ylham_gurbanaly
01.06.2022 20:24
"Durmuş" mugallymyň "Nesibe" atly sapagyna düşünmän ömrini ötürýänlere haýpym gelýär.
.....


Ownuk sözi - özi däl-de sözi ownuklar üçin ulanylsa has ýerlikli ýaly...

....

Kaktusy owadan hasaplaýanlara sylagym ulydyr.



#gündeligimden#arhiw
12
143
ylham_gurbanaly
01.06.2022 12:39
Durmuş mugallymdan adynyň manysyny soradylar. Düşündirdi... Emma düşünen azdy...



#gündeligimden#arhiw#özsözüm
7
156
ylham_gurbanaly
01.06.2022 04:26
Fizikada "Sürtülme güýjiniň bir zadyň başga bir zada täsir edip, galtaşmagy esasynda ýüze çykýar " diýilmegi bilen durmuşda adamlaryň arasynda bolup geçýän "Sürtülme" düýpli tapawutly. Ikinjisi fizikaň kanunyna garşy gelýär. Bu gaty oýlandyryjy we öte zyýanly...



#gündeligimden #özsözüm
7
96
ylham_gurbanaly
01.06.2022 04:10
Geçen hepde iki sany alypbarjynyň Puşkini tankytlamagyndan soňra, goşgy ýazmagy bes etmelimika diýip pikir etdim. Aňyrda-da rahat ýatsaň gowy ahyry. Aňrynam oýlamak gerek..!



#gündeligmden #özsözüm
7
117
ylham_gurbanaly
31.05.2022 20:38
Eşege-de eşekdirdä diýip, ýandakdan gowy süýjiligiň ýoklugy hakda söz etdiler...


#gündeligimden#özsözüm
10
164
ylham_gurbanaly
31.05.2022 20:29

Iberen hatlarym ýaralanan kalbyňy bejerip bilmedi. Sebäbi hatlarymam ýaralanandy...



#gündeligimden #özsözüm
5
117
ylham_gurbanaly
31.05.2022 20:09
Öňde bir ýazyjy-şahyryň aýdyşy ýaly:


"Çekijem kellesi bilen işlär... "
14
119
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
30.05.2022 15:16
Şu zatlar hakda biraz oýlanyp gördüňmi?
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
30.05.2022 05:29
Gidemde, gelemde gözlerin çyglap Ejem ýene, meň ýoluma bakyp dur Kalbyna arzuwly sözlerin baglap Ejem ýene, meň ýoluma bakyp dur Gije-gündiz tapawudyn deňletmän Agyr ýüki - arkasynda, (ýeňletmän)
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
29.05.2022 17:25
Pula ýüzýär wyždan sa:ly Tiz baýamak ynsan bary Ynsaby ýuwudan bizdik Aýt, döwürde günä barmy?! Bugün Gurban, erte Çary Bugün Gyzyl, erte Sary Söýgüni guradan bizdik, Aýt, döwürde günä barmy?! Nirä