tm_girl
04.01.2024 11:30
Aglap durkam diýdi aglama barkam
Zada zar etmerin dem alyp durkam
Hatda gam çekmegin dünýede ýokkam
Şeýle mähribandy kakam sözleri:(
30
86
tm_girl
30.12.2023 21:34
Salam öwrenmeli programmasynyñ mähriban agzalary sizi ýetip gelýän 2024-nji ýylyñyz bilen tüýs ýüregimden gutlaýan gutlamak bilen size berk jan saglyk maşgala abadançylygy durmuşda, işde, okuwda uly üstünlik arzuw edýän täze ýylda ähli arzuwlaryñyz hasyl bolsun!!!❄️☃️🎄🎉🎁
26
206
tm_girl
20.12.2023 15:38
Meniñ ýaşlygymyñ iñ agyr ýarasy...
Aglanymda iñ köp küýseýänim...
Gülenimde käşkä bolsady diýip ýatlaýanym...
Gynanamda entek gaty irdi diýip ökünýänim...
Çagalygymy ýatlanymda iñ köp göresim gelýän zadym...
Gözümden akan ýaşyñ, içimdäki ýangynyñ, ýarym galan ýylgyrşymyñ sebäbi...
SENSIÑ KAKAM...
Sen KAKA gymmaty ölçelmeýän bir minut görmäne baha kesilmeýän ýeke täk kişisiñ KAKAM.
34
219
tm_girl
18.12.2023 14:47
Kakañy ýaşlykda ýitirseñ eger
Arkañdaky dagyñ gider ömrüñden
Durmuş öz wagtyñdan ulaldar seni
Tüýs juwanlyk çagyñ gider ömrüñden

Perzendini ezizlese özgeler
Seniñ gözüñ arman bilen nemlidir
Iñ bir şat güniñem saña buýsanyp
Arka kakjak pederiñden kemlidir

Dünýäniñ agramy ejeñe düşer
Bogazyña dolup durar göz ýaşy
Aýlanyp öwrülip dul bendä deger
Il günüñem atan artykmaç daşy

Keýp sapañ deregne minnet çekersiñ
Durmuş her pursatda göwnüñe deger
Ýoly özgelerden idäp taparsyñ
Kakañy ýaşlykda ýitirseñ eger.
33
66
tm_girl
16.12.2023 18:56
SILINDR GÖRNÜŞINDÄKI AKWARIUM.

🔴Silindr görnüşindäki bu akwarium Germaniýanyň paýtagty Berlin şäherindäki bäş ýyldyzly myhmanhanalaryň birinde ýerleşýär. Ol dünýäde silindr görnüşindäki iň uly akwariumdyr. Beýikligi 25 metr, diametri 11 metr bolan akwarium bir million litr deňiz suwy bilen doldurylandyr. Onda derýalardan, ummanlardan we köllerden getirilen balyklaryň 2600-den gowragy we beýleki deňiz jandarlarynyň, suwotularyň ençemesi bar.

🟢Akwariumyň gurluşy barada aýdylanda, ol ýörite akril aýnasyndan edilendir. Bu material ýokary basyşa çydamly bolup, öz-özünden ýagtylyk bermäge ukyplydyr. Akwarium aýna liftiň daşyna edilendir. Şonuň üçinem bu ýere gelýänler balyklaryň täsin hereketlerini, deňiz dünýäsiniň ajaýyplyklaryny synlamaga mümkinçilik alýarlar.

🟠Ýeri gelende belläp geçsek, suwa çümüjiler balyklary iýmitlendirmek üçin akwariumyň has çuňluklaryna aralaşmaly bolýarlar.
31
83
tm_girl
13.12.2023 20:31
Salam Öwrenmeli programmasynyñ agzalary ýene sanlyja günlerden 2023-nji ýylam tamamlanýar. Geliñ şu gün şu ýylda bolan iñ begenen we gynanan wakalarymyzy ýatlap geçeliñ:)

(posty içim gysyp güýmenje üçin açdym:)
32
342
tm_girl
08.12.2023 23:06
KÖPÇÜLIKDE NÄHILI ÇYKYŞ ETMELI?

Çykyşa taýýarlyk. Ilki bilen çykyş taýýarlamak üçin onuň temasyny dogry saýlamak zerurdyr. Elbetde, çykyş edýän adam özüniň içgin bilýän temasyndan çykyş etse has ýerlikli bolar. Çykyş etjek temaňy taýýarlamazdan öň onuň meýilnamasyny düzmeli, düzülen meýilnamalara jogap tapmaly we temanyň esasy bölegini ýazmaly. Hökmany suratda saýlan temaňa görä näme beýan etjek bolýandygyňy çözmeli. Mysal üçin, şol temanyň içinde bir zady suratlandyrmalymy, bir zady anyk açyp görkezmelimi ýa-da täze maglumatlary beýan etmelimi?! Temany saýlap, ony taýýarlap bolanyňdan soň, ony halk köpçüligine ýetirmegi, has takygy, jemagata mynasyp baha bermegi başarmaly.

Işiň tapgyrlary:

Temany ýa-da aýdyň beýan edilen durmuş mysallaryny, taryhy wakalary, çeper edebiýatlary saýlap almaly.

Meseläni, ýagdaýy seljermeli.

Meselede öz garaýyşlaryň bolmaly.

Temanyň logiki taýdan yzygiderliligini kesgitlemeli.

Netijäni delillendirmeli.

Çykyşyň äheňiniň hem-de diliň üstünde işlemeli.

Çykyşa öňünden taýýarlanmaly.

Çykyşyň düzümi:

Giriş – çykyşyň 10-15% tutýar.

Esasy bölek – 60-65% tutýar.

Jemleýji söz – 20-30% tutýar.

Giriş – bu esasy zerur bölek bolmak bilen, onda, esasan hem, tekstiň atlandyrylyşy, taýýarlan çykyşyň gysgajyk beýany we öňde goýlan maksady bellenip geçilýär.

Esasy bölek -bu tekstiň esasy pikiriniň hemmetaraplaýyn açylyp görkezilýän bölegi bolup durýar. Munda, esasan, dürli nukdaýnazardan garamaklyk talap edilýär. Çykyşyň beýany aýdyň we takyk görnüşde açylyp görkezilmeli. Köp delillere we gerekli bolan mysallara esaslanyp çykyş etmek täsirli bolýar. Eger-de çykyş köp sanlara esaslanýan deliller bilen berlen bolsa, onda olary jedwele ýerleşdirip beýan etmek has amatly hasaplanýar. Şeýle-de çäklendirilen wagtda köp delilleri beýan etmäge çalyşman, belli bir delili doly açyp görkezmäge çalyşmaly.

Jemleýji söz – bu çykyşyň netijesini delillendirmek bilen tamamlanýar. Bu bölekde girişiň hem-de esasy bölegiň ähli taraplary açylyp, gysgaça beýan edilýär.
26
139
tm_girl
04.12.2023 20:12
ÇAÝ IÇMEK BILEN BAGLY GADAGANLYKLAR.


Çaý ajöze içilende, aşgazana we öthalta zelel ýetirip bilýär.

Aşa gyzgyn çaý bogazy, gyzylödegi, aşgazany güýçli gyjyndyrýar. Onuň gyzgynlygy 62 gradusdan geçse, dürli aşgazan kesellerini döretmegi mümkin.

Sowuk çaý ötüşen dertleri gozgaýar, gakylyk toplanmagyna getirýär.

Hetdenaşa ajy çaýyň düzüminde kofein we tanin köp bolýar. Ol kellagyrynyň döremegine we ukusyzlyga sebäp bolup biler.

Çaý demlenenden soň uzak wagtlap saklanylsa, onuň ýokumlylygy peselýär, şol sanda C we P witaminleri ýitýär.

Çaý birnäçe gezek şemmesine demlenende, onuň düzümindäki peýdaly maddalar azalýar. Birinji demlenende, olaryň 50 göterimi bar bolsa, ikinjide — 30, üçünjide — 10 göterimi galýar. Şondan soňkulary özünde diňe ýaramaz galyndylary jemleýär we olar adam saglygyna zeper ýetirýär.

Çaýy nahar iýlen dessine içmek zyýanlydyr. Ol aşgazan şiresiniň düzümine täsir edýär we iýmit siňdiriş ulgamynyň işini kynlaşdyrýar.

Dermanlary çaý bilen içmegem maslahat berlenok. Onuň düzümindäki serişdeler tanin emele getirýär we çökündi döredýär.

Köp duran çaýy içmezlik gowusydyr. Ol dürli bakteriýalar üçin halanýan iýmitdir. Emma bir gije-gündiz saklanylan çaýy käbir halatlarda çalynýan dermanlyk serişde hökmünde ulanyp bolar. Dişleriň sowuklamasynda, olaryň düýbi gananda, agyz boşlugynda ýara emele gelende, göz çylpyklanda çaý bilen ýuwulsa, nepi gowy. Sowan çaý iriňli ýaralaryň çalt bitmegine hem kömek edýär.
29
409
tm_girl
03.12.2023 11:17
Kakasyz ýaşamak
Kakasyz gülmek
Çökerýän ekeni egni, gerdeni
Özüm galdym ýaralansam ýykylsam
Kakasyzlar biler meniñ derdimi
Gujaklap bilmedim ogşap bilmedim
Şeýle ýazylypdyr mañlaýym alnym
Mundan uly derdi bolmaz adamyñ
Ejemiñ ýanynda kakasyz galdym...
20
36
tm_girl
30.11.2023 15:10

SENSIZ ÝALÑYZ GALDYM DÜNÝÄDE KAKAM.😔


Günbe-günden saña artýar has zarym

Ýeke ýalñyz galdym dünýäde kakam

Darykýar,

Haraba öwrülen kalbym,

Sensiz ýalñyz galdym dünýäde kakam.


Arzuwlarym arzuw edip ýörerdi

Arkamda dag bolup durañda kakam

Señ barlygyñ meñ umydym ahyryn...

Sensiz ýalñyz galdym dünýäde kakam.


Ysyñy duýýaryn, dünýäñ ýüzünden

Emma....

Ýok....

Hiç ynsanda duýamok.

Nebsiagyryjy ejem sypap ýüzümden

Sessiz, gizlin....

Sensiz aglaýar kakam.


"Kakasyz diýdirmen söz berýän gyzym"

Diýip başym sypap ogşanda käbäm

Ýene diýer "Gama batma jan gyzym"

Şonda-da nädeýin gaty kyn kakam.


Süýji syrlaşmana sözlerñe zar men

Arkamy gyzdyrjak mähriñe zar men

Jan Kyblam ýalñyzlykdan bizar men

Sensiz ýalñyz galdym dünýäde kakam.


Aglamda ýaşymy syranym sendiñ

Ejizkäm ýanymda duranym sendiñ

Ýagşyny dogryny öwreden sendiñ

Sensiz ýalñyz galdym dünýäde kakam.


Üstünligi gazanaryn sen bolup

Halal zähmet çekerin men sen bolup

Sen bolup ýaşaryn diñe sen bolup

Ýalñyzlykdan ýalñyz men sensiz kakam!

26
72