tyllayev_allanur
04.10.2023 09:42

Durmuşda biziň ählijämiz hem asmanda emele gelýän ýarym tegelek görnüşindäki owadan dürli reňkli älemgoşary ýagyş ýagmagynyň yzýany gören bolsak gerek. Bu bolsa ýagyş damjalarynda gün şöhleleriniň döwülmegi sebäpli bolup geçýär. Geliň, muny has hem aýdyňlaşdyryp geçeliň! Aslynda, gün şöhlesiniň reňki ak bolýar. Ak reňkde bolsa beýleki ähli reňk jemlenen bolup durýar. Ýagyş damjasy hem şol reňkleri aýratynlykda görkezýär. Ýagny, ýagyş damjalarynyň tebigy optiki prizma aýratynlygyna eýe bolmagy bilen döreýär Onda ýedi reňk jemlenendir: narynç, sary, gyzyl, mawy, goýy gök, ýaşyl we melewşe. Bulardan başga-da diňe gyzyl-ýaşyl ýa-da inçe gyzyl reňkli älemgoşarlar hem peýda bolýar. Älemgoşaryň reňkimiň has dury görünmegi ýagyş damjalarynyň iri bolmagy bilen tapawutlanýar. Käbir ýagyş damjalarynyň ownuk bolmagy giň älemgoşaryň döremegine sebäp bolýar. Şeýle älemgoşar bolsa ümürli howada has köp gabat gelip bilýär. Adatça, ýarym Aý görnüşde peýda bolýan älemgoşar dagyň depesinden ýa-da uçardan seredilende, tegelek görnüşde görnüp biler. Älemgoşaryň peýda bolmagy üçin bolsa asmanda Günüň bolmagy zerur. Onuň iň köp görünýän wagty güýçli ýagyş ýagandan soňra peýda bolýar. Ol hemişe Günüň garşysynda döreýär. Gün näçe ýokarda duran bolsa, älemgoşar ýere şonça-da ýakyn bolýar. Şol sebäpli ýedi reňkli älemgoşar irden agşama ýakyn peýda bolýar. Bu tebigy hadysa Günbatar medeniýetinde umyt we bagtyň simwoly hasaplanypdyr.


Bu hadysa günüň belli birwagtynda diňe ýagyş ýaganda däl, eýsem, suw çüwdürimleri, şaglawuklar ýa-da suw akýan beýleki ýerlerde hem peýda bolup bilýär. Hatda otlar we ösümlikleri pürkmek arkaly suwarylýan wagtynda hem onuň ownujak görnüşiniň döreýändigine şaýat bolýarys.

22
44
tyllayev_allanur
03.10.2023 10:11

Biziň durmuşymyzy düýbünden döwrebaplaşdyrmagy başaran sanly tehnologiýalar az däl. Ýöne olaryň içinde häzirki wagtda has köp ýaýran bäş sanysynyň haýsylardygyny bilmek ählimiz üçin gyzykly bolsa gerek. Eýsem olar haýsylar? Geliň, olar bilen tanyş bolalyň.


Olaryň birinjisi, elbetde internet. Internet 20-nji asyrda döräp, şol döwürden bäri onuň gerimi has giňelip şu günki derejesine gelip ýetdi. Eýsem, internet näme? Internet dünýä boýunça özara birikdirilen kompýuterleriň ulgamy bolup, bu tora birikdirilen kompýuterleriň kömegi bilen ulanyjylar dürli maglumatlary alyp bilýärler. Bu tora näçe kompýuteriň birikdirilendigini hiç kim anyk aýdyp bilmeýär. Emma käbir maglumatlara görä 5000-e golaý ownuk torlar iki milliondan gowrak kompýuterleri internete birikdirýär. Bu sanyň takyklygy barada hiç zat aýdyp bolmaz. Sebäbi häzir internet ulgamyna birikdirilýän kompýuterleriň sany ýyl-ýyldan artýar.


Bilşimiz ýaly, internetde köpdürli peýdaly maglumatlar bar. Mysal üçin howa maglumatlary, täzelikler, kino, gazet-žurnallaryň elektron görnüşleri, elektron kitaplar, söwda harytlaryň görnüşleri we bahalary, syýasat, edebiýat, aýdym we beýlekiler bar. Emma internetde peýdasyz maglumatlar hem az däl. Interneti peýdaly ýa-da zyýanly taraplara ulanyp bilmek biziň özümize bagly.


Internet 1969-njy ýylda döredildi diýseň hem bolýar. Ýagny şol ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Goranmak ministrliginiň ARPA gullugy tarapyndan goranmak senagatynyň ylmy-barlag guramalarynyň arasynda aragatnaşygy üpjün etmek üçin tor döredildi.


Ilkibaşda tor 17 kompýutreden ybarat bolup, “ARPANet” diýip atlandyryldy. 1972-nji ýylda Elektron poçta (E-mail)döredildi. Eýýäm 1976-njy ýylda toruň habarlar gullugy Usent peýda boldy. 1990-njy ýylda ARPANet tory ýapylýar we onuň ýerine internet peýda bolýar. Soňra World Wide Web – bütindünýä maglumatlar kerebiniň düýbi tutuldy.


Personal kompýuterler. XIX asyryň 70-nji ýyllarynyň ahyrynda ilkinji personal kompýuteri döredilýär. Ilkinji personal kompýuteriň bahasy 500 dollar bolupdyr. Şol ýyllardan başlap personal kompýuterleriň köpçülige hödürlenmegi netijesinde ilkinji döredilen äpet kompýuterlere bolan isleg azalýar. 80-nji ýyllarda IBM (International Business Machines Corparation) kompaniýasy özüniň ilkinji IBM PC personal kompýuterini döredýär. Personal kompýuterleriň bu görnüşi tiz aradan köpçülik arasynda uly meşhurlyga eýe bolýar. 1983-nji ýylda Apple Computers korporasiýasy syçanjyk bilen dolandyrylýan “Lisa” atly ilkinji personal kompýuteri işläp düzýär. Häzirki wagtda personal kompýuterleri özüniň köp işleri ýerine ýetirijilik we ulanmaga amatly häsiýetleri bilen biziň durmuşymyzda uly orun eýeleýär.


Smartfonlar. Smartfon “smart” we “phone” diýen iňlis sözleriniň birikmeginden gelip çykyp“akylly telefon” diýen manyny berýär. Ilkinji smartfonlar uly we agyr bolupdyr. Munuň üstesine olaryň bahasy 1000 dollara çenli ýetipdir. Wagtyň geçmegi bilen smartfonlaryň görnüşleri kämilleşip häzirki görnüşine gelip ýetipdir. Häzirki wagtda dünýä belli smartfon öndürýän kärhanalar köpeldi. Olaryň täze döredýän smartfonlarynyň gurluşy, ýady we daşky görnüşi hem döwrebaplaşdy. “Samsung”, “Huawei”, “Apple” kompaniýalary smartfon öndürmekde dünýäde öňdeligi eýeleýär.


WI-Fi. Wi-Fi “Wireless Fidelity” atly söz düzüminiň gysgaldylan görnüşi bolup, ol “simsiz takyklyk” diýen manyny aňladýar. Häzirki döwürde dünýä ýüzünde giňden peýdalanylýan we bir wagtda birnäçe adamlaryň peýdalanyp bilmeklerine mümkinçilik berýän Wi-Fi ulgamyny hem 20-nji asyrda döredilýär.


Sosial torlar. Sosial tor internet jemgyýetiniň bir bölegi bolup durýar. Sosial torlaryň käbir görnüşleri 90-njy ýyllarda peýda bolýar. Bir sosial tora millionlarça kompýuterleri birikdirip bolýar. Häzirki wagtda sosial torlaryň birnäçe görnüşleri bar.


Şu 5 sany sanly tehnologiýanyň ähmiýeti örän ýokary hasaplanýar. Olaryň haýsy hem bolsa, birini ýok diýip göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Elbetde, sanly tehnologiýalar döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Sebäbi biz sanly ulgamyň ornaşdyrylan we bu işiň barha ösdürilýän jemgyýetinde ýaşaýarys.


(Internet maglumatlaryndan peýdalanyldy)

25
53
tyllayev_allanur
02.10.2023 10:29

Köp janly görnüşler üçin ýaşaýyş üçin esasy ýer bolup hyzmat edýän uly we çuň ummanlar syrlardan doly. Ummanlar taryhy döwürlerden bäri adamzadyň ünsüni özüne çekip gelýär. Hat-da ummanlaryň täsir galdyryjy we syrly gurluşy, dünýä belli alymlary hem oýa batyryp gelýär. Ummanlar hakda henizem jogapsyz soraglar örän kän.


Ummanlar baradaky käbir gyzykly maglumatlar:


- Ýagtylyk diňe ummanyň üstünden 200 metr çuňluga düşüp biler. Ummanlarda 200 metrden aşakda garaňkylyk höküm sürýär;


- Ummanlaryň 95%-i entek doly açylmadyk. Gözleg yzygiderli dowam etse-de, ululyklary sebäpli ummanlaryň diňe 5%-i doly öwrenildi;


- Ummanlarda gözlegleri kynlaşdyrýan iň möhüm faktorlaryň biri, suwuň basyşydyr. Sebäbi soňky tehnologiýalar hem birnäçe kilometr çuňlukdan soň öz işini bes edýär;


- Ummanlar janly bakteriýalardan doly. Köpüsi zyýansyz. Ýöne ummanda adamlara zyýanly bakteriýalar we wiruslar has köp;


- Gynansagam, ummanlarda millionlarça tonna zibil we galyndy bar. Aslynda zyýanly bakteriýalaryň köpelmegine şu hapalar we galyndylar sebäp bolýar;


- Ummanlar görnüşi ýaly asuda däl. Munuň tersine, olaryň gorkunç sesleri bar. Näçe çuňluga gitseň, sesler şonça-da gaty eşidilýär;


- Ummanlarda 20 million tonnadan gowrak altyn bar;


- Ummanlar alýan kislorodymyzyň takmynan 70% -ini öndürýär.

25
79
tyllayev_allanur
01.10.2023 07:15

Şweýsariýa dünýäde iň rahat hem-de arassa döwletleriň biridigi hemmämizde mälim bolsa gerek. Eýsem-de eger-de bir Şweýsariýa döwletine syýahat edenimizde ilki bilen nireden başlamaly? Syýahatçylar esasan haýsy şäheri düşelge edinýärler? Şweýsariýa döwletinde syýahatyň gyzykly geçmegi üçin nämeler edip bolar? — diýen soraglar megerem her bir syýahatçynyň aňynda aýlanýan bolsa gerek. Geliň indi bolsa Şweýsariýa döwletiniň haýsy künjeklerine ilki bilen syýahat etmelidigi bilen tanyşalyň.


Eger-de siz Şweýsariýa syýahat edýän bolsaňyz ilki bilen Bazel şäherine barmak maslahat berilýär. Bu ajaýyp şäher Kiçi Bazel we Uly Bazel atly iki sebite bölünýär. Syýahatçylar bu ýerde derman senagatlary, ajaýyp gözel ýerleri, taryhy binalary we desgalary bilen tanşyp bilerler. Eger-de bu şäheriň gözelligini has içgin synlamak isleseňiz gaýyk bilen aýlanmak maslahat berilýär. Siz bu şäherde gaýyk bilen syýahat eden mahalyňyz, şäheriň tebigy gözelligini we başga-da birnäçe ajaýyplyklar bilen tanyş bolup bilersiňiz.


Şweýsariýa döwletine syýahat üçin ýene-de bir iň naýbaşy ýerleriň biri hem Bern şäheridir. Şäherde ajaýyp diňler, owadan suw çüwdürimleri, taryhy gözel ýerler we haýran galdyryjy gözel ýerler ýerleşýär. Eger-de siz bu şähere tomus aýlarynda gelen bolsaňyz, Aare derýasynda ýüzmegi ýadyňyzdan çykarmaly däldir. Derýanyň ajaýyp arassa suwy dynç almak üçin iň amatly ýerleriň biridir. «Bern şäheri her bir syýahatçynyň görmeli şäherleriň biri» — diýip şähere gelýän syýahatçylar belleýärler.


Matterhonyň eteginde ýerleşýän Zermatt şäheri syýahatçylar üçin iň owadan we dynç alyş ýerleriň biridir. Bu ýerde lyžadan typyp, lezzet almak üçin iň amatly ýerleriň biridir. Bu ýerde kabel awtoulaglary we dag dynç alyş merkezleri hereket edýär. Zermatt şäherinde pyýada gezmek has amatly hasaplanýar. Şonuň üçin ýöremegi halaýan syýahatçylar üçin Zermatt şäheri Şweýsariýada ilkinji düşelge hasaplanýar.


Ženewa şäheri Şweýsariýada halkara derejesinde geçirilýän ýerleriň merkezi hasaplanýar. Eger-de siz Şweýsariýa iş sapary bilen gelen bolsaňyz şäherde birnäçe sany dünýäniň abraýly halkara guramalarynyň merkezi binalary bar. Şäheriň iň özüneçekiji ajaýyp ýerleriň biri-de dünýäniň iň beýik çüwdürimi hasaplanýan «Jet D’Eau» suw çüwdürimidir. Bu gözelligi görmäge gelýän syýahatçylaryň sany barha artýar. Mundan başga-da siz Ženewa şäherinde birnäçe sany ajaýyp muzeýlere, gül çemenzarlyklara, tebigat taryhy muzeýlere we owadan dizaýn edilen buthanalara we başga-da şäheriň ajaýyp ýerlerine aýlanyp, lezzet alyp bilersiňiz.


Şweýsariýanyň medeni we taryhy merkezi hasaplanýan Sýurih şäherine syýahatyňyzda wagt aýyrmak maslahat berilýär. Şäherde ýurduň iň muzeýdir sungat galereýa merkezleri ýerleşýär. Sýurih şäherine gelip dünýä derejesinde ýerine ýetirijileri we aýdym saz dünýäsinde meşhurlyk gazanan opera teatrlardan lezzet almagy unutmaň.

22
70
tyllayev_allanur
29.09.2023 13:03

Açyk howada asmana syn eden bolsaňyz, ýyldyzlaryň ýanyp-sönüp durýan ýalydygyny görensiňiz. Bizden millionlarça kilometr alysdaky bu asman jisimleri barada entek öwrenmeli zadyň az däldigi aýdylýar.


Soňky wagtlarda astronomiýa we älem giňişligine degişli maglumatlara has köp gyzyklanma bildirilýär. Asman giňişligi has ýakyndan öwrenilýär. Uzakdan şöhle saçýan ýyldyzlar halk döredijiliginde çeper meňzetme hökmünde köp gabat gelýär. Bu bolsa, adamzadyň irki döwürlerden bäri ýyldyzlar bilen gyzyklanýandygyny görkezýär. Gün ulgamy diýseň uly giňişligi öz içine alýar. Gün tarapdaky üçünji planeta bolan Ýer şaryna şöhläniň gelmegi üçin 8 minut çemesi wagt gerek bolýar. Ýagny biz Günüň sekiz minut öňki ýagdaýyny görýäris. Şöhläniň sekuntda 300 müň kilometr tizlik bilen hereket edýändigi nazarda tutulanda, bu aralygyň näçeräkdigine has aýdyň göz ýetireris. Sekizinji ýerde durýan Neptun planetasyna Gün şöhlesiniň barmagy üçin bolsa, 4 sagat gerek bolýar. Neptundan güne seredilende, ol edil biziň ýyldyzy görşümiz ýaly, kiçi görünýär. Has düşnükliräk mysal getireliň: biziň planetamyz bilen Günüň aralygyny sagatda 1000 kilometr tizlik bilen hereket edýän uçar 17 ýylda geçip biler.

Kosmos giňişligi barada ýene bir mysala garalyň! “Andromeda” galaktikasynyň şöhlesiniň Ýere gelip ýetmegi üçin 2,2 million ýyl gerek bolýar. Ýagny bu galaktika teleskop arkaly syn edilende, onuň 2,2 million ýyl ozalky ýagdaýy görülýär.


Ýyldyzyň öçmeginiň sebäbi?


Bulutsyz gijede asmana seredilende 7000 ýyldyzy gözümiz bilen görüp bilýäris. Kiçiräk teleskop bilen 25 million ýyldyzy görüp bolýar. Obserwatoriýalardaky has uly teleskoplar arkaly 2 milliard ýyldyzy görüp bolýar. Galaktikanyň giňişliginiň nähiliräkdigine has gowy düşünmek üçin diňe biziň galaktikamyzda 100 milliard ýyldyzyň bardygyny bilmek ýeterlik bolsa gerek.

Ýyldyzlaryň sanynyň köplügi we bizden uzaklygy olaryň bize ýanyp-sönýän ýaly görünmegine sebäp bolýar. Munda atmosferanyň täsiriniň hem bardygy aýdylýar. Sebäbi kämahal howa yssy bolýar. Ýyly howa ýokary göterilýär we has uzakdaky ýyldyzlardan gelýän şöhläni döwýär. Şol sebäpli uzakdaky ýyldyzlaryň şöhlesi bize kesilip gelýär. Bize has ýakyn, has ýagty ýyldyzlaryň şöhlesi ýanyp, sönmeýär.

28
106
tyllayev_allanur
28.09.2023 09:38

Google döreýşi we Google hakda iň gowy 8 sany faktlar.


1998-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda häzirki zaman dünýäsiniň iň möhüm kompaniýalarynyň biri bolan Google Inc. dünýä indi.



1

Google-y esaslandyryjylaryň biri Moskwadan.

“Google” kompaniýanyň esaslandyryjysynyň biri Sergeý Mihailowiç. 5 ýaşyndaka maşgalasy Moskwadan Merilände (ABŞ) göçdi we kakasy Mihail Izrailewiç Brin Merilend uniwersitetiniň professory boldy.


Ýeri gelende aýtsak, Sergeý takmynan 40 ýyldan soň hem rus dilini gowy bilýär.


2

Google talyp taslamasy hökmünde döredildi

Sergeý Brin we dosty Larri Page, Stenford uniwersitetinde işlän ýyllarynda Google-y döretdiler. Beýleki gözleg motorlaryndan tapawutlylykda, olaryň taslamasy dürli saýtlaryň arasyndaky baglanyşyklary seljermegi başardy. Bu ulgam ahyrsoňy PageRank adyny aldy we köp ýyllap ähli SEO-optimizatorlaryň kellesi we çöregi boldy.


Netijede, Brin we Page bu taslama boýunça dissertasiýalaryny üstünlikli goradylar we soňra onuň kömegi bilen multimillioner boldular. Şeýlelikde, Brin Forbes reýtinginde 8-nji, Paýj 9-njy ýerde.


3

Google Incorporated ady tötänlik

Sergeý Brin “Sun Microsystems” -yň esaslandyryjylaryndan Andy Bektolsheimiň taslamasyny hödürläninde, ol gyzyklandy. We Google Incorporated adyndan 100 müň dollarlyk çek ýazdy. Olaryň aýrylmagy üçin takyk şol at bilen ýuridik şahs bolmalydy.


Aslynda, 20 ýyl ozal Brin we Page ilkinji maýa goýumlaryny almaga mümkinçilik bildiler. Ine, şondan soň dünýäniň iň uly korporasiýalarynyň birine öwrülen resmi hukuk guramasy ýüze çykdy.


4

Emeli intellekt Google maglumat merkezlerini sowadýar

Maglumat merkezini sowatmak (DPC) bu gurluşlary saklamak üçin çykdajylaryň esasy elementlerinden biridir. On we ýüzlerçe müň enjam şkafyny öz içine alýan äpet binalar ummasyz ýylylyk döredýär, olaryň aýrylmagy bolsa gaty köp pul sarp edýär.


Olary sowatmak ulgamlary şeýle bir çylşyrymly welin, diňe ýokary tejribeli in engineeringener toparlary dizaýn we tehniki hyzmat bilen meşgullanýar. Şeýle-de bolsa, maglumat merkezlerinde Google bu ulgamlary emeli intellekt ulanyp sazlamaga synanyşdy. Netijede, enjam şeýle parametrleri saýlap almagy başardy welin, maglumat merkezleriniň birinde sowadyş ulgamynyň netijeliligi 40% ýokarlandy. Bu kompaniýa ýylda birnäçe million dollar tygşytlamaga mümkinçilik berýär.


5

Google “Yandex” -i satyn almak isledi

17 ýyl ozal, 2003-nji ýylda Brin we Page Moskwada bolup, kärdeşlerine baryp gördüler. Duşuşykdan soň bir ýyl töweregi habarlaşdylar we “Yandex” -e Google-yň bir bölegi bolmagy teklip etdiler. Ilkibaşda takmynan 30 million dollarlyk şertnama bardy, ýöne gepleşikleriň ahyrynda bu mukdar 130 million dollara ýetdi.


Google-yň aklawçylary ahyrsoňy şertnama baglaşmak üçin Russiýa gelenlerinde, Amerikan kompaniýasynyň birleşmek däl-de, ele geçirmek we “Yandex” -iň esaslandyryjylaryny işgär almak isleýändigi ýüze çykdy. Elbetde, şeýle öwrümden soň gepleşikler bes edildi we Google uzak wagtlap gözleg motoryny rus dili bilen dostlaşdyryp bilmedi.


Google barada maglumat


6

Google-yň dizaýny nadanlykdan gelip çykdy

Brin we Page-yň zehinli programmistlerdigine garamazdan, HTML düzülişi olaryň gowşak tarapydy. Netijede, Google başlangyç sahypasynda diňe gözleg gutusy we Tapmak düwmesi bardy. Şol günler web sahypalarynyň baş sahypadaky maglumatlaryň baýlygynda biri-birinden öňe geçmäge synanyşýandyklaryny göz öňünde tutsak, şular ýaly i çemeleşme Google-yň umumy fonunda tapawutlanmagyna sebäp boldy. Belli bir wagt, kompaniýa ulanyjylaryň özleri düzüp biljek alternatiw başlangyç sahypasyny ýasady, ýöne ahyrynda Google bu taslamany ýapdy.


7

Google alty sany (Messenger) habarçy taýýarlady

Hiç biri üstünligi gazanmady

Google-yň şowsuzlyga uçran ýeke-täk nokady, öz habarçysyny döretmekdir. Kompaniýa häzirki wagtda habarlaşma programmasyny döretmek üçin altynjy synanyşygyny edýär. Öňki synaglardaky ýaly, bu hakda hiç zat eşitmedik bolsaňyz gerek.


Ine, öňki bäşlik: Google Talk (Chat), Google+, Hangouts, Duo we Allo. Täze habarçy köne SMS / MMS standartyny çalyşmak üçin dörediler we häzirki wagtda Google RCS atly täze protokoly goldamak üçin operatorlar bilen gepleşik geçirmäge işjeň synanyşýar.


8

Google dünýäde iň meşhur saýt

Google Kompaniýanyň birbada iki esasy taslamasy — Google gözlegi we YouTube wideo hosting — saýtlaryň meşhurlyk derejesinde birinji orunda durýar we Amazon Alexa-a görä dünýäde iň köp girilýän çeşmelerdir.


Her ýerde işleýän global google.com salgysy hakda gürleşýäris. Mundan başga-da, sebitdäki ähli domenler reýtingde aýratyn hasaplanýar: mysal üçin, google.co.in-iň hindi wersiýasy meşhurlyk boýunça dünýäde 12-nji ýerde (mysal üçin, Instagram-dan öň), google google.co .jp 24-nji ýerde, 28-nji we 29-njy ýerde — Gonkong google.co.hk we Braziliýanyň google.co.br. Rus google.ru nemes we fransuz wersiýalaryndan (degişlilikde 38-nji we 39-njy orunda) 37-nji ýerde, ýöne dünýäde 20-nji orunda durýan yandex.ru-dan soň.

28
192
tyllayev_allanur
27.09.2023 14:40

Bilşimiz ýaly 1991-nji ýylyñ güýz paslynda Garaşsyzlyk almak üçin Jarnama kabul edilýär, ertesi gün bolsa Garaşsyzlygymyz yglan edilýär. Şondan bäri hem 32 ýyl geçipdir.


Garaşsyzlygymyzy alan wagtymyz, ilkinji bolup Garaşsyzlyk baýramymyza bagyşlap, şol günüñ içinde (ýañy-ýakynda merhum bolan) Türkmenistanyñ halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew “GARAŞSYZ” diýen goşgusyny galama alýar. Birnäçe gezek ýazyjy, şahyrymyz bilen gurnalan edebiýat agşamy duşuşyklarynda hem berilen soraglardan biri şu mesele hakynda bolanynda, özüniñ hem tassyklamagy esasynda Garaşsyzlyk baýramymyz üçin ilkinji bolup gutlap, buşlap ýazandygyny gürrüñ beripdi.


Men hem pursatdan peýdalanyp türkmen halkymyzy Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýüregimden gutlap, Hormatly Arkadagymyzyñ alyp barýan işlerinde üstünlikleriñ ýaran bolmagyny Biribardan diläp, merhum halypamyz Atamyrat Atabaýewiñ “Garaşsyz” goşgusyny okyjylara ýetirmegi makul bildim.


"GARAŞSYZ"


Goý, güller açylsyn sähraň ýüzünde,

Asmanam, goý, rahmet nuruny saçsyn.

Müň dokuz ýüz togsan biriň güýzünde

Türkmenistan—ata mekan Garaşsyz!


Eger kimde kimiň kinesi bolsa,

Kinesin unutsyn, urşan ýaraşsyn.

Beýik günde undulýandyr kineler,

Bu beýik gün—Türkmenistan Garaşsyz!


Dünýäň çar künjüne ýaýrapdyr türkmen,

Oňmaz olar dost dogansyz, gardaşsyz.

Agzybir bolanda baýnapdyr türkmen,

Baýna, türkmen, bu gün ýurduň Garaşsyz!


Dünýäň kartasyna türkmeniň ýurdy

Täze kürtäň keşdesi deý ýaraşsyn.

Daglaryň arslany, çölleriň gurdy —

Türkmen, bu gün gadym ýurduň Garaşsyz!


Türkmen aga, telpegiňi göge zyň,

Gyňaçlaram baýdak kimin parlaşsyn.

Aýdym aýdyň, at çapdyryň, saz çalyň,

Türkmenistan — ata ýurdum Garaşsyz!


Halk arzuwy hasyl bolar ahyry,

Men bu güne kän asyrlap garaşdym.

Men bu gün garaşsyz ýurduň şahyry,

Türkmenistan — söwer ýurdum Garaşsyz!


Awtor:

Atamyrat Atabaýew

35
164
tyllayev_allanur
26.09.2023 14:32

Häzirki tehnologiýalaryň ösen döwründe adamlaryň durmuş we iş şertleri yzygiderli gowulanýar we kämilleşýär. Muňa garamazdan ösen şäherlerde gündelik durmuşyň tizligine, täzeliklerine öwrenişmek aňsat däl. Şeýle şertlerde saglygyňy goramak, öz bedeniň barada alada etmek, içki dünýäňi mähirli duýgular, ýatlamalar bilen baýlaşdyrmak, göwnüňi açmak has-da möhümdir. Bu ýagdaýda her bir ynsana mahsus bolan gülmegiň peýdaly taraplary örän kändir.


Bilermenler gülmegiň we özüňi şähdi açyk duýmagyň ynsan saglygyna edýän peýdaly täsirlerini derman ulanmakdan hem netijelidigini belleýärler. Meselem, adam gülende bedeniň ähli agzalary diýen ýaly işjeň ýagdaýa eýe bolýar, howa we kislorod köp mukdarda özleşdirilýär, netijede beden agzalaryna ganyň barşy gowulanýar. Şeýle täsir beýnä, ýürege we öýkenlere oňaýly täsir edýär.


Gülen wagtymyz bedende endorfinleriň mukdary köpelýär, ol biziň özümizi gowy duýmagymyza peýdalydyr. Şonuň ýaly hem gülýän adamyň bedeninde stres gormonlary hasaplanýan adernaliniň we kortizolyň öndürilişi peselýär. Tebigy derman hasaplanýan gülkiniň adamyň immun ulgamyny berkidip, ruhuňy göteriji, göwnüňi açyjy, rahatlandyryjy häsiýetleri bar. Şeýle-de, onuň beden agyrylarynda hem peýdasynyň bardygy ylmy taýdan subut edilendir.


Häzirki wagtda geotologiýa diýlip atlandyrylýan gülkiniň bedene ýetirýän täsirini öwrenýän ýörite ylym hem bar. Şeýle-de, her ýylyň maý aýynyň ilkinji ýekşenbesinde dünýä ýüzünde halkara gülki güni giňden bellenilýär. Gülkiniň aýratyn gymmatyny görkezýän ýagdaýlaryň biri-de kino äleminde bolupdyr. Ýagny, “Hoganyň gahrymanlary” atly serial iki görnüşde, birisi gülki sesleri bilen, beýlekisi bolsa gülki sesleri ulanmazdan goýberilipdir. Elbetde, gülki sesleri bilen goýberilen nusga kino äleminde uly meşhurlyga eýe bolup, köp sanly baýraklara mynasyp bolupdyr.


Geçirilen barlaglar gülkiniň şu aýratynlyklaryny ýüze çykarypdyr. Ýagny, gülki pikirlenmek başarnygyny, döredijiligi ösdürýär, ünslüligi ýokarlandyrýar, köpçülik, jemgyýetçilik aragatnaşyklaryny, bedeniň umumy ýagdaýyny gowulandyrýar, dem alyş ýollaryny açýar we kislorodyň gelşini güýçlendirýär, akyl-huşyňy sazlaýar, şeýle-de bedendäki artykmaç kaloriýalary ýakýar.


Halkymyzda “gülmek ömürden” diýilýär, goý, her bir ojakda gülki sesleri ýaňlanyp dursun!

29
80
tyllayev_allanur
25.09.2023 08:25

Internet ulgamyna haýsy-da bolsa bir tema boýunça gözleg amala aşyrmak üçin ýüz tutsak, bize hödürlenilýän saýtlaryň sanawynyň başy köplenç halatda “Wikipedia” erkin ensiklopediasynda berlen maglumatlar bilen başlaýar. Aglaba ulanyjylar bolsa gözleýän maglumatlarynyň şol saýtdadygyna göz ýetireninden soňra derrew Wikipedianyň maglumatlaryndan peýdalanyp, işini tamamlaýarlar. Biz häzirki wagtda internet ulanyjylaryň sanynyň yzygiderli artýandygyny göz öňünde tutup, Wikipedia barada bilinäýmeli zerur maglumatlary ýaşlara ýetirmegi makul bildik.


1.      “Wikipedia” internet ulgamyndaky iň uly maglumat çeşmesidir. Ol “wiki” (gawaý dilinde çalt diýmekligi aňladýar) we “pedia” (ensiklopedia sözüniň gysgaldylan görnüşi) sözlerinden emele gelip, hiç hili mahabatsyz, girdeji gazanmak maksady bolmaýan erkin ensiklopediadyr. Wikipedia 2001-nji ýylda Larry Sanger tarapyndan işlenilip düzüldi.


2.      Häzirki wagtda Wikipediada jemi 14 milliondan gowrak makala ýerleşdirilendir. Olaryň 3,1 million sanysy iňlis dilindedir.


3.      Wikipedia jemi 260 dilde ýazylan makalalary özünde jemleýär.


4.      Wikipediadaky maglumatlary täzelemek we olaryň üstüni ýetirmek işini dünýä boýunça 75000 sany ýazyjy alyp barýar.


5.      Wikipedianyň erkin ensiklopediadygy nazarda tutulyp, oňa islän adam hiç hili hasaba durmazdan maglumat girizip bilýär. Şonuň üçin hem dünýäde Wikipediada berilýän maglumatlaryň ygtybarlylygy barada dürli jedeller ýüze çykýar. Maglumatlaryň ygrybarlylygyny barlamak üçin Wikipedia ensiklopediasynyň aşagynde berlen çeşmeler bölümine ýüz tutulmalydyr. Eger-de, haýsydyr bir kompaniýa ýa-da gurama bilen baglanyşykly gözleg amala aşyrylýan bolsa, onda maglumatlary şol guramanyň ýa-da kompaniýanyň resmi saýtyndan almaklyk maslahat berilýär.


6.      Wikipedia saýty Wikimedia kompaniýasynyň önümi bolup, ilki başda ol telekeçilik maksatly işläp başlan hem bolsa, soňy bilen saýtyň salgysynyň yzyndaky “com” degişlilik belgisi “org” bilen çalşyrylýar. Bu bolsa Wikipedianyň söwda maksatly däldiginden habar berýär.


7.      Wikipedia girizilýän maglumatlar 1500 sany administrator tarapyndan gözegçilikde saklanylýar. Girizilen maglumatlar gözegçilikden geçirilip, soňra saýtda ýerleşdirilýär. Mysal üçin, teleýaýlymlarda görkezilýän gepleşikleriň tertibi bilen baglanyşykly maglumat girizilen bolsa, şolaryň içinden iň ygtybarlysyny saýlap, saýta ýerleşdirýärler.


8.      Wikipedia her ýyl ortaça 690 million sany gözlege jogap berýär.


9.      Wikipedia guramasynyň agzalarynyň käbiri her ýylyň 15-nji ýanwaryny “Wikipedia güni” hökmünde belläp geçýär. Çünki 15-nji ýanwar Wikipedianyň döredilen günüdir.


10.  Wikipedia bitaraplyk syýasatyna esaslanýar. Bu ensiklopediada aýratyn hem jedelli temalar boýunça berilýän maglumatlar iki tarapyň hem öňe sürýän pikirlerini deň derejede okyjylara ýetirýär. Wikipedia ýeke täk bir ýurduň, ýeke täk bir milletiň, ýa-da aýratyn bir toparyň, synpyň ensiklopediasy däl-de, ol tutuş dünýä halklarynyň ýüz tutýan maglumat çeşmesidir.


Çeşme:

www.turkmenportal.com

22
93
tyllayev_allanur
24.09.2023 12:02

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň baý we gyzykly medeniýeti bar. Bu barada belli subutnamalar bar. Emma az adam bilýän zatlar bar. \"Bütin dünýäde\" neşiri Amerikanyň Birleşen Ştatlary barada az bilinýän, ýöne gaty gyzykly maglumatlary ýygnady.


1. 1950-nji ýylda ABŞ-nyň baýdagynyň häzirki görnüşinde (ýyldyzlar bilen) dizaýny 17 ýaşly okuwçy tarapyndan döredildi. Bu Robert Hefiň öý işi, ýogsa-da 4-e eýe boldy.


2. 1956-njy ýylda ABŞ-nyň resmi şygary bolan Hudaýa bil baglaýarys. Graždanlyk urşy döwründe dörän we häzirki wagtda Amerikanyň ähli banknotlarynda ulanylýar.


3. Azatlyk heýkeliniň täjindäki ýedi şöhle ýedi yklymy görkezýär. Olaryň hersiniň uzynlygy 2,75 m, agramy 68,5 kg.


4. Jübiňizde 10 dollar bar bolsa we karzyňyz ýok bolsa, siz Amerikalylaryň 25% -inden baý. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşary karzy 21 trillion dollardan geçýär we yzygiderli ösýär.


5. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda çagalaryň takmynan 40 göterimi nikasyz dogulýar. Bu, ilkinji nobatda, Amerikada gatnaşyklaryny kanunlaşdyrýanlara garanyňda pasportlarynda möhürsiz ýaşaýan jübütleriň köpdügi bilen düşündirilýär. Gyzykly tarapy, her 8-nji jübüt internetde duşuşýardy.


6. Statistikalara görä Amerikalylaryň 74% -iniň Hudaýa ynanýandyklaryna garamazdan, 42% -i arwahlaryň, 26% jadygöýleriň we 24% -iniň reenkarnasiýa ynanýandygyna ynanýarlar. Şol bir wagtyň özünde, dünýäde çap edilenleriň 30% töweregi bolan ylmy makalalaryň sanynda ABŞ öňde barýar.


7. ABŞ-da dört burçdan özboluşly ýadygärlik bar (Dört burç ýadygärligi). Bu ýadygärlik dört Amerikanyň bir wagtyň özünde kesişýän ýeke-täk ýeri: Arizona, Nýu-Meksiko, ahuta we Kolorado. Beton platforma görnüşindäki ilkinji marker 1912-nji ýylda, soň bolsa 1931-nji ýylda bürünç disk, 1992-nji ýylda bolsa häzirki zaman görnüşinde dört burçly ýadygärlik oturdyldy.


8. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda resmi döwlet dili ýok. Amerikalylaryň 80 göterimi tarapyndan gürlenýän iňlis diliniň statusyny kanunlaşdyrmak baradaky teklipler birnäçe gezek edildi. Emma beýle karar hiç wagt federal derejede kabul edilmedi.


9. 1776-njy ýyldan 1967-nji ýyla çenli ABŞ-da milletara nikalaşmak gadagan edildi.


10. ABŞ-da gaty üýtgeşik kanunlar bar. Mysal üçin, ýekşenbe güni Ogaýoda mekgejöwen satyn alyp bilmersiňiz, Luiziana ştatynyň Täze Orlean şäherindäki ot gidrantyna alligatorlary baglap bilmersiňiz, Nýu-Ýorkda jübiňizde doňdurma göterip bilmersiňiz we jerime tölärsiňiz.


11. ABŞ harby güýçlerine Hytaýda öndürilen ABŞ baýdaklaryny ulanmak gadagandyr.


12. ABŞ-nyň 7 ştatynda - Arkanzas, Meriländ, Missisipi, Demirgazyk Karolina, Günorta Karolina, Tennessi we Tehas - ateistler döwlet wezipesini alyp bilmeýärler. Ýerli konstitusiýalar tarapyndan gadagan edilýär.


13. Jarnamanyň 90% -inde kokainiň yzlary bar. Olaryň käbiri kokain dem almak üçin, käbiri neşe söwdasy wagtynda ulanyldy.


14. Amerikada atlary we familiýalary birmeňzeş 4 adam bar. Köplenç Tomas Tomas.


15. Ronald Reagan aýaly bilen aýrylyşandan soň saýlanan ýeke-täk Amerikanyň prezidenti boldy. Şol bir wagtyň özünde ABŞ-da her sagat 100 töweregi är-aýal aýrylyşýarlar. Donald Trump hem birnäçe gezek aýrylyşdy, ýöne 2016-njy ýylda saýlananda Melaniýa bilen durmuş gurmagy eýýäm güýçlidigini subut etdi.


Çeşme:

www.forumdaily.com

22
114