ssulya
17.01.2024 08:43
Ýeňil gyzlaň yzy doly awçydyr,
Agras gyzlaň öýi doly sawçydyr.
Akylly gyz salamyndan bellidir,
Akmak gyzyň aýtýan sözi ellidir.
Edebi bilen belli gyzlaryň görki,
Boýag bilen gyz bolmaz, bolmasa erki.
Gözi ýerde gyzyň ýüregi ýarda,
Akyly başynda namysy arda..
Gyzyň gylyk häsiýeti ejesine çeker,
Eje sözün ýykmadyk gyz jennede göçer.
18
89
3
ssulya
16.01.2024 22:37
Her eje öz talyp perzendin gutlap,
Oňa sowgat edýär bir çemen güli.
Şeýle şowhun bilen dowam edýärdi,
"Bilimler we talyp ýaşlaryň güni"
Emma ýetim göwnüm kemsinip barha,
Daşardaky şowhun syganok içe.
Başka ejeler dek bir bogdak gül däl,
Eliň boş bolsa-da gelsediň eje...
17
67
8
ssulya
05.01.2024 10:38
Eje meni üwresene
Gurban mährem ojagyňa,
Däli dünýä sygmasamam,
Sygaryn sallançagyña...
31
137
19