timm
05.05.2024 00:49
Elwan reñke boýap gussañ tuguny.
Bu gün ýene düşdüñ meniñ ýadyma,
Natuwanym,
sowuk ülkäñ suguny.

Şeýle boldy.
Aýraladyk ýolumyz,
Gözyaş dökmän, bir-birege söz bermän.
Indi bilýän, dolanmarsyñ asyl-ha,
Ikatýoga meñzemeseň özgermän.

Men seni ugradyp, bir zady bildim,
Ömrüñ, söýgi bilen dirilikdigin.
Ykbal maña ýalñyzlygy buýrupdyr,
A men hesret bilen birigipdirin.

Az salymdan göge galar doly Aý,
Şa gyzy deý, jygasy zer börükli.
Kimdir biri añtap, ýalñyz çagymy,
Köñül köşgün çarşaklapdyr, dörüpdir.

Salamat bol, egsilmesin mertebäñ,
Ýoluñ uzak, typançakdyr, doñakdyr.
Ahmal, söýgi şowsuz bolsa has beter,
Ezýetlidir, ýatlamaga oñatdyr.

Şoň üçindir düşdüň ýene ýadyma,
Natuwanym,
sowuk ülkäñ suguny.
Toşap ýaly goýalanda al şapak,
Elwan reñke, boýap gussañ tuguny.

#Çary Yegenmyradow
26
55
timm
02.05.2024 21:40
Añlatýan manylary boýunça emojiler
23
101
timm
25.04.2024 21:45
Ölüm durmuşda görgi baryny görüp, mätäçlikde ýaşaýanlary kynçylykdan, ezýetden gutarýar. Ölüm mätäçleriň zähmetinden peýdalanyp, eşretde ýaşaýanlary bolsa lezzetden gutarýar.
Ölüm bolmadyk bolsa, biadyllyk gutarman, belkem, ol has belent derejede dowam ederdi. Diýmek, tebigy ölüm ynsan üçin adalat kanuny bolup hyzmat edýär. Ölümden gaýry hiç hili çäräniň adyl deňligi gazanyp bilmeýändigini bolsa ynsanyň deňlik üçin göreşip geçiren müňlerçe ýyllyk taryhy subut edip gelýär.

1987.
25
103
timm
25.04.2024 19:06
Hiç bir millet uçdantutma ýaramaz bolmaýar. Her taraplaýyn dokuzy doly hem millet bolmaýar. Her milletde-de gowy adamam bar, ýaramazam. Men kän-kän milletleriň arasynda bolmak bilen öz synçylyk mümkinçiligimiň çäginde şeýle netijä geldim: nemesler –anyk, ýaponlar—tertipli, ýewreýler, ermeniler ýiti, daglylar—dost-ýara wepaly, özbek bilen täjik gara zähmete berlen, pribaltlar-“içimitap”, tatarlar mekir hem akylly, türkmenler—ýalta hem sadamekir, ruslar giň hem uzakçyl.

#AtajanTagan
24
100
timm
23.04.2024 11:24
Elmydama ýüregñe-de ynanma,
Ýüregiñem käte-käte aldaýar,
Soñra öz-özüni aldanyn duýup,
Ýürek giñ gursaga sygman,
aglaýar.

Durmuşdyr,
Kyn günem bolar depäñde,
Bilmersiñ sen kim dadyña ýetişer.
Ýamandyr öýdeniñ-eder ýagşylyk,
Iñ ýakyn diýeniñ-depäñi deşer.

#AtamyratAtabayew
32
93
timm
22.04.2024 15:58
Howlymyň içinde bir bölek ýere
Gül ekdim. Lowurdap açyldy bary.
Birisi gyrmyzy, birisi gara,
Birisi mämişi, birisi sary.

Şu gün gapymyzdan geldi bir myhman,
Geleni bäri hem gözleri gülde.
Şol seredip otyr gözlerin gyrpman,
Göýäki diýersiň, bir suwsuz çölde
Bütin ömürboýy zar bolup güle,
Doldurýan ýalydy şonuň öwezin.
Myhmanym seredýär «Gijegözele»,
Myhmana seredýär «Gijegözelim».

Owadan gözlerin ertirden bäri
Aýryp bilmän otyr owadan pelden.
Goşgy goşmasa-da, tüýs şahyr borly –
Bir pursat sowaýsa gözlerin gülden,
Göýä güller göçüp ötäýtjek ýaly,
Bakýardy güllere gezek-gezegne.
Bakýardy «Nerkese», gyzyl «Piona»,
Bakýar «Georgine», «Gijegözelne».

Men güle-de aşyk. Güli söýýänleň
Özüne-de aşyk. Hem güle bakýan
Hem myhmana bakýan.
Güller hakynda
Bir ajaýyp pikir
Aýdar ol hökman.

Edil diýşim ýaly. Içdi-de çaýyn,
Sözledi gül hakda ajap bir beýdi –
«Beýdip munça ýeri zaýalap nätjek...
Pomidor ekäýseň bolmaýamy!..» diýdi.

✍️ Kerim Gurbannepesow
29
73
timm
20.04.2024 19:37
15+ Must Watch Movies for Programmers🧑‍💻🤖

1. The Matrix
2. The Social Network
3. Source Code
4. The Imitation Game
5. Silicon Valley
6. Mr. Robot
7. Jobs
8. The Founder
9. The Social Dilemma
10. The Great Hack
11. Halt and Catch Fire
12. Wargames
13. Hackers
14. Snowden
15. Who Am I

Happy Coding ♥️
22
61
timm
16.04.2024 17:07
Kän gaýtalanyberse, owadan sözler hem öz gözelligini ýitirýär eken.

#Atajan Tagan
32
53
timm
29.03.2024 04:40
Esassyz tankydyň şahsýeti taryhdan çykaryp bilmeýşi ýaly, esassyz öwgi hem şahsyýeti taryha salyp bilmeýär.

#Atajan Tagan
27
48
timm
27.03.2024 23:08
Tankydyň ýeke gramyny götermegi ýokuş görýän adam öwginiň tutuş bir tonnasyny-da ýük görmeýär.

#Atajan Tagan
53
191