❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
18.03.2022 18:04

Psihologiýa hakda...


Psihologiýanyň täsin faktlary hakynda bilmek isleýärsiňizmi? Onda bu post siziň üçin:
11: Psihologiýada bir ýörelge bar: käbir hadysalara näçe köp garaşsaň, göwnüçökgünli netijeleri almak ähtimallygy şonça-da ýokarydyr. Köp zada garaşýarsyňyz, az alarsyňyz, az garaşarsyňyz, has köp alarsyňyz. (mende tersine bolýardy welin, sizde nähili?)

13: Hünärmenleriň pikiriçe, gök gözli adamlar birnäçe minutda aşyk bolup bilerler we goňur gözli adamlar bir wagtyň özünde iki adamy söýüp bilmek ähtimallygy bar. Ýaşyl gözli adamlar aşyk bolmak üçin köp wagt gerek, käwagt birnäçe ýyl gerek. Reňkli gözli adamlar bir sagadyň içinde aşyk bolup bilerler.

14: Gyzykly tarapy, adam gowy bahalary erbetlerden has köp ýadyna düşýär. Takmynan 89% adamlar "5"ligi we diňe 29% - "3" ligi ýadyna düşer. .

15: Sportdaky sudýa(судья) eşikleri gara reňkli toparlary köplenç jezalandyrýandygy gyzykly. Muny NHL, FIFA tarapyndan barlanan statistika tassyklaýar.

16: Aýal-gyzlaryň egin-eşik dükanynda, tekjä we asylgy zatlara has köp üns berýändigi hemmelere mälimdir. Çalam-çaş/tertipsiz dursa, has gowy, has gyzykly bir zat bar ýaly duýýarlar.

17: Dükanlar tarapyndan psihologiki faktorlaryň we usullaryň tutuş sferasy ulanylýar. Mysal üçin, töleg wagtynda gaýtalanýan zatlar, mahabat we dürli reňkdäki baha bellikleri. "Jorap - $ 2" ýerine baha belligine - "ARSANLAŞYK! 5 jübüt jorap - 10 dollar" diýip ýazsaňyž satyşlary takmynan ýarym esse köpeldip bolar ...

19: Jaýyň penjirejigi döwülse, basym ýekeje döwülmedik penjire hem galmaz, soň bolsa talaňçylyk başlar - bu döwülen penjireleriň teoriýasynyň esasy pikiri. Has giňişleýin manyda, bu teoriýa, adamlaryň töwereginde tertipsizligiň aýdyň alamatlaryny görseler, özüňi alyp barşyň kadalaryny we kanunlaryny bozmaga has isleglidir - bu birnäçe gezek synag arkaly subut edildi.

20: Adamlar asuda, derejeli bir adama garşy çykmak islemeýärler. Munuň tersine, kimdir biri öz pikirini zorlukly we agressiw gorasa, oňa garşy çykarlar we onuň bilen çekeleşikde bolarlar.


Terjime eden: ❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
Çeşme:b7.ru





Başgada:
📍 Psihologiýa degişli faktlary okamak isleseňiz basyň
📍 Psihologiýanyň täsinliklerini okamak isleseňiz basyň






Halan bolsaňyz👍🏻
13
118
Myhman Myhman
19 Mart 2022
16 .😂😂😂
ŞirnazarTaganow
19 Mart 2022
𝓑𝓪𝓷𝓾𝓬𝓲𝓬𝓮𝓴,tebigatyñ kanuny şeýle!😅😋👍
ŞirnazarTaganow
19 Mart 2022
𝓑𝓪𝓷𝓾𝓬𝓲𝓬𝓮𝓴,howalaý ýeñil ýürege döndürdä!😅👍
ŞirnazarTaganow
19 Mart 2022
𝓑𝓪𝓷𝓾𝓬𝓲𝓬𝓮𝓴,senem meniñ ýaly goñur gözli öýdýän!(ýylgyrdyñ weli!)😀👍
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
18 Mart 2022
Guli_,Ylham.1989,👍🏻
ylham_1989
18 Mart 2022
👍👍👍👍👍
guli_
18 Mart 2022
♥️♥️♥️♥️♥️♥️♥️
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
18 Mart 2022
Sonagyz,:)))
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
18 Mart 2022
🔖Täsin psihologiýa 3.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.