zohreee
20.01.2023 08:37
Bu günem otyrn yüregim gysyp,
Kellede pikir kän, yüzlerim asyk.
Şol diýen zatlaryň bagryma basyp,
Bu alys ýerlerden ýazýaryn eje.
Ulaldy perzendiň, çagalyk ýitip,
Kakdylar egnime, döşümden itip.
Arkamdan çyn bilen gybatym edip,
Yüzüme ýalandan gülýärler eje.
Geçirdim, alaçsyz ýa-da alaçly,
Diýmedim ýaş kiçi ýa uly ýaşly,
Parhy ýok "gyňaçsyz" ýa-da "gyňaçly"
Durmuşdan göwnümi bölýärler eje.
Agramam galmady söz diýen zatda.
Unutdym, berenleň yüzlerem ýatda.
Jüwiň puldan doly bolmasa, hat-da
Dostlaňam ýüz öwrüp bilýärler eje.
Amangeldi Nurgeldiýew
11
48
zohreee
19.01.2023 14:31
Ençe gezek "salamdan" soň tolgunyp,
Saňa söýýänligmi aýtmak isledim.
Başga biri öňürder diýip howlugyp,
Saňa söýýänligmi aýtmak isledim.
Yşgyň tutaşýarka içimde köräp,
Wah nädip bilerkäm, men saňa ýarap,
Öňünden çykyp ýa yzyňdan ýöräp,
Seni söýýänligmi aýtmak isledim.
Saňa söz aýtmagyň ugruny tapman,
Şol hakda oýlandym gijeler ýatman,
Aşa öte geçmän, göwnüňi ýykman,
Seni söýýänligmi aýtmak isledim.
Gaýtalap gezsem-de aýtmaly sözüm,
Her gezek synansam gyzardy yüzüm,
Ýollaryňa gül düşäp düzüm-düzüm,
Seni söýýänligmi aýtmak isledim.
Garaşsam-da, ýola ýeke çykarňa,
Ýygralyk goýmady, maňa sypalga
Şygryň üsti bilen tapyp çykalga,
Seni söýýänligmi aýtmak isledim!
20
84
zohreee
17.01.2023 09:22
Durmuşda gizlemän aýtdym dogrymy,
Aldan başga boldy, aglan men boldum
Gözüň yumup, saklap gören sabrymy
Awlan başga boldy, aglan men boldum.
Bizden bitdi agyr işleň berjaýy,
Esgi boldy köwüşleriň her taýy,
Iş dynansoň arzylanan serpaýy,
Alan başga boldy, aglan men boldum.
Kän oýnadyk Amyderýaň boýunda,
Bugdaý orduk, un gutarsa öýünde,
Şol dostuň wezipä geçiş toýunda,
Gülen başga boldy, aglan men boldum.
"Erkek" diýlen ada gulluk etdim men,
Ejiz görsem, çykmadym hiç hetdimden,
Ýagşylygmyň dolananyn şert bilmen,
Bilen başga boldy, aglan men boldum.
Bar, her zadyň öz müddeti, öz güni,
"Ilden öň bagryma basdym közümi".
Kynçylykda öldürmedim özümi,
Ölen başga boldy, aglan men boldum.
Kerimhally
11
66