yurek
05.04.2024 20:14
Ýazgyt
Akja uzyn boylu saryýagyzdan owadan gyz. Edepli ekramly. Obanyň saýlanýan gyzlaryndan biridir. Akja, seniň agyr ykbalyň seni nirelerden çykardy. Sen obaňyza durmuşa çykdyň. Baran adamyň uruşa gidip gelmedi. Seni gaýynlaryň öýňüze getirip gitdiler. Sen ýalňyz ne çaga, ne ýoldaş bardy. Sen öz agalaryň, gelnejeleriň elinde ýaşadyň. Seň derdiňi çekişmäge ejeňem ýokdy. Sen ol öýüň ody bilen girip küli bilen çykýadyň. Doganlaryň seni şeýle eý görýärdiler.
Günleriň bir güni gelnejeleriň seň kastyňa çykdylar. Ýoldaşlaryny gepden doýurýarlar. “Inhä, biz bu günem ony bir erkek adam bilen kümede gije duşuşyp duranyny gördük’’ diýişýärler. Akjanyň bolsa ol, wakalardan habaram yok. Doganlary gahar-gazaba münýärler. Namys astyna goydy bizi, ýüzümizi gara etdi, ile çykar ýaly etmedi diýip, uruşa gidip gelen daşkyrak garyndaşlaryna ony öldürmegi tabşyrýarlar. Akja olaryň ýüzünü görüp, gahar-gazaplarynyň oýun däldigini bilip özünü aklajagam bolmady. “Kysmatymda näme bolsa görmeli boldum” diýdi.
Uruşa gatnaşyp gelen, elinden ýarag düşmedik Aşyra tabşyrdylar. Aşyr ony atyň yzyna basyp Lebap çöllügine alyp gitdi. Akja içinden enem-atam bolan bolsa meni beýdip bir ýalan gep üçin meni ýakmazdylar. Maňa töhmet atylmazdy. Meň heniz gören zadym ýoga, men intek 17 ýaşymda. Ýoldaşym bilenem 9 gün ýaşaşdym. Ony uruşa alyp gitdiler. Ejejan, meni nähili bagytsyz edip dünýa indiripsiňiz. Sen bolaňda meň depämden guş uçmazdy. Aşyryň Akjany alyp gidip oturşy iki gündi, aý ýaly ýüzleri soldy. Ol ölümünü boýnuna aldy, onuň haly gaty agyrlaşdy, ysgyn-mydardan gaçdy. Ne Aşyrdan ses bardy, ne-de Akjadan. Akja doganlarynyň düşünjesiniň, dünýägaraýyşynyň pesliginden zeýrendi. Hiý bir ýalan töhmet üçin bir ynsanyň ömrü ýakylarmy?
Ömümrjigim ýandyla onda geplemägede, oýlanmaga-da mydar galmady. Aşyr bolsa çölüň içinden şol ýol söküp gidip otyr. Indi meni öldürjek bolsa öldürip bir dynsa diýip samyrdady. Ol özünden kä gitýärkä gelýär. Bir görse Lebabyň uly bir bazaryna gelipdirler. Adamlar ala wagyrdy. Aşyr ony atdan düşürip bir ýerde oturtýar. Bular üç gün bazarda bolýarlar. Aşyr ýan torbasyndan oňa bir aýal köýnegini çykaryp berdi. Egniňdäki atlaz köýnegini bir ýerde çalyşyp gelmegini tabşyrdy. Aşyr ony Nury diýen bir adama satyp gaýtýar. Nurynyň öň aýaly ýogalan ekeni, Aşyr Akja bir zady sargyt etdi. Sen indi Mary topragyna aýak basmaly dälsiň. Men seni atyp gidendirin diýip sargyt etdi.
Aşyr bolsa Akjanyň geýip gelen atlaz köýnegini goýnuň ganyna bulap, ýygnap alyp gitdi.
15
105
yurek
25.03.2024 13:14
Hekaýa
“Uruş tutupdyr” diýlen ses eşidilenden obamyzyň derde ýaran adamlarynyň hemmesini gyzyl wagona mündürdiler, yz ýanyndanam uzyn nowaly gara maşynlar bilen saýlama atlarymyzy ýüklediler. Şonda Gülsün eje, oglanlar gidende gözüni çygjartmadygam bolsa, atlar kişňeşende durup bilmän hamsykdy.
Men uruş diýlen zadyň nämedigini bilemokdym. Ýöne oň gowy zat däldigini bilýärdim. Onda-da, uruş ýaramaz zadam bolsa, “Olar gowy ýaşamak üçin üstümize süründiler, bizem gowy ýaşaýşymyzy goramak üçin gaýtawul bermelidiris” diýilýän gürrüňler eşidilýärdi.
Bu gürrüňler bizi kiçelikden ulaldylan ýaly edýärdi. Asla uruş agzalalay bäri, barymyz birden uly adam ýaly bolupdyk. Hat-da, garry baýtal Kümüşguýruga çenli, işgär hökmünde kabul edilipdi. Indi o janawaram hemişekisi ýaly, meýdanda sonarlap ýörmän biz bilen deň işe çykýardy. Şonuň üçin ol, hem-ä atdy, hemem ýumuş oglany. Sebäp bir ýere ýetilmeli bolsa ýa-da bir zat eltmelem bolsa, diňe oňa “gaýrat et” diýilýärdi. Şonuň üçin ol, sähel salmyň içinde syndan-sypatdan galdy. Özem myrtar garran ýaly bolly.
Hat-da indi ol, uzak bir ýere gidiljek bolsa, esli ýere çenli ýanynlap ýöreýärdi. Soňam ýoluň daşlygyny görmejek bolýan ýaly, birwagtky şöhlezar gözlerini ýumardy. Şonda meň nebsim agyryp, oňa ýüklenýän ýüki arkama alyp gidiberesim gelýärdi. Ýöne hemmäniň öz ýüki özüne ýetikdi. Şonuň üçinem ýürege salnan ýarany her kim özüçe göterýärdi.
Käte-de birneme ýaşan adamlar, oň synasyndaky sypjyrylan ýara yzlary görüp, göwünlik berýän ýaly şeýle sözleri aýdardylar.
Uruşda bedewiň şöhrady synasyna düşen ýara bilen ölçenýändir. Bu ýerde-de däriniň ysyny almasaňam uruş kemi ýok, gaýrat edeweri janawar.
Şonda Kümüşguýruk o sözlere düşünýän ýaly, şol gün azajyk dogumlanýardy. Hemem ötüren ömrüniň ala meýdanyny ýatlaýan ýaly husytja kişňärdi. Men şonda oň ýatlamaga düýnüniň bardygyna, ömrüniň biderek geçmändigine begenerdim.
Asly haýwan, ýüregi ynsan bolan bu janawaryň halyna has beter gynanýan Gülsün ejedi. Sebäp olam edil, garry baýtal ýaly öte garrapdy. Ýöne “garry gaýrat” diýlenini edip çytyraşyp ýördi.
Kümüşguýruk diňe gijelerine ýüregine rahatlyk tapýardy. Oň göwnüne rahatlyk salýan kör gyjakçynyň gyjagynyň zaryn sesidi. O ses ýeke bir garry janawaryň ýüregine teselli bermän, bütin obamyzyň ýüregine giňlik salýardy.
Gyjagyň sesi eşidilip durmy, diýmek, entejig-ä durmuş dowam edýär…
Bu pikir hemmäni ýaşadýan pikirdi. Meň oglan ýüregime Kümüşguýruk bu sese has teşne ýalydy. Sebäp ol sazyň sesini eşiden mahaly, öňüne oklanan bir goltuk mollak selni iri dişleriniň arasyndan işdämenlik bilen geçirip, tä saz soňlannýança dişlerini gütürdedip durardy. Saz bolsa, irginsizlik bilen çalynýardy. Sebäp obamyzda öňüräkden bäri şeýle gürrüň ýaşap gelýärdi.
– Ol batylam bolsa, saz çalan mahaly giň ýalançyny görýärmişin…
Kör gyjakçy ýalňyz özi ýaşaýan dogabitdi batyl adamdy. Ony il-gün – obamyz ekleýärdi. Bir gezek heniz jahanda uruş ýokka, Gülsün eje bir okara unaşy oňa eltip bermegimi tabşyrdy. Şonda o bilen aramyzda şeýleräk gürrüň bolupdy.
– Öwekge, asmanyň reňki nähili?
Şeý diýip batyl kişi soraýardy.
..
Daşary nähili?
O-da gara…
Gülüň reňki nähili?
Olam gara…
Şonda ol uludan demini alyp şeý diýipdi.
Olara menem görýän…
Haçan-da Gülsün eje muny bilende, ol maňa gaty käýýäpdi.
Näme üçin hemme zat gara diýip alladyň?
Men sesimi çykarmadym. Gülsün eje ikinji ýola sözüni gaýtalady.
Allamaly däldiň.
Görüp bilemok diýip kemsinmesin diýdim…
***
Şeýdip günler yzly-yzyna geçip durdy. Ýekeje wakada, has möhüm wakada ýadyňda galanokdy. Ýene daň atýardy. Ýene gijelik düşýärdi. Ertesem ýene-de Kümüşguýruga “çüw atym” diýilýärdi. Kör gyjakçynyň gyjagynyň sesem kynam bolsa ýaşaýşyň dowam edýändigini zarynlyk bilen aýdardy.
Käte-de, nega-da bir tutulýan toýda Kümüşguýruk hakyky bedew lybasyna girýärdi. Şonda ol hemişeki edişi ýaly, çapmazyndan ozal pessejik tümmegiň üstüne çykyp, çalaja kişňärdi. Soňam ol ähli jepalary undup, kynçylygyň iň soňky gününi başyndan geçirýän ýaly, artky aýaklarynyň üstünde çarpaýa galardy. Şonda onuň gür gara ýallary, asmana göterilip, ýene ýuwaş-ýuwaşdan owadan boýnunyň üstüne düşerdi. Köp wagtdan bäri obamyzda toýuň tutulmaýanlygyndanmy nämemi, adamlar oňa durup serederdiler. Hemem şeýle gözelligi döredýänligi üçin garry baýtala ýene minnetdarlygyny bildirerdiler.
– Muňa-da şükür etmeli, nähilem bolsa, obamyzda seretmäge bir zat bar.
Garry janawar bolsa, muňa monça bolup, agzyny ýere degiräýjek-degiräýjek bolup aýakallygyna çapardy. Ýogsam oň yzyndan kowýan bäsdeşem ýokdy, ozjak bolup barýan atam ýokdy. Şonda oňa adamlar aýagynyň ýelini alýa diýýärdiler.
Ýeňji hökmünde-de, Ogulla oň boýnuna maňlaýyndaky ýaglygyny daňýardy. Gülsün eje-de, gyňajynyň ujuna düwlen bir düwürjik nabadyny agzyna tutdurýardy. Muňa janawar monça bolup, äpet kellesini gür-gür silkelärdi. Şonda men nabady özüm iýen ýaly begenerdim.
Şol gün obamyzyň bar gürrüňi bu garry janawar bolardy. Ýylgyrmak diýlen zat ýat bolan ýüzlerde-de, ýagtylyk görnerdi. Ogulla ýaly ulygyzlaram begençli habary buşlajak bolýan ýaly gaşlaryny gererdi. Gülsün eje muňa monça bolup şeý diýerdi.
Sag-aman oglanlar gelende-de, şeýdip hezil bereweri janawar…
Bu söze-de biz ýeňişde üstün çykan ýaly begenerdik. Sebäp bu uly hasratyň kiçijik şatlygydy.
Soň Gülsün eje saçy örüme gelen gyzlara, janawaryň göwni göteriler ýaly toý eşigiňizi entek çykarmaň diýerdi. Soň her kim tapan köýnegini geýerdi. Ogullada elketenisini. Onsoň obamyz ýene öz göwsünde gözellik dörederdi. Kümüşguýruk janawaryň sagrysyndan gön gatşykly deriň ysy gelerdi. Heniz peti açylmadyk Ogullanyň ketenisindenem, keteniniň ysy-bozgunç ys gelerdi. Köp wagtdan bäri şeýle nepis ysy almadyk adamlar iki-baka elewleşerdiler. Atyň sagrysynyň ysy özüne bek çekýämi ýa gyz ketensiniň ysy. Olaryň ikisem ezizdi. Birini alyp, beýlekisini goýar ýaly däldi. Şonuň üçin olaryň ikisiniňem ornuny biri-biri bilen çalşar ýaly däldi. Şol gün obamyzyň üstünde dogup-ýaşýan Günem has uzalan ýaly bolardy. Men şonda günüň düzüwli bolsa Günüňem uzalýandygyny oglanam bolsam bilipdim.
***
Bir günem şeýle apalanyp ýörlen janawar, kemislik tapynyp ýerinden galyp bilmedi. Bu oň öte horlugyndandy. Şonuň ýaly, garrylygam süňňüne mazaly ornapdy.
Men zähram ýarylan ýaly Gülsün ejelere tarap eňdim. Gülsün eje haýdaşlap gelşine hem aglamjyraýardy hemem bir dişem galmadyk kempik agzyndan şeýle sözleri çykarýardy.
– Weý,weý, sen şeýdip ýatjakmy? Uly il işläp ýör, senem beýdip ýatsaň… Utanaňokmy, il-gün näme diýer. Oglanlar gelinçä ikimiz gaýrat etmel-ä… ýogsam olar gaty görerler. Ynha gidenlerem gelerler, onsoň ýene toýlar tutular… Seň öňüňe-de gysganyçlyk edilmän bir goltuk ot döküler. Häli görseň sen iýmän ýüzüňem sowarsyň. Menem garradym… Ýöne garradym diýip oturyp bolýamy näme…
Gülsün eje ýene şeýle hoşamaý sözleriň birnäçesini edil öz deň-duşuna aýdýan ýaly edip, Kümüşguýrugyň gulagyna pyşyrdady.
Ýöne Kmüşguýruk galybermedi. Agşama golaý ol kör gyjakçynyň sazyna diňşirgenip, ýerinden turaýjak ýaly etdi. Ýöne garry göwre per bermedi.
Gülsün eje oň aýaklaryny owkalaşdyrýardy, garnynyň ýüzüni sypalaýardy hemem uly adama düşündirýän ýaly şeýle sözleri aýdýardy.
– Sag-aman galawersin, ýogsam oglanlar gelende: “Obada galybam ony saklap bilmediňiz” diýerler. Wah, ýekeje goşawuç däne bolsady. Göwnüme galaýjak ýaly. Öwekge, heý muň alajy tapylmazmyka? Wiý, huşum gursun, ýet ammarçynyň üstüne. Şeýle-şeýle diý. Gaýrat et diý…
Men ammarçyny tanaýardym. Şu waka bolmazynyň öňsyrasy gaty ajygyp, azajyk çörek sorap baramda, ol: “Arkamy gaşa, onnoň bereýin” diýipdi. Men şonda oň ýagly arkasyny gaşamaga namys edip, diýenini etmändim. Häzir bolsa göwnümiň tersine gidip, öz aýagym bilen oň ýanyna – arkasyny gaşamaga barýardym.
Ol meni görüp gelşiksiz ýylgyrdy.
Gelliňmi?!
?..
Görseň, çörek süýji zatdyr…
Ol şeý...
27
87