ynansaň bar-a, gyz, şu kösenşime tapmadyk bolsam, göni gaýtjakdym yzyma. Ikiňizem ýüzüňizi Babaly görsün diýjekdim. Kyýasyňam, seňem…
Nurtäç dymyp oturyp bilmez. Obadan ýöriteläp gelensoň, burny deşilen ýaly sesini çykarman otursa niçik bor?! Onda gep kändir. Ol entek geplär. Näçe ýokuş görse-de, ýeňňesini diňlemäge Humaý boýun boldy. “Mugt gürrüň. Diňläýin oturaýyn” diýdi. Kalba giňlik salmagyň iň arzan emeli şu.
— “Etaž jaýyň tuwaledem içinde bormuş” diýip kän eşidipdim. Heýç ynanamokdym-da şonda. Ine, gözüm bilenem görüp otyryn ind-ä. Bolsa-da, gyz, mynyňyzdan ys-a gelenok. Ýa gireňzogammy?.. Aý,
ýok, tuwalede girmän-ä onuň bilmersiňiz, ä? Ýöne ys gelmez ýaly bir zat edensiňiz siz…
Ýeňňesi gürrüňden gürrüň ýasaýar. Asyl sepinem bildirenok. Bildirmezem. Nurtäjiň şondan başga işi bamy nä?! Bar işi – gaýynlary bilen äriniň, onsoňam çagalarynyň nanyny, naharyny bişirmek, kirini ýuwmak. Galan işi – gybat. Gybat bolmasa dünýe onuň gözüne türmeden enaýy görünmez. Ýanynda adam bolmasa bi aýdyp oturan gürrüňleri onuň gursagyna sygmaz, içini byjyklar. Nurtäç çydamaz, öler. Şu gutulgysyz hakykat.— Astyňyz-üstüňiz, dört tarapyňyz biton-la, gyz, siziň. Ölmän nädip ýaşaýaňyz?! Sadagasy gitdigim, adam pahyryň jany gaty berkden-ow. Hiý, gör, myny, bitonyň içinde-de ýaşap ýör-dä, gyz, birenaýy bolup.
Nurtäç aladasyz aýal. Näme diýse-de ondan geň däl, gelşip dur. Ondan kine saklamak aňy ýukalygyň alamaty. Şuňa akly çatyp durka, Humaý ýeňňesinden göwün etmez. Humaý aňynyň ýuka bolanyny islänok.
— Hakyt pilite-dä, gyz! Bir seret myňa… Hökümet diýýän-ä, şuň dagyn alajyny tapyp bilenokmyka?! Adamlara ýamanlyk diýib-ä edýän däldir ýogsa şuny. Çig kerpiçden salmal-a şuňňaly jaýy dagyn. Ana, obada gül ýaly jaýlary dikeldip ýörler-ä çig kerpiçden. Ýa arzan düşýämikä şu hazan almyş beton-piliteler. Aý, ýok, arzana düşmeli däl. Düýn dälmidi Magtym çekimçiň: “Simunt gymmatlaýa, simunt” diýip, ulukjyn alyp ýöreni. Simuntdan ýasalýandyr-da şu pilitelerem. Gyran degen höküwmediňem ugry gaçyp ýör öýdýän. Nurtäç biriniň körpe oglunyň keýwanysy. Äri iýjegini-iýjegini getirip dur. Dört çagasy bar, dördüsem ogul. Gaýynlary bilen agzyny alartman ýaşaşyp bilýär.
Äri bilen harçaňlaşyp duranyny gören ýok. Emma ärinden nadylsyran bolýar. Oňam sebäbi belli. Ile öýkünýär. Hemme erkekler şeýledir öýdýär. Onuň gyzyl ýaly äri bar. Tapylgysyz. Humaý: “Dünýede şundan mes ýaşaýan ýok – diýdi. – Kem zady ýok, bi heleýiň”. Eýse, onuň ýeňňesi ýaly bolasy gelmedi.
Nurtäjiň gününi arzuw etmedi.
— Sagat näçe bolduka, gyz? Bir seret-le… Bu-uw, eýýämmi? Turdum onda men-ä. Üçdäki awtobusa ýetişjek bolaýyn. Salgy bir ber, gyz! Nirden nädip gitmeli? Yzyňy tapmagam gara görgüdir, ýene soraşdyryp ýörmelidir. Humaý salgy berdi.
— Öýe aýtjak-goýjak zadyň bamy, gyz? Men-ä gitdim.
Dowamy bar ☘️
7
107
okyyjy
19.12.2024 18:43
Nurundan ýaradan iki azyzy,
Bugdaý iýp, behiştden aýrylmadymy?!
Üç ýüz ýyl agtaryp, sergezdan bolup,
Adam How eneden aýrylmadymy?!
Adam ogly hiç bolupdyr baş bilen,
Ýuwdy ýüzün gözden akan ýaş bilen,
Abyl atdy ol Kabyly daş bilen,
Aga inisinden aýrylmadymy?!
Ybraýym pygamber dünýäge geldi,
Arzuwarman bilen Hajary aldy,
Musulman bolanlar kişdige doldy,
Nuh öz kowumyndan aýrylmadymy?!
Ol hakyň Töwratyn okygan Musa,
Zamanynda ýokdy olar dek resa,
Bibi Merýem oglyhezreti Isa,
Gaçyp, kapyrlardan aýrylmadymy?!
Pygamber äleme patyşa boldy,
Zebur okap, halka nesihat kyldy,
Bir güni göwnüne menmenlik geldi,
Dawut öz oglundan aýrylmadymy?
Dawut öldi, zürýadyna ýer galdy,
Hudaýymdan şoňa bir ýüzük geldi,
Nurdan bolan ýüzügini döw aldy,
Süleýman tagtyndan aýrylmadymy?
Ýakup aglap aýrylandyr gözünden,
Hiç peýda tapmady aýdan sözünden,
Arzy Gambaryndan, güler ýüzünden,
Ýusup Züleýhadan aýrylmadymy?
Pygamber Çaryýar ýaşyn dökerden,
Şyhlar sopusyndan, şalar nökerden,
Zenbur asalyndan, toty şekerden,
Bilbil gülüstandan aýrylmadymy?
Görogly beg, tälim algyn ussatdan,
Ýagşy, ýaman hemme geçer syratdan,
Leýli Mejnunyndan, Şirin Perhatdan,
Wamyk Uzrasyndan aýrylmadymy?
"Görogly beg" dessanyndan
6
53
awadan
19.12.2024 17:03
Owadan gyzyñ mañlaýyhekaýa 5-nji bölüm
Kyýas Humaýy gujagyna gysdy. “Oglanjykdyr. Öňünden bilýän-ä men. Çaga galjakdygynam öňünden bildim. Mynam bilýän. Oglanjykdyr. Ine, gör-de duruber, meň diýenim dogry bolar” diýip, düşnüksiz hümürdi bilen aýtdy. Humaý oýkanjyrady:
— Gysmasana gaty. Demim gysýa.
Göwrede çaga galany hak. Sag-salamat ýaşalyp ýörülse, ol Humaýa çeker. Humaýa çekse-de, oglan bolar. Olaryň tohumynda gyz dogurýany seýrek. Şujagaz pikir onuň kalbyna umyt saldy, beýnisine ynjalyk berdi.
— Birden gyzjagaz bolaýsa.. Bu-uw, ejem bilen kakamyň-a gözüne görnübilmen. Birhili görülýä-dä birinji çagaň gyz bolsa. Utanylýamy, nämemi? Señ üçinem şeýlemi?.. Zyýany ýok, gyz bolsa-da. Bir zat bolup dursa boldu-da. Bu gezek gyz bolar, ikinji gezek ogul. Dogry dämi?.. Senem ýöne-e gyz dogrup ýörmersiň-ä. Arasynda… hany entek şuny bir göreli. Belki, Hudaý, ogul bolaýady-da. Süýşsene bärik!
Humaý gyz dogranda-da, oglan dogranda-da tapawudy ýok, onuň kakasy Mergen. Ýöne çaga dil açansoň, Mergene kaka diýmez, Kyýasa diýer. Ähtimal, ol Mergeni tanamazam.
Kyýas bu zatlary bilmez. Humaý bu barada hiç kime hiç zat aýtmaz. Içinde saklar. Bu syry günä göteren kimin göterip ýörmek oňa biçak gymmat düşer. Ölýänçä ini müňk-müňkde bolar.
Bu syry diňe mähek daşy gizligin saklap biler.
Humaý özüni mähek daşyna deňemäge gaýrat tapmady.
Ýaýdandy. Bir syry, ýekeje syry içine sygdyryp bilmese, Humaýyň ojagy ýykylar. Maňlaýgara bolar. Oňa gargarlar. Humaýa hiç kim düşünmez. Humaý bu syry o dünýä alyp gider. Aýtsa-da, şo taýda aýdar. Magşar gününde. Şondan bärde aýtmaz. Ol äht etdi. “Aýdan günüm taklap janym çykaýsyn” diýdi.
— Humaý!
— Hä?
— Oglan bolsa adyna näme dakarys?
— Waý, bilmedim men-ä. Pikirem etmändirin şony.
— Onda näme dakaly diýsene?! Neme dakaly. Şöhrat dakaýaly, hä? Gowy ad-a şo?!
— Hawa.
— Wiý, ýa-da Daýanç dakaly. Men-ä gowy görýän şony. Erbet däl-ä. Sen nähili görýäň? Ejem dagam gowy görer şol ady. Ýa bolanokmy?
— Bolýa-la…
— Wi-iý, Humaý, birden ekiz oglumyz bolaýsa, hä! Hany elläp göreýin… Ep-eslije bar, how, şü. Ekiz bolaýmasyn?! Bir aýlyk diýdiňmi? Bir aýda şuňňaly bolsa, tüweleme, ganymat, bolubilýä.
Kyýas begenýär. Humaýyň garnyny gaýta-gaýta sypaýar. Häzir onuň gözleri gülýär. Gözedürtme garaňkylygam bolsa, onuň gözleriniň gülýändigini Humaý bilipjik ýatyr. Kyýasyň begenji ýürekden. Ol şu gije uklabam bilmez. Ol kesekiniň çagasyna guwanýar. Özüniňkidir öýdýär. Ol özüni erkek sanyna goşýar.
Aýbyny bilmeýär.
Humaý ärini gözli kör saýdy. Onuň betbagtlygyna agysy tutdy. Asyl agladam. Özem ses etmän aglady. Aglan halatyň ses etmek hökmanmy diýsene?! Ýassykdaşy aglar-da, Kyýas bilmezmi? Bildi.
Eginlerini silkip-silkip ýatyşyndan çen tutup bildi. «Samsyjak” diýdi.
— Goý, how, aglabermeli bomy çagam bolýa diýip. Gaýtam begenmeli sen. Men-ä begenip ýatyryn şumat. Bi bolsa… Goý, how!
— Begenjimden aglaýan-da men.
Ol Kyýasy ogşady. Çem gelen erinden. Maňlaýyndan, gözünden, ýaňagyndan, boýnundan.Bäş günden soň Nurtäç geldi. “Baldyzjygymyň içi gysýandyr, bir göreýin-le diýip gaýdyberdim” diýdi. Humaý begenmedem, gynanmadam.
— Gowy edipsiň – diýdi.
Nurtäç jibrinip gepledi:
— Nähili edenim-ä özüm gowy bilýän-le. Öň bilmändirin. Bilen bolsam gaýtmazdym. Atam direlip gelýänem bolsa gaýtmazdym.
— Näm boldy, gyz, beýle?
— Wah, bilmedik bolan bolýa-da. Öldüm-ä men seň tünegiňi tapjak bolup. Hakyt masgara bolaýdym-da, gyw. Görmedigim görde galandyr-la… Özüňiz bir kösenmän tapýaňyzmy, gyz? Ýa daşarygam çykaňzokmy? Çykýanam dälsiňiz siz. Ýaýdanyp duransyňyz. Bir çyksaň münmek işdir. Münseňem düşmek. Ýaňy özüm itiň günini gördüm-ä.
Humaý ýeňňesine çaý berdi. Nurtäç täzeden tükezzibana tutduryp ugrady:
— Goňşularyňyzy bir tanaýaňyzmy, gyz? Tanaýan dälsiňiz-le.
Dowamy bar ☘️
5
138