yakup allabayew
24.04.2023 22:14

Geñlemedim kim nähili bolsada

Hemmä deñlik gözüm bilen garadym

Käbir adamlaryñ üýtgeýşin görüp

Gözüm ýumup, dişim gysyp ýadadym


Köpe meñzäp gözlemedim il kemin

Üýtgemedim şol öñküje haldadym

Ullumsy diýsede  diýdiler welin

Bassaşlaryñ şo sözünden ýadadym


Ýakynlarym halym soran mahaly

"Hemme zat ugryna" diýip aldadym

Ýalan hem ýasama gülkilem bilen

Aladasyz görünmekden ýadadym


Ýakup Allabaýew

16
62
yakup allabayew
22.04.2023 09:15
Peýda gözläp indi käbir adamlar
Hoplan bolup gezip ýörler barlyny,
Geñem görülenok beýle ýagdaýlar,
Döwür indi şoña gelen ýalymy.


Ýakup Allabaýew
15
98
yakup allabayew
18.04.2023 12:36
Kynlyk bilen geçdik ençe menzili,
Öwretdi durmuşam agy, garany
Boldy, ýetik indi gepdir gybatym,
Haýyş edýän täzelemäñ ýarany

Ömürem geçip dur, sagatma-sagat
Kä gülki, kä gussa, käte agyly,
Şükür edýän entäk janymaa sagat
Başarsam ýaşaryn ömri manyly

"Süýtde agzy bişen suwy üflärmiş"
Diýipdir öñde-de içi ýangyly
Menem boldum şol ýangylyñ bir taýy,
Degmäñ haýyş, ejiz göwün ýaraly


Awtory:Ýakup Allabaýew
20
99
yakup allabayew
13.04.2023 08:34
Bir ömürde meniñ gören gudratym,
Adam göz öňümde çylşyrymlaşdy.
Berdinazar Hudaýnazarow.

Köp zatlar täzeçil görnüşe geçdi,
Üýtgedi adamlañ öñküje keşbi,
Şahyr aýdanlaryñ ýerine düşdi,
Adam bu durmuşda çylşyrymlaşdy.

Üýtgeşik dodakda çalnan pomada,
Äsgermän sereder maña sañada,
Abraýy çalyşyp plan manada,
Gyzlaram birneme çylşyrymlaşdy.

Bahana gözleşip sähel pursatdan,
Päk nikany unudarlar gursakdan,
Ýyly mähir gözläp özge gujakdan,
Är aýal birneme çylşyrymlaşdy.

Saýgarmak kyn boldy garadan agy,
Iki ýüz nikapdan doly bu pany,
Ýalan sözläp erkden alyp bu añy,
Adamam birneme çylşyrymlaşdy

Awtory: Ýakup Allabaýew
20
91
yakup allabayew
12.04.2023 12:14
Gül keşbiñi ýada salan mahalym
Nämüçin çalt urýar gursakda çepim
Öz-özümden geçip söýenim üçin
Mežnun diýip ilem etsin meñ gepim

Armanym ýok bu gysgajyk durmuşda
Bolup bilsek Leýli-Meźnyn ýaly biz
Düşünmedim şum ykbalyn oýnuna
Günäm näme aýra bu gün ýolumyz

Saña bolan söýgimdäki hasraty,
Ýylgyrşymda gizlän bolup ýadadym
Geljek ýollaryña gözümi dikip
Umyt bilen garaşmaga bagladym


Awtory: Ýakup Allabaýew
19
90
yakup allabayew
10.04.2023 22:58
Yşk şerbetin içen günümden başlap,
Seni ýitirmekden juda gorkardym,
Darygamda çöken göwnümi hoşlap
Ömür boýy sen meniñki öýderdim

Sada hem-de ynanjañ bu kalbymyñ
Umydyny saña baglap ýalñyşdym
Soñ düşünip şum pelegiñ synagna
Indi bu gün sensizlige alyşdym.


Awtory: Ýakup Allabaýew
16
99
yakup allabayew
04.04.2023 19:16
Geldim uzak ýoldan zyýarat üçin,
Ýüregime besläp ajap ak adyñ,
Kabul bolsa ýeter eden dilegim
Rebbime wesile bol Aşyk Aýdyñ.

Höwäs edip gadam basan sungatym
Tümlük dälde bolsun açykdyr aýdyñ
Şygyrlarym kalpda örk alar ýaly
Rebbime wesile bol Aşyk Aýdyñ

Şahyrdyr aýdymçy waspyñy edip
Düzdüler ençeme şygyrdyr aýdym
Mañada egsilmez ak pata berip
Rebbime wesile bol Aşyk Aýdyñ.


Awtory:Ýakup Allabaýew
16
115
yakup allabayew
31.03.2023 02:16
Ýagşylykda öñe sary ymtylsañ,
Gözlerinde oky bolsa atarlar,
Durmuşyñda kimdigiñe garaman,
Deder degmez baha goýup satarlar.

Awtory:Ýakup Allabaýew
13
87
yakup allabayew
30.03.2023 01:13
Güýzüñ düşnüksiz günleri ýaly,
Kä ýagyş, kä şemal, kätede sowuk,
Adamlaram edil şol günler ýaly,
Üýtgeýänä olar ýaman biz bolduk.

Aram-aram ýüzlere ýylgyryp bakyp,
Söýmedikler üçin bagrymyz ýakyp,
Ýersiz ýere günäli adyny dakyp,
Ýene-de düşnüksiz ýaman biz bolduk.

Dost diýip ýylgyrsa barymdan geçip
Jübüde zat goýman ugrunda seçip,
Işleri düşende özüñden geçip,
Ýene-de düşnüksiz ýaman biz bolduk.

Külpetli ýollarda köp waka gördük,
Başarsak dostlara maslahat berdik,
Gören aýyplarmyz buşlaman örtdük,
Şonda-da düşnüksiz ýaman biz bolduk.

Awatory: Ýakup Allabaýew
12
104
yakup allabayew
28.03.2023 21:10
Bu dünýäñ gurluşun owal bilinip
Şoñüçin ýalançy dünýä diýilýä
Mylaýym ýylgyrsañ ejiz görülüp
Sebäpsiz arkañdan pyçak urulýa

Sorasa baryñdan eçilýärsiñem
Dilese dür bolup seçilýärsiñem
Aýdaýmaly ýerde gysylýar dilem
Şonda-da arkañdan pyçak urulýa

Panyda bu, hiç kim öñün gören ýok,
Bu gün kömek etseñ erte jogap ýok,
Sessiz ýöreseñem asyl rahat ýok,
Şonda-da ýoluña duzak gurulýa.


Awtory: Ýakup Allabaýew
17
150