sha98
25.11.2023 07:18
Ýumoristiñ bloknotyndan
Daş çyksam stolumy biri eýelär öýdüp, ol gabyz keselinden pahyr bolupdyr.
***
«Wah, agzymdan şeýtan kakdy!». Gör, sklerozyň mekirdigini, şeýtanyň ady bilen hereket edýär.
***
Onuň goşgusynyň ýekeje ýetmezi bardy, olam düşnükliligidi.
***
― Sakaldaş, näçe ýaşadyň?
― «Ata, sen bir dymsana» diýlen ýaşa-ha ýetdim.
***
― Oglum, indi senem işle.
― Kaka, men ýetim däl ahyry.
***
Ol iliň tersinedi, onuň sabyr käsesi dolanynda gaýtam oňa zat guýmalydy. Olam arakdy.
***
Öňki başlyga «zat okanok» diýip dil ýetirerdiler. Ol takal okaýardy ahyry.
***
Naharhanamyzyň müdiri bäş ýylda üç gezek maşynyny üýtgetdi. Emma menýu üýtgänok.
***
Aýakgap fabriginiň pes hilli önüm öndürmegi aýakgap remonty ussahanasyna göçme Gyzyl Baýdak getirdi.
***
Ýaranjaň dosta däl, posta baş egýär.
***
Käbir adam holodilnik ýaly bir zat, erbet häsiýetini üýtgetmän saklap bilýär.
***
Onuň goýundan tapawudy ― possunynyň tüýli tarapynyň içinneligindedi.
***
«Göreşde ataňam bolsa ýyk», emma pensiýasyna degme.
***
Olar diş-dyrmak bolşup, özlerine köşk ýaly ymarat gurundylar. (Adamsy diş tehnikdi, aýaly iliň dyrnagyny reňkleýärdi).
***
Maşynyň astyna düşen özüň bolma.
***
Taý ýetim galsa kürre bilen dost bolar.
***
Ol ilden ýüz görmese-de, ýüz elli-hä görerdi.
***
Ol hemişe «Külüňi çykaryn!» diýip käýinerdi. Diýen sözüni gögertmek üçin bolsa, eli bedreli kül atardy.
***
«Eşek semrese eýesini deper». A eýesi semrese kimi deperkä?!
***
«Ajyň aňy bolmaz». Bolsa-da doýansoň üýtgär.
***
«Mesligi goýun götär, onda-da gara goýun». Gara goýnuňam fermada bakylýany.
***
Erbet adamlaryň bolanlygy gowy zat. Ýogsam gowy adamlar erbet bolmaly däldiklerini nädip bilsinler.
***
Alym bolmak aňsat, ýuwmak kyn.
Оl birki gуş ile оt ýаkdyrmady. «Вetligi» üçin оny tорbazanyň dirеktоrlygyndan kоwdulаr.
***
Ýeri sary öküz göterýän bolsa, ol Günüň daşyndan däl-de, sygyrlaryň daşyndan aýlanardy.
***
― Maşynyň gaz alşy neneň?
― Düz ýer bolsa keýig-ä alýar.
***
Ol naçalnigiň ody bilen girip, küli bilen çykjakdy. Emma naçalnigiň öýi bug bilen gyzýardy.
***
Radio oýlanyp tapylmadyk bolsa, käbir bagşysumagy diňe sesiniň ýetýän ýeri ýigrenerdi.
***
Ol garawulam bolsa ýokary wezipä ymtylýardy. Gije başlygyň kabinetinde uklardy.
***
«Taýym, taýym» diýlip ösdürilen çaga ulalansoň eşek bolar.
***
Ol aýaly garradýan zat gündiz adamsynyň iňirdisi, gijesine-de horruldysy.
***
― Halypa, wagt näçe?
Satyjy:
― On birden 25 manat işledi.
***
― Aýalym meniň bilen aýrylyşmak üçin suda arza berdi.
― Sen razymyň?
― Wah, hawa-la, menem arza berdim.
― Beýle aňsat ylalaşyp bilýän bolsaňyz, ýaşaşybermeli ekeniňiz-dä.
***
― Aýalyň bilen sögüşýäňmi?
― Geplemän oňup bolmaz ahyry.
***
Tommaýly söz, adatça, kütek tankytçyda bolar.
***
Troleýbusa 4 köpük tölemejek bolup, ol kontýolýor geleninde, gyssanjyna 5 manadyny komposter etdi.
***
Myhmançylykda otyrkalar aýaly:
― Waý, kakasy, huşum gursun, hakyt ütügi tokdan aýyrman gaýdyberipdirin-dä ― diýýär.
Adamsy:
― Arkaýyn bolaý, gelinbaý, menem suw kranyny ýapmagy ýadymdan çykarypdyryn.
***
Pul karz alyp, soňam bermeýän ýakasy gaýyşly biri goňşusynyň ýanynda zeýrenýär:
― Adamlaryň tüýs nekgedi çykypdyr. Mämmetden 500 manatjyk karz diledim weli, ýüzüne gara çekip, hakyt bermedi-dä.
― Goňşy, menem şol nekgetleriň biridirin.
***
24
114