yurekdes
12.01.2024 00:40
Gerek däl. Ötägit. Özüň aklama,
Barybir öz pikirlemden dänmerin.
Meň duýgulam barmaz seniň aklyňa,
Keseki doldurar dolmadyk ýeriň.

"O dünýede hökman duşarys!" diýme,
Şu dünýede gören görgim azmy nä.
Sen zerarly şine ýardy beýnimde
Saňa duşanymdan soňky bar günä.

Ynsap, behişt hakda gürrüň otardyň,
Göz aýlap gördüňmi ylahy ylma?
Gitdiň.
Men maňlaýym tutdum oturdym,
Şol ýerde bir maňlaýyma ýazylma.

Ýogsa How enäniň edenin edip,
Ýene meni düşürersiň şu ýere.
Menem Adam ýaly, ugruňa gidip
Haýyrly pikirlem çalşaryn şere.

Şonuň üçin duşma dagy-duwara,
Sen bar bolsaň jennet maňa haramdyr.
Derdim hakda gürlärin men suwara,
Her setirim ruhumdaky ýaramdyr.

Ýaşa, ýaýna, adamlardan ýaşynma,
Ýaşa dünýäň gowuz ýerin dolduryp.
Hyrydarlaň kän bolsa-da daşyňda,
Menem seni gazanmandym ýol urup.

Eýýup ruhum sabyr eder bar günlem,
Men özümi hiç beladan goramok.
Söýýänimi subut etmändim, indem
Ýigrenýänim üçin ötünç soramok.

Seýitmyrat Geldiýew
10
22
yurekdes
05.11.2023 23:03

Hasrat baglap bagtly gunlen yuzune

Gecip baryan yaslygymyn deninden

Ajy gozyas dolup bu gun gozime

Aydym aydyan kecpelegin heninden


Inni gen goremok soyenlem gitse

Genlamok dostlaram gulse ussimden

Men durmusdan dine bir zat hantama

Kemal tapsam bolya ata kesbinden


Yok men ykbalymdan nalamok asla

Gapym kakar ahyr bagtly gunlerem

Janym sagat, şükür bolamok hassa

Janlanyar ahyry solan güllerem


Dost diyenlem taşlap gitdi ortada

Küreksiz gaýykda uly ummanda

Bolya başgalardan gatam görjek däl

Duz iýşenim goldasady bolmanda


Men düşünmändirin durmuş oynuna

Asyl ol oýunda söýgem bar eken

Men-ä söýgi tämiz , päk zatdyr öytsem

Söýgi hemmesinden ajy zat eken


Yene ene ata eken bizi goldajak

Şolar eken aglasak syljak yaşymyz

Şol ezizlem ömür baky dursady

Käşgä asla ulalmasa yaşymyz.


Avtor: Amangeldiyewa Ayna

21
78
yurekdes
12.12.2022 16:12
Sana gowşurmaga niyetlenen hat
Saraldy jubimde bolup gatbar-gat,
Şol haty bermage tapmandym pursat,
Gözeller icinde lälezar wagtyñ.

Gara sacyn gūl döşūnde towlandy
Başyndan on sekgiz bahar sowlan gyz
Howlukma howlukma biraz eglen gyz
Alayyn zūlplerin bir darar wagtyn.

Yap yanam oglandyk yetişdik eyyam
Gara gözler bilen bagrymy gyýýan
Gol gerip gygyrdym: "Men seni söyyän!"
Gyş pasly älemin ala gar wagty..

Şonda men diyipdim: "Bagtly adam,
Bally leblerinden bir gezek dadan,
Hoş bolup dolanar yagty dunyaden
Saçlarny boynuma bir orar wagty".

Şonda ekabyrdyk ūmsūm bolardan
Gursagmyz dolduryp ymtylmalardan
Garaşdyk: "Toy gūni hacan geler sen"?!
Asmanda ay bize hyrydar wagty.

...Birden aramyzda ayralyk salgym,
Senä mensiz galdyn men sensiz galdym,
Görūp galdym ak gollaryn salganyn,
Ayagmyn ustunde bikarar wagtym.

Alyslarda galgap galdy goşarlan
Diyme läläm:" Garaşmagy başarman!"
Aylar-aylanarlar, gūnler - yaşarlar,
Yolumda gözlerin intizar wagty..

Hoş gal, ilki söygim!
Hoş gal Gyzgūzer!
Oylanma, ezizim: Tamasyn ūzer
Aşygyn sen hakda goşgular dūzer
Unutmaz gursakda urgy bar wagty.

uzaklarda esger yaryn söyūp yör
Aglama aglama, juda ayyp bor!
Şonda menin būtin ömrūm hayp bor
Watanyn önūnde bergidar wagtym..

menden uzaklarda yöreyşin messan
Arada ayralyk, yūrekde gussam
Bar arzuwym sendin, bir sana yetsem
Iki yyllap bir görmäge zar wagtym.

Obama dolandym
Döwrūm ajayyp
Garşylarsyn öytdūm islegme layyk
Arman arzuwymdan bolupsyn gayyp
Özganin öyūnde özgä yar wagtyn...

Bu gūn gördūm gollaryn ak bäbekli
Yūzlerin öcūgsi solan yalakdy,
Sen nicik gözeldin badam gabakly
Lebin hurma yanaklaryn nar wagty

Gözlerinde gördūm merjen däneler
Olar mana bakdygynca käneler
Ah, ukusyz gijelerdey kän olar....
Şoldy bagta mätäc wagtyn zar wagtyn.

Yuwaşja ses bilen didin pyşyrdap:
"Atamdan il gūnden söygim yaşyrdym.
Unut meni unut meni başarsan
Baryna baryna gūnakar wagtym.."

Diydin: bar geceni edip owarram
Mähirli gatnaşyk edeli dowam,
Sen maña yar diyme, diy mana dogan,
Bu gūn menin ūcin cyn hossar wagtyn..

...Gözlerne zar gara gözli perimin,
Yandym yanşy yaly şahyr Kerimin,
Bir etjek alajym yeke delilim:
Unutman halymyn bir mydar wagty....
16
60
yurekdes
05.12.2022 18:32
Senli gecen gunlerimin ussune
Seret, yene, bir gys garyn sepip dur
Inni mana gysyn sowgy kar etmez
Sen sebapli nazik yurek donup dur

Inni duydum, gyzgyn sozem yat mana
Sebap kalbym hicem mahir duymandy
Sana ynam baglan ejiz, yuregim
Senden son hic kime mahir guymandy

Depip gitdin ak gardan ak soygimi
Umyt berdin, ,yenede diledin yza
Mena inni hicle, suny bek belle
Beyle azaby, rowa gorme hic gyza
10
45
yurekdes
04.12.2022 14:25
Penjiramden akyan damjalar yaly
Omurde bar adam geldi gecerdir
Her kim yuregine derman tapmasa
Gelip yene gyzgyn soze bejerder

Gowunlik islarler birek birekden
Basgan dowen kalbyn ozge bejerer
Ynjayas yenede ynam bildiryas
Yel ygyna ylgaysy dey gecilen

Biri dowya, basga birem bejerya
Dert cekisya derman bolyar derdine
Hemmelere derman bolup basarmaz
Yyly sozun bagyslamaz herkime

Kosesdi:r ol ynjan, pytran yuregi
Hemise kyn guni yanynda bolar
Yone ol yenede ozga sereder
Soyyanler mydama gadyrsyz bolar

Amangeldiyewa Ayna
16
92
yurekdes
31.08.2022 11:00
Göwnüňizi ýykmaň birek-biregiň,
Döwük kalby seýiklemek iş bolar.
Ýürek döwseň derrew ötünji sora,
Ýürek döwlüp pytyransoň giç bolar.

Adam adam gadryn bilip ýaşasa,
Haýwan bilen arasynda parh bolar.
Ýöne hemmä ynanaýsaň ýüregiň,
Soň ýüregiň juda arzan nyrh bolar.

Aýna AMANGELDIÝEWA.
17
72