smiling_
27.03.2025 12:53
Söýýän wagtyñ, söýülmeseñ,
Iç dünýäñde duýgy poslar.
Söýgi, ýöne bir bahana,
Göwün, mynasyp ýary islär.

Öwezgeldi Taganow
7
114
smiling_
24.03.2025 16:38
Mydam depesinde göterip ýörmän,
Günleñ biri bulap urýar keç pelek.
Ine, şonda paýlaşmaga derdiñi,
Jigirdeş, bagyrdaş ýürekdeş gerek..(

Saparmyrat Nyýazow
7
88
smiling_
24.03.2025 11:49
Bir ýerde duranyñ zyýandyr wagty,
Gün batan ýerinden salanok ýagty.
Geljegiñ, görjegiñ öñdekä heniz;
"Ýitiren ýeriñden gözleme bagty.!"

Şanazar Hydyrow
10
112
smiling_
22.03.2025 16:15
Ýürekde bolubersin, her hili ýagdaý,
Möhümi, ol senden ybarat dälmi.
Duşuşmak, görüşmek nesip etse bor,
Görmän söýmek hem, ybadat dälmi?!...

Öwezgeldi Taganow
6
107
smiling_
18.03.2025 20:31
Synlasañ köp kişi ýadow durmuşdan,
Göreşmekden halys, mertlik çagşaýar.
Kim dogry adama garaşyp ýadasa,
Kim ýalñyş adama çydap ýaşaýar.

Öwezgeldi Taganow
12
152
smiling_
17.03.2025 18:43
Unutduñmy?!

Garaýyşlañ, ne üçin sowuk,
Ne üçin dymýañ, ýüzüñ sowup.
Öz ýanyñdan meni kowup,
Wadalary, unutduñmy..?!

Ne sebäpden, näme bilen,
Baýlykmy ýa aklyñ alan.
Ýollaryña nazar salan,
Dideleri, unutduñmy..?!

Düşünmek kyn, aklym haýran,
Tozap arzuw, umyt weýran.
Bagta sary uzap barýan,
Ýodalary, unutduñmy..?!

Serim sersan, jan kastynda,
Höwür tapman ýer üstünde.
Arzuwlarymyz, aý astynda,
Gijeleri, unutduñmy..?!

Öwezgeldi Taganow
5
77
smiling_
17.03.2025 12:43
Kä ejizläp, kä göreşip har bolup,
Küýsän çagy giñ dünýe hem dar bolup.
Ýyllar boýy bir görmäge zar bolup,
Geleniñ gadryny, garaşan biler.

Öwezgeldi Taganow
6
77
smiling_
16.03.2025 17:20
Sendenem gowusy, tapylsa hökman,
Günäli, sen borsuñ özün aklarlar.
Näçe ýagşylyk, etseñ ediber,
Barybir ýalñyşlaryñy, ýatda saklarlar.


Öwezgeldi Taganow
6
60
smiling_
15.03.2025 14:52
Ýalan bar ýerinde, hile bar hökman,
Ýaşasak lezzet bar, wyždany bukman.
Her kim, öz göwnüne özüdir lukman,
Dünýä içiñ döküp aglana degmez.
6
56
smiling_
14.03.2025 21:57
Ejizlikmi, ýa gorkumy bilmedim,
Ýeter ýetmez halys jany doýurýar.
Çagakak, irden ejemiz oýarsa,
Indi welin, aladalar oýarýar...
7
96