smiling_
13.09.2024 13:41
Geljek üçin motiwasiýa.

«Men hiç wagt geljek hakynda pikir etmedim, geljek ýeterlik çalt gelýär” diýýär Albert Eýnşteýn. Men bolsa dünýäniň däl-de öz gelejegimiň aladasynda. Näme bolaryn? Näme işlärin? Nirede bolaryn? Geljegim bolarmy? Bolsa nähili geljegim bolar? Nähili maşgala, nähili kariýera eýe bolaryn? Munuň üçin nirden başlamaly? Ýa-da asyl başlamak hökmanmy? Başlangyç eýýäm başlananmy?.. Ýene müňlerçe we müňlerçe soraglar... Bu soraglara öz ýaşap ýören durmuşym bilen, geljegim bilen, geçmiş tejribäm we durmuşdaky bar bolan arzuwlarym bilen jogap bermelidigimi bilýärin. 30 ýyllyk plan düzsem, 30 ýyl ýaşajagym bir bellimi? Ýa-da ertire çykjagym? Her gün şeý diýýän, ýene ýaşaýan. Ýene plan düzemok, ýene ýaşaýan. Hamala diýersiň, Murphy kanunlaryndaky ýaly, planymy düzüp tamamlanymda eýýäm ömrüm soňlanaýjak ýaly... Bu dogrymy?! Meň pikirimçe dogry. Durmuş, adam, pikirleri, kynçylyklary, başyndan geçirenleri, gaýgy-aladalary, etsem-petsemleri, şeýde-şeýde geçip gidýär ynsan ömri...Hany nirede?!-Ol dünýäni almagy maksat edinen Isgenderler, nirede, ol gazap atyny atlanyp ähli ýeri ýer bilen ýegsan eden Çingizler, nirede, ol beýnisi bilen ajaýyplyklary döredip, adamzadyň aňkasyny aşyryp giden Albertler, elektrigi adam eli bilen döredip, isledigiçe ýyldyrym çakdyryp bilýän Nikolalar, nirede, ol dünýäniň taryhdaky iň barlykly adamy bolup tutuş Afrikany elinde saklan Mansa Musalar, nirede, ol bütin dünýä Apple-i tanadan, tehnologiýany trend etmegi başaran geniýler, Steve Jobslar…hany nirede...

Men aýdaýyn nirededigini, olar siziň aňyňyzda. Görýäňizmi, häzirem ýatlanar derejede yz goýup gidipdirler. Erbet ýa-da gowy, ýöne yz.

Biziňem geljek ugrundaky maksadymyz şol bolmaly. Arzuwlaryňy tutaryk edinip ýöräp biljek ýoluň bar, yz goýmak, onda-da ullakan yz goýmak potensiýalyň bar, iň esasy hem gymmatlydan gymmatly wagtyň bar, şonda-da näme üçin sen şuwagtam bu haty okap otyrsyň?! Bar, git-de arzuwlaryňa tarap git! Çalt bol!!! ))


Awtor: Kadyrmyrat Öwezgylyjow
16
52
smiling_
13.09.2024 07:38
Gözüň aşagyndaky gögermeler nädip emele gelýär?

Gözüň aşaky gabaklaryň aşagyndaky gara tegelekler diýlip atlandyrylýan bu ýagdaý erkeklerde we aýallarda köp bolýar. Gözüň aşagyndaky gögermeler, köplenç gözüň aşagyndaky haltalar bilen bilelikde adamyň öz ýaşyndan hem has garry görünmegine sebäp bolýar.

Ýadawlyk, garaňky gök tegelekler üçin iň logiki düşündiriş ýaly bolup görünse-de, bu ýagdaýa goşant goşup biljek dürli faktorlar bar. Köplenç gözüň aşagyndaky gögermeler saglyk meselesini görkezmeýär we lukmançylyk kömegini talap etmeýär. Şeýle-de bolsa, estetiki kynçylyklary döredýär we erbet tarapy, bu halkalardan dynmagyň kyn bolmagydyr.

Gözüň aşagyndaky gara tegeleklere näme sebäp bolýar?

Gögermelere sebäp bolup biljek iň köp ýaýran sebäpler:

Ukusyzlyk. Artykmaç ýadawlyk, ýeterlik uky almazlyk ýa-da adatdakysyndan has köp uklamak gözüň aşagyndaky gara tegeleklere sebäp bolup biler. Ukusyzlyk deriniň garaňky we reňkli görünmegine sebäp bolup, deriniň aşagyndaky gara dokumalary we gan damarlaryny ýüze çykarýar. Ukusyzlyk, gözüň aşagynda suwuklygyň ýygnanmagyna we şonuň üçin bu ýerlerde çişmä sebäp bolup biler. Gözleriň aşagyndaky gara reňk käwagt çişen gabaklaryň kölegesi bolup biler.

Ýaş. Tebigy garramak, gözüň aşagyndaky gara tegelekleriň umumy sebäbi. Adam ulaldygyça derisi inçe bolýar we çeýeligini ýitirýär. Deriniň elastikligini üpjün edýän subkutan adipoz dokumasynyň we kollageniň mukdary azalýar. Netijede, deriniň aşagyndaky gara gan damarlary has görnükli bolýar we gözüň aşagyndaky ýeriň garaňky görünmegine sebäp bolýar.

Göz ýadawlygy. Telewizor, kompýuter, planşet we telefon ekranlaryna seretmek gözüň ep-esli dartylmagyna sebäp bolup biler. Bu dartgynlylyk uzak wagtlap dowam etse, gözüň töweregindäki gan damarlarynyň giňelmegine sebäp bolýar. Netijede, gözüň töweregindäki we aşagyndaky ýerler garaňky görünýär.

Allergiýa. Allergiki täsirler we gury gözler gara tegelekleri döredip biler. Allergiki reaksiýa ýüze çykanda, gistaminler bedende zyýanly maddalar hökmünde kabul edilýän gurluşlara jogap hökmünde bölünip çykýar. Gistaminiň bölünip çykmagy diňe bir gijelewük, gyzarmak we gözüň çişmegi ýaly oňaýsyzlyklary döretmän, gan damarlarynyň ulalmagyna hem sebäp bolýar. Bu gözüň aşagyndaky inçe deriniň aşagynda has görünýän damarlary döredýär. Gijelewük allergiýasy sebäpli gözüň we daş-töweregiňi dyrnaçaklamak we sürtmek, gögermegi hasam erbetleşdirip biler. Bu gan damarlarynyň çişmegine we ýarylmagyna sebäp bolup biler. Gan damarlarynyň ýarylmagy gögermegi ýokarlandyrýar.

Suwsuzlyk. Suwsuzlyk, suwuklygyň ýeterlik bolmazlygy sebäpli bedeniň suwuklyk balansynyň bozulmagydyr. Bu ýagdaý gözüň aşagyndaky gara tegelekleriň umumy sebäbi. Ýeterlik mukdarda suw alynmasa, gözüň aşagyndaky deride garaňky we batan görnüş peýda bolýar.

Güne aşa täsir etmek. Güne aşa köp täsir etmek, bedeniň reňkini üpjün edýän melanin atly pigmentiň köpelmegine sebäp bolup biler. Günüň aşa köp bolmagy deriniň garalmagyna, esasanam gözüň töweregine getirýär.

Genetika. Gözüň aşagyndaky gögermeler maşgala agzalarynda köp duş gelýän bolsa, beýleki adamlarda şol bir ýagdaýyň döremegi adaty ilata garanyňda has ýokarydyr. Bu ýagdaý çagalykdan galan aýratynlyk hökmünde hem bolýar we adamyň ýaşy bilen hasam erbetleşip biler.


Çeşme: atavatan-turkmenistan.com
16
66
smiling_
13.09.2024 00:47
Motiwasiýa we höwes.

Islendik öňde goýýan maksadymyza ýetmek üçin bize zehin, ukyp, başarnyk iň esasy zat hem höwes gerekdir. Bu zatlaryň bizde bolmagy ýa-da bolmazlygy mümkin.Ukyp, başarnyk bolup, höwesimiziň ýok bolmagy maksadymyza ýetmek üçin ilkinji ädimleri ätmage ýeterlik bolmaýar. Höweslendiriş derejesini ýokarlandyrmagyň 2 usuly bar:

1. Hereketi höweslendirýän sebäpleriň sanyny artdyrmak;

2. Belli bir ýagdaýda itergi berýän faktorlary işjeňleşdirmek.
Bu usullary ýerine ýetirmek üçin düzgün bolşy ýaly, birnäçe sebäpleri bir wagtyň özünde peýdalanyp, adamyň özüni alyp barşyna täsir etmeli. Şol sebäpler näçe köp bolsa, maksada ýetmek üçin ähtimallygy şonça-da ýokary bolýar. Diýmek, höwes döretmek üçin birnäçe peýdaly usullary synap bileris. Mysal üçin, “Motiwasiýa”.

Aslyýetinde motiwasiýa näme?
Motiwasiýa adamyň özüni alyp barşyny dolandyrýan, hereketlerine itergi berýän, ugruny, işjeňligini, durnuklylygyny kesgitleýän herekete getirýän, psihofiziologiki güýçdür. Bu güýji peýdalanyp başlanymyzdan soňra biz durmuşda öňümizde duran päsgelçiliklerden bökdençsiz geçip bilýän adama öwrüleris we durmuş düzgün-kadalaryna eýerip, üstünlige ýetip bileris. Görşümiz ýaly, durmuşda biz üçin motiwasiýanyň roly gaty uly eken.

Timur SAPAROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Ýer gurluşygy we kadastry hünäriniň
3-nji ýyl talyby
16
44
smiling_
12.09.2024 19:21
Pul dolandyrmakda goýberilýän dört ýalňyşlyk.

Pul dolandyrmakda goýberilýän dört ýalňyşlyk
Häzir dünýäde maliýe sowatlylygy barha köp isleg bildirilýän başarnyklaryň birine öwrülýär. Muňa garamazdan, adamlaryň köpüsi häzirem maliýe kynçylyklarynyň döremegine we peýda getirip biljek mümkinçilikleriň elden gidirilmegi ýaly ýagdaýlara sebäp bolup biljek pullary dolandyrmakdaky çynlakaý ýalňyşlyklary goýberýärler. Bu makalada pul dolandyrmakda iň giňden ýaýran ýalňyşlyklaryň dördüsini seljerip geçýäris.

1-nji ýalňyşlyk — tygşytsyzlyk

Daş-töwerekdäkileriň hemmesi tygşytlamagyň ähmiýetlidigini aýdýarlar. Bu ýöne ýerden däl, olaryň özleriniň şeýle diýmek bilen pullaryny tygşytlaýandygy ýa tygşytlamaýandygy esasy zat däl, esasy munuň düýp-teýkarynda durmuşy hakykatyň ýatandygy. Çünki ätiýaçlyk maliýe goruňy döretmek ýerlikli çözgüt. Bu size özüňizi has ynamly duýmaga we durmuşyň dürli ýagdaýlaryna taýyn bolmaga kömek eder. Hatda şuny endik eden adam çagalaryna hem puly tygşytlamagyň ýörelgelerini öwretmekde görelde bolar.

2-nji ýalňyşlyk — ýagdaýyňa görä bolmazlyk

Muny başgaçalap «Ýorganyňa görä aýak uzatmaly» diýen aýtgy bilenem düşündirip bolar. Adamyň mümkinçiliginden köp zady isläp ýaşamak endigi umumy belli mesele. Sebäbi adam gowy zadyň arzuwynda. Şeýle ýagdaýda adamlar gazançlaryndan has köp pul sarp edýärler-de, karz alýarlar we pullarynyň nirä gidendigine düşünmän galýarlar. Karz almak meselesi, elbetde, adatdan daşary ýagdaýlarda (ulaga zeper ýetmegi, hassahanalyk ýa-da hirurgiki ýagdaýlar) ýüze çykyp biler, ýöne galan wagtlarda zerur däl çykdajylardan gaça durmak we geljege tygşytlamak üçin maliýe serişdeleriňizi aňsatlyk bilen dolandyrmaga endik etmek möhümdir.

3-nji ýalňyşlyk — şübheli taslamalara we işewürliklere baş goşmak

Bu ýerde siziň asla düşünmeýän taslamalaryňyz we kärhanalaryňyz barada gürrüň gidýär. Şeýle kärhanalara maýa goýmak ol serişdeleri düýpsüz çukura taşlan ýalydyr. Hyzmatdaşlaryňyz dag ýaly tümmek altynlary we siziň goýan maýa goýumlaryňyzy dolandyrmakda doly garaşsyzlygy wada berseler-de, pikirlenmeseň ýalňyş bolar: Aslynda bu ýagdaýyň aýdyň bolmajagy düşnükli ahyryn.

Ilkibaşda siziň az-kem girdeji hem almagyňyz mümkin. Emma munuň uzaga çekjegine kim hakyky kepil geçip biler. Soň bolsa häzirki bazar ýagdaýynyň çylşyrymlylygy we girdejileriň düýpli pese düşendigi baradaky sebäplerdir delillere bürenen uzyn-uzyn düşündirişler peýda bolar. Ýa bolmasa-da, asla hiç hili düşündiriş bolmaz — hiç zada düşünmeýän halyňyza, olaryň size haýsydyr bir zady düşündirmegi nämä gerek?

4-nji ýalňyşlyk — «Ýumurtgalaryň ählisi bir sebetde»

Bu halk aýtgysyny bilýän bolsaňyz gerek. Onuň manysy hut şeýle etmeli däldigini ündeýär. Ýokary girdeji alarsyň diýen wadalar bilen ynandyrylan adamlar, ähli tygşytlaýan pullaryny bir maliýe guralyna ýa-da edarasyna (bank, maýa goýum gaznasy we ş.m.) goýýarlar. Birdenem bu bank bergä batsa ýa-da gazna puldan ýitgi çekse, maýa goýuja näme galsyn?

Şeýle ýagdaýlardan gaça durmak üçin, onda-da eger henizem bir ýere maýa goýmak islegiňiz bar bolan ýagdaýynda, emläkleriňizi diwersifikasiýa etmek maslahat berilýär. Bu dürli maliýe gurallarynyň we edaralarynyň arasynda serişdeleri paýlamagy aňladýar. Mysal üçin, birnäçe bankda hasap açyp, dürli maýa goýum gaznalaryna pul goýup ýa-da dürli görnüşli gymmatly kagyzlary satyn alyp bilersiňiz. Mundan başga-da, tygşytlaýan puluňyzyň bir bölegini nagt görnüşinde saklamaly — garaşylmadyk ýagdaýlarda bu maliýe «howpsuzlyk ýassygy» bolup hyzmat eder.

Peýdalanylan çeşme: 4brain.ru
16
80
smiling_
12.09.2024 13:34
Hoşlaşyk...

Şeýdip bir damja däl, sansyz damjalar
Dama - dama yz goýupdyr ol hatda
Ýöne ýazgylary öçmändir heniz
Ýyllañ ýelginine gelipdir hötde.

Ony ýazan eller, gudratly eller
Şolar dälmi gyşy kowup ýaz eden,
... şeýdip ol ýazgylar öçmezler, ýöne
Şeýdip olar ýazylmazam täzeden.

Soñky gezek gygyrdy-da parawoz,
Gök wagonlar gobsundylar haşlaşyp.
A sen bolsañ... a sen bolsañ garagöz,
Ak ýaglygyñ bulap dursyñ hoşlaşyp.

Bu nähili beýle bolýar aýtsana,
Indi şeýdip galjakmy sen daşlaşyp.
Dymyp durun penjiräniñ öñünde
Doñup durun penjiräniñ öñünde,
Ýüz müñ hili iker bilen baş goşup.

Seniñ bagtyñ üçin, eý göwün şadym
Menä uzak ýola bilim baglaýan.
Sen näme ugradañda soldatyñ,
Aman baryp, aman gel diýip aglaýañ?!

Zyýany ýok aýralykdyr geçer bu
Ýüregiñi daglamaly bolma sen.
,,Gitdi" diýip aglamaly bolsañ-da,
,,Gelmedi" diýip aglamaly bolma sen...!


-- Halyl KULYÝEW
33
806
smiling_
12.09.2024 03:39
Çagalaryň 4 tüýsli häsiýeti: olaryň her birine nähili çemeleşmeli.

Häzirki zaman psihologiýasy terbiýe meselesine özboluşly usullar arkaly çemeleşýär: bagtyýar we özbaşdak düşünjeli şahsyýeti kemala getirmek üçin çaganyň temperamentlerini göz öňünde tutmaly. Amerikaly psiholog Jon Greýiň işine esaslanyp, “Psihologiýa” žurnaly çagalaryň häsiýetleriniň we olaryň esasy aýratynlyklarynyň klassifikasiýasyny hödürledi.

Duýgur çagalara çemeleşmegiň aýratynlyklary.

Duýgur häsiýetli çagalar (bu häsiýete “sensitive” sözi bilen kesgitleme berlip, ol iňlis dilinden terjime edilende “duýgy” diýen manyny aňladýar) ýokary emosional duýguçyllyklary bilen häsiýetlendirilýär. Olara kyn ýagdaýlarda zeýrenmek we teselli gözlemek mahsus.Şeýle çagalar bilen düşünişmekde ene-atalar üçin esasy zat duýgudaşlyk bildirmekdir: dessine aladalaryny ýeňletjek ýa-da zor bilen begendirjek bolmazdan, çagany üns bilen diňlemek möhümdir. Bu çemeleşme mynasyp derejedäki gaýtargyly bolup biler. Ýagny, ene-ata hem çagadan şeýle täsiri alar.Duýgur çagalar bilen özara gatnaşyklaryň esasy şerti — çagany goldap durmak. Ulularyň ýagdaýa düşünýändigini we dürli ýagdaýy kabul edip bilýändigini duýup, şeýle häsiýetli çagalar özlerine ynamly bolýarlar.

Işjeň çagalar bilen özara gatnaşyklaryň aýratynlyklary.

Işjeň häsiýetli çagalar daş-töweregindäki dünýäni üýtgetmek islegleri bilen tapawutlanýarlar. Bu “kiçi ýolbaşçylar” yhlasly we maksatlaryna ýetmekde tutanýerlidirler. Şeýle-de bolsa, olaryň özüni alyp barşy ene-atalardan anyk çäkleri kesgitlemegi we häsiýetini kadalaşdyrmagy talap edýär.Sport bilen meşgullanmak şeýle çagalar üçin iň laýyk ýerdir. Tälimçiniň ýolbaşçylygynda toparlaýyn sporta gatnaşmak olara mümkinçiliklerine düşünmäge we isleýän netijelerine ýetmäge kömek edýär.Bilim-terbiýe meselesinde esasy şulary göz öňünde tutmaly: başlangyçlaryny we işjeňliklerini höweslendirmek, özüne düşünilmegi üçin mümkinçilik bermek, gündelik işlerini sazlaşdyrmak.

Reaktiw häsiýetdäki çagalara bolan gatnaşyk.

Reaktiw häsiýetli çagalar alçaklygy we täze tanyşlaryna göwnaçyklygy bilen tapawutlanýarlar. Jemgyýetde bolmak hem-de hemişe täze täsirleri duýmak olar üçin örän möhüm. Bu ýaş gözlegçiler dinamiki özgerişleri isleýärler we monotonlyga çydam etmeýärler.Olaryň energiýasy bir meselede üns jemlenmegi üçin kynçylyk döredip biler, şonuň üçinem ene-atalara olaryň işlerini guramaga we höweslendirmäge ýardam bermek zerurdyr. Üstünlikli özara gatnaşyklaryň açary şu kysmy dürli ýagdaýlar bolup biler: täze klublara we bölümlere yzygiderli baryp görmek, dürli kitaplar we oýunlar bilen tanyşmak, gezelençdir güýmenje üçin täze ýerleri gözlemek.Gyzykly ýeri, hakykatdanam täsirli işjeňlik bilen şeýle çagalar ajaýyp erjelligi we tertip-düzgüni görkezip bilýärler. Ene-atalaryň wezipesi bolsa täsirleri üýtgetmek bilen başlaýan zatlaryny netijeli jemlemek ukybyny ösdürmegiň arasynda deňagramlylygy tapmakdyr.

Düşünmek bilen kabul edip bilýän häsiýetli çagalara nähili çemeleşmeli?

Dürli ýagdaýlary düşünip kabul etmäge ukyply çagalar durmuşynda durnuklylyga we ýagdaýlara öňünden düşünmäge çalyşýarlar. Geljekde garaşýan zatlaryna düşünmek olar üçin örän gyzyklandyryjy bolýar. Bu çagalara täze ýagdaýlara uýgunlaşmak üçin ýeterlik wagt gerek, şonuň üçinem ene-atalaryň howlukmagy ýa-da talapkärligi olara negatiw täsir eder.Olaryň terbiýesinde şeýle ýörelgelerden ugur alynsa dogry bolar: kadalaşdyrylan gün tertibini düzmek, gözýetimini kem-kemden giňeltmek, rahat, göwnejaý hasaplaýan durmuşyny üýtgetmäge höweslendirmek.Şeýle häsiýetli çagalary bolan ene-atalar perzentlerine ýeterlik derejede goldaw bermeseler, çagalarynyň täze zatlary özbaşdak örän kyn öwrenjekdigini bilmelidirler. Ene-atalar üçin dürli hili häsiýetleri düşnüksiz ýollar bilen talap etmegiň ýerine, çagany ýuwaş-ýuwaşdan her hili çärelere, güýmenjelere çekmek, howpsuz we özara düşünişip boljak ortalyk atmosferany döretmek has täsirli bolar.

Peýdalanylan çeşmeler: aif.ru
13
25
smiling_
11.09.2024 15:44
Endik...


Bu günem oturdum uzak,
Bir nokada dikip gözlem.
Gaýtalap müñlerçe gezek,
Şol bir endik sözlem.

Özi - özünden ýadyrgap,
Ruhum arşa uçup gitdi.
Bulut kimin üýşüp, dargap
..ýören,
Duýgym guçup gitdi.

Synlap arzuw umytlaryñ,
Arşda mesgen tutýanyny.
Bildim, indi unutmaryn,
Kynçylygy utýanymy...

Kirpigmi - kirpigme gatman,
Ýat bolup jan - tenim üçin.
Ýene uzyn gije ýatman,
Dileg etdim seniñ üçin...!


<> Gülşirin Hanowa
12
36
smiling_
10.09.2024 16:25
Ýitip giderin...

Ýolda - yzda, seni görse gözlerim,
Görmezlige salyp, ötüp giderin,
Soñ, aýlanyp seniñ aýak yzlaryñ,
Başym ýere goýup, öpüp giderin.

Hyýalymda, ýylgyrşyña guwanyp,
Göwnüm çaga...
oýnap böküp giderin,
Sen dirikäñ urýan juwan ýüregim,
Il güne güjeñläp, açyp giderin.

Emma, welin ýüregimde ýer eden,
Söýgimiñ laýyna, batyp giderin,
Sen barkañ.
Ýüregim urmasa birden...
Sessiz söýgim bilen ýitip giderin.


~ Remezan Mämetgurbanow
21
505
smiling_
09.09.2024 20:51
,, Il-ä seni aýa deñeýän eken...!"


Il-ä seni aýa deñeýän eken,
Meñ-ä seni aýa deñäsim gelenok.
Gel, men seni Marsa deñäýin-le,
Hawa sen aý ýaly owadanam.
Akja-da...
Ýöne meni göreñde gyzarýañ-da
Mars ýaly,
Seret, men sende iliñ görmeýän
zadyny görýän.
Hany maña jogap ber,
Şu söýgi dälmi?!...


-- Parahat BATYROW
16
48
smiling_
09.09.2024 15:44
Onsoñy ýok


,,Gürleşeli" diýme, duýgulam dymma,
Geplemek islämok hiç zat hakynda.
Arzuwlarym tussag, gursagym zyndan,
Men bir wagt düşdüm yşgyñ atyndan.

~

Geçmişi ýañzytma, umydam berme,
Dertden derlän pikirlerim senlik däl.
Häzir mähir küýsäp tutjak ellerim,
Soñ çykaryp zyñar ýaly ellik däl.

~

Edil häzir gyzykly däl şu dünýä,
Jogaplarmyñ soraglarny ýitirdim.
Durmuş iki petek berýär ynsana,
Sen haýsyny getirdiñ?!

~

Arasynda gitmek bilen galmagyñ,
Ýene tukatlygy seçip otyryn.
Geplemek islämok hiç zat hakynda,
Içimde ot ýakyp, öçüp otyryn...


©Baýram BEJIDOW
16
72