sahetasyrow
26.07.2023 14:01

Ependiniň bagynda bir erik agajy bar eken. Ol beýleki iýmişlerden öň ýetişýän

eken. Bir gün görse, erikleriň üç sanysy saralyp bişipdir. Patyşa sowgat bermek üçin

olary ýygyp, bir sebede salyp alyp barýan eken. Sebediň içinde erikler her tarapa

urnupdyrlar. Ependi: «Köp oýnamaň, ýaş janyňyzdan aýrylarsyňyz, iýip goýaryn» –

diýipdir. Olar şonda-da, ikiýana urnupdyrlar. Ependi: «Bulary tenha kylmasam, biri-

birleri bilen oýnaşar ekenler» diýip, ikisini iýipdir we birini patyşa alyp barypdyr. Şa

mähremlik görkezip, Ependä halat berip goýberipdir.

Ýene bir gün Ependi patyşa üçin hyýar alyp barýan eken. Bir adam:

– Eý, Ependi, nirä barýarsyňyz? – diýip sorapdyr.

Ependi:

– Patyşa hyýar alyp barýaryn – diýipdir. Ol adam:

– Patyşa injir alyp baryň, injiri gowy görýär – diýipdir.

Ependi bu sözi oňlap, hyýary goýup, injir alyp barypdyr. Patyşa bolsa injiri asla

halamaýan ekeni. Patyşa bir adama emr edip: «Gaýdyp munuň ýaly zady meniň

dergähime getirmez ýaly, getiren zady bilen kellesine ur» diýipdir. Ol adam Ependini

injir bilen urup başlapdyr. Emma Ependi uruldygyça, şükür edýän eken. Patyşa:

– Eý, Ependi, bu wagt şükür etmegiň sebäbi nämedir? – diýipdir. Ependi:

– Eý, tagsyr! Her kim öz işini özi gowy biler. Men şükür etmän, kim şükür etsin.

Kelläme hyýaryň ýerine injir degse – diýipdir.

Patyşa:

– Bu sözüň manysy näme? – diýip sorapdyr. Onda Ependi:

– Men size hyýar alyp gelýärdim. Bir adam: «Ony goýup, injir alyp git» – diýdi.

Eger hyýar getiren bolsam, gaty hyýar degip, kelläm ýarylardy. Injiriň

mylaýymlygyna şükür edýärin – diýipdir. Patyşa kah-kah gülüp, Ependini ýene-de

halatlapdyr.

25
262
sahetasyrow
19.07.2023 17:07

Ependi bir gün täret alanynda bir aýagyna suw ýetmändir. Namaza duranda bir aýagyny galdyryp, namaz okapdyr. Ependiniň bolşuny gören adamlar:

– Eý, Ependi! Bir aýak bilen okalan namaz nähili namazdyr? – diýip sorapdyrlar.

Ependi:

– Bir aýagynyň täreti ýok kişiniň namazydyr – diýipdir.

14
271
sahetasyrow
05.07.2023 14:36

Bir gün Ependi biriniň bagyna girip, üzüm ýolmaga başlapdyr. Bagyň sakçysy ony

görüp, daşdan gygyrypdyr:

– Eý, Ependi, ol ýerde näme işleýäň? Bagyň içinden çyk-da, ýok bol!

– Men meýdan edýän? – diýip, Ependi jogap beripdir.

Bagyň sakçysy:

– Seniň näme edýändigiňi häzir biläýeris – diýip, onuň ýanyna gelipdir.

Ependi golaýynda ýatan sygryň täzeje maçjasyny oňa görkezipdir.

– Ol sygryňky ahyryn – diýip, bagyň sakçysy garşylyk görkezipdir.

Onda Ependi:

– Sen gykylyklap, maňa adamyňky ýaly meýdan etmäge maý berdiňmi näme? –

diýipdir.

29
380
sahetasyrow
26.06.2023 16:11

Ependi bir gün bazardan bir teňňä dokuz sany ýumurtga satyn alypdyr. Bazaryň

başga burçuna barybam: «Onusyny bir teňňä satjak» diýip, gygyryp başlapdyr.

Adamlar geň galyp:

– Ependi, sen näme üçin öz zyýanyňa satýarsyň? – diýip soranlarynda, ol:

– Aý, zyýan boldy, peýda boldy, parhy näme? Esasy zat, dostlarym meniň

işlidigimi, ýa işli däldigimi görseler, maňa besdir – diýip jogap beripdir.

14
330
sahetasyrow
24.06.2023 17:12

Günlerde bir gün agşam adamlar Ependä:

– Pylanynyň eşeginiň guýruksyz kürresi bolanmyş – diýenler.

Muny eşiden Ependi:

– Toba, toba! Ýeke gije gaýgysyz ýatyp bolanok-la! – diýipdir.

Onda adamlar:

– Ependi, senem-aý, mundanam bir saňa gaýgy bolarmy? – diýipdirler.

Onda Ependi:

– Ýa, adamlar, sizem bir hili-äý! Ol kürre eşek bolup ýetişenden soň, birden batga

ýykylaýsa, onuňam guýrugy bolmasa, biz ony niresinden tutup çykararys? – diýipdir.

13
301
sahetasyrow
23.06.2023 19:12

Günlerde bir gün Ependi Konýada [Konýa – Türkiýedäki bir şäher.] bazarda gezip ýörkä, bir halwaçynyň

dükanyna gabat gelipdir. Halwaçy dükanyny açyp, halwalary dükanyň öňüne çykaryp

goýupdyr. Ependi «Bismilla!» diýip, elini uzadyp, halwadan iýmäge başlapdyr.

Muny gören halwaçy:

– Eý, nadan! Näme üçin meniň halwamdan iýýärsiň? – diýipdir.

Ependi oňa jogap bermän, halwadan iýmegini dowam etdiripdir. Halwaçy gazaba

münüp, Ependini ýençmäge başlapdyr.

Ependi urgynyň zarbyna çydaman, derrew başyny galdyrypdyr-da:

– Eý-weý! Konýanyň adamlary, gör, nähili ajaýyp eken. Olar halwany ura-ura zor

bilen iýdirýärler – diýipdir.

16
303