zumerret_
06.08.2024 20:29
SIZ GABANJAŇMY ?
Herkimiň başyndan gabanjaňlyk duygusy geçendir. Bu kiçi wagtymyz joramyzy birinden gabanmak bolup biler yada bolmasa ene-atany doganlarñy gabanmak yaly gabanjaňlyklar bar. Yöne bularyn arasynda in möhümi adamyny belli bir yaşa yetenson söyüp ony hiçkim bilen paýlaşyp bilmezlik gabanjaňlygyñ in uly orynda duruberyär. Söygülin gabanmasy gaty gowy duygudyr welin muny aşa etyänler hem bolyandyr aramyzda. Meselem gyzlaryn gözi bilen seredende oglan gaty gabanjañ bolyar. Aslynda köplenç ayal maşgalan duygularyna düşünmek kynrak bolyar gabansaň erbet diyyäler gabanmasañ söyyenok diyip başlayalar. Aslynda çenden geçmeseñ gabanjañlyk gowy zat adam söyülyänini bilyä meselem gyzlaryn köpüsi söyen yary gabansyn isleyändirler sebäbi beyle wagty söyyändigini duyyalar gayta -gayta men seni söyyän janym sözüni eşitmek isleyärler. Egerde beyle sözleri aytman başlasaň meni söyenokmyka yada bolmasa başga biri bamyka diyip gyz hem ony gabandyrmak üçin elinden geleni etmek biIen bolya.Birbiriňi gabanyp gezmek söygüni hem artdyrya kämahal.
Emma gabanjañlygy aşa derjelere ýetirýänler hem bolýar , bularyñ köpüsi hem erkek maşgalalar.Aşa gabanmakdan kämahal goh hem turýandyr meselem käbir erkek kişi halaşýan gyzyny şeýle bir bek saklaýa welin entäk almaka ony geýme muny geýme saçyñy beýtme ýada bolmasa daşaryk mensiz çykma ýanynda ejesi hem bolsa ynanman gohlamak bilen boluberýä. Şeýtmek näme gerek bu hakykatdan hem söýüp gabanmakmy ýada bolmasa ynamsyzlykdanmy? Gepletseñem ýok men saña ynanýan diýýäler onda bu gabanjañlyk keselmi?

Toý etmäkä şeýle berk saklap sözüni geçirjek bolup herhili oýun tuzurýan bolsa toy edensoñ nähili saklarka? Köp duş gelyän, gelin edip alansoñ hiçýerik çykarman saklap ýada çyksada ýanynda birini ugradyp şeýle ynamsyzlyklar ýada bolmasa biderek gabanjanlyklar nämä gerek.Şoñ üstünde urş turup maşgalasy agzala bolýan ýaşlar hem bar.Aşa gabanjañlygyndan çydap bilmän atasy öýüne gaýtýan gelinlerem bolýar. Şeýdip maşgalañy agzala etmek nämä gerek? Etjek bolsa sen näçe gysyp sakalasañam şondada etýär emma welin ynanyp saklasañ has wepaly gezýär. Bu adamyñ tebigatynda bar. Birzady etme diýilse ýada näçe gysyp saklasañ adam şonça edesi gelýär.

Şeýle hem sen gyz bolan bolsadyñ özüñe nähili hereket edilmegini islärdiñ ilki şo soragy soralyñ eger hakykatdan hem özümüzde şol jogaby tapan wagtymyz sizem garşyñyzdaky zenan maşgala has mylakatly gararsyñyz. Ýokarda hem belläp geçişim ýaly gabanmak duýgusy gowy zat söýülýäniñ bilinýä emma muny keselderejesine getirseñ ynha agzalalyk şol ýerde başlar.Belki bu makaladan soñ gabanjañ yigitlerimiz otyryp eden ýalñyşyna düşünerler diýip umyt etýän.



Köneler, 205161 tarapyndan 17-08-2023, 22:50

SİZİN BAŞYNYZDAN ŞEÝLE WAKALAR GEÇDİMİ ÖZÜNİZİ ŞONDA NÄHİLİ ALYP BARARDYNYZ?
27
437
zumerret_
04.08.2024 20:36
Нету худа , без добра !

Ýagşylyk etmeseň , ýamanlyk hem görmersiň!
13
88
zumerret_
03.08.2024 23:21


Sary aganyň gyzy kakasynyn yüzüni saraltmajagyna söz berdi.



B.Amanýazow
16
123
zumerret_
03.08.2024 00:52


Aýallardan âgâ boluñ! Ebu Said el Hudri radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah (S.A.W) şeýle diýipdir:
“Dünýä süýji, göz gamaştyryjy we özüne çekijidir. Alla ony size ulanmagyňyz üçin berer we nähili hereket etjegiňize sereder. Dünýäniň sizi aldatmasyna rugsat bermäň. Aýallaryň başyňyzy aýlamaklaryndan ägä boluň. Sebäbi, Ysraýylogullarynyň arasyndaky ilkinji pitne aýallar sebäpli çykandyr.

12
79
zumerret_
02.08.2024 22:38
Dileg etmek islegi gelen wagty dileg ediñ ,bu dilegiñ kabul boljagynyñ alamatydyr ! Hz Muhammet (s.a.w)
15
78
zumerret_
01.08.2024 00:16
@zumerret - den romantik sözler
we soňra Sen geldiň... Sen geldiň Güldüň... Gurap yatan çölümde güller açdy
Gecmişime dolanmak isleyan...) Seni irden tapyp has köp söymek isleyän :-)
13
49
zumerret_
30.07.2024 10:40
Psihologik test . Dowamy


Iň soňky gezek haçan agladyňyz?

Iň soňky gezek haçan garyp adama kömek etdiňiz?

Iň soňky gezek haçan özüňizde bar bolan zatlara şükür etdiňiz?

Iň soňky gezek haçan ýalňyz galyp, özüňizi diňlediňiz?

Iň soňky gezek haçan durmuşyňyzdaky adaty zatlary terk edip, üýtgeşik bir zat etdiňiz?

Iň soňky gezek haçan tebigatda dynç aldyňyz?

Iň soňky gezek haçan ýakyn adamyňyza garaşylmadyk sowgat etdiňiz?

Iň soňky gezek haçan gorkduňyz?

Iň soňky gezek haçan ýasamalygyňyzy taşlap, hakyky özüňiz bolduňyz?

Balymyzy nädip hasaplamaly?
Her jogabyňyz üçin aşakdaky ballary beriň we ählisini goşuň. Siziň balyňyz näçe ýokary bolsa, siz şol derejede bagtlysyňyz.

A jogap — 8 bal, b jogap — 6 bal, ç jogap — 4 bal, d jogap — 2 bal.

Balyňyz pes bolsa, näme etmeli?
Siziň işiňiz örän ýönekeý. Ýokardaky 20 maddany mümkin boldugyça durmuşyňyza ornaşdyrmaly. Janly tebigat bilen dostlaşyp, dünýäňiziň gözelliklerini açyp bilersiňiz. Dostuňyza baryp ýa-da halaýan adamyňyza garaşylmadyk sowgat alyp, ýakynlaryňyzy begendirip bilersiňiz. Kalbyňyzy arassalamak üçin aglap bilersiňiz.

Sözsoňy: Testiň ylmy esaslary ýok. Bu synag bagtlylyk hakda habardarlygy ýokarlandyrmak üçin taýýarlandy.
12
178
zumerret_
30.07.2024 10:33
Psihologik test
a) 1 hepde öň;

b) 1 aý öň;

ç) 1 ýyl ozal;

d) birnäçe ýyl ozal.

Indi bolsa psihologik testimize başlaýarys.
Iň soňky gezek haçan gül suwardyňyz?

Iň soňky gezek haçan öý haýwanyny sakladyňyz?

Iň soňky gezek haçan Günüň dogup gelýän ýa-da ýaşyp gelýän pursatyny synladyňyz?

Iň soňky gezek haçan siziň gadyryňyz bilindi ýa-da özüňize mynasyp baha berildi?

Iň soňky gezek haçan sowgat berdiňiz?

Iň soňky gezek haçan muzeýe ýa-da sergi zalyna baryp gördüňiz?

Iň soňky gezek haçan roman okadyňyz?

Iň soňky gezek haçan kompýuteri we telewizory öçürip, öýde maşgalaňyz bilen wagt geçirdiňiz?

Iň soňky gezek haçan asmandaky Aýy synladyňyz?

Iň soňky gezek haçan oýun oýnadyňyz?

Iň soňky gezek haçan uzak wagtlap görmedik dostuňyz bilen ýüzbe-ýüz duşuşdyňyz?
13
112
zumerret_
30.07.2024 07:42
> Ý, .., M, A, M, I, I, A, S, O, N, D. Galdyrylan harp haýsy?
Bu söz italiýan dilinden gelip çykyp, "gurçuklar" diýen manyny berýär. Italiýany ýatlanymyzda bu "gurçuklar" şüphesiz hyýalymyza gelýär. Bu nähili söz?
13
103
zumerret_
30.07.2024 07:29
Alnanda gara reňkli, ulanylanda gyzyl, ulanylyp bolandan soň çal reňkli. Bu zat näme?
12
46