❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
06.03.2022 21:32
Täsin Psihologiýa


Psihologiýanyň gyzykly täsinliklerini şu postumda jemeldim:


1. 6-7 sagat uklaýanlaryň, 8 sagat uklaýanlara garanyňda wagtyndan öň ölüm howpy az. Emma bir gijede 5 sagatdan az uklaýanlar, bir gije 8-9 sagat uklaýanlara garanyňda akyl problemalarynyň döremegi üç esse köpdür.

2. Tanyşlykda ýatda saklamaly ilkinji zat gürrüňdeşiň ady. Işleýän ýeri däl, hünäri däl, adyny ýatda saklamaly. Bu gowy gatnaşyklary ýola goýmagyň esasy düzgünidir.

3. Çalt uklamak üçin arkaňyza ýatmaly, uzanmaly, tutuş bedeniňizi rahatlandyrmaly. Gözüňizi ýummaly we gözdäki zraçoklary* ýapyk gabaklaryň aşagynda ýokaryk bakdyryň. Bu uky wagtynda gözleriň adaty ýagdaýy. Bu şekilde duaran adam çalt, aňsat we çuň uklaýar. Wiktor Suworowyň pikiriçe, GRU işgärleri bu usul boýunça onlarça ýyl bäri tälim alýarlar.


4. Psihologiýany bilmek durmuşy kynlaşdyrýar we ulanmagy aňsatlaşdyrýar.

5. Oksford uniwersitetiniň alymlary kitap okamagyň bedene has çalt täsir edýändigini öňe sürüp, aladalary we stresleri aýyrmagyň iň oňat serişdesi hökmünde ykrar etdiler. Geň zat, bu usul spirtli içgilerden, ýörüşden(gezelenç), çaý içmekden ýa-da aýdym diňlemekden has täsirli.

6. Käwagt birtaraplaýyn söýgi hakyky obsessiýa öwrülýär we hatda akyl bozulmalarynada getirip bilýär. Mysal üçin, Adeli sindromy ýaly.
Adeli sindromy, başga bir adama jogapsyz uzak wagtlap dowam edýän agyryly söýgi.

7. Uly sport ýaryşlary wagtynda geçirilen gözleglerde milliarddan gowrak twit seljerilenden soň, alymlar jedelçiniň sözlerine “has güýçli” we has ynamly bolsa, çekişmede(ýaryşda) ýeňiş gazanjakdygyny anykladylar. Başgaça aýdylanda, ýalňyşýandygyňyzy bilseňizem ynamly gürläň.

8. Bir adam bir zady ýada saljak bolsa, şol bir wagtyň özünde gözüňize seretmäge dowam etse, aldanýandygydyr. Başgaça aýdanymyzda bir zady ýada salanymyzda başga tarapa seredýäris.


Halan bolsaňyz👍🏻

Terjime eden: SimpleGirl
Çeşme:юургау.рф
18
165
ideallider
7 Mart 2022
7. Näçe samsyk bolsagam ynamly gürlemeli🤣👍🏼
owadanjam
7 Mart 2022
8-nji 👍
Shir✍️
6 Mart 2022
Durmuşda gerekli bilmeli zatlar 👍
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
6 Mart 2022
👍🏻....
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
6 Mart 2022
📑Täsin Psihologiýa
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.