timm
18.05.2024 11:39
Bahar bolup girmediñ sen kalbyma,
Gülletmediñ bu ýalañaç ykbaly.
Yok, sen maña bagt bolup gelmändiñ,
Betbagtlyk goýup gideriň ýaly.

@Nobatguly Rejepow
17
71
timm
15.05.2024 17:40
By sowal sende-de bar, mende-de. Bu sowal adam döräli bäri hem gaýtalanyp gelýär. Emma asyrlar-da oňa jogap tapyp bilmeýär.
“Dünýä indim. Haýry barmy dünýäme?
Haýry bormy, girsem ýeň-ýansyz dona?
Muny maňa aýdyp bilen bolmady,
Gelmegiň, gitmegiň manysy näme?”
(Omar Haýýam).
35
317
timm
14.05.2024 21:10
Ýöne neçün Mende kinäň bar ýaly,
Berenlerňi alýaň ýuwaş-ýuwaşdan?
Ýa-da onuň bolmalysy şeýlemi?
Eýýäm aýra düşdüm niçe deň-duşdan.
15
32
timm
13.05.2024 21:47
Adamyñ hemmesi deñ adamdyr. Tañry onuñ birini baý, onusyny garyp ýaratsa, birini bagtly, ýüzüsini gedaý döretse, onuñ adalatyna kim ynanar? Baýlyk, garyplyk, işan-mollalaryñ aýdyşy ýaly däl-de, käbir adamlaryñ betnebisliginden, hilegärliginden, aldawçylygyndan, dürli çäre bilen beýlekileriñ güýjünden peýdalanmagyndan emele gelýän zat.


Gaygysyz Atabayew Romany
B.Kerbabayew
17
146
timm
13.05.2024 14:53
“Bagt näme?”, “Bagtlylyk näme?” diýen sowaly nirä barsaňam, gabat gelen žurnalistden eşidýärsiň. Absolýut bagt bolup bilmez. Bagtyň örüsi —çäksiz. Şonuň üçinem ol sowala bir ýa-da iki söz bilen jogap bermek mümkin däl. Edil adam nebsiniň çäksiz bolşy ýaly, bagtyň hem serhedi ýok. Ölüm ýassygynda demini sanap ýatan adam durmuşda saglykdan gaýry bagt bardyr öýtmeýär. Jübüsi kör köpük pulsuz, garny aç adam sähelçe pullyny ýa-da saçagy nanly adamyny bagtly hasaplaýar. Ýaşaýyş basgançagynyň iň aşakysynda duran adam özünden bir basgançak ýokarda duranyň ornuny bagtlylyk saýýar. Meniň özüm-a “Bagtlylyk näme?” diýen sowala “Kanagatllyk hem şüküranalyk” diýip, jogap beresim gelýär. Saglykda iýjegiň, geýjegiň ortaça tapylyp dursa, şol derejäni bagtlylyk derejesi hasap edýärin. Iň esasy-da ýagdaýyňa baha keseniňde, gara nebis diýilýän zady bir tarapa süýşürip baha kesmeli.

Dürmen, Özbegistan. 1988.

#AtajanTagan
21
97
timm
12.05.2024 22:16
Adam hiç mahal betbagtlygyna öz baha kesişi ýaly derejede betbagt ýa-da öz isleýiş derejesine mynasyp bagtly bolmaýar.

F. de Laraşfuka.
20
77
timm
11.05.2024 17:19
0.5l mandarin sogy 1.5l suwdan 1.5 esse gymmat. Eger mandarin sogunyñ 1l 7.2 manat bolsa 1l suw näçe teññe bolar?
23
276
timm
11.05.2024 01:29
Köwser uzak ýaşa! Üstünlik arzuw etýän!


Sözüñ owadanlygy gysgalygynda diýilşi ýaly şujagaz sowgady az görme menden.
19
174
timm
10.05.2024 16:10
Gözelligi görmegi, kabul etmegi başaryp, oňa düşünmegi, ondan lezzet almagy başarmaýan adam fotoapparat ýalydyr. Fotoapparat görýär, kabul edýär, emma düşünmeýär.
20
37
timm
08.05.2024 14:46
Muhammet pygamberiň hadyslarynyň birinde şeýle diýilýär: “Aýdym-saz diňlemek günädir. Aýdym-saz ýaňlanýan oturylyşyga gatnaşmak agyr we uly günädir. Aýdym-sazdan lezzet almak hem ony halamak we dürs bilmek kapyrlykdyr” (“Müň hadys”, sah. 134.) Oňa garamazdan, “tüýs musulman” arap ýurtlarynda-da aýdym-saz şeýlebir ösen, şeýlebir söýülýär. Hakyky musulmanlar aýdym-sazy örän gowy görýärler.
Umuman, adamlaryň aýdym- sazsyz ýaşamaklaryny göz öňüne getirmegem kyn.
Şu meselä ýa-ha din gaty ýowuz daraşýar ýa-da hadysçylar dini ýoýýarlar.

1997

#AtajanTagan
33
666