Rova
07.11.2022 18:54
Öwrenmeli barada gyzykly maglumatlar:
Marka atly post zynjyrymyzyñ 15-nji postunda Öwrenmeli barada gyzykly maglumatlary jemledim :)
1. "Öwrenmeli" ilkinji gezek Täçgeldi Soltanow tarapyndan 2016-njy ýylyñ 4-nji dekabrynda maglumat alynýan websaýt bolup guruldy.

2. İlkinji web saýty owrenmeli.biz boldy, onda diñe maglumat okap bilýärdik, bu 2019-njy ýyla çenli şeýle dowam etdi.

3. 2019-da owrenmeli.biz ýöredilmegini goýdy, öwrenmeliniñ web adresi indi tsoltanov.com/owren-api-a daşandy

4. Öwrenmeli programmasy hem resetlendi

5. Täze Öwrenmelide paýlaşylan ilkinji post 2019-njy ýylyñ 11-nji iýunynda owrenmeli_officiall tarapyndan paýlaşylan "PicsArt Photo Studio" atly postdy, bu adam şuwagtam diri we öwrenmelide admin :)

6. Öwrenmelide indi maglumat hem paýlaşyp bilýardiñiz: 2019-njy ýylyñ 29-njy oktýabrynda paýlaşmak funksiýasy goşuldy. İlkinji post paýlaşan agza guller dir, şuwagt öwrenmelide admindir

7. Öwrenmelide bu güne çenli 4.000-e golaý hasap açyldy we 10.000-lerçe myhman ulanyjysy boldy.

8. Öwrenmelidäki iñ köp like alan post 299 like bilen owrenmeli_officiall-yñ "degişmeler" atly degişme postudyr.

9. Öwrenmelide iñ köp okalan post bolsa 56.405 okalma sany bilen Coutinho atly agzanyñ "login" atly degişme postudyr

10. Öwrenmelidäki iñ köp teswirli post bolsa shamko atly agzanyñ paýlaşany "Nefrotik sindromy hakynda" atly postdyr. Bu posta 290 teswir ýazylan.

11. Öwrenmelide 5 status: höwesjeñ, officiall, editor, admin, resmi bardyr,
Täze ulanyjylarda status bolmaýar

12. Öwrenmelide jemi 12 kategoriýada post paýlaşyp bolýar, 12nji kategoriýa officiall statusyny alanda açylýan anketa kategoriýasydyr.

13. Geçirilen anketa görä Öwrenmelide paýlaşylýan postlaryñ köpüsi manyly sözler we täsinlikler kotegoriýasyna degişli

14. Öwrenmelide iñ köp dislike alan post öñki adminleriñ biri bolan M.M tarapyndan paýlaşylan anketadyr. Post 53 dislike aldy

15. Öwrenmelide iñ köp post paýlaşan adam öñ admin häzir editor bolan D.S dyr. Jemi 1.181 posty bardyr, soñky postuny 5 aý öñ paýlaşdy

16. Öwrenmelide statusy bolmadyk iñ köp postly agza ylham_gurbanaly atly ulanyjydyr

17. Öwrenmelide ilkinji sapar diñe gündizki tema bolupdyr, gijeki tema soñradan goşulypdyr, geçirilen anketa görä ulanyjylaryñ %57-si gündizki temany ulanýar

18. Geçirilen anketa görä Öwrenmelidaki adamlaryñ köpüsi Daşoguz we Ahal welaýatyndandyr

19. 2022-nji ýylyñ 31-nji sentýabrynda reaksiýa funksiýasy goşuldy, indi okaýjylar postlara smaýlik bilen reaksiýa görkezýar

20. Aşakdaky surat Öwrenmeliniñ ilkinji logosudyr

Posty halan bolsañyz like basyñ
Öwrenmeli bilen galyñ :)
Teswirlere garaşýan

Rova'nyñ ähli postuny görmek üçin şu ýazgynyñ üstüne bas
101
2 408
ATOMIC
4 Iýul 2024
ooo ýüz bir like tapdym
Myhman Myhman
10 Mart 2023
Öwrenmeli _officiall admin agam
Myhman Myhman
27 Noýabr 2022
Gowy maglumatlar👍👍👍
Relax
9 Noýabr 2022
22. Öwrenmelide 09.11.2022ý şu senede DisLike we Like görip bolýan funkisiýa açyldy we kimiñ kmdigi belli boldy...😅
Myrataly
9 Noýabr 2022
21. Owrenmelide in kop dislike basan agza @begenc55 😁
Rova
8 Noýabr 2022
wolf,👅CrAzYGiRl👅,ideallider, 😃👍
wolf
8 Noýabr 2022
👍🔥👍🔥👍bet bolupdyr sag bol bratok gerekli maglumatlar göni like göni bellik😁👍
👅CrAzYGiRl👅
8 Noýabr 2022
Rova,🥳udachi ishinde:)
ideallider
8 Noýabr 2022
Wooo anyk azap edilen post🤩👍
NurgylyjowaG.
8 Noýabr 2022
👏👏👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.