Ýar sowgady 1- nji bölüm (hekaýa)Aman bu günem ýykyldy. Ony öz deňemigi, Akýaýladan gelen pälwan ýigit ýykdy. Hernä göreş meýdany ýumşaksy bolansoň, kelemenläp, juda batly gaýtsa-da, Amanyň zeper ýeten ýeri bolmady. Ýykan pälwan ýigidiň daşyny bile gelen ýoldaşlary alyp duransoň, onuň golundan çekenem bolmady. Özi turdy, özi gaýtdy. Ol diňe köpçüligiň içinden bir ýaşulynyň: «Ýykylan göreşden doýmaz» diýipdirler, belki, indiki toýlarda ýykarsyň, ruhdan düşme» diýen göwünlik beriji sözlerini eşidip galdy.
Aman ýeke özi pikire çümüp ýatyşyna, düýnki toýda ýykylyşyny ýatlady. Ony ýene-de der basdy, howpurgatdy. Ol ýatakdaky goçlaryň birini tutagada, boýnuna hopba edip, howlynyň içinde aýakýalaň o ýan, bu ýan ylgady. Endam jany suw-sil boldy, ýumşady. Diňe şondan soň az-kem göwni göterildi.
Şeýdip aradan birnäçe gün geçdi. Birneme ýeňlişiň yzasy aýrylyşdy. Şol günleriň birinde-de goňşy obada — Goşaderekde toý bolýandygy, uludan göreş tutuljakdygy baradaky habar gulagyna degdi. Habary eşidendenem, sähel ikirjiňlenmän, göreşe taýýarlanmagy ýüregine düwdi.
Bu gezek Aman täzelikde esgerlikden gelen pälwan ýigit bilen billeşmeli boldy. Emin olary köpçülige tanyş edensoň, göreş başlandy. Iki pälwanam bir-birine emel baryny urdular. Bisabyrraklar olary: «Göreşip bilmeýän bolsaň, orta bir çykmaly däl-ä», «Ýykylmakdan gorkup, emel ulanybilmän durjak bolsaň, bärde işiň ýok» diýen ýaly gyjytly sözler bilen gyssamaga başladylar.
Näme üçindir Aman ol sözleri hut özüne aýdylýan ýaly duýdy. Ünsi sowuldy. Esasanam, soňky sözler degnasyna degip, ses çykan tarapa seretdi. Edil şol wagtam, ünsüniň sowlanyndan peýdalanan garşydaşy ony şeýle bir pyrlap goýberdi welin, Aman garşylyklaýyn emel ulanmaga-da ýetişmedi. Birhili, töwerek-daş pyrlandy-pyrlandy-da, Aman ýagyrnysyny ýere berdi ýatyberdi.
Nobatdaky bişowlugyň täsiri hiç bir zat bilen deňär ýaly bolmady. Ol indi özüne pälwan diýip ýüzlenmeklerini üstünden gülmek diýip hasap etdi. Hakykatda welin, her kim oňa duýgudaşlyk bilen seredýärdi. Şonuň bilen bir wagtda-da obadaşlary ondan entek-entek uly-uly ýeňişler hantamadylar.
Oglunyň halys ruhdan düşüp barşyna ýüregi ezilen ejesi bir gün halys jandurmazlyk edip oňa ýüzlendi:
— Balam, pälwan ýigide beýdip ýörmek aýyp bor! Pälwanlyk diňe ýeňiş däldir. Mertligem diňe ýeňiş bilen däl-de, ýeňlişi kabul etmegi başarmak bilenem kesgitlenýändir. Göreşdir bi, oglum. Edil durmuşdaky ýaly, şowly ýerem bolar, şowsuz ýerem. Onsoňam, entek seniň tejribäň ýetik däl-ä. Kakaňam pälwan adyny alyp, ýagyrnysy ýere degmez derejä ýetýänçä, kän şaty görendir. Ine, örüden gelse, özem gürrüň berer saňa. Beýdip oturyşyňy görse, ol halamaz. Şonuň üçinem öýden çyk, gezim et.
Aman ejesiniň aýdanlaryny sesini çykarman diňläp oturdy. Ejesi bir zat ýadyna düşen ýaly oňa seretdi.
— Aman jan, daýyňlara-da gidip gelmelidi welin… Şoňa özüň gidäýseň-ä gowy bordy — diýip, sakyndy. — Ýagdaýym ýok diýseňem, özüm gidäýmesem…
Her näçe islemese-de, Aman daýylaryna gitmäge boýun boldy. Munuň özüne ýetesi sebäbi-de bardy. Onuň sebäbi obanyň günorta çetinde ýaşaýan daýylarynyň öýleriniň golaýyndaky beýik çarbagly howludy. Has dogrusy, şol howluda ýaşaýan uzyn boýly, inçe billi, suraýy owadan gyzdy. Birki ýola salamlaşyp, şonçarak gezegem çalarak gürleşip görenini hasaba almasaň, Amanyň ol gyza dahylly ýeri ýokdy diýseňem boljak. Ýöne ýürege o zatlary düşündirip bolýamy?
Dowamy bar ☘️