tm_girl
14.11.2023 19:39
DURIAN-TÄSIN MIWE.

📌Durian — malwalar maşgalasyna degişli bolup, onuň 30-a golaý görnüşi bar. Bu ösümlige günorta-gündogar Aziýadaky ýagyşly, tropiki tokaýlarda duş gelmek bolýar. Ol daşky görnüşi uly, gowşak şahalanýan, mydama ýaşyl öwüsýän, uly kökli, ýönekeý ýaprakly agaç. Gülleri ak ýa-da gyzyl reňkde bolýar. Iri şahalarda ýerleşýän gülleri gije açylýar. Durianyň miwesiniň gabygy gaty we iri, berk tikenler bilen örtülen. Ýerli halklar tarapyndan bu ösümlige «Daşy möjek, içi jäjek» diýilýär.

📌Durianyň miwesiniň diňe bir goranmak üçin tikenleri bolman, eýsem, ýiti, ýakymsyz ysy hem bolýar. Daşky keşbi we ysy boýunça durianyň miwesi halanmaýar. Emma etlek miwesi tagamy boýunça Aziýadaky miweleriň arasynda öňdäki orunda durýar. Şonuň üçin hem bu ösümlige «Aziýadaky miweleriň şasy» hem diýilýär. Onuň miwesi iýlende, hozuň, peýniriň, bananyň, mangonyň, ananasyň, hurmanyň, ýertudanasynyň, buz gaýmagyň, papaýanyň (gawun agajynyň miwesiniň) tagamlaryny berýär. Mundan başga-da, onuň miwesi awokadonyň miwesi ýaly ýumşak we ýagly bolýar.

📌Durianyň miwesiniň gabygy aýrylmadyk ýagdaýynda, ondan ýumurtganyň, soganyň, zaýalanan balygyň ysy gelýär. Durianyň miwesini myhmanhanalara, dükanlara we uçarlaryň ýa-da awtobuslaryň kömegi bilen beýleki ýerlere alyp gidip bolmaýar. Sebäbi onuň ýakymsyz ysy birnäçe günläp aýrylmaýar. Şonuň üçin diňe guradylan we gaplanan görnüşlerde eksport edilýär. Durianyň ösýän çäkleri ýörite gözegçiler tarapyndan goralyp saklanýar. Ösümligiň miwesinden mürepbe, kemput taýýarlanylýar. Onuň tohumyndan nahara atylýan jazlar, etlek miwesinden ýakymly ysly diş ýuwulýan serişdeler taýýarlanylýar. Durianyň miwesiniň düzüminde kalsiý, magniý, sink, A, B, C witaminler bar. Ýerli halklar durianyň miwesini ýagda gowrup, durian çipsilerini hem taýýarlaýarlar.
23
46
tm_girl
06.11.2023 18:45

TÜRKMENISTANYÑ IÑ BEÝIK NOKADY-AÝRYBABA.


📌Ýurdumyzyň gündogarynda, Lebap welaýatynda, Köýtendag dag toplumynyň arasynda Türkmenistanyň iň beýik nokady bolan Aýrybaba dag depesi ýerleşýär. Onuň deňiz derejesinden beýikligi 3139 metre barabardyr.


📌Köýtendagyň tebigy keşbi özboluşlydyr. Ol «kuhi» diýen pars we «teň» diýen türk sözlerinden gelip çykyp, «geçmesi kyn dag» diýen manyny aňladýar. Bu daglyk ýerler köpsanly jülgelerdir dereler bilen dilkawlanandyr. Olaryň iň uzyny Hojaçilgezbabadyr. Onuň uzynlygy 28 kilometre barabardyr. Dereleriň has owadany 600 metr peslikde ýerleşen Daraýderedir.


📌Belli bolşy ýaly, Gimalaý daglarynda we beýleki beýik daglyklaryň köpüsinde dagyň çür depesi keramatly ýer hasaplanýar, Hindistandaky Kaýlas daglary muňa aýdyň mysal bolup biler. Edil şonuň ýaly, Aýrybaba hem keramatly ýer hasaplanyp, ýerli ilat tarapyndan aýratyn sarpalanýar.


📌Dagyň deňiz derejesinden 2800 metr belentliginde toprak we ösümlik örtügi örän az, ol diňe ýura döwrüniň hek daşlaryndan ybarat bolup, olar daşky tebigy täsirleriň, ýagny ygalyň, doňakçylygyň, ýeliň, Gün şöhlesiniň täsiri astynda bozulyp, dargaýar. Şeýlelikde, köpgyraňly ownuk daşlar gaýalardan bölünip aýrylýar, olaryň gyraňlary bolsa edil pyçak ýaly ýiti bolýar. Şeýle daşlar bilen örtülen eňňitden ýokary galmak has kyn. Hatda zyýarata bir gezek gidilip gelnende, aýakgabyň doly ýyrtylyp, tozýan wagty az däl.

27
152
tm_girl
04.11.2023 08:41

GAN TOPARLARYNA GÖRÄ ADAMYÑ PSIHOLOGIKI AÝRATYNLYKLARY.


📌Ynsan ganynyň haýsy topara degişlidigi esasynda adamyň häsiýetiniň köp aýratynlyklaryny öwrenmek bolýar. Ýapon alymy P.Nomi tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijeleriniň subut edişi ýaly, ganyň topary adamyň häsiýetini we hususy aýratynlyklaryny köp derejede kesgitleýär.


📌I topar ganly adamlar köplenç öňbaşçy bolmaklyga dalaş edýärler, olar öz öňünde goýan maksatlaryna ýetmek üçin jan çekmegi başarýarlar, öňe tarap hereket etmek üçin ugur saýlap bilýärler. Bu adamlaryň gowşak tarapy olaryň gabanjaňlygynda we biynjalyk hereketjeňligindedir, şeýle hem özlerine aşa göwünleri ýetip, duýgularyny gereginden artyk ýüze çykarýanlygyndadyr.


📌II topar ganly adamlar ylalaşykly, asuda we tertipli durmuşy saýlap alýarlar, beýleki adamlar bilen sylanyşykly işlemekligi başarýarlar, köplenç öňbaşçy bolmaklyga çalyşýarlar, olar örän duýgur, çydamly, geçirimli we açyk göwünlidirler. Olaryň gowşak taraplaryndan gönümelligi, hötjetligi we dartgynly ýagdaýdan soň haýal köşeşýänligi bellemäge mynasypdyr.


📌III topar ganly adamlaryň aglabasy pikiri we hereketi boýunça öz şahsy bähbidini jemgyýetiň bähbidinden ýokary tutýan, özdiýenli, diňe özi üçin ýaramly zatlary edýän, üýtgäp durýan çeýe häsiýetli, howaýylyga ymtylýan adamlar bolýar. Emma özbaşdaklyga höwesi kähalatlar hetdenaşa bolup, olary duzaga düşürip biler.


📌IV topar ganly adamlar ümsüm, adamlaryň göwünlerini tapmagy başarýan, sypaýy we adalatly häsiýete eýedirler. Wagtal-wagtal olar örän gyzma bolýarlar, mundan başga-da çözgüt kabul etmek belli bir karara gelmekde ýaýdanjaňlyk edip, köplenç kynçylyga uçraýarlar.


📌Adamyň we zähmetiň biri-birine mynasybetligini öwrenmek, olaryň ornuna we ähmiýetine baha bermek üçin esasan, iki sany çemeleşme ulanylýar. Birinji çemeleşmede kesgitli işi ýerine ýetirmeklik üçin adam saýlanyp-seçilip alynýar; munuň özi dolandyryşyň ýewropa usulyna mahsusdyr. Ikinji çemeleşme adam üçin onuň mümkinçiligine we islegine görä işiň saýlanyp-seçilip alynmagyny göz öňünde tutýar; munuň özi dolandyryşyň ýapon usuly üçin häsiýetlidir.


📌Her bir adam üstünlik gazanmaga tarap öz mümkinçiligine görä hereket edýär. Üstünlik – irginsiz köp yhlas siňdirilip ýetilen maksatdyr. Üstünlik gazanmagy başarýanlara gulluk basgançaklary boýunça täze wezipeleri ynanyp, olara goşmaça hukuklary we ygtyýarlyklary bermek özüni ödeýän we wagtyň synagyndan geçen maksadalaýyklykdyr.

33
317
tm_girl
03.11.2023 11:57

"ASTANABABA" GALASY.


📌Ençeme asyrlaryň syrlaryny özünde jemläp oturan köpsanly taryhy ýadygärlikleriň biri Astanababa mawzoleýidir. XII — XVII asyrlara degişli bolan bu gadymy binalar toplumyny ýerli ilat Astanababa mawzoleýi diýip atlandyrsa, käte bu dört gümmezli mawzoleýi iki dogan Zeýdaly we Zuweýdalynyň atlary bilen baglanyşdyrýarlar. Olaryň aýallarynyň hatyrasyna Gyzlarbibi mawzoleýi diýlip atlandyrylandygy hem ýatlanylýar


📌Orta asyra degişli bolan bu binagärlik toplumy Kerki şäheriniň merkezinden 10 kilometr günbatarda Astanababa obasynyň çäginde ýerleşýär. Astanababa obasyndaky taryhy ýadygärlikler ençeme syýahatçylaryň, alymlaryň ünsüni özüne çekipdir.


📌Astanababa orta asyr binagärlik toplumy arhitektura ýadygärligi bolup, onuň ilkinji binýady XII asyrda goýlupdyr. Orta asyr binagärlik toplumynyň dürli döwürlerde gurlup, häzirki görnüşe gelendigi 1948-nji ýylda professor G.A.Pugaçenkowa tarapyndan anyklanypdyr. Onuň iň gadymy ymaraty metjidiň jaýydyr. Metjit bolsa XII asyrda, ýagny, Seljuklar soltanlygynyň döwründe bina edilipdir. Diwanhana hem metjit bilen bir wagtda gurlupdyr.


📌Bu binagärlik toplum gadymy Zemmiň Maýmarg obasynda bina edilip, ol açyk dälizden, howludan, portaldan, ýapyk dälizden, dört sütünli dokuz gümmezli zaldan, metjitden, Zeýd Alynyň we Zubeýd Alynyň guburhanasyndan, diwanhanadan, üsti ýapyk geçelgeden we Gyzlarbibi aramgähinden ybaratdyr. Gyzlarbibi aramgähi ansamblyň has giçki bölegidir. Ol dürli ölçegdäki, ähtimal, ikinji gezek peýdalanylan kerpiçlerden bina edilipdir.

23
56
tm_girl
02.11.2023 18:46

"PULHATYN" KÖPRÜSI.


📌"Pulhatyn» köprüsi Sarahs etrabynyň günortasynda, Tejen derýasynyň daglykdan çykyp, düzlüge ýaýylyp ugraýan ýerinde gurlupdyr. Bu köpri, döwri boýunça biziň eýýamymyzyň öňki IV — biziň eýýamymyzyň XV asyrlary bilen senelenýär. Hywa taryhçysy Agehi «Pulhatyn» köprüsi barada: «Pulhatyn bu berk köpri bolup, daşy suwalan kerpiçlerden salnandyr, ol Tejen derýasynyň üstünde gurlan» diýip belläp geçýär.


📌Pulhatyn köprüsi orta asyrlarda Merw – Nişapur Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda Türkmenistandan Eýrana geçilýän ýeke-täk geçelge hökmünde kerwenlere hyzmat edipdir.


📌1889–njy ýylda rus patyşalygy zamanasynda köprüde düýpli rejeleýiş işleri geçirilip, köprüniň 5 – sany uly gözleri suw akar ýaly goýlup, onuň ähli ýeri ýonulan daş bilen örtülipdir. „Pulhatyn“ sözüniň ýene-de bir düşündirilişi bar. Belli dilçi S. Atanyýazow ony „Daş köpri“ diýip düşündirýär. Bu bolsa pars dilinden terjime edilende „Pul“ köpri, „gatyn“ sözi bolsa daşdan diýmegi aňladýar.


📌Häzirki wagtda bu ajaýyp köpriniň uzynlygy 60 metr, ini 3 metr, beýikligi 10 metr. Köpri derýanyň iň çalt akýan ýerinde bina edilipdir. 1976–njy ýylda Tejen derýasynyň iň bir joşan wagtynda bu köpri sekuntda 1600 kubmetr suwy geçirmäge ukyplydygyny görkezdi.

24
100
tm_girl
01.11.2023 17:21

GULAGY NÄÇE ÝAŞDA DEŞMELI?


📌Halkymyzda irki döwürlerden bäri gyzjagazlar üç-bäş ýaşyndaka, käbir ýerlerde bolsa çaga bir ýaşynyň içindekä gulak deşdirmek däbi berjaý edilipdir. Bu dabaraly däp, esasan-da, bahar gelip, ilkinji garlawaçlar görnüp başlanda tutulypdyr. Gulak deşmek işi eli ezber enelere ynanylypdyr. Halk arasynda olara «Sümen» ýa-da «Sümen daýza» diýlipdir. Sümen daýza täzeje iňňä işilen saryja sapak geçirip, ony şerebä ýatyryp zyýansyzlandyransoň, gyzjagazyň gulagyny şol iňňe bilen deşipdir. Sapajyk çaganyň gulagynda ýarasy bitýänçä saklanyp, soňundan onuň ýerine altyn ýa-da kümüş gulakhalka dakylypdyr.


📌Gulagy näçe ýaşda deşmelidigi barada lukmanlarda belli bir görkezme ýok. Mysal üçin aýdanymyzda, Kubada gyzjagazyň gulagyny çaga dünýä inenden soñ ýa-da ilkinji bir aýyň dowamynda deşýärler. Bu meselä dürli ýurtlarda dürli çemeleşilýändigini ýa-da her kimiň özüçe çemeleşýändigini bellemek mümkin.


📌Eger-de gyzjagaz ýiti ýokanç keseli bilen näsaglan, immun taýdan gowşak bolsa, onuň gulagyny deşmegi soňa goýmaly. Gan, deri, psihiki kesellere ýolugan gyzlaryň gulagyny deşmeklik lukmanlaryň ýörite barlagynyň netijesi esasynda ýerine ýetirilmeli.

33
242
tm_girl
31.10.2023 13:58

DÜNÝÄNIÑ IÑ AJAÝYP YBADATHANA ŞÄHERI:"BAALBEK".


📌Liwanyň gündogaryndaky Beka jülgesinde ýerleşýän taryhy ybadathana şäher bolan Baalbek «dünýäniň iň ajaýyp ybadathana şäheri» hökmünde tanalýar.


📌5 müň ýyllyk taryhynyň dowamynda köp sanly siwilizasiýany başdan geçiren, gadymy Baalbek şäheri ilki finikiýalylar, grekler soňra rimliler tarapyndan mukaddes ýer hökmünde kabul edildi. Gündogardan Günbatara söwda ýolunyň möhüm merkezi bolan Baalbek, Rimden soň gadymyýetiň iň möhüm dini merkezi hasaplanýar.


📌Baalbek taryhda dürli döwürlerde – Wizantiýalylaryň, Seljuklaryň, Eýýubileriň, Mongollaryň, Memluklaryň we Osmanlylaryň hökümdarlygynyň golastyndaky esasy şäherleriň biri bolupdyr. Bu bolsa şäherde siwilizasiýanyň has-da ösmegine goşant goşupdyr.


📌Dünýäniň iň uly, gadymy we iň syrly ybadathana şäheri hökmünde tanalýan Baalbek Liwanyň paýtagty Beýrutdan 86 km gündogarda ýerleşýär. Bu ýerdäki daşdan gurlan beýik täsin we owadan sütünler görenleri haýran galdyrýar.


📌Bu ýerde ilkinji bolup fransuz arheologlary gazuw-agtaryş işlerini geçiripdir. Baalbek – 1984-nji ýylda «ÝUNESKO» tarapyndan gorag astyna alyndy.


📌Baalbek şäherinde ululy-kiçili onlarça ybadathana bar. Emma bularyň arasynda iň meşhury Ýupiter, Bakus we Wenera ybadathanasydyr.

26
73
tm_girl
30.10.2023 19:13

BADMINTON OÝNY BARADA🏸


🏸Badminton sportuň irki görnüşleriniň biri hasaplanýar we Gadymy Gresiýada, beýleki Ýewropa döwletlerinde, Ýaponiýada we Hindistanda meşhurlyk gazanyp ugraýar.


🏸XIV asyrda badmintonyň has-da kämilleşdirilmegine tarap saldamly ädim ädilýär, ýagny şol döwürde ýaponlar badmintonda häzirki wagta çenli peýdalanylýan raketkalary oýlap tapypdyrlar.


🏸1872-nji ýylda Beýik Britaniýada badminton oýny häzirki döwürdäki görnüşine gutarnykly şekilde eýe bolýar. 15 ýyl mundan soň, 1877-nji ýylda badminton oýuny söýüjileriň ilkinji klub gurnagy, ýene-de birnäçe ýyldan bolsa Badminton boýunça dünýäde ilkinji assosiasiýa döredilýär.


🏸1905-nji ýyly badminton oýnunyň ösüş taryhynda aýgytlaýjy sene hasaplap bolar, çünki şonda, birinjiden, bu oýnuň kadalaýyn ýörelgeleri işlenip taýýarlanýar we ykrar edilýär; ikinjiden bolsa, Beýik Britaniýanyň badminton oýny boýunça birinjiligi almak ugrundaky çempionatlary yzygiderli geçirilip ugraýar.

23
37
tm_girl
29.10.2023 12:39

SAÝAWANLARYÑ DÖREÝIŞ TARYHY.☂️


⛱️Saýawana köpsanly halklaryň dilinde «zont» diýilýär. Bu söz bolsa niderlandlaryň «zonnedoek», «zondek» diýen sözlerinden gelip çykyp, asylky manysynda «Günden goranmak» diýmegi aňladýar. Şol sebäpden hem taryhy maglumatlara görä, ilkinji saýawanlar ýagyşdan däl-de, Günden goranmak üçin ýörite döredilipdir. Soňlugy bilen bolsa saýawanlar kelläniň üstünde saklamak üçin niýetlenen hasa oturdylan demir simlerden ýasalan çarçuwanyň üstünde ýazylýan sintetik, suw geçirmeýän materialdan (neýlon, poliamid) ybarat bolupdyr. Aslynda, saýawan biziň eýýamymyzdan öňki XI asyrda hem bar eken. Şol wagtky saýawanlaryň beýikligi 1,5 metr bolup, agramy 2 kilogram töweregi bolupdyr. Biraz soňraky döwürde saýawan Hindistanda baýlygyň we güýç-kuwwatlylygyň nyşany hasaplanypdyr.


☂️Gün şöhlesinden goraýjy ilkinji saýawanlar 4 müň ýyl mundan öň gadymy Müsürde peýda bolupdyr. Ilkibaşda olary ýönekeýje edip ýasapdyrlar. Ol iki gatdan ybarat bolup, ýokarsy palma agajynyň ýapragyndan, ýagny, Günden goraýjy, aşaky gatlagy bolsa ýapraklary saklamak üçin tutawaç taýakdan durýar eken.


☔️lkinji suwa çydamly saýawanlar Hytaýda XI asyrda ýüze çykypdyr. Olar ýüpek matadan bolupdyr. Wagtyň geçmegi bilen olar Ýewropa ýurtlarynyň aglabasyna ýaýrapdyr. Şol ýyllarda gadymy Gresiýada hem-de Italiýada saýawanlar aýal-gyzlar tarapyndan bezeg hökmünde ulanylypdyr. Saýawanlaryň ýapylyp-açylmak mümkinçiligi hem bolupdyr. Käwagtlar bolsa olar Gün şöhlesinden goranmak maksady bilen at goşulgy araba ýa-da paýtuna berkidilipdir.


⛱️1969-njy ýylda bolsa Bred Filips döwrebap, häzirki görnüşine eýe bolan saýawanlary döredip, patent alýar. 1970-nji ýylda bolsa olar «Totes» haryt nyşany bilen satuwa çykaryldy. Bu hem häzire çenli adamzat jemgyýetine giňden hyzmat edip gelen häzirki zaman saýawanlaryna başlangyç bolup, bütin dünýä giňden ýaýraýar.

20
38
tm_girl
28.10.2023 14:16

TOPUÑ DÖREÝIŞ TARYHY.🏀


🏐Topuň döreýiş taryhy gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýar. Top dürli ýerlerde dürli ýasalypdyr. Mysal üçin, gadymy rimliler haýwan derisini injir miwesinden dolduryp, topuň ýeňil we oýnamak üçin amatly bolmagynyň ýoluny oýlap tapypdyrlar.


🥎Gadymy hytaýlylar bolsa, topy haýwan derisine guşuň ýelegini, haýwan ýüňlerini salyp ýasapdyrlar. Müsürliler top ýasamak üçin alan derileriniň içine guran agajyň gabygyny ýa-da gumdur çäge salmagy adat edinipdirler. Türkmen halkynyň XI asyra degişli ajaýyp edebi ýazuw ýadygärligi «Kowusnama» kitabynyň ýörite bir bölümi, ýagny fazyly «Çöwkan oýny hakynda». Çöwkan oýny atly-abraýly, barjamly adamlaryň at üstünde topy taýak bilen urup, topar bolup oýnaýan oýnunyň ady.


🏀Mälim bolşy ýaly, kitaby ýazan Keý-Kowus öz ogly Gilan şaha çöwkan oýnuny oýnamak bilen bagly atalyk pentlerini ýazypdyr. Munuň özi türkmen halkynda hem topuň gadymdan bäri meşhurdygyna şaýatlyk edýär. Toplaryň birnäçe görnüşi bar: ýagny, futbol pökgüsi, woleýbol pökgüsi, basketbol pökgüsi, tennis pökgüsi, regbi pökgüsi, golf oýnundaky topjagaz we ş.m.  Futbol pökgüsi 12 sany gara bäşburçlukdan we 20 sany ak altyburçlukdan ybarat.


⚽️Futbol – «Foot» – «aýak» we «ball» – «pökgi» sözlerinden ybarat. Basketbol pökgüsi bolsa narynç reňkde. «Basket» – «sebet» diýmek. Sebäbi bu oýny tapan bedenterbiýe mugallymy Jeýms Neýsmit erik salnan adaty sebedi alyp ýokarda goýupdyr we talyplaryna topy şol sebede salmakda bäsleşik gurapdyr. Bu oýun gysga wagtda meşhurlyk gazanypdyr.


🥎Tennis pökgüsi açyk ýaşyl reňkde bolup, onuň agramy 56,7 gram. Woleýbol sözündäki «woleý» bölegi uçup gelýän topy urmak manyny berýär. Bir ýylda üç ýüz million tennis pökgüsi öndürilýär. Örän güýçli we başarjaň  oýunçy  golf oýnunda golf pökgüsini 275 metr uzaklyga çenli urmaga ukyply.

27
76