yalnyz
12.05.2024 08:33
10-njy jemleýji bölüm


Ayyn 26 sy yetip geldi, bu gun shol Shaja diyilyan oglanyn oylenyan gunidi. Gundiz men interneda Shirinden habar almak uchin giripdim. Shirin hem shol wagt online oturan ekeni, men ona bir zatlar yazmagy chekinipdim bashda, sebabi hazir onyn belki kellesinden Shaja chykyp ugrandyr, onun bu gun oylenyanligi hem yadyna dushyan daldir, men bolsa hazir ona yazyp shol zatlary yatlatmakdan gorkdym. Sebabi bizin Shirin bilen gurrunimiz dine shol zatlar hakynda bolupdy. Belki men internetdan chykyp gowusy shirinin gozine gorinmesem gowy bolarmyka????? Dogry, men internetdan chykayyn 2-3 aylap girmayin, Shirin bolsa sho wagtyn ichinde Shajadan belki sowashar diyip chykjak bolamda Shirinden birdan hat geldi.

Shirin : Namchun hich zat yazanok? yada senem menden bizarmy?

Men : Yok, ishlisin azar bermayin diydim.

Shirin : Yok ishim yok.

Men : Name ishleyan ?

Shirin : Aglayan, we hat yazyan.

Men : Namchun aglayan?

Shirin : Bu gun Shaja oylenyar, ol shadyyan men bolsa gamgyn. Ol oz soyyan gyzyny alyar, men bolsa durmushym kule donip galdy. Meni oynap tashlady, bilyan mende kop yalnyshlyk bar, ynandym ozumi aldatdyrdym yone boljak ish boldy.

Men : Ay gin bol, senem shadyyan bolarsyn bir gun nesip bolsa. Yol uzak!!!

Shirin : Ay yokla, men indi shadyyan bolasym yok, yol uzak emma menin durmyshym gysga ekeni.

Men : Ol name diydigin?

Shirin : Ay hichle!!!!

Biz 5-10 minut yaly hich zat yazyshmadyk, yone menin bar pikirim Shirindedi. Sonra men Shirine yazdym.

Men : Shirin name ishleyan?

Shirin : Ejeme hat yazyan, ejem internetda oturanok men ona kagyzyn yuzunde hat yazyan. Hemme zady bolshy yaly gurrin berdim, Ahlisi uchin Ejemden, Kakamdan jigimden otunch sorayan. Men indi oye dolanyp barmaryn hich hachan.

Men : O name uchin dolanmarsyn? Beyle zatlary diyme.

Shirin : Ay bolyala men eyyam yuregime bir pikiri duwdim. Senden hem uly hayyshtym bar.

Men : Name hayyshtyn bar? Ayt elimden gelse edeyin.

Shirin : Sana shu gurrun berenlerimi bir yerik chap et, bu menin in uly yalnyshlygym hakynda bir hekaya bolsyn. Goy yash gyzlar menki yaly yalnyshlyga yol bermesinler. Men hich bir gyzyn menki yaly omri kul bolup galanyny islamok. Basharsan aydym edip chykar, yada hekaya hokmunde chap eger mumkin bolsa. Senem meni bagyshla Islam kop wagtyny alyp sana ichimi dokenim uchin. Bul menin sana bolan in sonky hatym. Sag bol !!!!!!

Diyip shirin internetdan chykdy, Men ona encheme hatlary yazdym emma ol hatlara jogap bolmady. Men oz ishlerimi edishdirdim, wagt eyyam gich boldy, yatmakam yene bir gezek Shirinden hat geldimika barlayyn diyip Shirinin sahypasyna girip gorsem ol yerde herkim Shirine gul smayliklarny, aglayan smayliklaryny goyup ona Shirin Ruhyn shat bolsyn, Shirin biz seni hemishe yatlarys, Shirin imanyn hemra bolsyn we shuna menzesh sozleri yazypdyrlar. Men ustimden gyzgyn suw dokulene donup ol adamlardan Shirine name boldy diyip yazyp soradym. Olar mana, Shirin 3 sagat mundan on umumy yashayysh jayyndan ozuni oklap aradan chykdy diyip yazdylar. Men erbet gynandym.
Yatan yeri yagty bolsyn!!!!

Men bul hekayany aydym edip chykaryp bilmerin sebabi oz janyna kast etmeklik Allanyn garshysyna gitmeklikdir. Emma men Shirinin oz isleyshi yaly bu hekayany chap edip size yetirdim.

Bul hekayanyn maksady Yash gyzlara sheyle yalnyshlyklary etmezligi owretmek, Oglanlara sheyle hereket bilen birinin olumine sebap bolup bilyandiklerini, beyle zatlar bilen oyun etmezligi owretmek, we oz janyna kast etmek Allanyn garshysyna gitmeklikdigini, musulmanchylykda halanmayan zatdygyny owretmek!!!!!
Shirinin jesedini hosdarlaryna yetiripdirler, ony musulman duzgunde göre jaylapdyrlar.

Shaja 1 yyldan son yol helakchiligine duship bilinden we iki ayagyndan mayyp bolup galyar, ol mashynda Shajanyn kichijek gyzjagashy hemde ayaly bar ekeni. Emma huday tarapyn olara hich zat bolmayar.

Shirinin ejesi, kakasy we gyz jigisi galyar, Olaryn yuregine Alla ginlik bersin........

Sebabi bun yaly yagday kop dus gelya onuni alalyn dostlarym goy hemme kisi okasyn bilsin!!


SOŇY!!!

THE END
22
116
yalnyz
11.05.2024 09:31
9-10#BetBagt Gyz (Bolan Waka)Soňky Bölümleri
9-bölüm


Shirinden kop wagt hat gelmedi, seretsem ol 5-gun bari interneda girmandir. Ahyry hepdanin 6-nji guni gije Shirin internetda Online otyran ekeni, yone mana hich hili zat yazmandyr. Menin ozim ona ilki bilen yazdym.

Men : Salam gowymy?

Shirin : Salam, ay gowy disem yalanchy bolaryn. Ichgi dunyam yykylanson nadip yagdayym gowy bolsun?

Men : Ay gin bol indi , bary bir boljak ish eyyam boldy, duzeljek zat yok bolsa umyt edip yanyp,koyup otyrmak nama gerek?

Shirin : Sen menin deregime bolan bolsan nahili bolardyn we nahili hereket ederdin?

Men : Hich hili bolmazdym, Dogry manada agyr degerdi beyle bolan bolsa yone men bir gechmishim uchin gechmishde chuyrap galmak islemezdim. Gelejegim hakynda pikir edip gelejegimi bezemege chalshardym. Insony boljak ish boldy ahyryn, Manlayyna name yazylan bolsa shonam gormeli bolyada, gachyp gutylmak yok. Alla sana dert beren bolsa dermanynam hokman berjekdir. Ol hich bir adamdan yuz owirmez, dine huday diyaymek gerek.

Shirin : Hmmmm dogry diyyan welin inni men Ejemin Kakamyn yuzine nadip seredeyin, olar insony bul hakykaty bilmeli bolara, men omrime gizlap saklap bilmerna. Durmusha nadip chykayyn? Bashgany nadip soyeyin? Men nadip oyume dolanyp barayyn, hemme zat bilense men bu dunyede nadip yashamaly ha?

Men : Men sana name maslahat berjegimi bilemokda, dogrydanam ejen kakan yuzi solar. Yone bir chykalga hokman bolaymaly, ynan hokman bu derdin dermany bardyr. Sen okuwyn bilen bol,oyun bilen bol, mashgalan bilen bol, Oz yurdyna Diplomly gelip gowy ishe dur, ishle karyera yasan ozine, hezil et yasha. Sonam hokman bir gowluk bolar.

Shirin : Shaja oylenyarmish, shol diyen gyzy bilen her gun mashynda,shaherde onda munda bile aylanyalarmyshlar, onyn yuzi sheyle bir shadyyanmyshyn hachanda shol gyz bilen bile wagty. Ol meni hich yatlayanam daldir, hatda ol el nomerynam uytgedipdir, onkisi hemishe ochik diyyar.

Men : Sana Shaja hakynda bul zatlary kim aytyar?

Shirin : Joralarym aytyar.

Son biz yarym sagat yaly birek-biregimize hich zat yazmadyk. Men pikire batyp otyrdym, Shirin bolsa belki yenede aglap otyrandyr. Men Shirine yurekden komek edesim gelyar yone name edip biljegimi hich bilemok. Shol Shajany tapyp baryp halta salyp kanala oklaysammykam??? hmmm ay yokla bu yone gaharyma kellame gelen pikir. Belki men shol Shajanyn aljak bolyan gyzy bilen gurlesheyin we bu wakany aydyp bereyin???? Ay yok, bulam birhili gowy dal pikir, sonam men Stanbulda olar bolsa Ashgabatda. Yene bir az pikirlenip otyrdym, kellame derde yarap biljek hich pikir gelmedi. Men Shirine yazdym.

Men : Shirin name ishleyan?

Shirin : Pikirlenyan, ol shul ayyn 26 syna oylenyarmish. Shu wagt shol habary eshdip gaty erbet bolyan. Name etsenkam men? Kim mana maslahat berip bilerka name etsemkam indi?

Men : Hich zadam etme, oylenyan bolsa oylensin. Sen gelejegine seret, halki diyen zatlarymy et. Bu dunyede dine sen dal ahyryn gyzlygyny gidirip son durmusha chykyan gyzlar bashgada kan. Sholara hana yashap yorler chagaly-chugaly.

Shirin : Wahh sen diyjek bolyanyna dushinyan. Emma men ony basharyp bilnern oydip gorkyan.... Men gideyin yatayyn, kellamde herhiki pikir bar. Sagbol Islam Sagaman yatyp tur.

Men : Bolya senem sagaman yatyp tur, alada etme hemme zat gowy bolar.

Shu yerde bizin yazyshmagymyz gutardy, men hem yerime gechip yatdym. Men Shirine name maslahat bersem gowy bolardyka??? Men pikirimche men ona dogry maslahatlary berdim.......


10-njy jemleýji bölüm
22
120
yalnyz
10.05.2024 10:27
8#BetBagt Gyz (Bolan Waka)
8-bölüm

Garaz sagat eyyam 12 bolup gechipdir Shirin mana "sagat gich men yatjak yzyny ertir gurrun bererin" diyip hat ugratdy. Men "dur gyzykly yerinde galdyna, yzynam aytmasan bolmaz" diyip yazdym yone ol hat baryancha eyyam internetdan chykypdyr. Chynymy aytsam menem ukym tutup bashlapdy, yone Shirinin gurrun beren zatlarynyn yzy hem mana oran gyzyklydy. Sonra men bir chilim chekip yerime gechip yatdym. Yone shol gije hich idilli yatyp bilmedim. Chunki men uchin ol wakan yzy gyzyklydy we men name diydika diyip pikirlenip sagat 3-4 towerege chenli yatyp bilmedim. Ertesi gun irden turup yuwundum we ertirligimi edinip howlugup okuwa gitdim, chunki internetda hatlarymy barlamanada yetishmedim. Okuwda otyrkam hem shol waka hich kellamden gitmedi we pikirlenip sapaklarymyn nadip gutaranynam duymandyryn. Sonra oye gaydyshyn kursdashlam bilen yolda doner alyp oylanlik edindik. Yzy yany herkim oyli oyune dargady. Men hem oye barmazdan on magazina sowulup bir pachka chilim bilen birnache banka piwo aldym. Oye gelip suwa dushup kompyuteryn bashyna gechdim. Gorsem Shirinden hat gelipdir. Shirin: "yzyny yazjak welin indi sen online dala" diyip yazypdyr. Men hem gorsem Shirin online eken we biz yenede online yazyshyp bashladyk.

Men: "uns bilen dinleyan"

Shirin: "Goryan bolyn bu wakany gyzykly gordun oydyan?"

Men: "men uchin hem biraz uytgeshigirak waka boldy, shon uchin gyzykly gordum))"

Shirin: "onda yzy))...shol gun agshamlyk men boshap oz otagymda interneda girip Shaja "men boshadym sen bardemi?" diyip yazdym. Ol hem online'dygyny aytdy. Yzy yany Shaja uns bilen diglemegin gerekdigini aytdy. Men hem hemme unsum Shajadadygyny aytdym". Son Shaja "Shirin dogry dushun men sana erbetligim yok, yone kabir sebaplere gora biz bile bolup bilmeyas" diydi. Men hem "dushunmedim" diyip jogap berdim. Son Shaja " gechen gezek sen Lachyn kim diyip soranda men sana yalan sozlemeli boldum. Sebabi sen gownune degesim gelmedi. Yone indi hakykaty aytmagyn wagty geldi. Lachyn men aljak bolup yoren gyzym. Mana enem-atam oylenmegin wagty geldi diyip Lachyny tapyp beripdirler" diyip yazdy. Men ol oyun edip menin ozumi alyp baryshymy barlajak bolyandyr oydup pikir etdim" diyip Shirin hatyny ugratdy.

Men: asly ol oyun dal ekenmi?

Shirin: son men Shaja "beyle oyun etme" diyip yazdym. Shaja mana "Shirin bu oyun dal men etjek alajym yok oydakiler eyyam hemme zady gurleship goyupdurlar, men hem Lachyn bilen soz alyshyp gordum we ol mana diysen yarady yone men sendenem otunch sorayan" diyip ugratdy. Men birhili bolup agym tutup gitdi we 2-3 minutlap jogap yazmadym. Son ol mana "Shirin jogap berayda" diyip yazdy. Men ona "Shaja bu name diydigin? Hany sen men bilen birinji gezek yatan wagtyn name diyipdin yadyna dushenokmy? Sen mana meni aljakdygyn barada hemem hemishe bile boljakdygymyz barada ynandyrdyn ahyryn" diyip jogap yazdym.

Men: "bula bolmandyr" diyip yazdym we Shirin oz gurrunini dowam etdi.

Shirin: shol hatymdan son Shaja mana " chynymy aytsam shol wagt sen polisiya arz edersin oydup gorkdum, shonun uchin kabir yerlerde yalan sozlemeli boldum" diyip hat yazdy. Bu sozler mana diysen agyr degdi. We men goz yashlarymy saklap bilmedim. Otagda bile bolyan joram "hemme zat gowymy" diyip kosheshdirjek boldy. Men hem "yok hich zat bolanok yone Shajany kuyseyanligim uchin aglayan" diyip aytdym. Sonra men Shaja "sen indi meni soyenokmy?" diyip hat ugratdym. Ol hem mana sheyle jogap yazdy "Shirin indi hemme zat gutardy men seni aldap durjak dal, men seni chyndanam soyyardim yone sen okuwa gideninden son men sana bolan duygularym sowashdy we yzy yany oydakiler meni Lachyn bilen tanyshdyranlarynda ol diysen men gownume yarady we sana bolan duygularym hasam sowashdy". Men goz yashlarymy saklap bilman name jogap berjegimem bilmedim we " indi name edeli?" diyip hat ugratdym. Ol mana "indi bar zat gutardy oydakiler eyyam sahedi bellapdirler men hem indi internetdan pozulyan we nomerymy chalyshyan senden ullakan otunch sorayan we indi meni unutmagyny hayysh edyan" diyip hat ugradypdyr. Men bolsa yone "ok" diyip jogap ugradyp internedymy ochurdum diyip Shirin ulurak bolan hat ugratdy.

Men: baybow bula gaty agyr degdi manada, onson name etdin? diyip soradym

Shirin men oz yerime gechip durman agladym, kellame herhili pikirler geldi.

Men: nahili pikirler?

Shirin: men bu bolan zatlara hich ynanyp bilmedim, chynymy aytsam ynanasym hem gelmedi we Shaja meni belki barlayandyr diyip pikir etdim. Yone son belki bu ajy hakykat bolsa men indi nadip yashamaly diyip aglap saklanyp bilmedim.

Men: "dunyade herhili adam bar, olara Allan ozi gunasini chekdirer" diyip hat yazdym we hatym baryp yetishmaka Shirinden hat geldi.

Shirin: "Islam bagyshla shu wagt yatlap yene agyp tutup erbet bolyan son habarlashars" diyip hat ugradypdyr. Men hem yzyna "dur bu wakan yzy name boldy?" diyip hatymy ugratdym. We ol yzyna "yzyny son aydarn shu wagt erbet bolyan, bagyshla, sagbol" diyip jogap ugratdy. Seretsem eyyam internetdan chykypdyr. Son men kompyutery ochurup oz ishlem bilen meshgullandym, yone henizem ol wakan yzy meni has gyzyklandyrdy we hich kellamden chykaryp bilmedim.

DOWAMY ÝENE BAR
24
102
yalnyz
09.05.2024 08:48
7#BetBagt Gyz (Bolan Waka)
7-bölüm


Men hatlary yzly yzyna okap otyrn. Sebabi Shirin bu wakany men shu wagt size yazyshymdanam has gyzykly yazyardy. Menin ona beren sonky shoragym

Men : "O na beyle boldy? hachan gorushdiniz son?."

Diyip hatymy ugratdym, son bolsa Shirin yzyny dowam etdi.

Shirin : "Ertesi gun gorushdim, ertesi gun men ona oz nomerymdan jan edip gelenligimi aytdym, ol begendi elbetde. Son biz gorushdik, gujaklashdyk, aylandyk, hezil etdik. Men Shajadan oykeli bolanymy hem yatdan chykarypdym, chunki men ony soyyan. Bu Tomus dynch alyshda men Shaja bilen kop wagt gechirdim, bir gun aylanyp yorkak Shajanyn el telefonyna uytgeshik uytgeshik janlar gelip durdy yone Shaja bir hili tisginip ol janlary gorip aljyrap jana jogap bermedi. Ol bolsa yzyny uzman jan etyardi. Men Shajadan kim ol diyip soramda ol (Ay ishgarimlay, ertir mende dynch guni ol bolsa ishde bolmaly, mana jan edip ertir men yerime ishe chykay indiki gezek men chykarn sen yerine diyjek bolyalay, shonun uchin janyny alamok) diydi. Son yene bir iki gezek shunyaly hereketler boldy we men Shajadan soradym ( Shaja dogryny ayt sana gyz jan etyarmi? ) Shaja bolsa yok how diyyan zadyn name, diyip goydy. Onda Lachyn kim? diyip soradym, Kim ol lachyn diyip bir hilek boldy. Sana gelen gunum bashga telefondan sms ugratdym ozumi tanatman , Shonda kimi has beter goresin gelyar diyip senden soramda sen Lachyn bul senmi diyip jogap yazdyn, diyip aytdym. Shaja yuzi gyzaryp name diyjegini bilman pikirlenen boldy, son ol ( haaaa ol senmidin asyl? Men sana klasdashyp diyip pikir edipdim, sho gyzyn ady Lachyn. Ol durmusha chykyar ekeni we oz toyyny klasdashlaryna jan edip aydyp yor ekeni. Mana jan edip toy aytjak bolanda birdan ara kesildi, ozin bilyana Altyn asyr tmcell'yyn yagdayyny, shonchun ol son mana sms yazandyr diyip pikir etdim ) diydi.

Men bolsa hmmm diyen bolup goydum yone gownumde birhili chyglyk bardy, sebabi durmusha chykjak bolyan gyz klasdash oglanyna ( bu gun gorishelimi, begendireyinmi, has beter kimi goresin gelyar) diyip yazmaz ahyryn.

Men : " Howwa ola birhilek bolupdyr, kimka ol Lachyn? klasdasha bolmaly dal"

Shirin : " Klasdashy daldigi belli yone insony Shajany yitirmezlik uchin sesimi chykarmadym."

Men : " Ay in sony hakykaty bilip galsan gowy bolardyda"

Shirin : " Hakykaty bilmek elbetde gowy yone shol wagt Shaja meni tashlar oydip gorkdum bardy "

Men : " Yeri bolyada, howwa inni sony name bolup galdy? "

Shirin : " Son men yenede okuwa gaytmaly wagtym boldy, men hich oyumdakilerden hemde Shajadan ayrylyp gidesim gelenokdy, emma ozume guych topladym we yenede okuwa gaytdym. Shaja bilen hemme zat gowydy, gaytmakam ol mana yene garashjagyna soz berdi we soyyanligini aytdy. Men okuwa geldim yene onki okuw, onki joralar, onki yer, onki durmush. Shaja bilenem oyumdakiler bilenem we joralarym bilenem edil onki yaly janlashyp yada internetda habarlashyp duryardym. Son mana joralarym yenede Shajany bashga bir gyz bilen hemishe goryandiklerini aytdylar. Shajadan sorasam yene yalan, yalan, yalan diyip duryardy. Kop wagt gechdi Shaja sonky wagtlar mana az uns berip bashlady, interneda 2-3 hepdede bir gezek girip kan bir yazyshman chykyp bashlady, yogsam onler her gun men bilen yazyshyp oturyardy. Jan etsem janlarymada jogap berman bashlady.

Bir gun men ona jan edende ol mana Shirin sen bilen bir gurrun bar hachan arkayyn gurleship bileris diyip sorady. Men bolsa shu gije Internetdan yazyshayaly shonda gurleshers bolyamy diyemde Shaja bolya yaz gije garasharn diyip aytdy.............


DOWAMY BAR

Dowamyny okamak isleseňiz +++goýyp bizi goldap bilersiňiz
17
106
yalnyz
08.05.2024 08:51

6#BetBagt Gyz (Bolan waka)

6-bölüm



3-4 gun gechipdi Shirinden habar bolmady. Men ona encheme hatlary yazyp iberipdim, emma okamadam, jogabam bermedi. Son bir gun internetda otyrkam birdan Shirinden hat geldi " Salam, kop wagt yazmadygymyn sebabi men oye gaydasym geldi, oz ozime sygynman olesim geldi " diyip ugratdy. Men bolsa " Ha name boldy? eygilikmi? olesin geler yaly erbet bir zat boldymy? " diyip soradym. Ol bolsa 5-10 minut yaly yene hich zat yazmady. Son men yene "??????" sorag belgileri yazyp ugratdym. Ol bolsa " Men aglap otyrn " diyip jogap berdi. Onda men ona kan soraglaram berip sho bir name boldy, name boldy diyip yuregine duship durmayyn, kosheship yazarda diydim. Men 30-40 minut yaly oz ishlem bilen meshgul boldym, son Shirinden hat geldi " Gurrun beren zatlarymyn dowamyny aydayynmy? diyip yazdy. Men bolsa " howwa ayt, kem bolmazdy" diydim. Son biz Online yazyshdyk.



Shirin: "Son men barik okuwa geldim, gelishime ilki bilen Shaja jan etdim. Ony begendirdim yone on sesini eshidip agym tutdy, biz bir az gurleshdik son men oyumdakilere jan edip sag aman gelenligimi aytdym. Olar hem bu habara begendiler. Son men kop wagt hem oydakiler hem-de Shaja bilen janlashyp, yazyshyp duryardym. Okuwa yerleshdim, umumy yashayysh jayyna yerleshdim, taze joralar bilen tanyshdym. Sheydip gunler - aylar gechip durdy. Son men Ashgabatdaky joralarym bilen janlashyp hal yagday sorashamda olar mana Shajany ka mahallar bashga gyzlar bilen goryandiklerini aytdylar. Men bu gepe ynanasym gelmedi sebabi men Shaja gaty ynanyardym.



Men : "Sen in sony barlap goraymeli ekeninda, bu dowir bilyansina ozin kan bir soygi diyen zada ynam yoga."



Shirin : "Howwa dogry diyyan, men shol gun goni Shajan ozine jan edip shul zatlar chynmy-yalanmy diyip soradym."



Men : "onarypsyn, son ol name diyip jogap berdi?"



Shirin : " Ol bu zatlaryn hemmesi yalandygyny aytdy. Men bolsa yenede soygime ynanyp arkayyn boldum. Sheydip Sheydip aradan aylar gechdi gunler gechdi we men 1 nji yylymy tamamladym. Son men dynch alysha oye gaytmaly wagtym gelip oyumdakileri begendireyin diyip oye jan etdim. Olar elbetde begendiler. Men eshiklerimi, goshlarymy jemledimde oyume gaytdym.



Men : "Seni gorenlerinde begenendirler))))"



Shirin : "Howwa , meni ejem bilen kakam Ashgabatda garshy aldylar, jigim oyde nahar tayyarlap garashyp dur ekeni. Oyumize geldim we jigimjany bagryma basyp gujakladym. Men oz mashgalamy gorenime diysen begendim, shol gun men ozimi gaty bagtly duydym. Olaryn gozinde hem begenchli goz yashlar yanyp durdy.



Men : "Gelendigim hakynda Shaja bilenokdymy? Ol habarsyzdymy yada?"



Shirin : "Yok men ony duydansyz begendirmek isledim, shonun uchinem ony habarsyz etdim. Yone men shol gun agsham gezelenje chykanymda bir na tanysh nomerdan ozimin kimligimi tanatman Shaja sms yazyp ugratdym. Hatymda sheyle yazypdym " Salam Balam bu gun begendireyinmi seni? " diyip yazdym. Ol bolsa " Kim sen? " diyip yazdy. Men shondada kimligimi aytmadymda " Ozun tanayansyna kim sana has gerek adam? kimi has beter kuyseyan?" diyip yazdym. Ol bolsa " Lachyn senmay bul?" diyip yazdy. Men bashga gyzyn adyny gorup ustimden bir bedre suw dokulen yaly boldum, son men ona hich zat yazmadym. Hat-da shol gun men ona Ashgabada gelenligimi hem aytmadym.........


DOWAMY BAR

24
111
yalnyz
07.05.2024 11:03
5#BetBagt Gyz (Bolan Waka)
5-bölüm

Men bu gezek irrak turdym, okuwa gitmelidim. Kellam duyinki keypden son atylayjak bolup durdy, hemde duyinki sowuk dush we eshiksiz sowuk jayda otyranym uchin Gripp keseli bilen kesellapdirin. Ozime geldim yuwundym, iyip ichdim, geyindim we howlugyp okuwa gitdim. Okuwda hemme paralary diyen yaly yatyp gechirdim, okuwda rahat yatyp bolmayanlygyny hemmaniz bilyansiniz. Okuwdan son men halsyz yagdayda zordan oye gelip yetdim. Derrow derman-dari bilen sagalmagyma oz-ozim komek edip bir az basyrynyp yatdym. Son agshamara turamda men yagdayym eyyam gowyrakdy, men gyzgyn limon bilen chay ichip kompyutoryn onune gechdim. Nahar iymane hich hili ishdam yokdy, son men internedymy achyp Shirinin sonky yazan hatlaryny okadym. Ol hatynda sheyle yazypdy: (Ejem Kakam menden ol oglan kim we name uchin sen onyn mashynyna mundin diyip soradylar, men bashda jogap bermane gorkdym yone son ol oglan men halashyan oglanym ady Shaja diyip aytdym. Kakam mana erbet kayyedi hat'da men aglap utanjyma yana oz otagymdan 1 gunlap chykman otyrdym. Kakam menin ejemede sen gyzyna seredip bilenok hich terbiye bermansin, nameler ishlap yoreninden habaryn yok diyip erbet kayyedi..Shol gun men sebapli oyumizde ursh turupdy.) 2-nji hatynda ( Ertesi gun kakam ishe gitmanka meni yanyna chagyryp gaydyp shul oyden bir yerik chykjak diyip ayagyny sekaysenem seni we senin ejeni chapym-chapym ederin diyip oyden chykyp gitdi. Ejem heniz oyden chykmandy, men ejemin yanyna baryp ejeme yalbaryp aglap gujakladym. Men ejeme Shajany soyyanligimi we ol-hem meni soyyanligini aytdym. Shaja gowy oglan men ona ynanyan ol oyundakileri bize gudachylyga ugradar eje ynanay diyip yalbardym) 3-nji hatynda (Ejem menden sen ol oglan bilen mashynyna munip nirak gityan? dogryny ayt sizin aranyzda jynsy gatnashyklar boldymy? Men bolsa utanyp yuzim gyzardyp yok eje onyaly pikir etme biz yone halashyas diyip yalan sozledim. Ejem onda mashyna munip nirak gityaniz? name ishleyaniz? diyip sorady, menem eje biz yone aylanyas dost-yarlarymyz bilen otyryas diydim.) 4-nji haty: (Ejem hich zat gurleman ishine chykyp gitdi, men bolsa oyde jigim bilen galdym. Men jigimden gaty oykelidim shonun uchinem onun bilen gurleshmedim) 5-njin hatynda ( Men derrow Shaja jan edip bul bolup gechen zatlary gurrin berdim we indi ansat-ansat goriship bilmejegimi aytdym. Shaja bolsa mana alada etme bir alajy tapylar diyip meni arkayyn etdi. Son agsham Ejem bilen Kakam ishden geldiler, men olara nahar tayyarlap goyupdym. Biz iyip-ichip bolamyzdan son olar meni yanlaryna chagyryp bir gurrin bar unsli dinle diydiler. Men olaryn yanlarynda otyrdym we kakamyn yuzine seretdim, onun yuzinde entagem gaharly keshbi bardy. Ejem mana Shirin ! sen kellanden soygi poygini chykar we okuw bilen bolup gelejegin hakynda pikirlen, soygi uchin sana ir, sen ol zatlary sonam edip bilersin yone okuw hemishe tapdyrmaz diydi. Kakamam dinle gyz! sen Gazagystana okuwa gidersin we ol yerde galyp okuw okarsyn, her tomus dynch alyshda bolsa oye gelersin !! Men eyyam hemme zady gurleshdim sen onune duship seni okuwa yerleshdirjek, onunden chykjak, yashayysh yer tapjak adam bar. Sen shul ay ayagyna chenli hemme dokumentlaryny yygna, son okuwa gidersin diydi.) 6-nji hatynda: ( Men yuwashlyk bilen aglanjyrap Bor diyip jogap berdim, men shol gije aglap nadip yatyp galanymam bilmandirin. Ertesi gun oydakiler ishe gidende men Shaja bilen janlashyp bu yagdayy gurrin berdim, ol mana Shirin hany sen dokumentlaryny yygnayyn diyip bahana bilen menin bilen gorush, shonda gowy arkayyn gurlesheris diydi. Men dokument bahanasy bilen Shaja bilen gorishdim, ol mana sen okuwa gitmeli bolsan git, oyundakilere garshy gidip bolmaz ahyryn, meni alada etme men sana garasharn we her tomusda sen gelende gorisheris, galan wagtlaram yuregini gysdyrmaryn, indi hezila internet bar telefon bar, janlashyp yazyshyp durarysda. Men senin dokumentlaryny yygnamana komeklesherin gitmeli yerlere bile gideris men akiderin, okuwy doly gutaryp gelensonam goni toy ederis diydi.) 7-nji hatynda: (Sonra ayyn ayagy geldi hemme dokumentlar tayyar boldy, bilet elimdedi. Bir uchyp gidaymek galdy, uchmagymyn 1 gun on'yany men Shaja bilen gorishdim. Birek-biregimizi soyyanligimizi, kuysejekdigimizi aydyshdyk we hoshlashyp taksi bilen oye gaytdym. Ertesi gun Ejem, Kakam, jigim hemmesi meni Airaporda chenli ugratdylar, men olar bilen hem gujaklashyp sagbollashdym. Ejem aglap meni bagryna basdy we men hem olaryn yanynda olary gynandyrmajak bolup goz yashlarmy zordan sakladym. Sheydip men Samalyoda mundim, samalyot yokaryk galyp ugrady men bolsa aynasyndan seredip kellami goyup yuwashlyk bilen agladym. Chunki menin yuregim olary gaydyp gormejek yaly bolup agyryardy) diyip hatyny ugradypdyr, dogrymy aytsam birhilek oz yakynlarym bilen ilkinji gezek sagbollashyp bashga yurda uchanym yadyma duship birhilek boldym. Men 17 yashymda birinji Gyrgyzstana uchupdym, yanymda bolsa ozimden uly gyz doganym bardy.... Shirin bu hatlardan son yene bir hat ugradypdy, ol hatynda: ( Islam yzyny gije yazaryn shu wagt ishim chykdy) diyip ugradypdyr. Men bolsa: (Bolya, garashyan hokman yaz ) diyip ugratdym.......

DOWAMY BAR
21
102
yalnyz
06.05.2024 11:21
4# BetBagt Gyz (Bolan Waka) Islegler boyunca
4-bölüm

Ashakda mana Chärjöwli dostlarym garashyp durdylar birinin ady Atajan beylekisi Dowran. Olar hem Rap bilem gyzyklanyadylar, olar "Easp Pack" toparyndandylar, Matthew we Dexta. Biz kan eglenmedik biz derrow oz ishimizi bitirip dargashdyk, anyk name ish edenimiz yadyma dushenok yone, ya Airoportdan birini garshylap Otela yerleshdirdik, ya-da birinden pul alyp gaytdyk. Son olaryn hem oz ishleri bardy, menin hem kursdashlam bilen Disco Clubda dynch almak planym bardy. Biz sagbollashdyk olar oz yollary bilen gitdiler men bolsa golaydaky internet kafe girdim. Sagada seretsem 10 bolup gelyardi, men ilki bilen dostlaryma jan etdim. Olar mana sagat 11 de clubyn agzynda garashjaklaryny we menin gija galman gelmelidigimi aytdylar. Son men internet sahypamy achyp ol gyza jogap hatymy yazdym, hatymda sheyle sozler bardy: (Bahhh bula birhili gowy dal bolupdyr oza, yash talyp,okuwchy gyzlar sheyle yalnyshlygy kop goyberyarler, gaty gorme yone muna yenil kellelik diyilyar. Gaty gorme Shirin yone men pikirimche bar guna sen ozinde, sen ol gun shol basan adimini dogry yola basan bolsan bul zatlar bolup gechmezdi.) diyip birinji hatymy yazyp ugratdym, son men birhili son name bolanyny bilesim gelip durdy we men ona yene bir hat yazdym, hatymda sheyle yazypdym: ( Bolan zat indi boldy okunsenem, gynansanam bolan zatlary yzyna gaytaryp bolmajagyny ikimizem bilyas. Yone indi bul zatlaryn sony name boldy? sony bir gowlukmy indi?) diyip hatymy ugratdym. Son men sagada seretsem 10:30 bolupdyr men internet kafedan chykup Cluba ugradym. Metro yapylmaka Metroda gideyin diyip mundim, barsam olar eyyam mana clubyn gapysynda garashyp durlar eken. Ol yerde 3 oglan bardy, ikisi yerli turkler biri bolsa Ukrainaly. bularyn uchisi hem Stanbulda okap yoren studentlardy. Biz cluba girip oturdyk we viskey ichip tans edip dynch alyardyk. Viski kop ichildi hat'da Ukrainaly dostymyz tans meydanchada biri bilen dushunishman sowishibem yetishipdir. Biz ichinde yany bir gyzlar bilen tanyshyp olar bilen hem ichip ugramyzda yanky Ukrainaly bilen sowishen oglan yany bilen bir nache oglany alyp bizin oturan yerimize geldiler we onyn dashyna chykyp dushunishjek bolyanyny aytdylar. Biz hem uyship dashyna chykdyk. Ursh bolmady, olar yone dushunship biri birleshine otinch sorap el berishdiler. Biz yene icheri girip keypimizi dowam etdirdik. Sagat eyyam gije 2 bolanda biz ol gyzlaryn bolyan oylerine gitdik. Ol gyzlar hem stanbul talyplary ekeni. Biz olaryn oylerinde dynch alyshy dowam etdik son sagat dandan 4 lerde men oye gaytdym. Kocha chykyp derrow taksi tutyp gitdim, men kopirak ichemson birhilek bolup ugradym. Oye gelip men eshiklerimi zordan chykaryp buz yalak suwyn ashagyna girip otyrdym. Sowuk suw bir az mana komek berdi, men 30 minut yaly sowk suwyn ashagynda otyrdym. Bir az ozime geldim bash aylanmam kesildi, bile yashayan oglanlam yatyrdy. Men supurunman eshiklerimem geyman oz yatyan otagyma girip aynalary achyp bir chilim otlap otyrdym. Otagyn ichi mazaly sowk boldy, sebabi gysh paslydy. Men yagdayym has gowlanyp ugrady we men aynalary yapyp geyinip ajy chay yasanyp otyrdym. Men hich ukym tutmady we men chay ichip kompyutoryn onune gechip internedimi achdym. Oz sahypalaryma girdim Shirinin yazan hatlaryny okadym, ol hatynda sheyle sozleri yazypdy: (Bilyan Islam bar guna mende, men ony bilyan yone name edeyinda manlayymda bardyr, ynanypdyrynda) diyip hatyny ugradypdyr. 2 nji hatynda (Son biz Shaja bilen yene arkayyn biri birimizi soyup hemisheki yaly bile aylanyp gunde habarlashyp yoryadik, biri birimize sowgatlar edyardik, aramyz hich sowk daldi. Biz jynsy gatnashyklary sonam edyardik, eyyam boljak ish bolanson hemde men ona ynanamson biz sonlaram yatyp turyardyk. Ol hich hachan men gownime degenokdy) 3-nji hatynda ( Bir gun men Shajanyn yanyndan gaydyp gelyarkam menin onumden Kakam chykdy, ol Shajany gormedi yone mana bul sagatda nirden gelyan? name ishlap gelyan? diyip gygyrdy. Men tikinchi joramyn yanyndan gelyan diyip yalan sozledim) 4-nji hatynda ( Son kakam mana birhili seredip bashlady, ol mana birhili gaharly yaldydy. Men ol bir zatlar eshtdimika bir zatlar bildimika diyip pikir etdim yone ol Shaja ikimizin aramyzda bolan zatlary bilenokdy.) 5 - nji hatynda sheyle yazypdy ( Bir gun oyumdakiler ishde wagty men yzymdan Shaja oz mashynynda gelipdi, men bezenip beslenip Shajan yanyna chykdym. On mashynyna munip gidenimi ozimden kichi jigim goripdir. Son men agshamara oye gelemde oyde Ejemem Kakamam mana gaharly garashyp otyrlar ekeni, Jigim olara men bir natanysh oglanyn mashynyna munip gidenimi aydypdyr.) diyip hatyny ugradyp son hich zat yazmandyr, son men ona ozim bir hat yazyp ugratdym, menin hem ukymam tutyp ugrapdy. Men hatymda sheyle yazdym (Name diydiler?) diyip gysga hat ugradym.........

DOWAMY BAR

Dowamyny okamak isleseňiz++++goýyp bizi goldap bilersiňiz!!!!
26
123
yalnyz
05.05.2024 10:49
3#Betbagt Gyz (Bolan waka) 18+
3-bölüm

Men sagat oylan 3' 4 lere turdum, yuz-gozimi yuwyp holodilniga tarap yorap holodinligin gapysyny achyp garna atmana ichinden bir zatlar aldym. Ol men uchin ertirlik edinen yalydy))) son telewizory achyp tazelikleri gorip bashladym, tazelikde Hytayda erbet yer titiranini, Yaponiyada guychli syl gelenini we Israil Palestinanyn suw gamilerine garshy hujim edip gamileri yarandyklaryny gorkezip durdy. Garnym dok, Ash hana baryp ozime ajy kofe yasandym, son balkona chykyp chilim chekip kofe ichdim. Son Taze Rap sozlerini duzeyin diyip kellame gowy ylhamlar gelip ugrady, men holodilnikdan 2 chuyshe piwony alyp kompyutoryn onune soz duzmage otyrdym. Shol wagt men "Gara Roza" albomyn "Ak Marti" aydymynyn sozlerini duzip yordim. Sozleri bir az duzip, yzyny son duzern diyip yaltanyp goydym, piwony hem ichip gutardym. Son interneda girip goreyin diyip shol gyzyn taze yazan hatlaryny achyp gordim. Ol gyz oz hekayasynyn dowamyny sheyle sozler bilen yazypdyr ( Biz Shaja bilen ayratyn jaya gechipdik, men kellam eyyam beyhush bolanson ozimede kan erk edip bilmandirn. Gepin gysgasy biz Shaja bilen has yanashdyk, dogrysy ol sho gun menin gyzlygymy aldy. Sagat gaty gich boldy oyumdakiler menin yagdayymy bilmek uchin el telefonyma kan jan edipdiler yone men eshtmezlige salan bolup ol janlara jogap bermedim. Men ol gije Shajanyn gujagynda yatyp galypdyryn) 2-nji ugradan hatynda : ( Men ir bilen kellamin agyrsyna chydap bilman turdym, bolup gechen zatlary yatlap oz ozime ynanman birhilek bolup okunip aglap otyrdym) 3-nji hatynda:( Men sesimi eshidip Shaja atylyp turdy, we name bolanyna dushinman galdy. Sol bolup gechenleri yadyna salyp kellesini tutyp "Meni bagyshla, meni bagyshla" diyip gaytalap otyrdy. Ol hem erbet ichgili bolanson indi ozine gelip eden ishlerine okunip otyran yaly gorinyardi, ol meni gujaklajak bolanda men gaharyma ony itip yuzine iki gezek urupdym. Ol bolsa hich zat diyman yerinden turyp bashga otaglara oglanlary gyzlary gormage chykdy. Men hem onyn yzy bilen beyleki otaglara yorap gitdim, gorsek ol gyzlar eyyam gaydypdyrlar, oglanlaryn bolsa biri gaydyp dine biri bardy, olam shol oyin eyesidi. Men derrow zatlarymy yygnap chaltyrak shol oyden chykyp gitmek isleyardim, telefonyma seretdim Ejem 17 gezek Kakam 12 gezek jan edipdirler. Menin bolsa gozimden goz yashlar syl bolup akyp durdy, men zatlarymy alyp gapydan atylyp chykdym, shaja bolsa menin bilen gurleship dushinshmek uchin meni saklajak boldy yone men ony dinleman chykyp gitdim.) 4-nji hatynda: ( Men kocha yetmakam Shaja yzymdan ylgap gelip meni gysyp gujaklap saklady, ol mana "Bagyshla Shirin chynymy aytyan men niyetim bul daldi yone yalnyshlyk bilen biz bu ishi etdik, men seni hich hachan tashlamaryn, seni yeke goymaryn, men hemishe yanynda bolaryn, men seni gelinim edip almak uchin in sonuna chenli giderin we biz bir mashgala bolup yasharys, men senin durmyshyna girip durmyshyny bulap tashlamaryn soz beryan!!! " diydi. Men bul sozlerden son bir az kosheshdim, ol meni oz mashynyna mundirip oyume chenli alyp gitdi. Yolda ol mana bul bolup gechen zatlary hichkime bildirmejegimizi aytdy we men razylashdym. Men oyume gelemde Ejem Kakam eyyam oyde yokdylar, oyde dine ozimden kichi gyz jigim bardy. Men ejem bilen kakama jan edip oydeligimi aytdym, olar name uchin jan edemizde elini almadyn diyip mana kayyediler. Men suwa girip yuwyndym, bir zatlar iymek uchin hem ishdam yokdy hem-de keypim yokdy, men oz otagyma girip bolan zatlar hakynda pikirlenip aglap yatyp galypdyryn) diyip hatyny tamamlapdyr. Men ona hich hili jogap yazmadym, sebabi mana jan edip ashakda garashyp durandyklaryny aytdy. Men howlukmach bolanym uchin hich hili jogap yazman kompyutery ochurip eshiklerimi geyip ashak dushdim........

DOWAMY BAR

Dowamyny okamak isleseňiz +++++goýyp bizi goldap bilersiňiz
29
159
yalnyz
04.05.2024 11:20
2#BetBagt Gyz (Bolan Waka)
2-bölüm


Men sagada seretdim sagat eyyam dandan 5 bolupdyr, metrobus bolsa men yashayan yerimin duralgasyna yetdi. Men dushup surija puly uzadym, sagbolsun aytdy, yashayan yerime barmak uchin indi bir az yoraymek galypdy. Men oye tarap yorap ugramda meni shaherin Polislary sakladylar, dokumentlarmy barlap hemme zat duzig, yerbe-yerdigini gorip menin talypdygymy anyklap meni saklanlary uchin otunch sorap goyberdiler. Meni shol gun ilkinji gezek Stanbulda polisiya saklapdy, men bir az gen gordim. Olar hatda menin bu sagatda kochede name ishlap yorenimi we nirden gelip nira baryanymam soramadylar, ichimi gurledip (Ashgabatda bolan bolsa beydipjik ansat goybermezdiler) diydim. Men oye yetdim we eshiklerimi chalshyp yuwundym, ilkinjilik bilen kompyuteryn onune gechip interneda girdim, chunki ol gyzyn name yazany menin uchin gyzyklydy. Men on mana yazan hatlaryny achyp okadym, birinji hatynda sheyle yazykdy (Islam tanyshanymyza oran begenyan, sana ichimi dokesim gelyardi. Men ozim okuwchy wagtlarym bizin mekdebimizde okap giden ozimden 2 yash uly oglan bilen soyushyardim. Ol oglanym ady Shaja, dogrysy ony bizin mekdebimizin kop gyzlary halayardy. Ol gunde diyen yaly men yzymdan oz mashyny bilen gelip oyume mekdepden alyp gityardi.) son men onyn ikinji yazan hatyny okadym, ol hatda sheyle yazykdy (Biz 8, 9 ay soyushdik son 25- nji may yetip geldi, men mekdebi tamamlayan uchurymlaryn biri boldym. Shaja 25-nji may gijesi ozi bilen aylanmagy teklip etdi men hem garshy bolmadym. Hatda onun uchin oyumdakilere biz klasdashlarmyz bolup birimizin oyunde uyship otyryas diyip aldap oyden chykdym ) Son men yene bir chilimi otladymda onun 3 nji yazan hatyny okamaga bashladym, ol hatda sheyle yazykdy ( Son Shaja meni ilki shaher ichinde aylady, son bolsa dost oglanlary uyship bir oyde otyrlar, yor bizem shol yere gideli diydi. Men ona yok men utanyan, birtopar oglanyn arasynda name ishim bar diydim. Ol bolsa yok-how ol oglanlaram oz soygulileri bilen otyrlar utanma, bashgada gyzlar bar yor tanysh bolarsyn diydi. Men bolsa son razylashdym.) 4-nji yazan haty ( Biz ol oye bardyk ol yerde dogrydanam 2 sany oglan we 2 sany gyz otyran ekeni, Shaja meni olar bilen tanysh etdi. Biz tanyshdyk, otyrdyk, gulushdik we az wagt ichinde men olara owrenshdim. Son oglanlaryn biri Kalyan yasady we ol gyzlar ikisi hem piwo ichip kalyan chekyaler ekeni, olar birdan kalyany mana uzatdylar men bolsa yok bu menin chekip goren zadym dal diydim. Oglanlaram Gyzlaram guliship al chekip gor onda diydiler, Shaja hem al chek bul zadyn zyyany yoga diydi. Dogrysuny aytsam menem ichimden chekip goresim gelip durdy we men kalyany alyp ichime sorup gordim, bir az usgirdim yone son owrenshdim. Suyji ysly bir zat ekeni.) 5-nji hatynda ( Son olar mana piwo ichip gormegimem hodirlediler, men gorkup Shaja seretdim ol hem keypi kokdi, ol mana al ichiber gorkma uytgeshik zat dal, goryana ol gyzlaram ichyalera diydi. Men birhilek bolup utandym, son shaja ozi bir owurt owurtlap mana bokaly uzadyp al gorkma hichkim bilmez men yanynda ahyryn diydi. men hem sho gije ilkinji we in sonky gezek spirt ichgini ichip gorushim boldy. Bir az wagtdan men beyhush bolup ugradym, keypim goterlip bashlady) diyip gurrin bermesini bes edip goyupdyr we yz yany bir gysgajyk hat ugradypdyr, ol hatda (yzy sana gyzyklymyka? men seni tanamogam yone ichgi syrlarymy aytmak isleyan. Sen bolsa belki dinlasinem gelyan daldir) diyip yazypdyr. Men ukyn ichinde bu hatlary okasamam in sony on sony name bolup gutaranlygny bilmek menin uchin has beter gyzykly boldy. Men ona jogap haty yazyp ugratdym emma ol sagatda Shirin Online daldi. Men hatymda sheyle yazdym ( Salam Shirin dogrymy aytsam senin bu aytyan zatlan menin uchin gyzykly boldy, sen utanma, chekinme arkayyn yazyber, men sen hatlaryny unsli okayan. Dowamyny hokman yazgyn, son name bolanyny bilmek isledim. Garashyan!!!) diyip yazyp ugratdym. Seretsem eyyam dasharda dan atyp yagtylanyp ugrapdyr, men bolsa okuwa gitmek aladamam yokdy. Chunki men okuwa her gun baramokdym. Beyleki bile yashayanlarym turup okuwa gitmane tayyarlanyp ugradylar, men bolsa yerime gechip yatyp galdym.

DOWAMY BAR

Dowamyny okamak isleseňiz ++++goýyp bizi goldap bilersiňiz
27
134
yalnyz
03.05.2024 13:03
Begtbagt Gyz (bolan waka)
1-bölüm


Bul waka çyn bolup geçen waka. Bir gyzyň başdan gecirenleri!!!

2012-nji yyl sowuk gysh aylary biz kursdashlarmyz bolup Stanbulyn kochelerinde aylanyp yordik, sagat hem eyyam ya-da gije 1 yada 2 golaylapdy, dogrysy shol wagt keypimizem kokdi. Men yanymda 2 oglan bardy, Ashgabatly Ahmet, beylekisi Turkiyanyn yerli ilaty Ramazan, olar hemishe mana Muslim diyip yuzlenyardiler. Biz yolda yorap baryarkak Onumizden Gije-gundiz ishleyan Internet kafe dushdy we gapdalynda ony-muny iymek uchin zat satylyan yer bardy. Men oglanlara bir zatlar iymane alyp shol internet kafe girip bir az gumenip otyrmany teklip etdim, olar hem garshy bolmadylar, gaytam " Yor garna bir zat oklap yylanyp chykdygmyz bolarda" diyip iymek uchin bir zatlar alyp icherik girdik. Herkim bir kompyuteryn bashynda otyrdy we herkim bir zada girip gumenip otyrdy, men Odnoklassniki saytyna oz sahypama girip goremde bir gyz mana 4 sany haty yzly-yzyna yazyp goyupdyr. Hatlaryny achdym okap gordim ol yerde " Iska salam, bagyshla chyn adyny bilemok shonchun iska diyip yuzlenmeli boldym. Men ozim bilen gysgacha tanysh edeyin, adym Shirin 90 nji yyl, Gazagystan Respublikasynda Astana shaherinde okayan, hazir men 3-nji kurs" diyip birinji hatyny yazyp ugradypdyr. Son yz yany 2 nji hatynda " Men senin gynanchly duzyan aydymlaryny halayan, esasan hem soygi hakynda bolsa. Meselem sen bir gyz bilen aytyan aydymyn bar mende, ady (Duygylaryn Sony) ana shol aydymyny has beter soyyan. Shol chyn bolan wakamy iska? Menem durmyshymda bet bagt soygi yollary peyda boldy, shol aydym men bolgysyz soygime menzesh yone menki bir az bashgacha." diyip hatyny ugradypdyr. Son men onyn 3 nji hatyny okap bashladym, ol hatda " Yuregine dushesim gelenok yone men sana mumkin bolsa shol soygim hakynda gurrin beresim gelyar" diyip hatyny ugradypdyr. Son 4 nji hatynda "Viiii yogsada sen mana oz chyn adynam ayday eger kyn gormesen, indiki gezekde chyn adyn bilen yuzlener yaly" diyip ugradypdyr. Menem ichimi gurledip (ay senem anyrda biri bn soyushdin, soydin, ony muny etdiniz, gyzlygyn gitdi, sen son okuwa gaytdyn olam seni tashlady. Anyrda bashga biri bn gezya eyle-beyle, indem senem kellani tutup wah yalnyshypdyrn diyip okunip otyranlan birisinda) diydim. Birhili pikir etman yone men ichimden dogrydanam shul zatlary diydim.


Men ol gyza goni jogap bermedim, beylekilerin hatlaryny okadym online yazyshdym. Son biz oglanlar bilen dashyna chilim chekmane chykdyk, chilimi chekip bolup yene icheri girdik. Gorsem ol gyzdan yene hat gelipdir, ol hatynda " Name okabam jogap bermani kichilik bilyanmi" diyip yazypdyr. Menem yzyna Jogap berdim " Salam Men chyn adym Islam, yok men jogap bermedik bolamok, sen hatyny okap jogap berincham eyyam sen yenede bir hat ugradyp yetishipsin" diyip yazdym. Yz yany yene bir hat ugratdym " Yok men garshy dal, sen soyginde nameler bolup gechdi? ayt hany men okayyn " diyip yazdym. Ol mana bir zatlar yazyp durka oglanlar yor gaydalynda gaydalyn bolushdylar, men hem yerimden turup internet ulananymyz uchin tolemeli hakymyzy tolap dashyna chykdym. Oglanlaram howa sowuk, garyn dok entap yorman oyli oye dagalynlay diyishdiler we biz sagbollashyp oyli-oyimize tarap yoredik. Men Metrobus munilyan Stansiya baryp bir chilimi otladym, chilimi chekip bolyncham Metrobus geli, men chilimi zynyp Metrobusa munip otyrdym. Gulagyma gulaklyklary dakyp, gowy goryan aydymlarymy dinlap ayna seredip baryardym. Kellamde bolsa shol gyz name yazdyka diyen pikir aylanyp durdy.

DOWAMY BAR

Dowamyny okamak isleseňiz ++++goýyp bizi goldap bilersiňiz
28
192