wolf
14.08.2023 11:00

👦: Salam (08-00)

👧: Salam (12-00)

👦: Nä ýazañok (20-00)

👧: Ýazyp durna (23-00)


Düşünen düşündi 😁.



Köneler aýdypdyr hemme zady gürleşip çözüp bolýar diýip, ýarym sagatlap doñ et bilen gürleşip otyrn çözüleýin diýenok haýran 😒😅



👦: Maral, men ölsem başga birine çykjakmy?😕

👧: Ýook, gyz doganym bilen ýaşaýarn 😊. Sen? 😕

👦: Ýok, aý menem gyz doganyñ bilen ýaşaýmasam😊. 😯😂😂


- Myrat men seni söýemok indi aýrylaly.

+ Näme üçin , näme boldy aýrylar ýaly?

- Içim gysdy, boldy indi poka 👋.

+ Durhow, gitmäkäñ başga gyz tapyp ber maña.

- Padrugam Jeren boş gezip ýör, şony saña yryp berern.

+ Ol Meret bilen söýşip ýörä!?

- Ýokhow, Meret bilen men söýşip başladyma. 😂😂😂.

52
465
wolf
12.08.2023 12:49

Ýere musur zyñmak gadagan diýip ýazylgy eken. Menem ýokaryk zyñyp gaçdym 😎

39
526
wolf
11.08.2023 17:28

Bagtly bolmagyñyz üçin size bir syr bereýinmi..?

Gadyryñyzy bilmeýän adamlary unudyñ! :)


Nesip bolsa bir gün şu sözi özüme diýerin... "Kyn boldy, ýöne başardym!"


Käşge, käbir tanan adamlarymyz, tanaýşymyz ýaly galsa...

39
117
wolf
10.08.2023 22:15

Ýekeje adam üçin gymmatly bol,

Galanlary üçin elýetmez bol!


Hemişe taýýar bol dönüklige,

esasanam ýakynlaryñdan.


1000 owadan ýüzden,

1 owadan ýürek ýagşydyr.


"Ynam" edil aýna ýalydyr,

bir gezek döwülenden soñ

hiç wagt öñkisi ýaly bolmaýar.


Ýagly zat köp iýme ýüregiñe deger,

Birini çyn ýûrekden söýme, göwnüñe deger.


Ýan-ýoldaşyñyz gaharly wagty siz geçirimli boluñ! Çünki biriñiz o:t wagty, biriñiz suw bolmalysyñyz.


Hak bendesi haka çapar,

ýaman öz pälinden tapar!

(Magtymguly Pyragy)

40
128
wolf
09.08.2023 11:47

Görüplik kär bolsa, köp kişi milýoner bolardy...

Ýalñyşlaryny ýüzlerine urmadygymyz üçin özlerini kemçiliksiz hasaplaýan adamjyklar bar...


Käbir adamlañ agzy edil köne maşynyñ gapysy ýaly, gatyrak urmasañ ýapylanok...

51
258
wolf
08.08.2023 16:45

Alsa ýyllar onuñ badyn,

Ýitiräýse huşun - ýadyn,

Birden ýalñyş tutsa adyñ,

Ejäñ ýüzi alynmasyn!


🔥 🔥 🔥 🔥 🔥 🔥 🔥 🔥


Dar öýe salarlar, ýaparlar mäkäm,

Ezizleñ tabşyryp gaýdarlar baka,

Nepi degmez mal-mülk, ejedir, kakañ,

Jogaby özüñe galar adamzat!


🔥 🔥 🔥 🔥 🔥 🔥 🔥 🔥


Oglanlañam arasynda sada gyza bakjak ýok,

Eşiksiz gyz görseler geýindirip, ýapjak ýok,

Öýlenip aljak ýok, niýetleri

oýnamak,

Gürleseler, kynmyşyn akylly gyz saýlamak,

Gowy gyz kän dost, gözüñ açyp gözleseñ,

Belki ýene kän bolardy, oýnamana dözmeseñ!..

42
148
wolf
08.08.2023 00:11

Meger'em "uçýan haly" diýýänleri Namazlyk bolsa gerek,

Ulanmasyny bilseñ jennete uçurar 🌝.

61
411
wolf
04.08.2023 22:12

Hany geliñ, azajyk gaýgy aladalary unudalyñ 😁

47
730
wolf
28.07.2023 20:32
Häääli dostumlara bardym. Daşaram baý gyzgyna 😥 , baryp girdimde: " Dos myžžyk bollymaý"-diyip derimi süpürdim. Dostum näme diýendir öýdýäñiz?😐 "Näme daşarda ýagyş ýagýamaý, ýañama Gün çykyp durdy😕" diýýärä😬. Özem çyny bilenow. Haýran galaýmaly 😐

Sizem kansaneriñ öñünde serrrelip ýatyrkañyzam derleýäñizmäý😓.

Şu suratdakyny parihmaherde ulanybersem näderkä 😄 klendimä köpeleraý hihi 😆.
34
546
wolf
27.07.2023 12:29
Siziñem şeýle dostlaryñyz barmy 😅.
49
1 082