zumerret_
05.07.2022 05:09
🔥Aydyp bıljek agyr jümlelerımız bar yöne şony aytmana rugsat berjek wyzdansyz yüreğimız yok🔥 🦋Kate söyenlerımız mahrıbanlarymyz üçin,dogryyny aytmaly yerımızde-de dymyarys...🦋
11
36
3
zumerret_
05.07.2022 00:46
🤦♀️🙈
15
44
7
zumerret_
04.07.2022 02:20
Gözleriñ
Aklym aldy senın şa mar saçlaryn ,
Aklym aldy senın şırın sözlerın ,
Aklym aldy uz basyplar yöreyşın,
Aklym Aldy janym gara gözlerın .
☘️
Her kışıden soradym men sen gülı ,
Haysy bagyn ter, açylan gülı sen ,
Gezdım ençe, men dagy -u - düzlerı ,
Görmedım men beyle gözel gözlerı .
🍀
"Üç yüz altmyş" erenlerın yurdyndan ,
Tapmaryn men sendey hüyrı - perını.
Jana şypa , bır garaysan uz bılen
Yakdy janym senıñ gara gözlerıñ .
☘️
Şol gezmâne boldym dâlı dıwana,
Har eyleme , janym menı yoluñda .
Sözleyârın saña söygı sözlerım,
Zar eyledı ,janym senın gözlerın .
🍀
Gerek bolsa synagyndan geçmâne ,
Kayyl menem şu janymdan geçmâne.
Yañagy nar ,wah dışlerı dür-dâne
Nur eylenen janym senıñ gözlerne .
☘️
Beyle gözellıgı görmandım henız ,
Mana bu panyda , dıne sen ezız .
Garyp -para kalbym söygısız ejız ,
Yar eyledı janym senın gözlerın.
🍀
Senın nâziñ ,meniñ sazym goşulsa ,
Ajap heññam döremezmi jahanda .
Şeýle yşklar barha -barha joş alsa ,
Ölerin men janym şol gözler diyip .
Könürgenç yurdynyñ Soltany bolan Törebeg Hanyma bagyşlap düzen setirlem .
Aysona Muhanowa. 2019 y
6
124
23
zumerret_
04.07.2022 02:12
🤍
Kelimeýi şahadadyň fazyleti
Kelimeýi şahadaty aýtmak Yslamyň 5 şertinden ilkinjisidir. Kelimeýi şahadat Yslamyň iň esasy şygarydyr. Beýleki hemme ybadatlar şul esasyň üstüne gurulýandyr. Şahadady dil bilen aýtmak we kalbyň bilen tassyklamak her bir musulman üçin borçdyr.
Kelimeýi şahadat: “Eşhedü en lä ilähe illallah we eşhedü enne muhammeden abduhu we resuluhu” diýmekdir.
اَشْهَدُ اَنْ لاَ اِلهَ اِلاَّ اللهُ وَاَشْهَدُ اَنَّ مُحَمَّدًا عَبْدُهُ وَرَسُولُهُ
Manysy: “Men, Alladan başga hudaýyň ýokdygyna we Muhammediň (S.A.W) onuň pygamberi we ilçisidigine şaýatlyk edýärin”.
Ebu Hureýre (r.a) rowaýat edýär:
Resulullahyň (sallallahu aleýhi wesellem) daşynda, bir topar adam bolup otyrdyk. Hezreti Ebu Bekir we Hezreti Omaram bardy. Bir wagtdan soň Resulullah aramyzdan turup gitdi. Uzyn wagtlap gelmändigi üçin, bir erbetlik bolandyr öýdüp gorkdyk we howsalalyk bilen ýerimizden turduk. Ilki bilen howsalalyk duýan mendim. Allanyň Resulyny gözläp ýörkäm Ensardan Nejjarogullarynyň biriniň bagyna geldim. Giriş gapysyny tapmak üçin bagyň daşyndan aýlandym; emma, gapyny tapyp bilmedim. Bagyň daşyndaky guýudan baga suw eltýän geçelgäni gördüm we egilip Alla Resulynyň ýanyna girdim.
“-Ebu Hureýre! Senmi?” diýip sorady.
“-Hawa, eý Allanyň Resuly” diýdim.
“-Eýgilikmi?” diýip sorady.
“-Aramyzda otyrkaňyz turup gitdiňiz; yzyňyza gelmäniňizi görüp size bir erbetlik ediler diýip gorkduk. Ilki bilen howsalanan men boldum. Şul baga geldim, tilki ýaly bükülip bagyň içine girdim. Beýlekilerem arkamdan gelýärler.” diýdim.
Pygamberimiz:
“-Ebu Hureýre!” diýip seslendi-de köwşüni çykaryp berdi we:
“-Şu köwüşleri al-da yzyňa dolan! Şu diwaryň arkasynda, köňülden ynanyp “Lä ilähe illallah” diýen kime duşsaň, ony Jennet bilen buşdla” diýdi.
Birinji duşanym Omar (r.a) boldy. Maňa:
“-Ebu Hureýre! Eliňdäki köwüşler näme?” diýip sorady. Menem:
“-Bular Allanyň Resulynyň köwüşleri. Bulary maňa, sözlerimiň dogrulygyna alamat bolsun diýip berdi we köňülden ynanyp “Lä ilähe illallah” diýen kime duşsam Jennet bilen buşdulamagymy emir etdi” diýdim.
Muny eşiden Omar eli bilen göwsüme urdy, menem ýere ýykyldym. Maňa:
“-Yzyňa git Ebu Hureýre” diýdi.
Menem wagyt ýitirmän Resulullanyň ýanyna geldim. Tas aglaýadym. Omar yzymdan gelipdir.
Allanyň Resuly maňa seredip:
“-Saňa näme boldy Ebu Hureýre?” diýip sorady. Menem:
“-Ýolda Omara gabat geldim. Maňa aýdaň habaryňyzy eşidende göwsüme şeýle bir gaty urdy welin ýere ýykyldym. Meni yzyma öwürdi” diýdim.
Resulullah Omara dönüp:
“-Omar, näme üçin beýtdiň” diýip sorady. Olam:
“-Eý Resulullah! Enem-atam size gurban bolsun! Ebu Hureýrä aýakgaplaryňyzy berip ýürekden “lä ilähe illallah” diýenleri Jennet bilen buşdulamasyny aýtdyňyzmy?” diýip sorady.
Resuly Ekrem hem:
“-Hawa” diýip meni dogrulady. Omar (r.a):
“-Beýtmäň eý Allanyň Resuly. Halkyň bu buşdlyk bilen arkaýyn bolup ýaltalaşmagyndan gorkýan. Goýuň ybadat etsinler!” diýdi.
Resulullah (sallallahu aleýhi wesellem):
“-Bolýar, goý olary” diýip buýurdy. (Muslim, Iman 52)
“Lä ilähe illallah muhammedun resulullah” Jennetiň açarydyr. Emma açaryň gulpy aňsatlyk bilen açmasy üçin dişleri gerekdir. Jennet açaryň dişleri hem ybadatlar we gowy amallardyr. Aslynda Pygamberimiziň diýmek isleýän zady hem şuldy. Hezreti Omar bolsa adamlaryň muny ýalňyş düşünip ybadatlary terk etmelerinden gorkdy.
YSLAM NURY
MAKALA
8
50
3
zumerret_
04.07.2022 01:05
Allany näme üçin görüp bilemzok.🤍
Myratjyk kakasyndan:
- Biz näme üçin Allany görüp bilemzok? – diýip sorady.
Kakasy:
- Biziň gözümiz Allany görüp biljek şekilde ýaradylmandygy üçin Ony görüp bilemzok – diýip, oglunyň başyny sypady.
- Näme üçin görüp bilenok, kaka?
- Sen fotoapparatyň bilen ähli zadyň suratyny alyp bilýärmiň?
- Hawa, alaryn.
- Içki organlarymyzyň – içegäniň, öýkeniň, bagryň ýa-da gökdäki ýyldyzlaryň hakyky keşpleriniň suratyny-da alyp bilermiň?
- Ýok, ýöne rentgen, mikroskop, teleskop ýaly enjamlar arkaly alyp bolar.
- Görýärmiň, fotoapparat bilen rentgen maşynynyň her ikisi-de surat alýandygyna garamazdan, rentgen maşynynyň düşürip bilýän suratlaryny fotoapparatyň bilen düşürip bolmaýar. Çünki, ýasalyşlary tapawutly. Allatagala biziň gözümizi-de özüni görjek derejede ýaratmandyr.
- Ol bizi görýärmi?
- Hawa, “garaňky gijede, garaňky otagda, gara egin-eşikli halda bolsak hem Ol bizi görer.”
Hawa, biz görmesek-de Alla bardyr we birdir. Aslyýetinde, Ýer ýüzünde barlygyny bilsek-de, görüp bilmeýän zadymyz ummasy kändir. Meselem, elektrigiň bardygyny ählimiz bilsek-de, ony görenimiz ýokdur. Ýa-da süýdüň içindäki ýagy ýa-da peýniri görkezmek mümkinmi? Ýa-da gynanjy, begenji, söýgüni, şatlygy, aklymyzy we beýleki duýgularymyzy... Olary el bilen tutup, fiziki keşplerini görkezip bilmesek-de, barlyklaryndan şübhämiz ýokdur. Bu sebäpden, göz bilen görmeýän ähli zadymyzy “ýok” diýip inkär etmek dogry däldir.
Bu sebäpden, biz Allany görmesek-de, Ol biziň her hereketimizi görýär, bilýär, eşidýär. Onuň ylmynyň çägi ýokdur.
“Ol, göklerde we ýerde ybadata laýyk bolan Alladyr. Siziň içiňizi, daşyňyzy; etjek her işiňizi bilýändir. (Enam suresi, 3).
“Gury ýerde, deňizde näme bar bolsa, ählisini Alla bilýändir. Ondan bidin bir ýaprak düşmez we ýeriň garaňkylyklary içine bir däne-de girmez...” (Enam s., 59).
“... Şübhesiz, Alla ähli edýänleriňizi görýändir.” (Bakara suresi, 110.)
“Onuň (barlygyny we gudratyny görkezýän) aýatlaryndan biri-de ýer ýüzüniň ösümliklerini boýny bükük halda görmegiňdir. Emma üstlerinden suw inderenimizde, derrew dikelip, boý alar. Oňa jan beren, elbetde ölüleri-de direlder. Çünki onuň barça zada güýji ýetýändir.” (Fussilet suresi, 39).
“Üstlerindäki göge seretmeýärlermi, nähili bina edendigimizi we bezändigimizi görmeýärlermi? Onuň hiç bir çat açan ýeri ýokdur.
Ýer ýüzüni-de düşedik we onuň üstünde daglary goýduk. Ol ýerde köňül açýan her dürli ösümlikleri ýetişdirdik.” (Kaf, 6-7).
Şol bir Günden ýylylyk alyp, şol bir suwdan ganýandyklaryna, şol bir toprakdan iýmitlenip, bir howadan dem alýandyklaryna garamazdan, bir ýerde we deň şertlerde onlarça dürli miwedir bakja önümleriniň ýetişmegi-de Onuň taýsyz ýaradyş sungatyna şaýatlyk etmeýärmi?!
YSLAM NURY
MAKALA
6
45
0
zumerret_
03.07.2022 02:40
Jennet ejelerın ayagynyn astyndadyr...!👨👩👧🤍
8
23
3
zumerret_
03.07.2022 01:22
🧩Goyunlar ömrünı gurtdan gorkyp geçırerler emma sonynda olary ıyyan çopan ...!
6
40
3
zumerret_
02.07.2022 01:23
“Garaýyş”
Men, bu usula birnäçe wagt mundan ozal göz ýetiripdim. Başgalara bolan
garaýşyňyzda bu çözgüdiň möhüm usullarynyň biridir.
Sizi yzygiderli gaharlandyryp durýan bir adamy pikir ediň. Soňra gözleriňizi ýumuň
we sizi yzygiderli gaharlandyryp durýan bu adamy,bir çaga bolan bolsa diýip pikir ediň.
Olaryň kiçijek mähirli gözlerini hyýal ediň. Unutmaň çagalaryň ýalňyşlyk göýbermegi
tebigy zatdyr we ählimiz bir wagtlar çagadyk. Indi bu wagtyň 100 ýyl soňrasyny pikir
edeliň we şol bir adamyň 100 ýaşynda ölüm ýassygynda ýatanyny göz öňüne getiriň. Solan
we kütelişen gözlerini, ýüzündäki emele gelen ýygralygy görmäge synanşyň. Ol
ýygralykda, durmuşa göz ýetirmegiň we edilen ýalňyşlyklaryň puşmanlyklary jemlenendir.
.
Unutmaň biziň hem ýüz ýaşa ýetmegimize ýa-da ölüm ýassygynda ýatmagymyza
galan gün sanardan köp däldir...
Bu beýan edilen usuly özüňizçe üýtgedip hem bilersiňiz we bu usul size elmydama
öz netijesini bermegini dowam eder. Eger maksadymyz gowy bir ýola gönükdirilen
bolsa, onda başgalara garşy ýaramaz pikirde bolmaly däldirs.
.
Üstünlıgın syrlary .
4
28
1
zumerret_
02.07.2022 01:15
Ugurtapyjy şa
Ýaş, akylly we gaýratly bir şa, yzly-yzyna ýeňişler gazanypdy. Soňunda
şanyň iň beýik garşydaşy bilen ýüzleşme wagty geldi. Bu söweşde ýeňilse bar
edeni puçdy. Ol ýeňjegine ynanýardy, emma serkerdelerinde ilkinji gezek
ikirjiňlenme duýgusy bardy.
Generallary toplady, jübüsinden bir teňňe çykardy. Generallar näme
boljagyna sabyrsyzlanýardylar. Şa: “şekil gelse ýeňiş biziň tarapymyzda, eger
ýazgyly ýüzi düşse ýeňiş duşmanyň haýryndadyr’’ diýýär. Teňňe oklandy we
ýere şekilli tarapy düşüpdi.
Serkerdelerde ýeňjeklerine bolan ynam döredi. Şeýlelikde güýçli bir
depgin bilen söweşe başladylar we soňunda ýeňiş gazandylar.Ýeňiş gününiň
baýramynda generallaryň biri: “Teňňäniň şekilli ýüzi geleninden soňra ýeňiş
ynamy döredi’’ diýdi. Galanlary hem generaly makulladylar. Şa: “Sen şeýle
pikir et’’ diýdi, ýaş şa, jübüsinden metal teňňäni çykaryp hemmelere
görkezdi.Teňňäniň iki tarapy-da şekillidi.
Sen ynamyňy ýokarlandyrdygyňda öňüňdäki päsgelçilikler we içiňdäki
gorkular kiçelmäge başlar!
Üstünlıgın syrlary
4
37
3
zumerret_
02.07.2022 01:02
#Agyr sözler
Kabirlerine berıljek ın uly gadyr adynyn bırınjı harpyny uly harplar bilen yazmak bolar , galan zatlara ynanyn degenoklar ...😏
Bugly aynadaky sözlerım yalysyn : yagny howamsyz hıç zat...😌
Kime Dünyâm dıysem, Yupıter çykdy... 😮
Sylaşygymyzy bozan bolsak,agyz söze yol beren bolsak ,bardyr bır bılyanımız ...👍
Yylan barada makala okayardym, birden sen geldın aklyma ...🙈😏
Lezzetlı hâ:â , girip bılmedık suwuny bulandyrmak ...😅
Yatlanan nomerlerem unudylyar eken, hacanda sen yyllar sonra jan edenınde bıldım ...😏👏
Gıje gıc yatanyn dâl, ertir ir turanyn derdi köp bolar ...:-)
6
69
9
Yene yükle