wise
24.01.2024 15:41

ÝALŇYZ IKI ÝÜREK

Ah ýüregim, ah, seniň ýüregiň,

Artyk bir-biregi unudyp bilmez,

Seni söýýän diýen ilkinji sözüň,

Ýüregmiň töründen hiç çykyp bilmez.


Unutmak isleýän öz bagtym üçin,

Ýöne başaramok unutmagam kyn,

Ýaş ulaldykça kynçylyk artýan,

Ýalňyzlyk, aýralyk goýberenok meni.


Söýgi sazlarymyzy çalypdyk eýýäm,

Geljegi düşünmän, ýalňyşy görmän,

Ýat boldy sensizlik, söýgi goşgylam,

Sen ogurlap gitdiň söýgi setirim.


Meniň syrlarymam eserlerimde,

Seniň syrlaryňy, diňläp sazyňda,

Ikimiziň sungaty aýrylanda,

Ýalňyzlyk sazlary, doldy bu dünýä.


Aýgül Seýliýewa Çarymyradowna

20
72
wise
21.01.2024 18:49

Bu dünýäde wagt garaşman ötdi,

Ahyrýetiň azabynam çek diýe,

Ýürek öňküdenem gowşap ugrady,

Agyr kelamlary göterip ýene.


Şat günlemde, şatlananlar bolupdy,

Kyn günlerde, ýekelik susdum basypdy,

Ýürek agyrsada ýene çydapdy,

Şol öňküje mähirleri ýatlaýyp.


Gezip ýörler aşyklaram yşgynda,

Ýürek telwas urýar juwan ýaşynda,

A men bolsa kenarlaryň başynda,

Şol öňküje mähirleri ýatlaýan.


Görüplik deminem datmaly boldy,

Derejäm ulaldy ýykanlar boldy,

Müşgil wagtym duşmanlarym köp boldy,

Tesellim mähir doly ýatlama boldy.


Aýgül Seýliýewa Çarymyradowna



Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünyä diller institutynyň talyby

19
71