violinist
violinist
21.04.2022 09:20
Счастье-слышать утром, как мама с папой разговаривают и смеются за завтраком...💕
violinist
21.04.2022 05:51
Gowluk hakda tutarygy az bolan,
Ýamasy köp “ynsan” diýen eşigmiň.
Gyryp ençe arzuwlarmyň ganatyn,
Göge bakyp ýerdeligme düşündim.

Öňýeteni ýakyn saýdym, ynandym,
Şeýdip başym kän degipdi daşa-da.
Ýöne ýene rowa görmän özüme,
Men ömrümi özge üçin ýaşadym.

Ýetilmedik menzillemde arman bar,
Uçup bilsem, düşlemezdim ýerde men.
Tapmak üçin asmanda bir çäresin,
Zemin içre derman gözlän derdimiň.

Gözlerimde ahmyr bolan ýaşlaram
Owasynda ýöne ýere doňmady.
Gussasy kän sowuklykdy, sowukdy
Maňa dünýäň bar eçilen sowgady.

…Nirä baksam, mähir küýsän dideler –
Arzuwlarny gussalarna düşeýän.
Halys indi ýadatdy bu sowuklyk,
Halas ediň, men şeýlebir üşeýän.

Allanur Çaryýew
9
57
violinist
17.04.2022 21:05
Adama hemişe maslahat gerek däl!
Goldaw berjek—el,
diňlejek—gulak,
düşünjek—ýürek gerek!...🌼
12
68
violinist
17.04.2022 11:58
Men gitmäge mynasypmy,
Dälmi ýa?
Jogaplarym seň gözleňde galdy ýar.
Bu aşygyň kowulmaly däldi ýar,
pikirlen, çöz,
Gideýinmi, döneýin?
Bar bolsa ýer,seň dünýäňde galaýyn?!

Oýun bilen, boýun etdik söýgini,
Şoňa görä saldy başa gaýgyny,
Ýürek indi başgasyny söýdi:rmi?
Gitmek aňsat,
Emma durmuş däl oýun,
Ejaza ber,
seň dünýäňde galaýyn?!

Gitjek welin,
Ýaşap bilmen ýüreksiz,
Sende galdy...
Ýitdi menden dereksiz,
Belki oňa menden, sen has gereksiň,
Ýüregmi ber,boş gursagmy dolaýyn,
Etme kemter, seň dünýäňde galaýyn?!

Gözelligňi gabanşyp dur joralaň,
Saňa baksam, abanşyp dur joralaň.
Döremänkä seň daşyňda gozgalaň,
Göripleri töwerekden ýonaýyn,
Duşman ýeňler,
Seň dünýäñde galaýyn?!
9
44
violinist
17.04.2022 11:03
Sen maňa wada beripdiň
Garaşmagy-
garaşmadyň.
Göreşmegi-
Göreşmediň.Şeýdibem söýgi soňlandy,
Gam ogşadyp göreçlere.

Güýzler sary gussasyny,
Ýaprak edip gaçyrdylar.
Bagtymyň guşy öýdenim,
Bilmän galdym uçurdygym.

Gyşlar sowuk tygy bilen,
Gursagyma saldy talaň.
Ara aýralyk düşensoň,
Habarsyz galdym halyňdan.

Öwrüm saldy ýollarmyza
“Görüşmesin!” diýip pelek.
Özümi aldadym ýördüm:
“Söýen ýene söýüp biler!”
diýip,men söýgi gözledim,
(Tapdyrmy öň tapylmadyk?!)
Gursagymda gussa bilen,
Umyt galdy ýapylmadyk.

Sen hakdaky ýatlamalar,
Kän bildirdi barlygyny.
Ýitirip göz ýetirdim men
Sensiz dünýäň darlygyna...

Sen maňa wada berdiň-de,
Neçüýn yzynda durmadyň?!
Garaşmadyň,göreşmediň...
Menem duýduryp durmadym.

Ýa ýadyňdan çykypdymy,
Eý, meň bagtymdyr öýdenim?!
Dünýe deý beýik söýgini,
Soňlap bor eken beýdibem..
10
70
violinist
violinist
16.04.2022 14:02
Umytlar öçende, käte-käteler, Bogazyñ gysanda ajy hakykat, Ýene maña tarap atygsap ýürek, Geçen günleriñi ýatlaýañ gerek?!. Gaýtalanyp durka şol bir günleriñ, Astyna düşeñde ýalan sözleriñ Manysyn
violinist
violinist
16.04.2022 11:30
🍁...
violinist
violinist
16.04.2022 10:25
Ýaşap bir dem ýyldyrymly didede, Ne-hä yşkdan, Ne hesretden gandyk biz. "Söýýänem" diýipdik birek-birege, Ýöne köne dostlar bolup galdyk biz. Dözmezim sen, Gözleriňden syrykdym. Dönmezim
violinist
violinist
15.04.2022 11:11
Setirlem ezilse duýgulamdandyr, Gursagymda öýlänçi bar diňmedik. Şoň üçinmi, köplenç öz derdim bile Gamgyn gamgyn aýdymlary diňledik...🍂
violinist
violinist
15.04.2022 10:54
Bir adam çyn ýürekden söýýän gyzyna goşgular ýazýardy. Soňra gyz ol adamy birden terk etdi. Ol adam gyzyň yzyndan goşgulary ýazmagyna dowam etdi. Örän köp ýazdy we günüň birinde meşhur şahyrlaryň