wolf
24.07.2023 11:21
Biz ýaşlaryñ geljegimiz öñümizde. Biz öz başarnygymyzy, ösüşimizi wagt bilen bile ugrukdurmalydyrys. Eger şeýtmesek döwürden yza galars. Muny nädip etmeli? Elbetde hemişe hereketde bolmaly, durmaly däl jyrjaşmaly. Oñarýan işlerimizi, halaýan işlerimizi etmeli we işiñiziñ ussady bolmaly ýa-da bolmaga çalyşmaly.

Sizler geljekde näme bolup işlemegi isleýärsiñiz?
39
777
wolf
18.07.2023 13:10
Aýdaly gül-gülzarlykda, erkinlikde bir ajaýyp gül ösüp otyr. Ol gül diyseñ owadan hem örän ýakymly hoşboý ysy bar. Elbetde her bir gören, eşiden bu güli almak islärler, ýöne özlerinden soramazlar men şo güle mynasypmy diýip, ýa-da gülden soramazlar sen meniñki bolmak isleýäñmi diýip. Bir adam alyp goparsa ösüp oturan topragyndan we baryp ekiljek topragyndan närazy bolsa gül, ýene öñkisi ýaly owadan bolarmy, ýa öñkisi ýaly hoşboý ysy saçarmy? Ýok, tersine süllerer, gurar. Gör, adama hiç zat bolmady ýöne bir güliñ ömrüne sebäp boldy. Men bu ýerde güli bir gyz hökmünde görkezmek isledim. Ýagny diýjek bolýanym köp oglanlar düşünenok, şol gyz gowymy ýüregine düşýäler. Bir gezek sora kabul etmese, razy bolmasa ne peýda özelenip duranyñdan. Razy bolan ýagdaýynda-da ony öñki durmuşyndaky ýaly ýaşatmaga çalyşmaly hatda öñkisindenem gowy. Hany türkler diýýärä:
--Zorla güzellik olmaz!
53
500
wolf
15.07.2023 14:14
Kiçikäñ şeýlebir hezil hiç hili erbetlik ýok ýaly, durmuşy multifilmlerdäki ýaly ýaşaýadyk. Kiçikäñ ulalmak isleýäs, ulalansoñymyz bolsa çagakam hezil eken diýýäs. Ýöne näme diýsegem çagakañ çyndanam gaty üýtgeşikdilaý.
34
145
wolf
14.07.2023 12:23
Käte adamlar şeýlebir damaryña basarlar welin, gözüñden o:t çykar we ýolbars kimin arlarsyñ. Ana şonda senden erbet adam bolmaz. Aslynda näme üçindigi ýa-da näme sebäpden gaharlananyñyz bilen işleri bolmaz, olaryñ gözünde diñe erbet adam bolýañ. Özlerinden görmezler. Azajygam bolsa pikirlenseler, men näme etdimkäm diýip, düşünerlerem welin ilki bilen ýazgarmak bilen bolýarlar. Hiç kimem sebäpsiz ýere gaharlananok. Ana şonda seni kemsiderler, ýeke, ýalñyz galan ýaly bolorsyñ. Sessiz gijeler şeýlebir ýakymly bolor 😌☀.
37
246
wolf
09.07.2023 19:42
Salam agzalar! Näme üçindir mende öwrenmeli gowy işlänok. Programma internedimi açyp girjek bolsam 1nji suratdaky ýaly bolýarda çykýar, açanok. Onnoñ internedimi ýapyp programma girýän we internedimi açyp işledýän. Ýöne 1 minuda-da ýetmän ýene 1nji suratdaky ýaly bolýarda çykýar. Onnoñ ýene ýañky ýaly edip girmeli bolýar. Diñe buda däl, like, dislike basyp bolonok, teswirlerede like basyp bolonok we şol sanda teswire jogabam berip bolonok diñeje post goýup bolýar we ýöne teswir ýazyp bolyar bolýar. Bu posty goýýançamam gözüm çaşaryp gitdi. näce gezek girip çykdym we şunça zady täzeden näçe gezek ýazmaly boldym. Adminler komek edäýiñ gaýrat ediñ. Gara görgülaý bolup ýörşüm 😔.
29
133
wolf
09.07.2023 16:14
Ykbalyñy bagla öz iliñ bilen!
Durmuşyñ meñzeşdir öz päliñ bilen.
Kimler ýagşy diýer, kim ýaman diýer!
Säginme, ýöräber öz ýoluñ bilen.
31
88
wolf
07.07.2023 16:27
Ýalñyş ýolda hemme kişi bilen ýöräniñden, dogry ýolda ýeke özüñ ýöre. ❇
44
287
wolf
04.07.2023 15:41
Adam pul gazanmak üçin saglygyny ýitirýär. Soñra saglygyny gazanmak üçin puluny ýitirýär. Geljegini alada edip, şol pursatyny ýaşap bilmrýär. Netijede, ne şuwagt ýaşaýar, ne-de geljekde. Hiç ölmejek ýaly ýaşap, aslynda hiç ýaşamadyk ýaly ölýär.
35
117
wolf
28.06.2023 09:57
Ähli musulman ymmatynyñ Gurban baýramy ny gutlaýan. Allajan beren sadakalaryñyz, eden dogalaryñyz kabul bolsun.
33
47
wolf
27.06.2023 15:10
Azat Dönmezow & Mähri - ýeketägim.

Hajy Ýazmämmedow - maña sen gerek.

Gayo & Firyuza - за тобой.

Aylara - öwrenişdim indi.

Selbi Tuwakgylyjowa & Aref Yegen - men bu ýerde.

Iska Muslim & Perhat Ataýew - Leýla.

Turan Orazow & Dz-Ed - şeýderdi.

Aýmyrat Gurbanow - hasap etme.

Habib -puçmy.

Gurbash Ataýew & Selbi Tuwakgylyjowa - söýýänimi bil.

Selbi Tuwakgylyjowa & Serdar Agali & Dz-Ed - soguyor.

Perhat Ataýew - ýaraýa.

Mad Nazarow & Selbi Tuwakgylyjowa - bary biderek ýaly.

Arsi &Selbi Tuwakgylyjowa - kösenen.

S.Beater - lepbeý.

Mähri Pirgulyýewa - ýör.

Aylara - çukur çukur.

Firyuza & Berdi B. - goýaýda.

Azat Dönmezow - aladam sen.

Gurbash Ataýew & Selbi Tuwakgylyjowa - rekordy döwdüñ.

Selbi Tuwakgylyjowa - walla.

Aydayozun - goýber meni.

Carvillo & Täze ýüz & CITIЗEN - gowjam.

Mele gyz - içimden agladym.

Maral Durdyýewa - rehim eýle.

Firyuza - keýpine däl.

Firyuza Rozyýewa - söýdürýäñ meni.

Mele gyz - gel.

Mekan Ataýew - söýenim.

Farhat Oraýew & Aydayozun - men diri.

Firyuza - sag bol.

Habib - göresim gelse.

Azat Dönmezow - Rebbim.
30
107