sahet_ashyrov
02.10.2020 15:51
POKER: OÝUNÇY KAPUT

Poker… Gyzgalaňly oýun… Göçen kelleler… Ortada üýşmek pul… Oýunçy bar-ýoguny tikdi… Utuldy… Ýürek biçäre çydamady… Oýunçy kaput… "Eý oňa seret!" diýýänçälerem garaşyp durmady, giden-gitdä fiişt gidip göýberdi… Indi näetmeli? Muň aýalyna kim habar berer? Aralaryndan biriniň ýakasyndan tutdylar:
— Sen gepe ökde, barda heleýine aýlap-öwrüp ýumşaklyk bilen bolan zatlary aýt!
Olam gidip ölen adamyň aýalyny tapdy:
— Äriňiz poker oýnaýan mahaly…
Aýal derrew sözüni böldi:
— Bar ýoguny orta zyňdy dämi?
— Howwa hanym.
— Soňra hemmesini utdurdy?
— Howwa hanym.
— Alla janyny alsyn nejisiň.
— Aldy hanym.

BAÝ-BO

Ispan begzadasy ýary gije Fransiýada bir myhmanhanaň gapysyny kakdy. Myhmanhanaň işgäri penjireden başyny çykaryp:
— Kim sen?— diýip sorady.
Ispan adyny aýdyp başlady:
– Grigorio del Amaldo de Monte Carpo de Santa Cruce de Palamado de
Quirina del Agnoso de Montesquieu.
Işgär aýdylan atlary ýeke-ýeke diňlänsoň şok bolup:
— Baýbo onça adamy myhman alar ýaly boş ýerimiz ýok-how— diýip derrew penjiräni ýapdy.

ŞONAM BILEŇOKMY?

Kadrlar bölüminiň işgäri müdiriň gapysyny kakyp girmäge rugsat sorady.
— Başlyk iş soraýanlaryň arasynda bir ker bar.
— Çyndanam? Derrew işe alyň, ertirden işe başlasyn.
— Emma, ker adama nähili iş bereýli?
— Şonam bileňokmy tupoý? Arz-şikaýat bölümine işe alarsyňda!.

GYZYMY URSA

Ärinden taýak iýen hatyn, aglap atasy öýüne gaýtdy.
Dädesi gaharlanyp gyzynyň gulak-çekgesine ýelmäp:
— Bar nejis äriňe aýt, ol gyzymy ursa menem oň heleýni ýenjerin!.

WEGETERÝAN

Otly ertire çenli ýöremeli, her kes ýany bilen getiren iýmitlerini çykaryp garynlaryny doýurmaň ugruna çykdy. Kolbasa, towuk butlary, ortada her zat bar… Bir aýal ýanynda oturan adama "Sizem alyň, bir zatlar iýiňdä!" diýdi.
Adam saçaga seredip:
— Ýok men bulardan iýjek däl. Men wegeterýan— diýdi.
Aýalyň oňa ýüregi awap:
— Wah biçäre, penjireden kinoň kadrlary kimin geçýän o ýap-ýaşyl otlary görüp otlydan böküp düşäýesiň gelýändir hä?

HÄZIRKI DÖWÜRDE

Tamda iki pişik sataşdy, biri:
— Miýaw, miýaw— diýdi.
Ikinjisi:
— Haw, haw— diýdi.
— E-e bu näme diýmek bolýa?
— Döwürden yzda galan nähili tupoý haýwanaý sen? Häzirki döwürde öz dilinden başka dil bilmeýän barmy?

BAHA

Ýigit söýgülisine ýüzük almak üçin dükana girdi. Almaz daşly ýüzügi halap bahasyny sorady. Bahany eşdip şok bolup ilik çaldy. Başga ýüzügi görkezip:
— Bu näçe?
— Olmi? O iki ilik!…

MAŇA GYGYRMA!

Zoparkda Temel, ýylanlara seredip dilini çykaryp durdy. Zoparkiň işgäri ony görüp:
— Heý nämedýäň-ow sen— diýip gygyrdy.
— Nämä maňa gygyrýaň-aý? Olara gygyrsanow… Öňinjä olar başlada.
6
470
sahet_ashyrov
01.10.2020 13:30
OL ŞEÝLE ÝIGITDI

Aziýa topraklarynda sowuk howa öz hökmüni ýöredýärdi. Şol ýerde bir oglanjyk ejesi bilen bileje ýaşaýardy, onuň bir diýenini iki gaýtalatmaýardy. Ol – gelejegiň Baýezidi-Bistamisi bolmaly, Taýfur diýilýän gögele oglanjykdy.
Bir gün körpe Taýfur mesjidiň howlusynda oýnap ýörkä, ol ýerden geçip barýan Şakiki-Belhi hezretleriniň nazary oňa kaklyşdy. Ol oglanjygy boýdan-başa synlanyndan soň:
– Bu çaga gelejekde beýik şahsyýetleriň hataryna goşular – diýdi.
Baýezidi-Bistami hezretleri kiçiliginden ylym öwrenmäge höwesekdi. Derslerini ürç edip okaýardy. Bir gün okan bir aýaty oňabiçak täsir etdi. Aýatda şeýle diýilýärdi:
– Biz ynsana ene-atasyna mähirli bolmagy emretdik. Ejesi ony nijeme hupbatlar çekip, göwresinde göterendir. Onuň süýtden kesilmegi-de iki ýyl çemesi dowam eder. Biz ynsana şeýle buýurduk: «Hem Maňa, hem-de ene-ataňa minnetdar bol! Unutma, ahyrynda Maňa gaýdyp gelersiňiz.» («Lokman» süresi, 31/14).
Baýezidi-Bistami bu aýatyokap, öýüne gaýtdy. Ejesi oglunyň ir gaýdyp gelmeginiň sebäbini sorady. Ogly:
– Okan aýaty-kerimelerimiň birinde Allahutagala özüne we saňa gulak asmagymy emredýär. Ýa hemişe seniň hyzmatyňda bolaýyn, ýa-da meni azat et, elmydama Allahutagala ybadat edeýin – diýip jogap berdi. Onda ejesi:
– Sen meni alada etme, Allaha ybadat et! – diýdi.
Şondan soň, Baýezidi-Bistami hezretleri düýrmegi bilen Allahutagala ybadat etmäge berildi. Allahyň emrlerini ýerine ýetirmekde hiç haýal-ýagallyga ýol bermedi. Şonuň bilen bir hatarda, ejesinem närazy etmedi. Ejesiniň ýönekeýje bir haýyşynam möhüm bir buýruk hökmünde kabul edip, ýerine ýetirmäge dyrjaşdy. Sebäbi Allahutagalanyň emri şeýledi. On ýedi-on sekiz ýaşlarynda, her kimiň hormatlap, sylaglaýan şahsyýetine öwrülen Baýezidi-Bistami hezretlerinden bu mertebä ýetmeginiň syryny soranlarynda:
– Meni ejemiň eden ýagşy dilegi beýgeltdi – diýip jogap berdi-de, başyndan geçen wakany gürrüň bermäge durdy:
– Ejem garrapdy, özem ýarawsyzdy. Ol aýazly gijeleriň birinde, iňläp: «Balam, suw bersene!» diýdi.Men şol bada ýerimden atylyp turdum-da, suw almak üçin daşaryk çykdym. Seretsem, gaplar takyrap ýatyr. Mis jamy suwdan dolduryp, öýe gelenimde, ejem ýatyp galypdyr. Oýarmadym-da, baş ujunda garaşmaga durdum.
Biraz wagt geçensoň, ejem oýanyp, ýene-de suw sorady. Menem derrew beýleki elimdäki, sowukdan ýaňa doňup galan jamy uzatdym. Buz ýaly jama elimiň hamynyň ýapyşandygyny gören ejem gynanjyndan aglama başlady. Ol hem aglaýardy, hem-de Allahdan şulary dileýärdi: «Ýa Rabby! Men Taýfurdan razy, Senem ondan razy bol! Bu pidakär balamy Özüň görüp oturansyň, men başga näme diýeýin Ýa Rabby, näme diýeýin, näme diýeýin» diýip, üç gezek gaýtalanyndan soň: «Allahym, ony ýalkaweri!» diýip, elini ýüzüne syldy-da, «Ämin» diýdi.
Baýezidi-Bistami hezretleri bulary aýdanyndan soň, sözlerini şeýle jemledi:
– Şol gijeden soň, ruhumda käbir özgerişlikleriň bolup geçýändigini duýup başladym. Eger Allahyň dergähinde bir mertebäm bar bolsa, muňa ejemiň dilegi bilen ýetendigime ynanýaryn.

* * *

Baýezidi-Bistami hezretleri ýaş wagty özüniň käbir ybadatlaryndan lezzet almaýardy. Ol ejesini bu ýagdaýdan habardar etdi.Çaga wagty özüni terbiýelemekde kemçilik goýberen ýerleriniň bolup-bolmanyny sorady:
– Ruhumda Rabbyma ýetmegime päsgel berýän bir zatlaryň bardygyny syzýan. Emma hiç sebäbini bilip bilemok.
Ejesi esli wagtlap pikirleneninden soň:
– Balam, ýekeje zat ýadyma düşýär. Sen ol wagtlar kiçijikdiň. Goňşulara oturmaga barypdym. Gujagymda aglama başlapdyň. Sesiňi goýduryp bilmämsoň, pejiň üstünde bişip duran çorba goňşymdan bidin barmagymy batyrdym-da, agzyňa çyrşadym – diýdi. Muny eşiden ogly ejesinden goňşularany baryp, razylyk dilemegini sorady. Ejesi razylaşandan soň, ybadatlaryndan lezzet almaga başlady.
Hawa, asyl ady Taýfur bolan Baýezidi-Bistami hezretleri Hak bilen dost bolmagyň syrynyňaňyrsynda ejesine eden hyzmatydynyň bardygyny aýdýar. Düýnki gün Allahyň dostlugyny gazanmaga sebäp bolan ene-ata edilen hyzmat bu günem şol dostlugy gazanmaga ýardam edip biler. Garaz,ruhy kämillik ýolunda iň esasy zatlaryň biri hem enäniň razylygyny almakdyr.

* * *
Abbasy halyfy Harun Reşit ägirt uly döwletiň hökümdarydy. Agzyndan çykan her sözi permandy. Näme islese dessine ýerine ýetirilýärdi, bir diýeni iki gaýtalatdyrylmaýardy. Zalym bolmak üçin elinde ähli mümkinçilik bardy, zulum etmek üçin örän oňaýly ýerde oturdy.
Emma, halyfyň paýhasly maslahatçylary onuň göwnüne gelşi ýaly hereket etmegine ýol bermeýärdiler. Harun Reşidiň özi hem olary sylap, haýsydyr bir işiň başyny tutmakçy bolanda ilki ýakyn maslahatçylaryna sala salýardy.
Behlül dana halyfyň iň ýakyn maslahatçysydy. Ýygy-ýygydan halyfa nesihat berip durardy.
Günleriň birinde Behlül üsti-başy tot-tozan halda saraýyň işiginde peýda bolýar. Ony gören halyf:
- Ey Behlül beýle nirelerden gelyärsiň? – diýip soraýar.
- Dowzahdan gelyän, eý, patyşahym, dowzahdan - diýip Behlül jogap berýär. Özüniň ýakyn geňeşçisiniň bu sözünde bir hikmetiň bardygyny aňan halyf, onuň özüçeräk äheňde sowal berýär:
- Soňy haýyr bolsun-da hernä, ol ýerde nämeler etdiň?
- Maňa ot gerek boldy, şonuň üçin gitdim.
- Hawa, onsoň nätdiň, getirip bildiňmi ?
- Ýok, soltanym, getirip bilmedim.
- Näme üçin?
- Ol ýerde ot-ataş yok ekeni. Dowzahyň goragçysy Hazyn: “Bu ýerde ot bolmaz, her kim öz oduny pany dünyäden ýany bilen alyp gelýandir” diýdi.
Pikire çümen halyf danadan:
- Ey, Behlül, bir gün men hem bu dünýäden aýrylamda, ýanym bilen ot äkitmezlik üçin näme etmeli, maňa näme nesihat berersiň? – diýip soraýar. Behlül:
- Eý, şahy älem, siziň köp zada erkiňiz-güýjüňiz ýetýär, zalymlyk elmydama alkymyňyzda garaşyp dur. Eger ýalançydan aýrylanyňyzda ýanyňyz bilen ot äkitmek islemeýän bolsaňyz, size berjek üç nesihatymy pugta belläň. Şony berjaý etseňiz, siz hem halas bolanlaryň – ýany bilen ot äkitmedikleriň hataryna goşularsyňyz.
- Aýt nesihatlaryňy, eşideli.
Behlül:
- Adalat , Adalat , Adalat! – diýip halyfa “üç” nesihatyny aýdýar.
Howa, jogapkärçilikli wezipedäkiler, özgelere buýruk bermäge hukugy bolan her bir adam ýany bilen ot äkitmek islemeýän bolsa, adalatly bolmalydyr. Golastyndaky şahyslaryň hak-hukugyna üns bermelidir.

"Yslam Nury" kitapdan.
5
238
sahet_ashyrov
30.09.2020 13:59
Baýlygy söýmek şer işlere elter. Sebäbi baýlyk ähli şer işler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
6
328
sahet_ashyrov
25.09.2020 12:33
Adalat ýöredilmeýän ýerde millet mukaddes bolup bilmez.
12
186
sahet_ashyrov
23.09.2020 15:05
Pirler hakynda maglumat
Pirler hakynda maglumatlar

Pirler jemi otuz ýedi sany bolup, olar sekiz topara bölunýärler. Owalky dört kysmy ,,Şerigat” pirleridir. Ikilenji dort pir ,,Tarykat” pirleri. Üçülenji dort pir ,,Hakykat” pirleridir. Dordülenji dort pir ,,Yhlas” pirleridir. Bäşilenji dört pir ,,Rukn” pirleridir. Altylanjy dört pir ,,Mezhep” pirleridir. Ýedilenji bäş pir ,,Magryfet” pirleridir. Sekizlenji sekiz pir bolup, olar ,,Muşfiki rahnema” pirleridir.

▶ Şerigat pir hezretleri

1 Adam safyullah.
2 Nuh nebiullah.
3 Ybraýym halylullah
4 Muhammet Mustafa sallyallahu wesellem .

▶ Tarykat pir hezretleri

1 Hz. Ebu Bekir Syddyh ( Syddyh –dogryçyllygyň atasy).
2 Hz.Omar el-Faruk. ( Faruk- halaly haramy tapawutlandyryp bilen).
3 Hz.Osman Zunnureýin. ( Zunnureýin- iki şamçyragyň eýesi).
4 Hz.Aly kerramallahu wejhi ( Allanyň keramaty berilen).

▶ Hakykat pirleri

1 Jebraýyl aleýhissalam.
2 Mikaýyl aleýhissalam.
3 Ezrail aleýhissalam.
4 Esrafil aleýhissalam.

▶Yhlas pirleri Olar ýer ýüzünde diri ýaşap ýören pirlerdir. Olar:

1 hez. Hyzr aleýhissalam.
2 hez. Ylýas aleýhissalam.
3 hez. Idris aleýhissalam.
4 hez. Ysa aleýhissalam.

▶ Rukn pirleri

1 Türküstanyň seri Hoja Ahmet Ýasawy.
2 Horasanyň soltany Aly Musa Rahnema.
3 Peşti Kuhustan Şahnasyr Hysruwy (Syh Mansur)
4 Paýy Hindistan hazreti Ferideddin Şekirgenji.

▶ Mezhep pirleri

1 Ymam Agzam Ebu Hanyfa Kufy rahmetyllah.
2 Hezr. Ymam Şapygy rahmetullahi aleýhi.
3 Hezr. Imam Mälik rahmetullahi alehýi.
4 Hezr. Ymam Ahmet Hanbaly rahmetullah aleýhi.

▶ Magryfet pirleri

1 Hezreti Möwlana Jelaleddin Rumy.
2 hezr. Şems Töwrizi.
3 Hezr. Şeýh Sagdy Wakgas .
4 Hezr. Şeýh Attar.
5 Hezr. Şah Kasym Enweri.

▶ Pir Muşfikiler.

1 Zyýada ata
2 Kette –(uly) ata.
3 Gaýyn ata.
4 Ylym ata.
5 Hünär –kesp ata.
6 Sertaraş ata.
7 Gussal ata.
8 Pir Rahnema- ýagny her işiň ýolbaşçysy.

Bu otuz ýedi pirleriñ atlaryny tanamaklyk her bir ynsanyň borjydyr. Çünki uluglary uly bilmek Allataalany bir bilmek ýalydyr. Muny nesilleriňize hem tälim bermegi ulamalar wesýet edipdir.

▶ On iki Ymamlar

1 hez. Aly kerremallahu wejhi.
2. ymam Hasan.
3. ymam Hüseýin.
4 hez. Ymam Zeýnel Abidin
5. Ymam Muhammet Bakyr
6. Ymam Japar Sadyk.
7 hez. Ymam Musa Käzim.
8 Hesreti Ymam Musa Ryza (Gyzyl ymam)
9 hezr. Ymam Taky.
10 Hezr, Ymam Naky
11 Hezr. Ymam Esgeri.
12 Hezr. Ymam Mäti.

▶ Ýedi Soltan kimlerdir

1 Soltan Hoja Ahmet Ýasawy Horasany.
2 Soltan Baýezid Bistamy
3 Soltan Abu Sagyt Abul Haýyr. ( Mäne baba)
4 Soltan Ybraýym Edhem
5 Soltan Ysmaýyl Samany
6 Soltan Sanjar Mazy
7 Soltan Mahmyt Gaznawy.
4
398
sahet_ashyrov
19.09.2020 13:12
Soltan bolan ynsan we ynsan bolan soltan

Adamzadyň taryhynda heýhatly durmuşy ýaşan hökümdarlar näçe köp bolsa-da, megerem, olaryň arasynda, dünýä ýaň salan hem-de adamzat siwilaziýasynyň emele gelmegine düýpli täsir eden seljuk şalarşalygyna onlarça ýyllap hökümdarlyk eden soltan Sanjar ibn Mälik ibn Alp-Arslan Muizz ed-Din Aby-l-Harys Ahmet ýaly durmuşyň daşgynlaryndan hem gaýtgynlaryndan doly, çarkandakly ömri ýaşany ýok bolsa gerek. Häzirki Yragyň çägindäki Sanjar şäherinde doglandygy üçin türkmenleriň Oguz han döwründen bäri dowam edip gelýän däbine görä “Ahmet” diýen çyn adynyň gapdalyna, doglan ýerine ýanalyp “Sanjar” diýlip tutulýan ady dakylan bu şahsyýetiň ykbalyna göz aýlanyňda, onuň täleýinde pelegiň gerdişiniň aýlanyp-dolanyşy haýran galdyrýar.
Soltanyň gyrnagynyň ogly halyna, öz gujur-gaýratyna, zehinine daýanyp, öz halkynyň söýgüsine mynasyp bolup, ýetginjek ýaşynda ägirt uly şalarşalygyň hökmürowan soltanlygyna göterilen, soňra tutuş Aziýa yklymyny diýen ýaly eýeläp oturan şalygy 40 ýyldan gowrak wagt dolandyryp, uzak wagtlap patyşalyk etmegiň simwoly hökmünde ykrar edilen, ömrüniň ahyrynda bolsa diňe öz bähbidini araýan nebisjeň begzadalaryň alyna aldanyp öz halkyna zulum edip başlandygy zerarly şowsuzlyklaryň pidasyna öwrülip, ençeme ýylyny bendilikde, demir kapasanyň içinde geçiren, iň soňunda-da öz tagtynyň synmagynyň hem-de ata-babalarynyň guran döwletiniň çagşamagynyň şaýady bolmak betbagtlygyna sezewar bolup, ýalňyzlykda aradan çykan, häzirki güne çenli halk arasynda adynyň yzyna “mazy – paýhasyň gönezligi” diýen tahallus goşulyp tutulýan bu ynsanyň ömri beýik-beýik ýeňişlerden hem-de ägirt uly şowsuzlyklardan we ýalňyşlyklardan dolup dur.
Soltan Sanjaryň terjimehaly öwrenilende onuň ömrüni esasan üç tapgyra bölmek bolýar. Birinji tapgyry şazada Sanjar ibn Mälik ibn Alp-Arslan Muizz ed-Din Aby-l-Harys Ahmediň soltanlyk tagtyna eýe bolmak ugrundaky tagallalaryndan ybarat. Ikinji tapgyry soltan Sanjaryň Seljuk şalarşalygyny berkitmek we onuň kuwwatyny artdyrmak babatda amala aşyran beýik işlerinden we şöhratly ýeňişlerinden ybarat. Üçünji tapgyry mekir köşk adamlarynyň we ikiýüzli emeldarlarynyň hile-pirimine aldanan soltan Sanjaryň ýalňyşlyklaryndan hem şowsuzlyklaryndan ybarat.
Soltan Sanjaryň ömrüniň birinji tapgyry barada aýdylanda, ol milady ýyl hasaby boýunça 1084-nji ýa-da 1086-njy ýylda, hijri-kamary ýyl hasaby boýunça 478-nji ýylyň Rejep aýynyň ýigrimi bäşine, şol wagtlar Seljuk soltanlygynyň çäginde ýerleşýän, häzirki Yragyň Sanjar şäheriniň eteginde dünýä inýär. Taryhy maglumatlara görä onuň “Sanjar” ady doglan şäherine ýanalyp dakylypdyr. Beýleki çeşmelerde Mälik şanyň gyrnakdan bolan ogly Ahmediň tutulýan adynyň “naýza bilen parran sançmagy” aňladýan “sanjar” diýen oguz sözünden gelip çykýandygy aýdylýar. Ibn Esir soltan Sanjaryň dünýä inmegi barada şeýle belleýär: “Sanjar şäherinde sol¬tan Sanjar dünýä indi. Oňa Ahmet diýip at dakdylar. Ýöne San¬jar şäherinde doglandygy üçin, oňa Sanjar diýdiler. Ejesi hem “ümmi welet (hojaýynyna çaga dogrup beren)” gyrnakdy”.
12 ýaşynda Horasanyň häkimi diýlip yglan edilen soltan Sanjaryň ömrüniň birinji tapgyry onuň özüniň doganlary soltan Berkýaryk, Mälik şa II, Mahmyt I, daýysy soltan Muhammet I dagylar we beýleki seljuk şalary hem emirleri bilen Beýik Seljuk şalarşalygynyň tylla tagtynyň üstündäki, şeýle hem goňşy döwletleriň hökümdarlary bilen ýer-ýurt üstündäki söweşlerden doly. Soltan Sanjaryň 15 ýaşynda başlanan tagt üstündäki söweşler ol 30 ýaşyna ýetende onuň tutuş soltanlygyň tagtyna çykmagy bilen üstünlikli tamamlanýar. Şol döwürde-de soltan Sanjar Jeýhun derýasyndan Orta ýer deňzine çenli aralykda ýaýylyp ýatan mähnet şalarşalygyň ýeke-täk hökümdary bolmak bilen öz ýurdunyň pajarlap ösmeginiň ugrunda ýadawsyz zähmet çekip başlaýar.
Soltanlyk tagtyna eýe bolmagy hem-de ruhy we akyl taýdan doly ýetişmegi bilen soltan Sanjaryň ömrüniň birinji jahyllyk tapgyry tamamlanyp, ikinji, kämillik tapgyry başlanýar. Şol döwürde soltan Sanjar tarapyndan şalarşalygyň paýtagty diýlip yglan edilen Maru-şahu-Jahanda edebiýat, sungat, ylym, senetçilik gülläp ösýär. Merwde hereket eden soltan obserwatoriýasynda hakdan içen şahyr, meşhur matematik hem-de zehinli astronom Kyýaseddin Abulfath Omar ibn Ybraýym Nişapuri Omar Haýýam, Merwde iki sany kitaphanany esaslandyran we saklan Samanylaryň neslinden bolan, “Kitap al-Ansab” („Asyl atlaryň nesil daragt kitaby” ýa-da „Atlaryň şejere kitaby”) atly meşhur enlopediýanyň ýazary Abu Sagt Abdulkerim as-Samany, Abul Fath Abdyrahman al-Mansur al-Hazyny, şahyrlar Ferideddin Attar, Owhateddin Muhammet Enweri Abywerdi ýaly Gündogaryň meşhur şahslary zähmet çekipdirler we ýaşapdyrlar.
Soltan Sanjar öz ömrüniň ikinji böleginde ylmyň-bilimiň, medeniýetiň ösmegi, ylym we sungat adamlarynyň öz işleri bilen erkin meşgullanmaklary üçin ähli şertleri döretmäge çalşypdyr. Ägirt uly döwletiň esasy şäherlerinde, esasan hem Merw-Şahu-Jahanda kitaphanalar, medreseler gurupdyr, ýokarda görkezilenlerden başga-da dünýä belli alymlary, zehinli şahyrlary köşgüne çagyryp, olaryň döredijilikli zähmet çekmegi üçin mümkinçilikler döredipdir.
Soltan Sanjaryň ylma-bilime nähili sarpa goýandygynyň ýekeje mysaly hökmünde meşhur arap geografy we taryhçysy Ýakutyň habar berýän birje wakasyny ýatlamak bolar. Ýakutyň ýazmagyna görä, soltan Sanjaryň döwründe Merwde Atyk ibn Abu-Bekir atly müşki-anbar we ýakymly ysly otlary satýan ýönekeý söwdagär ýaşapdyr. Ol sowatly, kitaphon adam bolandygy zerarly tapan ýerinden kitaplary jemlemek bilen meşgullanyp, birnäçe ýylyň dowamynda 120 müň jiltden ybarat ägirt uly şahsy kitaphanasyny döredipdir. Bu kitaphana barada eşiden soltan Sanjar Atyk ibn Abu-Bekiri ýanyna çagyryp, onuň bilen söhbetdeş bolupdyr we oňa hormat hökmünde öz köşgünde uly wezipe beripdir. Şol ýyllarda soltan Sanjar barada Ibn Esir: „Ol güýçli, asylzada, raýatlary bilen mähirli hökümdardy, onuň golastynda ýurtda abadançylyk höküm sürýärdi” diýip belläp geçipdir.
Dünýä belli, soltan Sanjaryň mawzoleýi „Darul-ahyra (Ahyret öýi)” hem soltan Sanjaryň özi aýatda dirikä, onuň buýrugy bilen gurlup başlanýar. Orta asyr arhitekturasynyň deňsiz-taýsyz nusgasy bolan bu ymarat, Mary şäheriniň golaýynda ýerleşýär we ol Türkmenistanyň çägindäki ÝUNESKO tarapyndan Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni ýadygärlikleriň biri bolup durýar.
Taryhy maglumatlara görä, soltan Sanjaryň mawzoleýi XII asyryň ortalarynda ady belli binagär Muhammet ibn Atsyz as-Sarahsy tarapyndan gurlupdyr. Soltan Sanjaryň mawzoleýini orta asyr awtorlarynyň biri Reşiteddin (XIV asyr) “dünýäde iň uly jaý” diýip atlandyran bolsa, Isfizary (XV asyr) ýadygärlige “munuň özi älem-jahanda iň uly gurluşyklaryň biridir we ol zaýalanmak özüne galtaşyp bilmejek derejede mäkämdir” diýip baha beripdir.
Soltan Sanjaryň mawzoleýiniň salynmagy barada halk arasynda saklanyp galan birnäçe rowaýatlar bolup, olaryň birinde şeýle diýilýär: “Soltan Sanjar asmandan inen hüýr-melek bilen söýşüpdir. Peri oňa özi bilen durmuş gurjak bolsa üç şertini bitirmelidigini aýdypdyr. Birinji şerti, periniň saçyny daraýşyna seretmeli däl, ikinjisi, ýörände onuň ökjesine seretmeli däl, üçünjisi hem perini bilinden gujaklamaly däl eken. Bilesigeliji soltan şertleri birbada kabul etse-de, soňra olaryň üçüsini hem bozupdyr. Ol hüýr-melegiň saçyny daranda kellesini eline alyp daraýandygyny, ýörände ökjesiniň ýere degmeýändigini synlapdyr, gujaklanda hem biliniň süňksüzdigini bilipdir. Şertleriniň bozulandygyna dergazap bolan perizat ak guşa öwrülip, asmana uçup gidipdir. Soltan Sanjar gözüni ýaşlap, onuň yzyndan: “Men seni görüp durmasam ölerin” diýip gygyrypdyr. Perizat asmanda pel-pelläp durşuna: “Meni görjek bolsaň beýik hem owadan ymarat saldyr. Men her anna güni şol ymaratyň depesindäki deşikden saňa gararyn” diýipdir-de uçup gidipdir. Şondan soňra soltan Sanjar şu kübreti saldyranmyşyn...”.
Ondan başga-da soltan Sanjar ömrüniň ikinji tapgyrynda hökümdarlyk eden ýyllarynda, has takygy 1102-nji ýylda öz ýurduna goşun çekip gelen Kaşgarly garahany hökümdary Kadyrhan Jebraýyly Termeziň eteginde ýeňýär, 1117-nji ýylda soltan Sanjar gaznawylaryň neslinden bolan Arslan şany ýeňip, Gaznany alýar we şalygyň tagtynda beýleki bir gaznaly Bahram şany oturdýar. Ondan başga-da şol ýyllarda soltan Sanjar içerki pitneleriň ençemesini basyp ýatyrmak bilen seljuk soltanlygyny öz-özünden dargamak we çagşamak howpundan hem halas edýär.
Taryhy maglumatlar öwrenilende, taryhy şahsyýetleriň aglaba köpüsiniň durmuşynda olaryň ykbalynyň çökmeklige başlaýan, täleýiniň ters gelýän gününiň bolýandygyny görmek bolýar. Soltan Sanjaryň hem şum takdyrynyň başlanýan güni hökmünde 530-njy hijri ýylynyň sapar aýynyň 5-ni ýa-da 1141-nji milady ýylynyň 9-njy sentýabryny görkezmek bolar. Taryhçy Ibn Esir bu gün barada: „Soltan Sanjar ol güne çenli mydama bagtly we bagtyýardy” diýip belleýär. Hut şu güni hem soltan Sanjaryň şan-şöhrata we hasrata beslenen ömrüniň şowsuzlyklardan we betbagtlykdan doly üçünji tapgyrynyň ilkinji güni diýip ykrar etmek bolar. Şol gün Samarkandyň etegindäki Katwanda, soltan Sanjaryň duşmany, özbaşdak hökümdar bolmak üçin pitne yzyna pitne turuzýan horezmşa Atsyz ibn Muhammediň meçew bermegi bilen Mawerannahra goşun sürüp giren garahytaýlar öz gürhanlary Kuhanyň ýolbaşçylygynda soltan Sanjaryň baştutanlygyndaky seljuk goşunlary bilen garpyşýarlar. Şol söweşde garahytaýlar ýeňýärler we diňe Dergam jülgesinde saýlama seljuk esgerleriniň on müňüsi wepat bolýar.
Bu söweşiň seljuklar üçin şeýle pajygaly tamamlanmagyna-da, hemişe bagt hem şowlulyk ýar bolandygy zerarly şan-şöhradynyň jahana ýaýraýşy ýaly, badyhowalygy hem ulalyp-ulalyp dünýä dolan soltan Sanjaryň tekepbir duýgularyna jylaw salyp bilmän, ata-babalarymyzyň „duşmanyň peşeçe bolsa pilçe gör” diýen nakylyny undup, öz üstüne sürnüp gelen ýagyny äsgermezlik edendigi sebäp bolýar. Rowaýata görä, soltan Sanjar garahytaýlaryň gürhany Kuhana hat ýazyp, ony yslam dinini kabul etmäge çagyrýar hem-de „eger yslam dinini kabul etmeseň, eýle ederin, beýle ederin” diýip, oňa haý¬bat atýar, şeýle hem esgerleriniň köplügi we sypatlary bilen öwünýär, ola¬ryň dürli ýaraglary ulanyşlaryny çakdan aşa ulaldyp aýdýar. Hatda: „Esgerlerimiz atan oklary bilen bir gyly hem deň ikä bölerler” diýip ýazýar. Soltan San¬jaryň weziri Tahyr ibn Fahrulmülk ibn Nyzamylmülk beýle ha¬tyň ýazylmagyna garşy bolýar. Ýöne soltan Sanjar ony diňle¬män haty iberýär. Ol hat gürhan Kuhana ýetende, ol soltan Sanjaryň ilçisiniň sak¬ga¬ly¬nyň ýolunmagyny emr edýär. Soň bolsa ilçä bir iňňe berip sak¬ga¬lynyň bir gylyny deň ikä bölmegini teklip edipdir. Ilçi muny ba¬şar¬mandan soň gürhan Kuhan oňa: „Sen iňňe bilen bir gyly deň ikä bölmekden ejiz geldiň, onsoň beýleki esgerleriňiz bir gyly peýkam bilen nädip ikä bölüp bilerler” diýýär we öz goşunlaryny söweşe taýynlap başlaýar. Katwandaky söweşde soltan Sanjaryň özi bary-ýogy on bäş sany esgeri bilen halas bolmagyň hötdesinden gelýär, onuň aýaly bilen ýakyn serkerdeleriniň biri emir Kumaç bolsa garahytaýlaryň eline ýesir düşýärler.
Şondan başlabam, bu beýik seljuk soltanynyň ömrüniň birinji we ikinji böleginde oňa şowlulyklaryň hem bagtyň ýar bolşy ýaly, ony yzarlaýan şowsuzlyklaryň hem pajygaly säwlikleriň yzy üzülmeýär. Ilki bilen soltan Sanjaryň garahytaýlardan ýeňleninden peýdalanyp horezm şasy Atsyz birnäçe gezek oňa garşy baş galdyryp, şalarşalygyň paýtagty Merwi we esasy şäherleriniň biri Nişapury basyp alýar. Soňra soltan Sanjaryň öz paýtagtyny Atsyzyň elinden gaýtaryp alandygyna we tekepbir horezmşasyny aman dilemäge mejbur edendigine garamazdan bedeniniň garraýşy ýaly ruhy kuwwaty hem ysgyndan gaçyp ugran goja soltana öz hökümdarlygyny öňki güýjünde dikeltmek başartmaýar. Ýaşy gidişdigiçe-de soltan Sanjaryň, ony şan-şöhradyň hem hökümdarlyk mertebesiniň çür başyna ýetiren paýhasly we ýanbermez erkiniň gowşaýandygyndan peýdalanan emeldarlar, ýalan-ýaşryk maglumatlar, gybat-al, hile-pirim bilen hemişe öz halkyna rehimdar göz bilen garap, öz raýatlarynyň arasynda çirksiz abraýdan peýdalanan hökümdary öz halkyna garşy durmaga, raýatlaryna zulum etmäge iterýärler.
Soltanlygyň Balh welaýatynda döwlet üçin paç-hyraç ýygnamaklyk üçin ugradylan emir Kamaç soltanyň adyna duwlanyp şahsy nebsini gandyrmak üçin ýerli oguz-türkmen ilatyna, soltan Sanjaryň aslybir garyndaşlaryna, nähak ýere sütem edýär, gözi gyzaryp iliň-günüň namysyna-mertebesine degýän hereketleri etmeklige başlaýar. 1153-nji ýylda, Dinar, Bagtyýar, To¬ty, Arslan, Jagar we Mahmyt atly emirleriň ýolbaşçylygynda Balhyň töwereginde ýaşaýan türkmenler, bihuda ýere yrsarap öz üstlerine on müň atlysy bilen çapawulçylyga gelen emir Kamaça özleriçe temmi berýärler. Ony ýeňip, it masgarasy edip kowup goýberýärler. Soltan Sanjaryň huzuryna şikaýata baran emir Kamaç öz eden zulumynyň üstüni ýaşyryp, Balhyň oguz-türkmenlerini başbozarlykda hem-de soltan häkimiýetine sarpa goýmazlykda aýyplaýar. Şol döwürler ýaşy ýetmişe golaýlaberen soltan Sanjar bolan wakanyň änigine-şänigine doly göz ýetirjek hem bolman öz kowumdaşlarynyň üstüne uly goşun sürýär.
Balh türkmenleri öň garahytaýlaryň zulumyndan gaçyp gelenlerinde özlerine howandarlyk edip, Balhdan ýer berendigi üçin soltan Sanjara minnetdar bolup ýörendikleri sebäpli, onuň bilen söweş etmäge bogunlary ysman ýaraşyk teklip edýärler. Emir Kamaçyň eden-etdiligi barada habar berýärler we öz eden işleri üçin soltandan ötünç sorap, öň soltanyň gaznasyna her ýylda her öýden 200 kümüş dirhem salgyt töleýän bolsalar, şonuň üstüne ýene-de her ýylda 50 müň düýe we bedew atlary, 200 müň goç bermek barada söz berýärler. Emma öz emeldarlarynyň gepine giden hem-de gahar-gazaba erkini aldyran soltan Sanjar öz kowumdaşlarynyň towakgasyna gulak asmaýar. Taraplaryň arasynda başlanan söweşiň netijesinde soltan Sanjaryň goşuny ýeňlip, onuň özem bendilige sezewar bolýar. Soňra Balh oguz-türkmenleri soltanlygyň paýtagty Merwi hem ikinji paýtagt hasaplanýan Nişapury basyp alýarlar. Keç ykbala uçran goja soltan Sanjar bolsa üç ýyllap, tä 1156-njy ýyla çenli öz kowumdaşlarynyň elinde ýesirlikde bolýar. Ibn Esiriň ýazmagyna görä, öz ellerinde ýesirdigine garamazdan oguz begleri soltan Sanjaryň ýanyna ge¬lip, oňa: „Biz seniň gullaryň, saňa tabynlykdan çykmarys. Biz se¬niň biz bilen söweşmek üçin gelmändigiňi bilýäris. Seni sö¬we¬şe iterdiler. Sen soltansyň, biz bolsa seniň raýatlaryň” diýip, ony tylla tagta mündürip hormat goýmaklaryny dowam etdiripdirler.¬ Emma Ibn Esir bu hormatyň diňe göz üçin bolandygyny hem beýan edýär.
Üç ýyldan soň, 1156-njy milady ýylynda ýa-da 551-nji hijri ýylynyň oraza aýynda soltan Sanjara oguzlaryň elinden gaçmak başardýar we ol uzak ýoly geçip Merwe gelýär. Merwde ol täzeden soltanlyk tagtyna çykýar. Emma kynçylyklardan hem meýlislerden doly uzak ömri ýaşan goja soltan şondan soň kän ýaşaman, 1157-nji milady ýylynda ýa-da 552-nji hijri ýylynyň dört tirkeşiginiň birinji aýynda Merwde, soňy içgeçmä ýazan aşgazan keselinden aradan çykýar. Ony özi üçin gurduran Ahyret öýünde (Dar-ul-Ahyrada) jaýlaýarlar. Şeýdibem, gyrnak bilen hökmürowan hem ady jahana dolan paýhasly soltanyň söýgüsinden dünýä inen, öz ukybynyň hem gaýratynyň hasabyna ägirt uly şalarşalygyň soltany bolmagyň we ýaş başyna özüniň ähli duşmanlaryny ýeňmegiň hötdesinden gelen, öz rehimdarlygynyň, parasatlylygynyň hasabyna millionlarça adamlaryň söýgüsini gazanyp, asyrlaryň dowamynda halklaryň hakydasyna siňmegiň hötdesinden gelen, soňam ýalňyşlyklaryň we öz hyjuwlarynyň pidasy bolup, ykbalyny bagyş edip berkarar eden döwletini elinden gideren, iň ahyrynda-da ýene-de pelegiň oýny bilen hökümdarlyk tagtynda amanadyny tabşyrmak maňlaýyna ýazylan, ynsanlaryň her birine mahsuslykda kemçiligi we artykmaçlygy bolan, bu soltan bolan ynsanyň we ynsan bolan soltanyň ömür kyssasy tamam bolupdyr.
Şu ýerde, juda çarkandakly ömür ýoluny geçen we amala aşyran işlerine gutarnykly baha kesmek örän kyn bolan bu taryhy şahsyýetiň ykbaly hem-de adamzadyň durmuşyna ýetiren täsiri barada bir ýagdaýy bellemek ýerlikli bolar. Türkmençilikde amanadyny tabşyran bende diňe nesilleri, ondan soňkular tarapyndan ady tutulmagy, ýatlanylmagy bes edilenden soň hakykatdanam hem gaýyby bolýarmyş diýen bir ynanç bar. Soltan Sanjaryň bolsa dünýäden gaýdanyna müň ýyla golaý wagt geçendigine garamazdan, henizem halk arasynda ady tutulmagy dowam edip gelýär. Özi-de bu beýik şahsyýetiň ady, diňe bir onuň ömrüniň hem ölüminiň maddy aňlatmasy hökmünde dikelip duran äpet guburhana bilen baglylykda-da agzalmaýar. Orta asyrlardan häzirki günlerimize çenli, soltan Sanjar halk arasynda giňden ýaýran ençeme rowaýatlaryň gahrymany hökmünde çykyş edip gelýär. Şol rowaýatlarda-da ol „mazy – paýhasyň gönezligi” diýlip atlandyrylýar. Bu ýagdaý bolsa taryhy şahsyýetiň özüniň ýagşy işleri, pajygaly ykbaly ýa-da üstünlikleri hem şowsuzlyklary bilen halkyň hakydasynda mäkäm we ebedi orun alandygynyň, onuň ölümden soňky başlanan, adaty dirilige garanyňda has uzaga gidýän ömrüniň dowam edýändiginiň iň esasy hem aýdyň subutnamasydyr.
3
122
sahet_ashyrov
18.09.2020 08:59
JELALEDDIN MEÑBURUN

Türkmen taryhyndaky meşhur gerçekleriň biri Jelaleddin Meňburun Horezmşalar döwletiniň soltany Alaeddin Muhammediň Aýjäjek diýen aýalyndan bolan uly ogludyr. Gynansak-da, çeşmeleriň ählisi Jelaleddiniň doglan wagty, onuň ýaşlygy hakda «dymýarlar». Internet maglumatlarynda onuň doglan wagty hakdaky 1199-njy ýyl bilen belgilenen sene hakykata golaý bolsa-da, anyk däl. Biz tagta geçen wagtynda döwleti dolandyryp biljek kämil ýaşda — 20 ýaşlarynda bolandygyny göz öňüne getirip, Jelaleddini, takmynan, 1200-nji ýylda doglandyr diýip çaklaýarys. Taryhy çeşmelerde şar gara saçly, dag maralynyňky ýaly balkyldap duran owaly, şar gara gözli, ýaňak bilen burnunyň düýbi hally diýlip sypatlandyrylýan Jelaleddin, takmynan, 15 ýaşlarynda kakasy tarapyndan Owganystanyň merkezi Gazna hasaplanýan Gur, Hyrat, Bust, Garçystan, Seýistan ülkelerine we Hindistan bilen serhetleşýän welaýatlara mälik edilip bellenilipdir.
Bary-ýogy 30 ýaşdan sähelçe geçen Jelaleddiniň tutuş ömri mongollara garşy göreşde geçýär. 1216-njy ýylda 16 ýaşly ýetginjekkä häzirki Gazagystanyň demirgazygynda Turgaý welaýatynyň çäklerinde Irgiz derýasynyň aňyrsynda kakasy Muhammet II-niň 60 müň adamly goşunynyň mongollar bilen bolan ilkinji çaknyşygynda Jelaleddiniň goşunyň sag ganatyna serkerdelik edip, görkezen aýratyn gahrymançylygy Horezmşany ýeňlişden halas edipdir. Ýöne daşary syýasatda esasy ünsüni Bagdat halyflygy bilen gatnaşyklary birýüzli etmäge gönükdiren Horezmşa Muhammet bu ýeňşe känbir ähmiýet bermändir. Jelaleddin 21 ýaşynda, 1221-nji ýylda Nusaýyň golaýynda 300 adamlyk kiçijik ýygyny bilen 700 adamly mongol ordasy bilen çaknyşyp, ajaýyp ýeňiş gazanýar. Hut şol ýylda ol mongollary Weliýan galasyndaky, Perwanadaky söweşlerde ýeňýär. Türkmen serkerdesiniň bu ýeňişleri mongollaryň ýeňilmezekdigi hakdaky myş-myşlary çalam-çaş edýär. Onuň garşysyna hut Çingiz hanyň özi söweşe çykýar. Garadan gaýtmaz Jelaleddin türkmene mahsus mertlik bilen garşydaşy Çingiz hana ilçi ýollap, hut onuň özüni söweşe çagyrýar:

«Söweşmek üçin islendik ýeri saýla, men gelerin!».

1221-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Hind derýasynyň boýundaky Nilab geçelgesiniň ýanynda bolan bu jeňde Jelaleddin birbada üstünligem gazanypdyr. Hatda Çingiz hanyň özem atyna münüp gaçypdyr. Emma hilegär Çingiziň ätiýaçdaky 10 müň atlysyny söweşe salmagy söweşiň ykbalyny onuň peýdasyna çözüpdir. Mongollar Emin Mäligiň ýolbaşçylygyndaky sag ganata hüjüm edip, ony kül-peýkun edipdirler. Çingiz han Je­laleddini diri tutmagy buýrupdyr.
Daş-töweregini duşman alan, bir tarapy hem kert gaýa bolan ýagdaýda soltan halas bolmaga umydynyň galmandygyna göz ýetiripdir. Duşmandan aman dilemek ýa-da onuň eline diri ýesir düşmek Jelaleddin ýaly türkmen isimli mert ärleriň işi däldi. Şonuň üçinem ol keremli Alladan medet isläp, atyny gaýadan derýa oklapdyr. Jan süýji bolansoň, töweregindäki nökerleri hem ha­las bolmak üçin, onuň hereketini gaýtalapdyrlar. Jelaleddin sag-aman derýanyň aňyrky kenaryna geçip, Çingiz hana garap, ýumrugyny düwüpdir. Jelaleddiniň gahrymançylygyny gören Çingiz han öz gözügidijiligini we duşmanyna bolan pynhan buýsanjyny daşyna çykaryp, öz ogullaryna: «Görüň, anha, atasynyň hakyky ogly şeýle bolmalydyr!» diýipdir.
Hindistanda güýç toplap, Horezmşalaryň mongol atlarynyň tozy astynda kül bolan şadöwletini gaýtadan dikeltmek umydy puja çykansoň, Jelaleddin 25-31 ýaş aralygynda 6 ýyllap Eýranda, Kawkazda, Anadolyda beýleki garyndaş türkmen neberelerini bir ýere jemläp, öz döwletini döretmek üçin köp tagalla edýär. 25 ýaşynda (1225 ý.) Ermenistanyň paýtagty Dwin şäherini eýeleýär. 26 ýaşynda (1226 ý. 9-njy marty) Tiflis şäherini boýun egdiripdir. 27 ýaşynda (1227 ý.) Yspyhanyň eteginde mongollaryň üstünden ajaýyp ýeňiş gazanýar. Bu ýeňşiň mongollaryň öňe süýşmegini azyndan bäş ýyl yza serpikdirendigini adalatly belleýän taryhçylar bar. 30 ýaşynda (1230 ý.) Ahlat galasyny eýelemegi welin, onuň garşysyna bileleşigiň döremegine hem-de döwletiniň pajygaly ýagdaýda synmagyna sebäp bolýar.
Ýeri gelende ýatlasak, Jelaleddiniň eden ýörişleriniň baýlyk toplamak ýa talaňçylyk etmek maksady bilen guralmandygyna onuň Gürjüstana ýörişem şaýatlyk edýär. Soltanyň hut özüniň baýlyga döwtalap däldigini gürji ýazyjysy Grigol Abaşidzäniň «Uzaga çeken tümlük» romanyndan alnan aşaky parça hem görkezýär:

«Eger-de meniň esasy maksadym tütjar bolmak bolsady, onda men şu gün şol maksadyma ýetdim diýip bilerdim — diýip soltan içinden pikir edýärdi. — Bu dünýäde şundan uly baýlyk gerek däl. Ýöne meniň esasy maksadym tütjar bolmak däl. Men bu baýlygy, bu altyndyr lagly-jowahyrlary gylyja, galkana, naýza, ýyndam atlara, tüýs men diýen jahyl esgerlere öwürmeli. Bu altyn üýşmegi demir sowutly ýygyn bolmaly, ana, şonda men Çingiz hanyň leşgeri bilen ýüzbe-ýüz bolup bilerin, hany, göreli bakaly, şonda kimiň güýji rüstem gelerkä? Bu ýüzbe-ýüz duşuşyk haçan-nirede bolarka?»

Biraz öňe gidip, bir hakykaty ýatlalyň — emma ykbal soltana özüniň mynasyp saýan duşmany Çingiz han bilen ikinji gezek ýüzbe-ýüz duşuşmak pursadyny bagyş etmändi. Öz batyrlygyna, boýunegmezekligine mynasyp baha kesýän beýik duşmany Çingiz hanyň ölendigini eşiden Jelaleddin üçin indi dünýä gyzyksyz pişä öwrülipdir.
Meşhur türkmen soltany Jelaleddin hakda dürli döwürde, dürli dillerde, dürli matlap bilen ýazylan taryhy çeşmeleriň, eserleriň, ylmy işleriň sany örän kän. Olary ilik-düwme öwrenip, «Çingiz hanyň garşydaşy: Horezmşa Jelaleddin Meňburun, şahsyýeti we zamanasy» atly monografiýany (Moskwa, 2013 ý.) ýazan rus alymy D.M.Timohiniň adalatly belleýşi ýaly:

«Jelaleddin Meňburun Gündogaryň ençeme sebitleriniň taryhyna aýdyň sahypalary ýazan adatdan daşary, üýtgeşik, geň galdyryjy şahsdyr. Onuň ýörişlerini hem-de syýasy ädimlerini gurak beýan etmeklik bizi onuň işine mynasyp baha bermäge ýakynlaşdyrman, tersine, gaýtam ondan daşlaşdyrýar".

Jelaleddiniň daş keşbi, gylyk-häsiýeti, nusgalyk sypatlary we kemçilikleri barada döwrüniň taryhy çeşmelerinde birnäçe maglumatlar saklanyp galypdyr. Olaryň arasynda biziň üçin has ygtybarlysy soltan bilen ençeme ýyllap bile tirkeşen, onuň kätibi bolan Nesewiniň sözleridir:

«Ol garaýagyz, ortadan uzyn boýly ýigitdi, zybany türkmendi, emma pars diline-de suwarady... Ol arslanlaryň arslanydy, gaýduwsyz, garadangaýtmaz edermen ýigitleriň içinde iň bir gaýduwsyzydy. Danady, gaharlanmaýardy, käýinmek, sögünmek oňa ýatdy. Ol örän salykatlydy, hiç haçan gülmeýärdi, diňe ýylgyryp oňaýýardy. Köp gürlemeýärdi. Ol diýseň adalatlydy, adalaty söýýärdi, emma onuň zamanasy pis bolup, bulagaýlyklaryň, uruş-gowgaň örç alan zamany bolansoň, onuň häsiýetine täsirini ýetirdi. Ol raýatlarynyň durmuşyny ýeňilleşdirmegiň aladasy bilen ýaşaýardy, ýöne döwletiň, agyr soltanlygyň synýan pursady bolanyndan soň, güýje daýanyp, zorluk etmäge-de mejbur bolupdy».

Emma D.M.Timohiniň dogry belleýşi ýaly, «Jelaleddini öz döwrüniň hetdenaşa gazaply hökümdary hasaplamak düýbünden dogry däldir».
Soltanyň ömür beýanyny ýazan nusaýly taryhçy Muhammet Nesewi ata Watanyny terk etmäge mejbur bolan Jelaleddiniň indiki durmuşyny «ajalyň agzyndan sypyp barýan sergezdana» meňzedipdi. Nesewi Jelaleddini musulmanlary mongol howpundan goran ýeke-täk galkana deňäpdi.
Taryhy öwreniji alym A.Ýazberdiýew «Gürgenç — Gündogaryň orta asyrlar döwrüniň ylmy we medeni merkezi» (— A. — 2018 ý.) kitabynda bu türkmen gerçegi hakda XVIII-XIX asyrlarda ýaşan meşhur alym K.D.Ossonyň: «Jelaleddin häsiýeti boýunça generaldan ýa-da hökümdardan tapawutlylykda, söweşjeň türkmen esgerine has meňzeş bolupdyr», J.A.Boýluň: «Jelaleddin we onuň goşuny tatarlar (mongollar) bilen yslamyň arasyndaky böwsülmez diwary döredipdir» diýen sözlerini mysal getirýär.
E.Braun Jelaleddini we onuň egindeşlerini «1220-1231-nji ýyllarda wagşy mongollaryň ägirt uly ordasynyň öňünde duran yslamyň iň soňky sarsmaz galasy» diýip atlandyrypdyr. «Eýranyň Kembrij taryhynda» birnäçe kemçilikleri goýberendigine garamazdan, Jelaleddiniň yslam dünýäsi bilen mongollaryň arasynda sarsmaz gala bolup durandygyny, onuň wepat bolmagyndan soň onuň ýykylandygyny, indi ne Eýýubylaryň, ne-de Seljuklaryň mongol howpuny serpikdirip biljekdigi ýazylýar.

Hakykatdan-da, Jelaleddiniň şahsyýetine kesgitli, anyk baha bermek birtaraplayyn hem-de eg bolardy. Eger ol gowşak syýasatçy bolanda, Horezmşalar şadöwleti ýykylandan soň, hatda onuň ozalky çägine girmedik ýerlerde oňa öz döwletini gurmak başartmazdy. Jelaleddiniň agzalan sebitdäki döwletleri basyp almak pikiriniň bolmandygy, asla bolup hem bilmejekdigi äşgär. Emma diňe öz bähbitlerine gulluk edýän, dowam edýän halkara ýagdaýyndan sowukganlylyk bilen baş çykaryp bilmeýän, duşmanyň diňe öz üstünden sowulmagyny isleýän, il-ýurduny, ar-namysyny baş orunda goýman, köşgüň ýumşak tagtyny ähli zatdan ileri gören hökümdarlar Jelaleddinden howatyr edipdirler, ony özlerine duşman saýypdyrlar. Gorkusyna oňa tabyn bolanlaram çemini tapsa, gozgalaňa baş göteripdir. Hatda dogany Gyýaseddinem özünden ýüz öwrüp, söweşde namartlyk edip gaçansoň, Jelaleddin lapykeçlige düşüpdir, kimi dost, kimi duşman saýjagyny bilmändir. Ol bu ýerleriň halklaryny mongollara — dinibaşga duşmanlara garşy göreşmek üçin birleşdirmäge, yslam dinini goramaga birnäçe gezek synanyşypdyr. Şu maksadyna ýetmek üçin gepleşikler geçiripdir, türkmen diplomatiýasynyň inçe tilsimlerini «ýarag edinipdir», duşmanyny hem öz tarapyna çekmäge synanyşypdyr, gan dökmezlik üçin hilegärlige-de ýüz urupdyr, zerurlyk bolsa abaý-syýasat hem edipdir, çykgynsyz ýagdaýlarda güýjem ulanypdyr. Gerek ýerinde öz doganynam sylap goýmandyr. Gürji şazenany Rusudana, sebitdäki iri türkmen döwletlerine — seljuk türkmenleriniň Anadolydaky döwletiniň soltany Alaeddin Keýkubat I-ä hem-de Müsürde we Siriýada häkimlik süren Eýýuby mäliklerine mongollara garşy birleşmek hakda eden teklipleri puja çykypdyr. Emma mongollara garşy göreşde yslam döwletleriniň arasynda goldawsyz galan Jelaleddin öz gylyjyny bularyň garşysyna hem götermäge mejbur bolupdyr. Iň soňky Horezmşa öz döwrüniň musulman hökümdarlarynyň biri hökmünde hereket edipdi.

Muhammet Nesewiniň gynanç bilen ýazyşy ýaly: «Soltan dünýäniň, gör, näçe ýurdunda näçe ýola söweşe girip, duşmanlaryny kül-peýkun eýledi, ol ajalyň agzyndan, howpuň holtumyndan, külpetleriň girdabyndan mydama ýeňiji bolup çykdy. Haçan-da onuň müddeti tamam bolanynda, arlap duran algyr ýolbars nagrasy bilen daglary elendirýän ýolbars tilkiniň elinde jan bermeli boldy». Mongollara garşy dynuwsyz göreşen türkmen gerçegi Jelaleddiniň ömür tanapy 1231-nji ýylda Gürjüstanyň geçmesi kyn dag geçitleriniň birinde bir haýynyň hanjaryndan kesilýär. Şol wagt ol ýaňy 30-dan geçen men diýen ýigitdi. Ömrüni gojaman daglaryň goýnunda tamamlan bu türkmen gerçeginiň mazarynyň nirededigi nämälimligine galýar. Halk birbada soltanyň ölümine ynanmandyr. Bellemeli zat, taryhçy Ibn Esir Jelaleddiniň ölüminden habarlam bolsa (Ibn Esir Jelaleddinden üç ýyl soň, 1234-nji ýylda aradan çykypdyr), musulman äleminiň guwanjyna öwrülen türkmen gerçeginiň ölümini ýatlamak islemändir we kitabyny 1231-nji ýylyň wakalary bilen tamamlapdyr.

Soltanyň nesillere nusgalyk ömrüniň beýanyny ýazan Muhammet Nesewide şeýle setirler bar: «Ynha, Jelaleddiniň keç çeken ykbaly: ol ýykyldy, emma ýene-de turdy, ol uçgun ýaly köräp öçere geldi, emma birdenem ýangyn ýaly tutaşyp dünýäni tutdy. Çarhypelegiň gerdişi bilen bagtyna örän eýmenç zamanada, soltanlyk dargan çagynda soltanlyk etmek miýesser etdi, ol gazaply söweşlerde il oglunyň, ýurt oglunyň, watanparaz serdaryň niçiksi bolmalydygyny görkezdi... Jelaleddin ýöne bir adam däl, ol meger Ylahynyň arzylan perzendidir. Muňa onuň 11 ýylyň içinde taryha ýaň salan 14 sany uly söweşde üstün çykandygyny ýatlamak hem ýeterlikdir!».

Zehinli edebiýatçy R.Pirjanowyň «Jeň meýdanynyň jöwheri» atly makalasynda adalatly belleýşi ýaly, «Bir gün ol ýerde, bir gün bu ýerde, açyk meýdanlarda gurlan çadyrlarda dolandyryp geçen köşksüz hökümdar, tagtsyz soltan bolup ýaşan Jelaleddiniň asylly maksada gulluk edendigini onuň garşydaşlary hem ykrar edipdirler». Agzalan alymyň sözleri bilen aýtmaly bolsa «Jelaleddin bu dünýäden armanly gidipdi, ahmyrly gidipdi, pajygaly gidipdi, hatda mazarynyň nirededigi-de belli bolman, Muhammet Nesewiniň ýazyşy ýaly, «älemi ýetim goýup» gidipdi. Ýöne «Suw küýzesi suwda synar» diýlişi ýaly, ömrüni gyzgyn göreşleriň, aldym-berdimli söweşleriň içinde geçiren Jelaleddin dyza çökmän, boýun synman gidipdi. Ynha, şu hem onuň köpleriň söýgüsine mynasyp bolan gaýduwsyz milli gahryman hökmünde halk hakydasynda ýaşamagyna getiren ýagdaýdyr».

Hawa, her halkyň geçmişinde onuň milli «menini», ýagny mentalitetini özünde jemläp bilen bir ýa iki şahs bolýar. Türkmen üçin şol nusgalyk şahs Jelaleddindir. Jelaleddin, hakykatdan-da, türkmen watansöýerliginiň, gahrymançylygynyň, ar-namyslylygynyň nusgasy hökmünde geljek nesillerimiziň aňynda hemişelik orun almaly beýik şahsdyr.

Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty.
3
90
sahet_ashyrov
17.09.2020 10:19
Okyjylara ýüzlenme.

Hormatly okyjylar! Hemmäňize salam. Türkmeniň beýik şahsyýetleri baradaky ýazýan temalarymyň göwrümi ululygy sebäpli okamana ýaltanmaň. Bu ýerde göwrümi uly hem bolsa gyzykly we geň maglumatlar bardyr. Baý taryhymyza degişli bolan bu maglumatlardan öwrenmäge zat köp. Üns beriniňiz üçin sag boluň.

ÜÇ ÝYLDYZ

■ Ibn Sina, Mäne Baba we Seljuklar barada edebi söhbet

XI asyrynyň birinji ýarymy türkmen topragynda möhüm wakalaryň bolup geçen, dünýä belli şahslaryň ýaşap öten döwri. Bu döwür garahanlylar, gaznalylar, seljuklar ýaly meşhur türkmen hanedanlarynyň halkymyzyň taryhyna şöhratly sahypalary ýazan ýyllary. Bu asyrda edermen serkerde, başarjaň hökümdar Mahmyt Gaznaly, töweregine alymlary jemläp akademiýa döreden Horezmiň hökümdary Mamun, halkymyza jahan şalygyny döredip beren doganlar Togrul beg bilen Çagry beg ömür sürüpdirler, Al-Biruny, Ibn Sina, Mäne Baba ýaly hakdan içen alymlar bolsa, beýik-beýk açyşlary edip, halkyň hakydasynda hemişelik galypdyrlar. Ömür ýollary biri-biriniňkä meňzemeýän bu ynsanlaryň her biriniň geçen durmuş ýollary täsinliklerden, geň-enaýy wakalardan doly giden bir dünýä. Geçen asyrlaryň dowamynda olara bagyşlanyp onlarça, ýüzlerçe kitaplar neşir edilipdir. Ýöne, şonda-da olaryň many-mazmuna ýugrulan nusgalyk ömür ýollary syrly dünýä ýaly bolup, henize bu güne çenli adamlaryň kalbyny heýjana salyp gelýär.
Orta asyr taryhy edebiýatynda gowy beýan edilen belli şahsyýetleriň ömür ýollary, bu döwrüň özboluşly aýratynlyklary, onuň möhüm wakalary giçki döwrün çeper edebiýatynda hem belli bir derejede öz beýanyny tapypdyr. Merkezi Aziýada, aýratyn hem türkmen topragynda ömür süren tanymal şahslaryň durmuş ýollary, dünýäniň syýasy-ykdysady we medeni taýdan ösmegine uly täsir eden taryhy wakalar soňky asyrlarda edebi, suratkeşlik, heýkeltaraşlyk, saz, kino eserlerini döretmek üçin esas bolup hyzmat edipdir. Şu mesele bilen öňräkden bäri gyzyklanmalar, meni sungat äleminde ajaýyp eserleri, wajyp ylmy işleri döretse-de, sungatyň muşdaklarynyň arasynda-da, ylmy jemgyýetçilikde-de känbir tanalmaýan bir ýazaryň eserleriniň üstünden eltdi. Eserler bilen tanyşlygyň örän köp zatlary öwredendigini başdan belläsim gelýär. Men L.G.Saldadzeniň eserlerini göz öňünde tutýaryn.

■ Lýudmila Grigorýewna Saldadze

Käri boýunça kinorežissýor, senariýaçy hem-de žurnalist bolupdyr. Ol öz filmlerini esasan musulman dünýäsiniň taryhynda uly yz galdyran Merkezi Aziýa ýurtlarynda surata düşüripdir. Olaryň arasynda türkmen topragynda döredilenleri-de bar. Zehinli kino işgäriniň döreden filmleri sungat äleminde uly üstünlikden peýdalanypdyr. Onuň 1975-nji ýylda Türkmenistanda surata düşüren «Sowgat berlen ýürek» («Сердце в подарок») atly filmi halkara kinofestiwalynyň ýokary baýragyna mynasyp bolupdyr.
L.G.Saldadze Merkezi Aziýanyň orta asyr medeniýeti, sungaty, ylymda gazanan üstünlikleri, wakalara baý taryhy bilen hem içgin gyzyklanypdyr. Bu ugurdan onuň ýiti zehinden, ötgür galamyndan birnäçe kitaplar dünýä inipdir. Hökmürowan döwürde ýazylandygyna garamazdan, ýazaryň işleri ylmy taýdan takyklygy hem-de dogruçyllygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Onuň türkmenleriň diňe bir Merkezi Aziýanyň däl, eýsem tutuş musulman dünýäsiniň taryhynda galdyran yzlary baradaky batyrgaý pikirleri haýran galdyrýar. L. G.Saldadze köp alymlaryň ykrar etmäge bogunlary ysmadyk pikirlerini açyk aýdyp bilipdir. Onuň türkmen taryhynda uly yz galdyran Mäne Baba (Abu Sahyt), Biriny, Ibn Sina, al-Horezmi ýaly ylym äleminiň pälwanlary, türkmen taryhynyň guwanjy seljuk türkmenleri, olaryň meşhur hökümdarlarydyr serkerdeleri Arslan Beýgi, Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, gaznaly hökümdary Mahmyt soltan barada berýän maglumatlary diýseň ynandyryjy.
Ýazary aýratyn hem XI asyryň birinji ýarymy gyzyklandyrypdyr. Çünki bu ýyllarda bolup geçen möhüm wakalar dünýäniň mundan beýläkki asyrlardaky ösüşiniň esasyny goýupdy. Bu döwre, onuň ajaýyp şahsyýetleriniň ömür ýoluna bagyşlap L.G.Saldadze «Gündogar ýyldyzlary» («Созвездие Ориона»), «Ibn Sina (Awisenna)» atly ajaýyp eserlerini döredipdir. Eserleriň biri pýesa, beýlekisi bolsa taryhy roman görnüşinde ýazylyp, onda XI asyryň birinji ýarymynda ýaşap geçen köp sanly şahslaryň başyndan geçen wakalary, olaryň duşuşyklary we söhbetdeşlikleri beýan edilýär. Türkmen taryhy bilen aýrylmaz baglanyşykly bolandygy üçin bu ajaýyp eserlerden bölekleri gysgaça teswiri bilen okyjylarymyza hödürlemegi makul bildik.

Ibn Sina bilen Abu Sahl Mesihiniň Köneürgençden Nusaýa gidişleri
XI asyryň başlarynda Horezmiň hökümdary Abu Apbas Mamunyň (999-1016) Köneürgençdäki akademiýasynda Al-Biruny, Ibn Sina, Abu Sahl Mesihi, Ibn Iraki, Abulhasan Hammara ýaly meşhur alymlar işleýär ekenler. Emma Gaznaly hökümdar Mahmyt soltan bu alymlaryň öz köşgüni bezemeklerini isläpdir we şönuň üçin hem Horezme hat iberip, olaryň Gazna iberilmegini talap edipdir. Emma iki dost - Ibn Sina bilen Mesihi Gazna gitmekden boýun gaçyrýarlar hem-de Garagum çölüniň içi bilen Nusaýa çykyp, o taýdan hem Gürgene – Mesihiniň ýurduna gitmek kararyna gelýärler.
Mahmydyň köneürgençli alymlary paýtagtyna jemlemek isleginiň esasy sebäbi – ol Ibn Sina ýaly beýik alymyň Gazna köşgünde hyzmat etmegini isleýärdi. Emma Ibn Sina bilen Mesihi wagtynda gaçýarlar. Alymlary Gazna alyp gitmäge gelen Mahmyt soltanyň gadymy göktürkmen hanlarynyň neslinden bolan emiri hoja Hüseýin Mikaýil Köneürgenje gelip iki dostuň gaçandygyny bilip galýar. Mikaýil Birunynyň halypasy belli alym Ibn Iraka, Ibn Sinanyň suratyny çekdirip, onuň suratyny Gazna alyp gidýär. Mahmyt soltan Mikaýiliň Köneürgençden getiren suratyny gaznaly suratkeşlere köpeltdirip, suratyň her nusgasynyň ýanyna perman hem goşup, döwletiň dürli welaýatlaryna iberýär. Çaparlar ýany suratly permany welaýatlaryň emirlerine gowşuranlaryda «şu suratdaky adamy gözläp tapyň we haýal etmän Mahmyt soltanyň huzuryna ugradyň» diýip tabşyrypdyrlar.
Ol döwürler Köneürgençden Gürgene aşjak bolsaň iki ýol bar eken. L.G.Saldadzeniň Ibn Sina barada ýazylan kitabynda şol ýollar barada şeýle maglumat berilýär:

«Gürgene barmak üçin Sarygamyş kölüniň, Garaşoruň, Uzboýuň ugry bilen hemişe tozap ýatan Barsagelmeziň gumundan geçip, Hazar deňziniň kenary bilen Abeskuna barmaly, Gürgen şol ýerden bir günlik aralykda ýerleşýär. Ibn Sina ol ýoldan gidip biljekmi! Iki dost beýleki ýoly saýlap aldylar. Bu ýola düşüp ilki bilen Üňüz aňyrsyndaky Garaguma tarap dogry günorta tarap gitmeli. Soňra guýularyň ýyldyzlar tarapyndan düzülen kartasy boýunça Derwezäniň altyn gumlaryna, öz-özünden gyzarýan täsin sary aňňatlara ýetip, Ýerbeht guýusyna we ondan ýene-de günortalygyna Bokurdak guýusyna çenli gitmeli. Ondan soň, bir zarpda gumdan çykan ýolagçynyň göwnüni göterýän, tämiz hem-de gür gara baglary şemala ygşyldap oturan Nusaýa çykýarsyň. Nusaý ýöne bir şäher däl-de, teşneligiňi gandyrýan duran bir buz ýaljak suwuň bar-da.»

Nusaýa barýan ýolda Ibn Sina bilen Mesihi seljuklar neslinden bolan iki dogan Togrul beg hem-de Çagry beg bilen hem tötänleýin duşuşýarlar. Bu pursat ýazaryň işinde hem öz beýanyny tapypdyr.

«Ol ýigitler Seljugyň agtyklary Togrul bilen Çagrydy. Olar hem edil Ibn Sina bilen Mesihi ýaly, aý-aýdyň gije öz adamlary bilen garakçylaryň hem-de galtamanlaryň geçýän ýollary bilen barýardylar.
Hiç kimden ses-seda çykmaýardy, hatda olar düýeleriň boýnundaky jaňlary hem aýrypdyrlar. Diňe aýyň ýagtysyna üzeňňileriň, naýzadyr gylyçlaryň ýalpyldysy görünýärdi, adamlaryň ýuwaşja dem alyşlary eşidilýärdi. Aýallar, çagalar, garrylar sökülen gara öýleri, halylar, öý hojalyk esbaplary ýüklenen duýeleriň üstünde. Erkek adamlar göçüň iki tarapynda, yzynda we öňünde atlaryny säpjedip bir ýerde durmaýardylar.
- Türkmenler-oguzlar, - diýip, Mesihi Ibn Sina aýtdy we ýolagçylaryň ikisi hem derrew gizlendiler. Gijäniň içinde bulara uns beren bolmady, şonuň üçin hem iki ýolagçy bildirtmän olara goşuldylar. Kerweniň yzyndan barýan iki ýigit olary görmedik bolara çemeli, ýüzlerine äpet silkme telpeklerini süýşürip irkilip gelýärdiler, ýöne irden oduň başynda:
- Sen – Ibn Sina! Biz seni tanaýarys... A bu kim? – diýip Mesihini görkezdiler.
- Meniň dostum.
- Onda bolýar, goý, biz bilen gidibersin.
Ýigitleriň ulusy naýzanyň ujuna Mahmydyň buýrugy bilen çekilen Ibn Sinanyň suratyny asdyda-da, atyny gamça basdy. Türkmenler suraty aljak bolup, onuň yzyndan gykuwlaşyp eňdiler. Ahyr suraty on ýedi ýaşlaryndaky kiçi inisi agasynyň elinden kakyp aldy. Ol ýylgyrjaklap Ibn Sinanyň ýanyna geldi-de:
- Sen meniň myhmanym bolduň! Seniň başyňdan indi bir gyl hem gymyldamaz! – diýdi.
Gumuň içinden türkmenler bilen barýan Ibn Sina ýigitleriň kümüş tokaly gaýyş kemerlerine, gulaklaryndaky ysyrgalaryna, ýeňselerinde örülen uzyn saçlaryna, gyralary gaýmaly gyrmyzy donlaryna, tilki hem-de goýun dersinden tikilen silkme telpeklerine haýran galyp seredýärdi. Birunynyň aýtmagyna görä, «güýzüň ahyrlarynda türkmenler atlaryny, düýelerini, goýunlaryny, sygyrlaryny we öküzlerini öz ýanlary bilen sürüp, Horezme we Syrderýanyň aşak akymlaryna tarap süýşýärler. Tomsuna sährada, gyşyna bolsa çölde göçüp-gonýarlar».

- Dokuzoguzyň hany Dukak han biziň gynyk taýpamyzy şöhratlandyrypdyr – diýip, oguzlar Ibn Sina gürrüň berýärdiler. - Ýöne Dukagyň ogly, meniň atam Seljugyň, Horezme ýöriş etmekden boýun gaçyryp, hazar patyşasy bilen arasy bozulypdyr. Sebäbi biz musulman adamlary, hazar patyşasy bolsa dini boýunça ýahudy. Hazar patyşasy «Sen meniň gulum!» diýip herrelýär. Atam Seljugyň patyşanyň bolşuna gahary gelip, ýumrugy bilen onuň maňlaýyna beripdir, soňam biziň ählimizi alyp, günorta tarap gaýdypdyr. Atam Seljugyň üç ogly Jenti eýeläp, bu ýeriniň hökümdary Aly hany kowupdyrlar. Emma bir ýyldan soň 107 ýaşly Seljuk aradan çykýar. Jentli hökümdar Aly hanyň il içinde «Biadylşa» adyny alan ogly Şa-Mälik biziň şäherimizi ýene-de elimizden gaýtaryp alypdyr. Görüp durşuň ýaly, indem biz çöl-sähralaryň içinde aýlanyp ýörüs. Jent ugrundaky söweşde biziň kakamyz Mikaýil hem wepat boldy. Men kakamyň mazarynyň üstünde onuň öldüren ýagylarynyň ählisiniň heýkellerini goýdum.
Ibn Sina geň galdy. Hemmelerden sada geýnen bu iki ýaş ýigit patyşa ogullary bolsa nätjek?
- Siziň adyňyz kim?
- Men Togrul, - diýip ulysy jogap berýär. – Bu bolsa Çagry – diýip, ol kiçi insini görkezýär. – Gelşiksiz bolsa-da aýtmaly bolýar. Biziň ýerimiz ýok. Şonuň üçin hem Mahmyt soltanyň ýurdunda bildirtmän göçüp-gonup ýöris. Aç-açan ýaşap ýörmek – Mahmydy äsgermezlik bolýar. Biz bolsa bary-ýogy dört müň maşgala. Söweşmek üçin güýjümiz hem ýeterlik däl. Elbetde, biz onuň jansyzlarynyň biz barada eýýäm oňa habar ýetirendiklerini aňýarys.
- Men seniň näme hakda pikir edýäniňi bilýärin, – diýip Togrul Ibn Sina ýüzlenýär. – Seni tutup bersek Mahmydyň bize köp ýer berjekdigini bilýärin... Ýöne, sen gorkma, türkmenler Alyň ala meýdanyndan başga zat bilýän däldirler.
Şol wagt iki sany geýnüwli ýaşuly esgerler geldi. Togrul ör turup, olaryň öňünde baş egdi.
- Meniň agalarym, kakamyň inileri, Seljugyň ogullary – diýip, Togrul beg Ibn Sinany tanyşdyrýar. – Biriniň ady Arslan, beýlekisi bolsa Musa.
«Arslan!» diýip, Ibn Sina geň galýar. – Men ony Buharada samany hökümdary Nuhuň köşgünde görüpdim ahyryn! Hut şeýle! Garahanly hökümdary Bogra hanyň garşysyna göreşde ol Nuha kömek beripdi. Ah, asylzada Arslan... Şonda samanylara kömek edip, hiç zat almanam gitdi. Musa bolsa, 1003-nji ýylda Muntasiriň tarapynda durup, Samarkandyň eteginde ilek hany Nasyryň garşysyna söweşip, onuň 18 sany serkerdesini ýesir alypdy!»
Agalary Arslan hem-de Musa bilen gysgaça maslahat edip, Togrul olaryň yşaraty boýunça ýüzünde altyndan edilen öküziň kellesiniň we dokuz sany ak atyň guýrugynyň şekili ýerleşdirilen Oguz hanyň ak baýdagyny getirip, baýdagy olaryň öňünde ýazyp goýberýär. «Baş hanyň baýdagy, diýip Ibn Sina oýlanýar. – Dokuz – türkmenleriň mukaddes sany, çünki olar üçin ondan mukaddes hiç zat ýok».
- Sen biziň hormatly myhmanymyz bolduň, - diýip Togrul ýylgyrjaklap gelşine aýtdy, - şonuň üçin hem biz saňa öz baýdagymyzy görkezdik.
«Togrul Mahmytdan gorkup durmaz, - diýip Ibn Sina oýlanýar. – Özi hem diňe bir tebigy taýdan batyr bolandygy üçin däl, sebäbi türkmenleriň baş maksady häkimýeti almak däl-de, olar ýaşaýyş üçin göreşýärler. Şonuň üçin hem hiç kim olaryň öňünde durup bilmez. Eger-de, bu iki şazadanyň agasy merdana Arslan oguz-türkmenleri üçin Mahmytdan ýer soran bolsa, Togrul bilen Çagry eýýäm söweşe taýýarlanyp ýörler.
Togrul bilen Çagrynyň kakalary ýok. Olarda bil baglar ýaly başga güýç hem ýok. Üstesine-de, olar şeýle bir ýönekeý adamlar, halk köpçüliginden tapawutlanýan ýerleri ýok, ähli işlerde adalatly patyşalara mahsus hereketleri edýärler. Seýistanyň we Horasanyň emiri Ýakup ibn Leýs öz köşgüniň öňündäki çadyrynda, ýassyk ornuna galkanyny başynyň aşagyna goýup ýatypdyr ahyryn! Ýakup hem-de Mahmyt soltanyň kakasy Söbük Tegin patyşa däl-de, öňi bilen wepaly hem-de batyr serkerde bolupdyrlar. Togrul bilen Çagry hem hut şolar ýaly bolup ýetişseler gerek».
Ibn Sina iki şazada dogany Mahmyt soltanyň ogullary bilen deňeşdirýardi. Ol Mahmydyň öz ogullary Masudyň hem-de Muhammediň yzyna jansyzlary goýberýändigini eşidýärdi. Mahmyt soltan bir ýola: «Masut özünden başga hiç kimi hasaba almaýan barypýatan zalym. Muhammet açyk göwünli, edermen, menden soň häkimýet Muhammediň ygtyýaryna geçse gerek, ýöne Masut ony ýuwdaýmasa. Şol sebäplem meniň ägirt uly döwletimde harsydünýälik, eden-etdilikler peýda bolar» diýip aýdypdyr. Bu sözleri meşhur taryhçy Abulfazl Beýhakynyň mugallymy, Mahmydyň diwanynyň başlygy Mişkan ýazypdyr. Ölüminiň öň ýanynda Mahmyt jansyzlaryň özüne getirip berýän maglumatlarynyň hiç birini-de ynanmandyr, şonuň üçin hem halyf Kadyra hat ýazyp, iki ogluna-da pata bermezligi haýyş edipdir.
Gaznaly döwletiniň tejribesi seljuklara uly sapak bolupdyr. Çagry begiň ogly Alp Arslan 1063-nji ýylda döwletiň möhüm guramasy hasap edilen şugulçylaryň edarasyny - sahyp-habar diwanyny ýatyrypdyr. Bu barada Alp Apslanyň özi şeýle diýipdir: «Eger-de men sahyp-habar wezipesine emeldar bellesem, onda özüme golaý hem-de wepaly adamlar özleriniň maňa bolan dostluklaryna hem-de wepaly gulluklaryna bil baglap, oňa üns bermezler we ony satyn aljak bolmaga çalyşmazlar. Garşydaşlarym bolsa, oňa para bererler. Sahyp-habaryň meniň dostlarym barada ýaramaz, duşmanlarym barada bolsa gowy maglumatlary berip durjakdygy belli. Ýagşy ýa-da ýaman habarlar edil peýkam ýaly bolýar. Eger-de birnäçe peýkamy atyp goýberseň, şolaryň iň bolmanda biri baryp nyşana degýär. Şeýdip günsaýyn meniň dostlaryma bolan ýakynlygym daşlaşyp, duşmanlarym bolsa maňa golaýlaşarlar. Birnäçe wagt geçenden soň, dostlarym uzakda, duşmanlarym bolsa ýanyma gelerler. Ahyr soňunda duşman dostumyň ýerini eýelär. Şondan geljek zeleli düzetmäge hiç kimiň güýji ýetmez».
1025-nji ýylda Mahmyt soltan Hindistandan dolanyp gelip Jeýhundan geçýär we Samarkandyň töwereklerinde garahanly hökümdary Kadyr hanyň goşunlary bilen duşuşýar. Iki hökümdar birek-biregi güler ýüz bilen garşylan bolupdyrlar, sowgat alşyp-berişýärler, biri-birinden dostluk hem-de ýaranlyk barada ynandyrmalary kabul edýärler. Şundan soň Mahmyt türkmenleriň üstüne gaýdýar we aldaw ýoly bilen Togrulyň hem-de Çagrynyň agalary Arslan Beýgini gola salýar. Ol türkmenleriň köpüsini gyrypdyr, olaryň aman galan dört müňüsine bolsa Garagumda ýerleşmäge ygtyýar edipdir. Mahmydyň serkerdesi, Tusuň emiri Arslan Jezip: «Sen barybir türkmenlere oturmak üçin ýurt berjek bolsaň, ýaý çekip bilmezler ýaly, öňürti olaryň barynyň sag eliniň başam barmagyny çapdyr» diýip, maslahat beripdir.»
Ibn Sina Nusaýda
Birnäçe günüň dowamynda iki dost Garagumyň içi bilen geçip, Nusaýa golaý gelýärler. Emma şähere ýarym menzil galanda olar uly betbagtçylyga uçraýarlar. Mesihi aradan çykýar. Dostuny jaýlap Ibn Sina Nusaýa gelýär. Ol begres matalary dokaýan Dakkak mawutçy atly bir sahy adam tarapyndan gurlan hanakada ýerleşýär. Dakkagyň hanakasynyň yzlary häzirki güne çenli saklanyp galypdyr. Uzynlygy 300 metre barabar bolan hanakanyň depä öwrülip giden harabalyklary Täze Nusaý galasynyň günbatar tarapynda ýerleşýär.
Ibn Sina hanakadaky hüjresinden birnäçe günläp çykman oturypdyr. Mawutça nätanyş derwüş barada aýdypdyrlar we näsagdyr öýdüp tebip hem çagyrýarlar. Tebip nätanyşy görenden, tisginip yza çekilipdir. Dakkak hem gelip görse, ine bir nurana derwüş. Mawutçy ony Mäne Babadyr öýdüpdir, soňam ony tanap, hiç kime syr bermändir. Myhmansöýer mawutçy nätanyşyň öňünde bir küýze çeşme suwuny hem-de çörek goýup gidýär...
«Ibn Sina eli bilen ýüzüni süpürdi, soňam käsä suw guýup, çöregiň gyrasyndan azajyk dişledi.
Alagaraňky hüjräniň içinde adamlar ümsüm otyrdylar, hiç kimden ses-seda çykanokdy. Kimdir biri doga okady, kimdir biri bolsa gam-gussaly aýdyma başlady. Ana-da, aýagyny agyrdan goja em etmek üçin, hanakanyň hojaýyny atgulagyň ýapragyny alyp geçip gitdi.
Adamkärçiligiň belent nusgalary ählihalk betbagtçylyklary döwründe ýüze çykýar. Dakkak mawutçy ogluna öý gurup bermek, ony öýlendirmek üçin bütin ömrüne pul ýygnap geçipdir. Emma ülkede açlyk bolupdyr, şonuň üçin hem ol bar puluna öýünden-ojagyndan, maşgalasyndan mahrum bolan betbagtlar penalanar ýaly hanaka gurdurypdyr.
...Hanakanyň içine gykylyklaşyp çagalar girýär. Ibn Sina ýatan ýerinden gobsundy. Çagalaryň her kimiň ýanyna ýekän-ýekän barýandyklaryny ol görýärdi. Olar çörek soraýardylar. Emma adamlar hiç zat diýmän, ýüzlerini bir ýana sowýardylar.
- Eý! Süýş! – diýip kimdir biri gaty sesi bilen Ibn Sinany yralaýar. Ibn Sina içi golýazmaly haltasyny aşagyna salyp, oýlugy bilen üstüni yapýar. Emma nätanyş elleri bilen haltany sermeleýär.
- Ony öz gününe goý! - diýip, Dakkak azmly gygyrýar. – Ýör, men saňa-da ýatar ýaly ýer bereýin.
Eglip duran nätanyş dikeldi we hamana tötänlikde bolan ýaly edip, Ibn Sinanyň ýüzünden oýlugy serpdi. Soňam ýiti nazary bilen ony synlamaga durdy. «Eger ol häzir daşaryk çykaýsa, men haýal etmän beýleki gapydan çykyp giderin» diýip, Ibn Sina içinden oýlanýar.»
Nusaýda bolan wagty şäher halky Ibn Sinanyň bu ýere gelendigini, ony Mahmyt Gaznalynyň hem gözleýändigini bilýär. Myhmansöýer nusaýlylar, aýratyn hem taryhy çeşmelerde «Nusaýyň patyşasy» diýlip atlandyrylan ýerli hökümdar Lukman Hekimi güler ýüz bilen garşylaýar.
«Ibn Sinanyň pikirlerini onuň ýanyna gelen elleri ýaragly adamlar bozdy. Ony basyrynyp ýatan garaňky burçundan göterip diýen ýaly turuzdylar, soňra ony uly märekäniň öňi bilen golaýdaky metjide alyp gitdiler.
Ibn Sinanyň öňünde metjidiň garaňky töründen ýöräp gelýän, lowurdap duran altyn lybasly äpet adam – Nusaýyň patyşasy peýda boldy. Onuň elinde Ibn Sinanyň suraty bardy.
Olar iki-çäk galdylar.
- Maňa muny soltan Mahmyt iberipdir, - diýip patyşa suraty görkezýär. Ol seni ele salmagy hem-de haýal etmän Gazna ugratmagy höküm edýär. Seniň bu ýere getirleniňem bütin märeke gördi. Mahmydyň içalylary seniň Nusaýdadygyňy habar bermek üçin eýýýäm Gazna eňendirler. Soňunyň ňahili gutarjakdygynam özüň bilýäň. Bolmasa men, seni köşgüme getirýärkäler gaçypdyr diýip aýdaryn-da...
Soňra Mahmydyň çapary gelip, Ibn Sinany Gazna ibermelidigi hakyndaky hökümli habary getirende, Nusaýyň patyşasy «Abu Aly Ibn Sina Nusaýda boldy, ýöne ol bu ýerden bir wagt gitdi» diýip, çaparyň eline hat tutdurypdyr. Bu gürrüňler XVI asyryň taryhçysy Kazwininiň işinde saklanyp galypdyr.
Ine, Horasanyň galla ammary, parfiýa patyşalarynyň çakyrhanasy, Isgender Zülkarneýniň şöhraty Nusaý hem yzda galdy.
- Wah! Men akmak, näme üçin suwda ýüzmegi öwrenmedimkäm! - diýip, Isgender ýazda dolup-daşýan bol suwly derýa özüni urupdyr, onuň yzyndan bolsa ähli esgerleri hem suwa böküpdirler. Şeýdip olar Nusaýy eýeläpdirler. Şondan 250 ýyl geçensoň müňlerçe we müňlerçe rimliler – Spartagyň gozgalaňyny basyp ýatyran Krassyň esgerleri - şu şäheriň köçelerinden geçip gidipdirler. Krassyň özi b.e.ö. 53-nji ýylda parfiýa patyşasy bilen bolan söweşde öldürilipdir. 20 ýyldan-da gowrak wagt rimlileriň baýdaklary Nusaýyň otparazçylyk ybadathanasynda çaň basyp ýatypdyr. Müsüriň zenan patyşasy Kleopatranyň söýgülisi, serkerde Mark Antoniý näme etse-de, şol baýdaklary yzyna gaýtaryp alyp bilmändir...»

Sopy Abu Sahyt Mäne baba barada
L. G.Swaldadzeniň eserinde meşhur türkmen piri Mäne baba barada-da gymmatly maglumatlar berilýär. Ýazaryň eserinde Mäne baba beýik gumanist, dana alym, meşhur pir hökmünde häsiýetlendirilýär.
«Abu Sahyt 967-nji ýylda doglupdyr. Onuň kakasy Abul Haýr ösümlikler boýunça alym bolup, ol soltan Mahmydyň köşgünde gulluk edipdir. On ýedi ýaşly Abu Sahyt kakasynyň ýanyndan gidip, ýeke özi aýratyn bir pagsa külbede ýaşapdyr. Abu Sahyt külbesiniň diwarlaryna Gurhanyň süreleri ýazylan sahypalary ýelimläp çykypdyr. Kakasy oglundan utanyp, Mahmydyň köşgüni taşlap, derwişlige ýüz urupdyr.
Abu Sahydy ylym öwrenmäge bolan hyjuw öz erkine goýmandyr. Ol bäş ýyllap ylymlary özbaşdak öwrenipdir, soňam Sarahsa gidipdir. Sarahsa baranda Abu Sahyt zir-zibilleriň arasynda iki sany goýun derisinden däli-telbeleriň geýýän eşigini tikip oturan bir diwana sataşýar. Abu Sahyt oňa köp wagtlap seredip durupdyr.
- Ine, Abu Sahyt, - diýip diwana işini gutaryp oturyşyna oňa ýüzlenýär, - işligi bilen bilelikde, bu eşige men seni hem tikdim. Diwana şeý diýip, Abu Sahydyň elinden tutup, ony sarahsly Abulfazl piriň ýanyna getirýär.
- Pirim şu oglany ýanyňyza alyň, ol siziňki.
Pir Abu Sahydy birnäçe ýyllap okadypdyr, soňam ýedi ýyllap ýeke özüň ýaşarsyň diýip tabşyryp, ony öz dogduk diýary Mäne obasyna ugradýar. Hak söz bilen adamlaryň arasyna barmazdan öň, köp pikirlenmek, çuňňur oýlanmak gerekdi. Abu Sahyt bu synaga döz gelipdir. Şundan soň pir Abu Sahydy ýene-de iki ýyllap ýanynda saklapdyr. Abulfazl pir oňa hiç haçan egniňden çykarylmaýan, ahyrýat güni iň zehinli şägirde berilýän, öz hyrkasyny – donuny peşgeş beripdir we ony ýedi ýyllap ýalňyz ýaşamak üçin çöl-beýewana ugradýar. Indi hakyň sözi bilen adamlaryň arasyna gitmek nobaty geldi. Pir aradan çykypdyr, ýöne ýedi ýyldan soň Abu Sahydyň düýşüne girýär:
- Indi bolsa adamlaryň arasyna git.
Abu Sahyt ýene-de birnäçe ýyllap dogduk obasy Mänede obadaşlarynyň arasynda ýaşaýar. Ahyr bir gün piriň wesýetnamasyny açmak mütdeti hem gelip ýetýär. Wesýetnamada: «Indi bolsa, eger-de aýatda diri bolsa, Amula Abulapbas şyhyňka git» diýip ýazylan eken.
Bir gün Abulapbasyň barmagyny pyçak kesipdir, Abu Sahyt bolsa Abulfazl piriň bagyş eden hyrkasynyň syny bilen onuň ganap duran barmagyny gysyp, gany saklapdyr. «Şeýle keramaty gana boýamakdan çekinmedi. Onuň bu hereketi maňa bolan hakyky hormatdan nyşan» diýip, Abulapbas şyh Abu Sahydyň hereketine geň galypdyr we oňa öz hyrkasyny beripdir. Gündogarda iki gezek hyrka geýen başga bir ulama ýokdur. Sopusyny adamlaryň arasyna ugradyp durka Abulapbas Abu Sahydyň hyrkasyny görkezip:
- Hak indi şunuň içinde. Sen Haka öwrüldiň, diyýär.»
Amuldan gaýdandan soň Abu Sahyt sebitiň uly şäherleriniň biri bolan Nişapura gidýär. Ol Nişapurda hanaka gurup, wagyz-nesihat edip geziberipdir. Alymlaryň bellemegine görä, onuň hanakasy Nişapuruň begres mata dokaýan senetkärleriniň köçesinde ýerleşýär eken. Abu Sahyt Nişapura gelmänkä bu ýeriň öz pirleri bar eken. Olaryň biri 90 ýaşly Baba Kuhy, beýlekisem karmatlar dini mezhebiniň ýolbaşçysy Abu Bekr eken. Karmatlar hetdanaşa dinçi mezhep bolup, olar Nişapuryň parahat musulman ilatyny yzarlaýardylar. Abu Bekr harsydünýä adam bolupdyr. Ol Mahmyt Gaznalynyň ýörişlerde bolmagyndan peýdalanyp, halky talap, köp baýlyk toplapdyr. Başyna giden Abu Bekriň garşysyna hatda Mahmydyň ogullarynyň mugllymy, Nişapuryň baş kazysy hem aýaga galmaga mejbur bolupdyr.
«Ine, iki hyrka geýen 35 ýaşly Abu Sahyt Nişapura gelipdir. Onuň şan-şöhraty daglardan inen sil ýaly bolup Nişapuryň üstüne dökülip, ony gark edipdir. Bütin şäher Abu Sahydyň öňünde dyza çökdi.
Abu Bekr hem-de onuň duşmany – Nişapuruň baş kazysy Abu Sahydyň garşysyna birleşdiler-de, ony Mahmyt soltana şugulladylar. Mahmyt 750 sany pil bilen 100 müň goşun iberdi. Abu Bekr öz tarapdarlaryndan 20 müň, baş kazy bolsa 30 müň goşun topladylar. Emma täze gelen piriň garşysyna çykyş başlamazdan bir gün öň Abu Bekr Abu Sahyt bilen tötänleýin sataşýar. Abu Sahyt baş kazy tarapyndan Abu Bekriň özüniň garşysyna guralýan hile hakynda gürrüň beripdir. Abu Sahyt oňa musulmanlaryň garşysyna edilýän bet işleriň günädigini hem mazaly düşündiripdir. Abu Bekr bu habary eşidip, serpmeden gaýdan ýaly bolupdyr we toba edip piriň aýagyna ýykylypdyr. Ol Mahmyda iberen şugulyny yzyna alyp, nökerlerinem dargadypdyr. Şu wakadan soň Abu Bekr Abu Sahydyň çagalarynyň halypasyna öwrülipdir.
Abu Sahydyň şan-şöhraty, at-owazasy bütin Gündogara dolupdyr. Ol sopylar üçin baş nusga öwrülipdir, onuň bilen tanyşlyk ýetip bolmaýan dereje hasap edilipdir. Alymlaryň alymlary Abu Sahydyň öňünde aňk bolup doňup galýardylar, onuň dilinden bolsa «merjen däneleri misli suw bolup akýardy.»
Baba Kuhy hem Abu Sahydyň şöhratynyň öňünde durup bilmän, şäheri taşlap daglara gidipdir. Gowakda ýaşap ýören goja şyh «Bütin dünýäni unudyp, gör näçe wagtymy ybadata sarp etdim! Näçe sany şyhlary gördüm! Olaryň näçesine gulluk etdim! Ahyrynda-da ähli syrlaryň maňa däl-de, Abu Sahyda açylmagynyň sebäbi nämedekä?» diýip gözýaş edipdir. Ölmeziniň öň ýany ol gowagyň diwaryna şu setirleri ýazypdyr:

- Boldy ýürek para-para, Aşygna ýetmän arman,
Geldi ömrümiň soňy, geçmeli ýollar gutarman.
Aglasaň-da eý Kuhy sen, nijeme perýat edip,
Emma görmediň Rehimliniň rehiminden dadyp.

Baba Kuhy bu setirleri kagyz ýüzüne geçiripdir we aşagyna-da «Öňki şyh» diýip gol çekip, Abu Sahyda iberipdir.»

■ Samany hökümdary Muntasir bilen seljuk serkerdesi Arslan Beýginiň duşuşygy

«Samarkandyň golaýyndaky sähralyk.
Söweş meýdanynyň gohy eşidilip dur. Birdenem esgerleriň ýeňiş galmagaly eşidilip başlaýar.
Bir ýerden Buharanyň emiri al-Muntasir altyn kemer guşalan köne eşikde peýda bolýar. Depäniň üstüne çykýar. Onuň yzy bilen gyssanman goja daýhan gidip barýar.
Goja. (Muntasire bakyp). Hudaý saňa gülüp bakdy! Seret seljuklar ýesirleri getirýärler.
Ýüňden hem-de sütükden edilen gara eşikde, bili tokaly kemer bilen guşalan,gulagy ysyrgaly, saçy egnine düşüp duran türkmen-seljuklaryň serkerdesi Arslan gelýär. Onuň esgerleri ilek han Nasyryň on sekiz sany serkedesini getirýärler.
Muntasir (başyny asmana galdyryp) Eý, hudaý! Sen ýalkaňda mähetdel edeňok! (Arslany gujaklap.) Sen bolsa ýeňişde mähetdel edeňok! (Muntasir kellesiniň gyzgynyna ýzly-yzyna üç sany ýesir serkerdäniň depesinden gylyjyny salýar).
Arslan (Muntasiriň elindäki gylyjyny kakyp alyp). Hany, gardaş, durla... (ýesirleri görkezip.) Aslynda bularyň bary biziň oljamyz. Bularyň her biriniň agramy näçe bolsa, biz şonça-da tylla almakçy.
Muntasir. Eýsem-de bolsa, batyrlar ýesirleri satýanmydyrlar?
Arslan. Batyrlaryň başga-da satlyk harytlary bolsa bardyr. Emma bizde diňe beren sözüňe ygrarlylyk (ýesirleri görkezip), birem ine şu duranlar bar.
Muntasir. Ýöne sen lebziňi terezä goýup bilmersiň ahyryn!
Arslan. O näme üçin? Ol käbir patyşalyklardan hem agyrdyr.
Muntasir. Arslan! Meniň bu sözleri lebzihalal Seljugyň, lebzihalal oglunyň aýdýanyna ynanasym gelenok! Ýadyňdamy? Bir wagt kakaň seni biziň döwletimize kömek bermäge ugradypdy. Biz şonda ýeňiş gazanypdyk. Sen puldan, peşgeşden ýüz öwrüpdiň. «Kömek etdim, boldy-da!» - diýip gaýdypdyň. Indi näme? Dogry, siz edil öz sähralaryňyz ýaly garyp, emma birsözlülik, lebzihalallyk – bu atalaryňyzyň size goýup giden iň mukaddes mirasy ahyryn!
Arslan. Biz onuň söwdasyny sizden öwrendik.
Muntasir. Men bu sözleri diňlemäge-de gorkýaryn...
Arslan. Gowysy sen öz döwletiň döreýşi baradaky gürrüňleri näçe ýola diňläniň barada aýdyp bersene! Sen näme özüňiziň keramat hökmünde sežde edýän, Samany neslinden bolan Ysmaýylyň, onuň kakasynyň hem-de atasynyň duşmana dinini hem-de mertebesini satandyklary baradaky gürrüňleri diňleýärkäň gorkaňokdyňmy?
Muntasir. Hä... Aý, ol keramata öwrülip giden toslamalar ahyryn...
Arslan. Ine, gördüňmi! Buýsanç günä iş edip, özüni keramatyň gujagyna oklaýar. Hudaýa şükür! – Biziň gödekligimiz bizi şeýle medeniýetlilikden goraýar. Biz gödek hem bolsak, lebzihalallyk bilen gödekdiris.
Muntasir. Sen ähli zady ýadyňdan çykarypsyň. Söweş seniň ganyňy mazaly gyzdyrypdyr. (Arslanyň boýnundan asylgy duran dogany alýar.) Ine, meniň şu sowgadym, seniň ýadyňa düşýärmi? Saňa ol diýseň ýarapdy. Şu ýerde nämeleriň ýazylandygyna seret! (Okaýar.) «Allatagala pygambere aýdypdyr: meniň musulman däl, ýöne yslamy kabul eden esgerlerim bardyr...» (Arslana.) Eýsem-de bolsa, olar siz ahyryn?! (Okamagyny dowam etdirýär.) «Eger-de haýsydyr bir halk meniň gazabyma duçar bolsa, şonda men şol halkyň üstüne olary ibererin!» Şol sebäpden hem men Buharadaky tagtymy talaňçylaryň däl-de, siziň – asylzada esgerleriň gaýtaryp alyp bermegini isledim.
Arslan. Sen musulman. (Ýesirleri görkezýär.) Olaram musulman. Bizem musulman. Näme üçin biz biri-birimizi öldürmeli?! Urşupdyrys-taň edipdiris, indi bolýa-da...
Muntasir. Onda, diýmek, siz olja üçin urşupsyňyzda?!
Arslan. Heýkel üçin däldigi bellä! (Muntasiriň öňüne heýkeli oklaýar. Ýesirleri özi bilen alyp gidýär)
Muntasir. Eý Hudaý! Gaýtar olary! Maňa kömek et! Men edil gabryň içinde ýatan ýaly ýalňyz!.....»

■ Mahmyt Gaznalynyň Mäne Baba bilen duşuşygy

«Gazna, 1005-nji ýyl. Soltan Mahmydyň köşgündäki kabulhanasynda.
Soltanyň şerapçysy Hasanak. Eý hökümdarym! Aýtmaga ygtyýar ediň!
Mahmyt. Aýdyber...
Hasanak. Sen nebsewür, ýöne nebsewürligi biziň ählimiziň nebsewürligimizden tapawutlanýan, özem şol nebsewürlik pul, wezipe edinmäge däl-de, nebsewürligi kitaba gönükdirilen adam barada näme aýdyp bilersiň?!
Mahmyt. Aýdýan: şeýle adam bolup bilmez!
Hasanak. Sen Nişapur şäherine gelip, adamlara haky öwretmek üçin ýeke özi ýedi ýyl çöl-beýewanda ýaşap, yssa, sowuga, ruhy ejirlere çydam edip bilen adam barada näme aýdyp bilersiň? Özi hem ol şäher, indi seniň adyň bilen däl-de, hut şol kişiniň ady bilen şöhratlanýar.
Mahmyt. Aýdýan: Beýle adam bolup bilmez! Bolaýanda-da men ony bir wagt jezalandyrardym.
Hasanak. Beýle iş etmäge sen eýýäm buýruk berdiň hökümdarym.
Mahmyt. Hawa, näme boldy.
Hasanak. Ol iş paşmandyr.
Mahmyt. O näme üçin?
Hasanak. Saňa şol adam barada gizlin maglumat beren seniň şugulçyň - sen oňa goşun hem beripdiň - onuň ýanyna barypdyr. Emma şugulçy entäk agzyny açyp ýetişmänkä, şol täze peýda bolan pygamber oňa, ýüregindäki ähli bet pygyllary barada onuň ýüzüne aýdypdyr. Şugulçy onuň öňünde dyza çöküpdir, soňam toba edip, onuň gullugyna durupdyr. Şeýdip, eý soltanym, seniň hileleriň, iberen ähli goşunyň pähim-paýhasa duçar bolup dargapdyr.
Mahmyt. Ol Abu Sahyt bolaýmasyn?!
Hasanak. Edil özi!
Mahmyt. Şeý diýsene... Ony meniň göresim gelýär!
Hasanak. Diýmek, sadyk guluň seniň islegiňi aňypdyr-da?
Mahmyt. Nirede ol? Gaznadamy?
Hasanak. Hut şeýle!
Mahmyt. Meň ýanyma gelipdirmi?
Hasanak. Ýok... Ol seniň ýanyňa gelmekçi däl eken. Ýöne men ony seniň ýanyňa geler ýaly etdim. Çagyraýynmy?
Mahmyt. Çagyr! Ýogsa-da...
Hasanak. Sen gorkýana dälsiň-dä?
Mahmyt. Hawa, gorkýan. Hemmeler ony görenlerinde doňup galýarmyşlar. Aýtsana, eý, ösümlikler ugrundan ylmyň aňyrsyna çykan alym Abul Haýr, sen ogluňy göreňde sakawlaýarmyň?
Abul Haýr. Hawa.
Hasanak elini çarpýar. Şyh Abu Sahyt köne-küşül eşikde hyzmatkärleri bilen peýda bolýar. Ol kakasyna hormat bilen, Mahmyda bolsa biraz çekinjeňlik bilen baş atyp salam berýär.
Abul Haýr. (Mahmydyň öňünde çöküne düşüp). Eý hökümdarym, onuň günäsini geç!
Mahmyt. Men hem edil şeýle ederdim! Sen onuň kakasy ahyryn! (Abu Sahyda.) Otur!
Abu Sahyt oturýar.
Ýok, şu ýerde. Maňa golaý otur!
Abu Sahyt biraz golaýa süýşýär.
Seniň ýüzüňe kölege düşýär. Şu ýere geçip otur.
Abu Sahyt ýerini üýtgedýär.
Bu ýer has ýagty. O yere geçip otur.
Abu Sahyt başga ýere geçip oturýar.
Mahmyt. Oturgyç gaty ýaly-la. Şu ýerde otur.
Abu Sahyt ýerini üýtgedýär.
Maňa sen dogumly adam diýip aýtdylar. Sen bolsa... (Gülýär.)
Abu Sahyt. Mesele onda däl hökümdar. Diňe hassanyň islegini berjaý etmezlik günä saýylýar
Mahmyt. Hassanyň?!
Abu Sahyt. Hawa.
Mahmyt (gülýär). Meniň doly küýze meýi içsem-de serhoş bolmaýanymy, at üstünde uzakly gün otursam-da ýadamaýanymy sen bileňokmy?
Abu Sahyt. Bularyň bary hassalykdan.
Mahmyt. Şeýlemi?! O keseliň ady näme?
Abu Sahyt. Tukatlyk.
Mahmyt (Abu Sahydyň ýanyna gelip, onuň ýanynda oturýar). Gel ikimiz, tötänleýin duşuşan köne dostlar ýaly özara gürrüň edeli.
Abu Sahyt. Bolar.
Mahmyt. Sen köp wagtlyk geldiňmi?
Abu Sahyt. Ýok. Ertirki kerwen bilen ýene-de Nişapura gaýtmakçy.
Mahmyt. Sen Nişapuryň niresinde ýaşaýarsyň?
Abu Sahyt. Dost köçesinde. Meniň Nişapura ilkinji gezek gelşimdi. Şäheriň içi bilen gidip barýarkam, bir köçä baryp, onuň adyny soradym. Maňa Dost köçesi diýip jogap berdiler. Men şu ýerde galmaly diýen karara geldim. Heý-de bir Dost köçesini taşlabam gidip bolarmy?
Mahmyt. Kakaň öz otagynyň diwaryny meniň suratymdan doldurypdyr, şonuň üçin hem sen öýüňizi terk edip başga ýere ýaşamaga gidipsiň diýip gürrüň edýärler. Sen öz otagyňy Gurhanyň süreleri bilen bezäpsiň, kakaň bolsa utanjyndan meniň suratlarymy sypyryp aýrypdyr, şol gürrüňler dogrumy?
Abu Sahyt. Hawa.
Mahmyt. Sen aýt, men bagtly adammy?
Abu Sahyt. Bu dünýäde – bagtly. Sen baý, sagdyn, hemme zadyň bar. Emma ahyrýet barada aýdanymda...
Mahmyt. Ýokmy?
Abu Sahyt. Gowy ýeri, ýok.. Şuda seniň bagtlylygyňdan nyşan.
Mahmyt. Näme üçin?
Abu Sahyt. Hudaýdan gelýän hakyky bagt – bu ejirdir, gedaýlykdyr hem-de sergezdançylykdyr.
Mahmyt. Men näme bu zatlary çekip-çydardan şeýle ejizmi?
Abu Sahyt. Tersine, seniň güýjüň agdyk.
Mahmyt Hasanaga yşarat edýär. Ol bir bulgur meý getirýär.
Mahmyt (Abu Sahyda). Meý içeli.
Abu Sahyt. Içeýin, ýöne meýe zäher garylan bolsun... (Ýerinden turup kakasyna baş egip çykyp gidýär)
Mahmyt onuň yzyndan seredip galýar. Tagtyna geçip oturýar. Sakçy bir daýhany getirýär.
Sakçy. Hökümdarym, bu daýhan şahyrdan arz edip gelipdir. Şahyr meniň atyma tagma goýdy diýip aýdýar.
Mahmyt (perwaýsyz). Bar meniň atymy berde, ugrat.
Daýhan. Maňa seniň atyň gerek däl, hökümdar!
Mahmyt. Bar onda özüňkini al.
Daýhan. Onuň tagmasy bar, gerek däl.
Mahmyt. Onda saňa näme gerek?
Daýhan. Meniň atym gunanlasa, maňa taýyny bersinler.
Mahmyt (bütin durky bilen daýhana tarap öwrülip, oňa geň galyp seredýär, soňam Abu Sahyda hödürlän meýli bulguryny oňa uzadýar. Daýhan meýi içip soltana baş egýär we çykyp gidýär).»

Arslan Beýginiň halyf bilen duşuşygy
«Bagdat. 1005-nji ýyl. Halyfyň köşgünde.
Köşgüň içindäki sütünleriň arasynda äwmezlik bilen eldekileşdirilen ýolbars gezip ýör.
Halyf bilen Arslan peýda bolýar.
Halyf (oturyp). Size kim diýýärler?
Arslan. Seljugyň ogullary.
Halyf. Öýleriňizi nirede dikýärsiňiz?
Arslan. Bir wagtlara biz öýlerimizi Hazar hem-de Horezm deňizleriniň arasyda dikýärdik. Sähralar biz üçin edil enemiziň aýasy ýalydy. Emma günüň dogýan tarapynda, iki sany bol suwly gök derýalaryň halkasynyň içinde – Amyderýa bilen Syrderýanyň arasynda – Samanylaryň kuwwatly döwleti döredi. Günüň batýan ýerinde bolsa parahat derýany – görmegeý Itili mäkäm gujaklap hazarlaryň hökümdarlygy ýerleşýärdi. Biz olaryň ikisiniň arasynda misli ýüzüni şemala tutup, pasyrdap duran baýdak ýaly jöwlan urýardyk. Şu iki döwlet bilen gatnaşyklarda hazarlar biziň göwnümize has ýarady. Şonuň üçin hem biz öz batyrlygymyzy hazarlara bagyş edip, olar bilen parahatçylykda ýaşamagy maksat edindik. Meniň atam Dukak hazar patyşasynyň sag goludy. Emma bir gün patyşa seniň ýurduňa ýöriş etmegi ýüregine düwýär. Biz – musulman, hazarlar bolsa – däl. Dukak «Musulmanlaryň üstüne ýörişe gitmerin!» diýýär. «Gidersiň!» diýip patyşa höküm edýär. Şonda meniň atam patyşanyň maňlaýyna berip, halkyny hem alyp, Amyderýadan geçýär-de, Horezme gelýär.Ýöne hiç kim bizi sygdyranok. Ine şonuň üçin hem biz seniň ýanyňa ýer soramaga geldik. Biziň sanymyz köp däl, bary-ýogy üç müň hojalyk.
Halyf. Üç ýyldan üç ýüz müň bolarsyňyz!
Arslan. Edermen musulmanlaryň sany köp bolsa, olar saňa şöhrat getirmezlermi?
Halyf. Men ýer bererin-le... Ýöne siz soňra bütin dünýäni eýelemek hyýalyna münäýmeseňiz?!
Arslan. Gizläp durjak däl, ... döwlet hökmünde aýaga galmak üçin biz iň bolmanda dünýäniň çärýek bölejigini alsagam bolýar.
Halyf. Döwlet diýdiňmi?
Arslan. Hawa.
Halyf. Size döwlet nämä gerek?
Arslan. Patyşaly bolmak üçin.
Halyf. Patyşa. Näme, beýleki halklar ýaly ýaşasyňyz gelýärmi?
Arslan. Ýokla! Düýbünden başgaça. Biziň adalatly patyşaly bolasymyz gelýär. Biziň patyşamyz adalatly bolar.
Halyf. Soňam öldürersiňiz gerek? (Gülýär.) Eý, juwan ýigit. Sada oglanjyk. Seni diňlemek hem gynançly, hem gülküňç. Biz araplar hem bir wagtlar kiçijik, sada hem-de dagynyk halkdyk. Iki sany mähnet wagşy: şöhratly Eýran bilen Wizantiýa, haçan-da dünýäde agalyk ugrunda özara uruşýarkalar, bizi gara şaýa-da alanokdylar. Biz tas ýitip ýok bolupdyk. Emma biziň Beýik Muhammedimiz dünýä indi. Ol ähli butlaryň ornuna bize ýeke-täk Allany peşgeş berdi. Şeýdibem biz birleşipdiris. Indi, hudaýa şükür, Isgender Zükerneýniň eýelän ýerlerindenem köp ýurtlara eýelik edýäris.
Arslan. Diýmek onda biz seniň bilen söweşmeli bolýarys-da?
Halyf. Bi, ýaňky Samanylar ýüz ýyl töweregi mundan ozal aldaw ýoly bilen biziň elimizden erkinliklerini gaňryp alypdylar. Sen gowusy, gitde Muntasirden ýer sora
Arslan. Olar indi ýok ahyryn! Olary türkiler birmahal ýuwutdy.
Mahmyt. Bar onda Mahmydyň ýanyna git. Meniň döwletimde ondan güýçli adam ýok. Guluň ogly bolsa-da, barybir men oňa sadyklygy hem-de wepalylygy üçin hormat goýýan.
Şadyýan, serhoş adamlaryň sesi eşidilýär.
Arslan. Sen Mahmydyň özüňden ýüzüni sowan wagty, onuň ýüzüniň nähili eýmenç bolýandygyny görmänmidiň?
Halyf. Şonda-da men oňa hormat goýýaryn. Häzirlikçe... Eger-de, ondan ýer sorasaň, ol hökman berer. Ýöne sen gyssan – Hindistana ugrasnsoň, men ondan hiç zat sorap bilmerin.
Ýene-de serhoş adamlaryň sesi eşidilýär. Aljyraňňý hyzmatkär peýda bolýar. (Hyzmatkäre.) Bu galmagal näme.
Hyzmatkär. Siziň soltanyňyz siziň bagyňyzda meýlis edýär.
Halyf. Meniň bagymda?!
Hyzmatkär. Wah, hawa-la. Onuň ýanynda-da gyrnaklar... Hemmesem erkek adamlaryň eşiginde, içinde ýalaňaçlaram bar...
Halyf. Meýlis etmäge menden rugsat alaýanda bolmadymyka?
Hyzmatkär gitmek isleýär.
Sen nirä?
Hyzmatkär. Siziň nägileligiňizi oňa aýtmaga.
Halyf. Bolýa...Ýok, dur! Men näme etjegimem bilemok.
Arslan (gaty sesi bilen gülýär). Soltan ötüňç soramaz öýdüp gorkýaňyzmy?
Halyf (hyzmatkäre). Ugra!
Hyzmatkär gidýär.
Dogrymy aýtsam, menem şol barada pikir edýärin. Gel birazajyk patyşa barada, häkimýet barada gürrüň edeli-le. Döwlet uly boldugyça, patyşa ejiz bolýar eken. Şuny berk ýatda sakla! Özem ýalynjaňlyk zäheri çalnan peýkamlar öňi bilen döwletiň gyrak-çetlerinden gelip başlaýar, olaryň awysy has hem agyryly. Şol peýkamlaryň iň awulysyny – Samany neslinden bolan Ysmaýyl urupdyr. Meniň atalarymyň biri – halyf öz bedenine urlan dönüklik hem-de bedasyllyk neşderini ýarasyndan sogrup, ganap duran ýarasyny aýasy bilen ýapyp, ajy ýylgyryp, Bagdatdan alyslarda ýerleşýän ýerlere hökümdarlyk etmekde Ysmaýyla erkinlik bermäge mejbur bolupdyr. Ikinji neşderi Buýitler kowmy urdy. Şol döwürler olar ýyndam atlarynyň agzyny köpükledip, biziň hyzmatymyza gelendiklerini ýalynjaňlyk bilen aýdypdyrlar. Meniň atalarymyň biri - halyf bolsa, olara minnetdarlyk bildirip, olar bilen häkimýetini paýlaşypdyr. Şonuň üçin hem, görüp durşuň ýaly, meniň elimde indi diňe raýatlaryň ruhuna bolan erkim galdy, ýurduma, onuň baýlyklaryna bolsa, meniň soltanym buýit eýelik edýär. Üçünji neşderiň awusyny datmak meniň nesibäme düşse gerek. Sen biziň nähili peselendigimiz hakynda pikir edýän bolsaň gerek, şeýle dälmi? Men saňa näme diýsemkäm...
Hyzmatkär girýär.
Hyzmatkär. Hökümdarym, soltan sadyklyk bilen senden ötüňç soraýar.
Halyf. Şeýlemi! Örän gowy!...
Arslan. Halyf! Tekepbirligim üçin günämi öt!
Halyf. Men saňa aýtjak zatlarymy aýtdym. Indem meni ýeke galdyr.
Arslan bilen hyzmatkär çykyp gidýärler.
(Eldeki ýolbarsy sypalap durşuna Arslanyň yzyndan seredip.) Ol biziň ilki döwrümizdäki bolşumyza gör nähili meňzeş. Men Mahmytdan däl-de, hakykatda, ine şundan gorkmaly.»

■ Ibn Sinanyň Mäne Baba bilen duşuşygy

«Nişapur. Abu Sahydyň öýüniň öňündäki äpet daragt. Garyp halk aýdym aýdyp tans edýär.
Aly (alty ýaşlaryndaky oglanjyk, aglap). Eje, men mundan artyk tans edip biljek däl.
Aýal. Tans et, oglum! Tans et!
Aly. Meniň başym aýlanýar.
Aýal (ýylgyryp). A sen ol barada pikir etme.
Aly. Mundan artyk bolanok, eje...
Aýal. Gel ikimiz bileje.
Tans edýärler.
Ine şeýle!
Aly tans edýär.
Berekella!
Aly ýykylýar.
Tursana, hereket etmek gerek. Aýdym aýtmaly, tans etmeli. Şeýtseň şatlyk belalary dep eder. Eşidýärmiň? Tur ýeriňden! (Oglanjygy turzup, ýene-de tans etdirýär.)
Aýalyň sesi märekäniň gülkisiniň içinde ýitip gidýär.
Halk Abu Sahydyň öýüniň sekisine çykyp gaty sesleri bilen aýdym aýdyp başlaýarlar.
Hyzmatkär (öýden çykyp). Abu Sahyt hemme zadyny paýlady. Onuň özünde-de bir döwüm çörek ýok.
Märeke. Bilýäs! Ynanýas!
Sesler. Goý çykyp biz bilen bilelikde şatlansyn!
- Bu dünýäden razy bolup gitmegi bize onuň özi öwretdi.
- Goý çyksyn!
- Goý biziň bilen söhbet etsin!
Sopylaryň köne-küşül eşiginde Abu Sahyt öýünden çykýar.
Abu Sahyt. (hemmelere baş egip). Essalamualeýkum!
Märeke. Waleýkumessalam, halypa.
Abu Sahyt. Günämi ötüň, meniň ýanymda myhman bardy. (Oglanjyga ýüzlenip.) Aly, gel oglum bärik. Bu gün özüňi nähili duýýaň.
Aly. Ýagşy. Ejem sen tiz gutularsyň diýýär...
Abu Sahyt. Wah şu wagt Ibn Sina bolsady, ol seni hökman bejererdi.
Aýal (Abu Sahydyň aýagyna ýykylyp). Meniň oglumy diňe sen bejerip bilersiň.
Abu Sahyt. Men onuň baş saglygy üçin diňe doga okap bilerin...
Ibn Sina (aýala). Mahybanu! (Begenç bilen). Salam Mahybanu!
Aýal. Eý mysapyr adam, sen ýalňyşdyň. Meniň adym Sabira.
Ibn Sina. Ýok seniň adyň Mahybanu bolmaly. Men seni tanadym. Çagam bolmaz diýip gorkýanyň ýadyňdamy? Hemişe Ysmaýyl Samanynyň aramgähine zyýarata gatnaýardyň?
Sabira. Samany?! Ol Buharada ahyryn! Men hiç haçan Buharada bolmandym...
Ibn Sina. Sen öz birinji ogluňa Aly adyny goýjakdygyňy hem aýdypdyň...
Sabira. Hawa, meniň birinji oglumyň ady hakykatdan hem Aly!
Ibn Sina. Maňa ogluňa seretmäge rugsat ber!
Sabira (ogluny gujaklap). Sen näme gul söwdagärimi?
Ibn Sina. Ýok, men tebip.
Sabira gözüni tegeläp Abu Sahyda seredýär. Abu Sahyt baş atyp rugsat berýär.
(Oglanjygyň arkasyna, döşüne gulagyny goýup barlaýar.)
Suwly tabak getiriň.
Içi suwly tabak getirýärler.
(Ýerden bir gysym gum alyp, suwa garyp palçyk ýasaýar. Palçygy oglanjygyň arkasyna, döşüne çalýar.) Mundan kyrk gün öň bu ýerde howa örän sowuk bolupdyr.
Sabira. Hawa.
Ibn Sina. Sizem daşarda gijäni geçiripsiňiz.
Sabira. Hawa.
Ibn Sina Şondan bärem ogluň üsgürýärmi?
Sabira. Hawa.
Ibn Sina. Şu wagtkysy ýaly gury üsgürýärmidi?
Sabira. Hawa.
Ibn Sina. Bäş günden bäri gijelerine gyzdyryp, dem almasy hem kynlaşyp başladymy?
Sabira. Hawa.
Ibn Sina (Ala ýüzlenip, onuň döşüni görkezip). Şu ýeri sançýarmy?
Aly. Hawa.
Ibn Sina (oglanjygy gözden geçirýär). Onuň öýkeniniň şu ýerinde çiş bar. Görýäňizmi, bu ýerdäki palçyk derrew gurady. Oglanjygy heläk edýänem şol çiş.
Märekäni geň galyjylyk we howsala gaplap alýar.
Ibn Sina (aýala). Ertir irden öýňüze gelmäge we tebip hökmünde oňa em etmäge maňa rugsat ber. Biriguň eýýäm giç bolmagy mümkin.
Sabira naýynjar bakyp Abu Sahyda seredýär.
Abu Sahyt käsäni ýokary zyňýar. Käse ýere gaçyp döwülýär.
Abu Sahyt (Ibn Sina). Aýtsana, näme üçin käse ýere gaçyp döwüldi?
Ibn Sina. Sebäbi Birunynyň aýtmagyna görä, Ýeriň dartylma güýji ähli jisimleri özüne tarap çekýär.
Abu Sahyt. Senem oňa ynanýarmyň?
Ibn Sina. Bu dünýäde men diňe tejribä ynanýaryn. Tejribe onuň pikirini tassyk edýär, şonuň üçin hem şu meselede men Biruna hem ynanýaryn.
Abu Sahyt. Hudaý näme...sen ony hem tejribeden geçirýärmiň?
Ibn Sina. Hawa. Mümkin bolan ýagdaýynda.
Märekäni gorky gaplap alýar.
Abu Sahyt. Seni diňlemek hem gorkunç, hem gyzykly. Seniň pikiriňçe dünýäni hudaý ýaradypdyrmy? Ýa-da...
Ibn Sina. Ýok. Dünýä bakydyr.
Märekäni ýene-de gorky gaplap alýar.
Abu Sahyt. Hudaýa şükür, biz her öňýeten sowatsyz işan-molla bilen ýaran bolamzok, ýogsa bu sözleriň üçin seniň nä güne düşjegiň belli däl.
Ibn Sina. Bilýän.
Abu Sahyt. Sen nädip biziň bilen şeýle arkaýyn gürleşip bilýärsiň? Sen ýa akyldar bolmaly ýa-da akmak.! Aýtsana, sen dünýäniň bakydygyna nädip akyl ýetirdiň, ýa-da onam tejribäň üsti bilen anykladyňmy?
Gülüşýärler.
Ibn Sina. Ýok. Bu ýerde tejribäniň edip biljek zady ýok. Bu ýerde mantyk (logika) bar!
Abu Sahyt. Hä, şeý diýsene! Hany onda mantyk boýunça nädip beýle bolýandygyny düşündirdä?
Ibn Sina. Ine, mysal üçin, howadaky tozjagazlar. Olar dagynyk hem sypatsyz. Bu görnüşde olar hiç zat. Bir görseň bar, bir görseňem ýok. Emma birden ýagyş ýagýar-da, ähli tozlar suwa garylyp kirşene öwrülýär, men kirşeni elime alyp, ondan palçyk edip bilýän. Palçykdan bolsa gurjak, öý, logola ýasap bilýän. Arşda-da edil şunuň ýaly. Ähli janly, jansyz zatlar bölejiklerden durýarlar. Ol bölejikler müdimi, olar hiç haçan ýitmeýärler. Tozjagazlar hem edil şonuň ýaly, näme etseňem ýitenoklar. Eger-de ýitmeýän bolsa, diýmek onda, olar döremeýärem. Şonuň üçin hem bölejiklerden durýan bütin älem müdümi ýaşaýar. Diňe olar bir görnüşden başga bir görnüşe geçýärler. Ine, mysal üçin, şu palçykdan eden logalam: men ony mynçgalaýan-da, ondan başga bir şekil ýasaýan.
Abu Sahyt. Hawa...Göwnejaý. Akylly aýdylan. Ýöne, sen göwnüme bolmasa, bir bir zat ýitiren adama meňzeýäň...
Ibn Sina. Nämäni?
Abu Sahyt. Hudaýy. Allajanlarym seniň bu pähimiň içinden men saňa nädip hudaýa orun tapyp bererkäm?
Ibn Sina. Bolýa... Hudaý – dünýäniň ýaşamagy üçin baş zerurlyk diýip aýdaly. Muny düşündirmek üçin arabanyň tigrini mysal hökmünde alyp göreli. Göz öňüne getirip gör! Tigriň merkezi, onuň içinden geçýän oky, tigri emele getirýän tegelek demir halka, demir halka bilen tigriň merkezini birleşdirýän gün şöhlesi ýaly gapyrgalar. Şu ýerdi tigriň merkezi hudaý, älem bolsa onuň tegelek ýeri...
Märekeden bir ýigit. ...Tigir aýlanýarka, onuň içinden geçýän ok hereketsiz durýar-a! Tigriň öz ýaşaýşy bar! Islese aýlanýar, islemese ýerinde dur. Merkeziň bu ýerde näme dahyly bar!
Gülki.
Ibn Sina. Menem hut şony aýtmak isledim! Hakykatdan-da adam baş egmäge mynasyp, çünki ol hut hudaýyň öňünde-de oýlanyp biler.
Abu Sahyt. Täleýiň syrlaryna akyl ýetirenler hudaýdan daşlaşýarlar. Biz erkin, sebäbi biz garyp adamlar. Garyplara bolsa özüň bilýäň, tejribe-de gerek däl, mantygam – bize ynanç gerek. Biziň özümize bolan ynanjymyz – biz üçin hudaý şol.
Ibn Sina. Onda siz näme üçin beýdip özüňizi kemsidýärsiňiz?
Abu Sahyt. Sabyr-kanagat bilenmi?
Ibn Sina. Hawa.
Abu Sahyt. Sebäbi biz akyl adamlaryndan tapawutlylykda, şeriň nämedigine başgaça düşünýäris. Her bir zada özüniň çöwre ýüzi bilen düşünilýär. Şeýle dälmi? Ine biz garyp. Näme üçin? Sebäbi baýlar bar. Ýöne baýlar bolmadyk bolsa, biz garyplygyň nämedigini bilmezdik. Haýyr, ýagny hudaý hem hut şonuň ýaly. Biziň oňa düşünmegimiz üçin, hudaý şeri döredipdir. Şonuň üçin hem nirede hudaý inkär edilýän bolsa, ol hut şol ýerde-de bardyr! Indi görýärmiň, şeriň syry, ýaradylmagyň syryna deňdir. Şeri haýyrdan aýratynlykda göz öňüne getirip bolmaýar. Haçan-da, men akyl adamlaryny diňlänimde, kalbymy tukatlyk gaplap alýar. Sebäbi siz syry inkär edýärsiňiz. Onsuz adamlar tükeniksiz älemiň ýakymsyz aýazyndaky ýaly özlerini göwnüçökcün duýarlar. Men bu hakykata çölde ýeke özüm ýaşanymda göz ýetirdim. Men şonda erbet hopugupdyryn. Şundan soň akylyň rehimsiz hakykatyny – men hem edil seniň häzirki bolşuň ýaly, akyla gulluk edýärdim - ýadymdan çykaryp, adamlara haýpym gelip olaryň arasyna dolanyp geldim. Men olara: adam - bu ýeke-täk bitewi Hakyň aýrylmaz bir bölejigidir diýip aýtdym. Ynsanyň baş ýoly – bu Hak bilen birleşmek, ýagny diniň ýolydyr. Emma akyl Haka ýetýär-de, onuň öňünde aňk-taňk bolup duruberýär, sebäbi akyl Hakyň nämedigini düşündirip biljek, ýöne ol ruhy güýje öwrülip bilenok. Ol misli gülüň sypatyny bilýän, ýöne onuň reňkiniň nähilidigini bilmeýän kör ýaly. Ylham bolsa – şol reňkem, sypatam bilýän köre-köre ynanç. (Märekä tarap elini uzadyp görkezýär.) Bu adamlar maňa ynandylar. Indi olar dünýäniň ýowuz gözelliginiň öňünde özlerini ejiz hasap etmeýärler.
(Käsäni ýokarlygyna zyňyp goýberýär.)
Käse ýere gaçman howada saklanýar. Hemmeler geň galýarlar.
(Käsäni eline alýar.) Men porhan däl. Men gözbagçylyga-da garşy. Ýöne sen jogap ber, näme üçin käse ýere gaçmady, ýogsam seniň ýaňky aýdan jisimleriň ýeriň merkezine tarap dartylma kanuny boýunça ol ýere gaçmalydy?
Ibn Sina oýa batyp pikirlenýär. Hemmeler onuň berjek jogabyna garaşýar.Şadyýan gygyryşyp çagalar ylgaşýarlar. Olary şol bada saklaýarlar.
Ibn Sina. Fizikanyň kanunlary... ýeriň merkezine tarap gitmäge hiç bir güýç päsgel bermeýän jisimlere degişli. Bu käse seniň ägirt uly erkiň täsiri bilen saklandy!
Abu Sahyt (aýala). Sen oňa öz ogluňy arkaýyn bejerdip bilersiň. Pelsepeçi-alym edil hudaý ýaly eken. (Ibn Sina tagzym edip, öýüne tarap ugraýar.)
Birinji derwüş (Abu Sahydyň yzyndan ýetip ). Sen näme üçin oňa tagzym etdiň halypa?
Abu Sahyt. Sebäbi meniň ylhamyň güýji bilen görýän zatlarymy, ol ylmyň güýji bilen görýär eken.
Ikinji derwüş. Seniň ýüregiň bu adamyň Ibn Sinadygyny syzanokmy?
Abu Sahyt (Sakga durup). Ýogsa-da, menem hut şeýle pikir etdim. Ýöne özünden soramagy birhili gördüm... (Ýene-de bir gezek Ibn Sina tagzym edip gidýär.)
Ibn Sina hem Abu Sahyda tagzym edýär.
Birinji derwüş. (Ibn Sina ýüzlenip). Eý nätanyş adam, sen näme üçin Abu Sahyda tagzym etdiň?
Ibn Sina. Sebäbi meniň ylmyň güýji bilen görýän zatlarymy, ol ylhamyň güýji bilen görýär eken.... »

■ Arslan Beýginiň Mäne Baba bilen duşuşygy

«Nişapur.
Abu Sahydyň öýüniň öňindäki äpet dargt. Agşamara. Öýüň öňünde elleri ýaragly hem-de otly kesindili märeke.
Sesler. Abu Sahyt hezretleri!
- Gapa çyksana!
- Sen halka gerek!
- Biziň ýanymyza gel!
Abu Sahyt ajaýyp eşikde gapa çykýar. Hemmeler onuň öňünde dyza çökýärler.
Goja. Türkmenler şäheriň derwezesini kakyp durlar. Näme etmeli? Şaheri goramalymy ýa-da...
Abu Sahyt. Derwezeleri açyň. Bolmasa biz diňe bir şäherimizden däl, janymyzdan hem geçmeli bolarys. Galanam näme, bize diňe Allanyň rehimine bil baglamak galýär.
Hemmeler onuň bilen bile doga okaýarlar. Çalt-çalt ýöräp geýnüwli Arslan peýda bolýar. Onuň ýanynda köp sanly nökerleri.
Arslan. Içinde akyl-paýhas höküm sürýän şäherler uzak ýaşaýar. (Abu Sahyda). Pähimli ulamalar bolsa uzak wagtlap ýatda galýar... (Dyzyna çökýär). Bize pata ber, eý tagsyr!
Arslanyň ähli nökerlerem dyza çökýärler.
Abu Sahyt (Çöküne düşüp oturan Arslanyň üstünden ellerini gerip). Seniň päk kalbyň näme iş etsem diýýär, eý oglum?
Arslan. Biz köp zat islämizok. Diňe Gaznany alaýsak diýýäris!
Abu Sahyt (ellerini yzyna çekip). Gaznany?!
Arslan. Hawa. Soňam Bagdady! Gylyjyň uçgunyndan döwletlilik şuglasy döremeli, şeýle dälmi?
Abu Sahyt. Bolýar, men size pata bereýin. Size boýun synmak dünýäniň kysmatynda bardyr.
Ahli nökerler başlaryny egýärler, olaryň biri aňk bolup Abu Sahyda seredip dur.
Arslan (ony kakyp goýberýär). Näme aňk bolup otyrsyň... Görmegeý şyh, şeýle dälmi?
Nöker. Hawa. Şyhlar garyp eşikde gezýärler diýip aýdýardylar! Bu şyha durky bilen zynat bolup dur. Men ony soltandyr öýtdim.
Abu Sahyt nökeriň aýdanlaryny eşidip, aşak bakýar.
Seret, onuň ýüzi gyzardy!
Arslan. Ol biziň işimiz däl! Ine biziň etmeli işimiz! (Ýerinden turup palta bilen Abu Sahydyň daragtyna palta salýar.)
Şyh bizden başga hiç kime pata bermez ýaly, çapyň şu daragty! (Ýerinden turup, nökerlerini alyp çykyp gidýär.)»

■ Halyfyň köşgünde bolan gürrüňler

«Bagdat. Halyf Kadyryň köşgünde.
Halyf dünýä kartasynyň öňünde dur. Onuň ýanynda - iki ogly, weziri, kätibi.
Halyf (gaharly). Türkmenler bilen söweşip biljek bir şäherem bardyr öýdemok! (Aýnanyň öňüne baryp, köýneginiň iliklerini dakýar.) Altyn guşagymy äber!
Wezir. Halyfyň altyn guşagyny getiriň!
Halyf. Bu däl! Pöwrize daşlysyny getirsinler!
Wezir.Halyfyň pöwrüze daşly altyn guşagyny getiriň.
Halyf (guşanyp durşuna). Merjen tesbimi getiriň! Ýa-da ýok... badahşan laglyndan edilenini.
Wezir. Halyfyň lagyl tesbisini getiriň!
Halyf. Ýüzüklerimem!
Wezir Halyfyň ýüzüklerini getiriň!
Içi ýuzükli gutujyk getirýärler, halyf birnäce ýüzük dakynyp özüni aýnada synlaýar.
Gulluk derejelerini paýlap başlalymyz bäri biziň işimiz ugruna bolup başlady!
Halyf (wezire). Saňa ony öwreden kim?
Wezir (başyny egip). Adamlaryň akmaklygynyň hem-de gopbamsylygynyň beýle geçginli harytdygyny, dogrusy men bilmändirin.
Halyf (penjireden seredip). Gulluk derejesini almak üçin bu gün bize nähili sowgat getirdiler?
Wezir. Altyn, ýüpek, müşk, hytaý çaýyny, zendanaçy matasyny, tabarystanyň gymmat matasyny... hem-de asyryň üýtgeşik harydyny - syrçaly gaplary getiripdirler, hökümdarym...
Halyf. Munuň üçin nähili gulluk derejesini soraýarlar?
Wezir. Dünýäniň adalatly patyşasy derejesini.
Halyf (gülüp). Arslan gelenä däldir-dä, hernä?
Wezir. Arslan-a gelendir, hökümdar.
Halyf. Nesilşalygyň alawy gulluk derejesini berenimiz üçin Bogra han bize näme getiripdir?
Wezir. Gön, ýüň, ýigrimi müň at, merw ýüpegini, samarkant kagyzyny,, şeýle hem kümüşsöw reňkli meshur simgun matasyny, gyzyl mahmal hem-de kenepden edilen sinizi matasyny getiripdir. Ine, siziň biliňizdäki şu guşagam şol iberipdir.
Halyf. Gürgeniň emiri Kowus näme iberipdir?
Wezir. Ol sizden gulluk derejesini soramadyk ýeke-täk emir, hökümdar.
Halyf. Şeýlemi? Aý, ol eýýäm aljak derejesini alan ýaly-la. Göni gelen ajal oňa «ogly öldüren» derejesini goýup gitdi... Soltan Mahmyt näme iberipdir?
Wezir. Siz oňa iň ýokary – Soltan häkimýeti diýen gulluk derejesini beripdiňiz! Ýöne ol bu dereje üçin hemmelerden köp zat iberipdir. Ownuk-uşak zatlary hasap etmäniňde bäş kerwen tylla! Arslany çagyraýynmy hökümdar?
Halyf. Ýok. Men onuň bilen bir eýýäm gürleşdim. Şol wagtlar onuň bir garyş ýerem ýokdy. Görýäňizmi, eýýäm gulluk derejesi üçin gelenmiş! Siz näme diýýäňiz, ogullam!
Uly ogly. Men oňa gulluk derejesini bermeli diýip hasap edýärin. Ýöne, getiren sowgatlarynyň daşyndan silkme telpegem bersinler! (Iki elini ýokary göterip). Şunuň ýaly beýik... Silkme telpek maňa diýseň ýaraýar!
Halyf bilen wezir biri-biriniň ýüzüne seredişýärler.
Kiçi ogly. Bu erkek adama gelişjek gürrüň däl! Olary gowy garşylamaly, ýöne gulluk derejesini bermeli däl. Pikirlenmegi wada eden bolmaly. Bagdada gelenlerinden soň bolsa - olar hökman gelerler - ondan soň dereje beräýmeli. Olaryň hemme garşydaşlaryny ýeňjekdikleri barada hem hiç hili şek-şübhe bolup bilmez, sebäbi olaryň meselesi häkimýeti almak däl-de, ýaşaýyş ugrundaky göreş. Indi musulman dünýäsiniň düwüni biz däl-de, türkmenler hem-de olaryň soltan Mahmyt bilen uruşlary bolar. Şol düwüni kim çözse, şol hem dünýä musulmanlarynyň hökümdary bolar. Türkmenler Mahmydyň döwledini dänejige öwürmäge çalyşýarlar - hökman öwrerlerem! Haçan-da olar Bagdada gelenlerinde, olaryň öňünden edil ogullaryňy garşylaýan ýaly çykmaly. Olaryň batyrlygyna haýran galan bolmaly. Ony etmek saňa ýeňil bolar, sebäbi olar hakykatdan hem gözsüz batyr halk. Men heniz olardan batyr esgerleri göremok. Ine şundan soň olara gulluk derejesini berseň bolar! Özem, kaka, seniň göterýän derejäňden soňky iň beýik, iň birinji gulluk derejesini bermeli bolar. Olara şeýle diýmeli: «Sizi Bagdada hudaýyň özi iberipdir! Siz meniň perzentlerim!» Soňra olary kartanyň ýanyna eltip, edil uly bir syry açýan ýaly, uly ynam bilen şeýle diýip aýtmaly: «Bu ýerler (Kiçi Aziýany görkezip) meniň dünýämde iň mes toprakly, iň owadan ýerler, ýöne olar gyrak-çetde, meniň iň howply duşmanlarymyň ýerleriniň golaýynda, olar diňe size batyrynyp bilmezler. Siz olara garşy meniň galkanym bolsadyňyz! Siz şol yerlerde ýaşamaga isleg bildirsediňiz!» Elbetde, olar şol ýerlere şatlyk bilen eňerler hem-de ýurt tutynarlar we sen bu işden iki esse peýda görersiň, çünki birinjiden-ä, sen olary özüňden daşlaşdyrarsyň, ikinjiden bolsa, hakykatdan-da olar seniň şol howply taraplarda galkanyň bolarlar.
Halyf. Hudaý jan maňa şeýle ogly näme üçin iberdikä! (Kiçi ogluny öpýär.) Hut şonuň ýaly hem ederin, oglum! Bar Arslanyň ýanynda bol! (Uly ogluna.) Bar senem onuň ýany bilen git! Ýöne ondan silkme telpek soramagy unutmagyn!
Ogullary gidýär.
(Kätibe.) Kiçi oglumyň ähli aýdanlaryny ýaz-da, gizläp goý. Kim bilýär, birden men ol günlere ýetmesem, mirasdüşerime berersiň. (Gidýär.)
Kätip. Men onuň hut öz eline bererin!
Wezir. Akmak. Akylly şazadanyň tagty miras almagyna kim ýol berer öýdýäň?!»

Jumadurdy ANNAORAZOW,
taryh ylymlarynyñ kandidaty.
4
338
sahet_ashyrov
16.09.2020 09:04
NEJMEDDIN KUBRA, ÖMRI WE DÖREDIJILIGI

■ NEJMEDDIN KUBRA

Sopuçylyk taryhynda we Anadolynyň sopuçylyk düşünjesine görä Nejmeddin Kubra diýip tanalýan, Kubranyň atly dini akymyny esaslaldyrjy beýik sopynyň doly ady Ebul-Jenab Ahmet bin Omar bin Muhammet bin Abdylla. Horezmiň obalaryndan biri bolan Haýwek (ýa-da Hiwekde) dogulany üçin lakamy Haýweki bolupdyr. 590-nji ýylda dogulany hakynda aýdylýan maglumat anyk bolmasada,aradan çykan ýyly takykdyr.Doglan ýyly takmynan 540/1145-nji ýyl, aradan çykan ýyly bolsa, 681/1221.
Çagalyk ýyllaryny şu sebitde geçireninden soňra ylmy syýahatlara we iş saparlaryna ýola rowan bolýar. Sopuçylyk durmuşuna gadam basýança hadys ylmy bilen meşgullanýar. Ylmyň bu pudagyndaky işlerine Hemedanda başlaýar we Ebu’l-Aliden ak pata alypdyr.
Has soňra Iskenderiýede hadysy atma-at kimden-kime aýdylyp gelnendigi bilen gürrüň berýän Abu Tahyr Silefi (öl. 576/1180) atly Şafygy hadysçynyň at-owazasyny eşidip, ondan ders almak üçin Iskenderiýä ugraýar. Bu yerden hem Nişapura tarap hereket edip, şol döwrüň hadys alymlaryndan bolan Ebu’l-Mealiniň sapaklaryny alýar. Meşhur Kelam alymy Fahruddin Razi bilen hem görüşendigi barada gürrüň edilýär.
Sopuçylyk durmuşuna 35 ýaşlarynda başlandygyny göz öňünde tutsak, ömrüniň miweli döwrüni zahyry (görünen) ylymlara harjandygyny aýdyp bileris. Şol döwürde özüniň ýiti zehini, giň gözýetimi we düşünjeligi bilen ähli jedellerde we polemikalarda üstünlik görkezendigi üçin oňa „Tammet’ul-Kubra” diýipdirler. Bu söz türkmençede „Peläket adam” diýmek bolýar. 12 Has soňky ýyllarda bu lakamyň birinji bölegi unudylyp, Şeýhynyň dakan Nejmeddin ady bilen ikinji bölegi „Kubra” birleşdirilipdir. Käbir eserlerde bolsa Şeýhul-kebir diýip geçýär.

■ Sopuçylyk durmuşa girişi

Kubranyň ýaşan döwri sopuçylyk taryhyny iň bereketli we miweli döwürlerinden biridir. Bu döwre „tarykatlar döwri” diýmek mümkindir. Sebäbi uly tarykatlaryň ählisiniň diýen ýaly pirleri bu ýyllarda ýaşapdyrlar we pikirleri bilen sopuçylyk düşünjesini açyk görnüşde mektepleşdiripdir we ugrukdyrypdyr. Bu düşündirişi aşakdaky görnüşde has düşnikli görkezip bileris:

Tarykatyň ady we esaslandyryjysy
Ýaşan ýeri we senesi (öl.)

Kadyryýa/Abdylkadyr Geýlani
Bagdat – 562 /1167

Rufayýa/Ahmet Rufai
Basra – 578/1182

Bedewiýe/Ahmet Bedewi
Marokko-Müsür – 675/1276

Desukyýa /ibrahym Desuki
Müsür – 676/1277

Medýeniýe/Ebu Medýen
Enülüs (Ispaniýa) – 590/1194

Ekberiýe/Muhýiddin bin Araby
Endülüs-Şam – 638/1240

Ýasawyýa/Ahmet Ýasawy
Merkezi Aziýa – 562/1167

Şazeliýe/Abdylla Şazeli
Tunis – 656/1258

Sadyýa/Sadüddin Jybawy
Siriýa – 700/1300

Suhrawerdyýa/Şyhabuddin Suhraberdi
Yrak – 632/1254

Konýawyýa/Sadruddin Konewy
Anadoly – 673/1274

Haýdaryýa/Kutbuddin Haýdary
Eýran – 618/1221

Kubrawyýa/Nejimeddin Kubra
Horezm – 618/1221

Mewlewiýe/Möwlana
Konýa (Anadoly) – 672/1273

Bekdaşyýa/Hajy Bekdaş Weli Hajybekdaş (Anadoly) – 669/1270

Nagşybendiýe/Bahaweddin Nagşybendi Türkistan – 791/1389

Yslam dünýäsiniň ähli künjeginde diýen ýaly güýçli we meşhur şeýhlaryň bolmagy, yslam jemgyýetini isleseň-islemeseň sopuçylyk durmuşy we düşünjesi bilen ýüzbe-ýüz etdi. Şol sebäpli hem 13 bu döwürden soň gurulan Seljukly we Osmanly medeniýetlerinde-de sopuçylygyň güýçli täsiri görülýär. Başgaça aýdanymyzda, birnäçe asyrlap, sopuçylyga baglanmak durmuşyň adaty ýagdaýy bolupdy.

■ Mürşidleri (şägirtleri)

Tarykatlar döwründäki bu hereketlilige garamazdan, Nejimeddin Kubranyň Töwriziniň Şerhu Muhýy’s -sünnäni okadyp ýören döwründe duşuşan Baba Ferej Töwriziniň maslahatyndan öň sopuçylyk durmuşy bilen onçakly gyzyklanmandyr.
Kubra, sapak okap ýörkä mediresä gelen Töwriziniň haýbatyndan, paýhasyndan örän täsirlenýär. Dostlaryndan Töwrizi barada sorap, onyň bilen gatnaşygy açyýar. Ilkinji duşuşyklarynda şeýhden şu maslahaty alýar: „Saňa depder okamaly wagt däl. Älem-jahan seniň esasy depderiň bolsun.” Bu ilkinji duýduryşa garamazdan, Astronomiýa ylmyna (älem-jahan ylmyna) barynça giň medrese okuwy, köp wagtlyk özüni kanagatlandyryp biljek bir şeýhiň tapylmanynyň netijesidir. Bu mowzuga öz eserlerinde anyk görnüşde deginip geçýär.
Ýene bir gün hassa-ýolagçy bolup, şeýh Ysmaýyl Kasrynyň (öl. 589/1193) dergähinde düşlemäge mejbur bolýar. Tekkedäki sopuçylyk guramasynda asman älemleri öwreniş(kosmos) onuň üçin aýry bir gyzyklandyran mesele bolýar. Bu dergähde birnäçe gününi geçiren şeýh, ol ýerde täze-täze pikirler, düşünjeler bilen gaýdýar. Ysmaýyl Kasry onuň ruhy ýagdaýyna düşünendigi üçin, Ammar bin Ýasiriň (öl. 582/1186) ýanyna gitmegi maslahat berýär. Bir müddet bu ýerde 14 galan Nejmeddin Kubra ýene-de şeýhiniň emri bilen Ruzbihan Kebir Müsriniň (öl. 584/1188) ýanyna gidýär. Aslynda şeýhleriň arasyndaky şägirt alyş-çalyşygy bilen sopuçylyk taglymatynyý berilmegi soýky döwürlerde we başga ýerlerde bolandygy belli bolýar.
Okuwuň bu görnüşlerde bolmagynyň sebäpleri näme bolup biler? Ynsan terbiýesi bilen tekke sopyçylyk guramasynyý terbiýesiniň bir-biri bilen bagly bolmagy. Şol sebäpli hem bu terbiýe, okuw usulynda kabir mugallymlaryň, sopuçyk dillinde aydanda şeýhleriň, terbiýäniň käbir ugurlarynda üstünlik görkezip biljekdiklerini aýdyp bileris. Her kişiniň üstünlik görkezýän ugry bir meňzeş däl. Munuň başga bir sebäbi bolmagy hem ahmal: Mürit(şägirt) sopuçylyk durmuşyna başlamak bilen bir hatarda özüni birnäçe ruhy joşgun we subutnamalara şaýat bolar. Bu duýgy we hakykatlara erkini elden aldyrmazlygyna gözegçilik etmek, onuň heniz ýoluň başyndadygyny görkezmek üçin şunuň ýaly mekan üýtgeşmeleri gerek bolup biler. Syýahat we tekke sopyçylyk düşünjesinde möhüm ýeri bolan „aýralyk, ýat il düşünjesini” hem hasaba goşmak mümkindir.
Uzak wagtlap Müsriniň ýanynda bolan Kubranyň, şeýhiniň giýewsi bolmak bagtyna eýe bolanyndan soňra, ýaňadan Ammary-Bitlisiniň ýanyna, ders almaga gidendigini görýäris.
Bu syýahatlarynyň döwründe Nejmeddinde bar bolan „çyglyga” degişli zatlaryň hemmesi ýok bolýar. Bu peläketleri – eserlerinde-de beýan edişi ýaly – hötdesinden gelýär. Bu üç sany şeýh, müridiniň ogly Möwlananyň (öl. 672/1273) şu sözlerini ýatladýar: „Çygdym, bişdim ýandym.”
Ruzbihan, giýewsini ýaňadan Bitlisiniň ýanyna ugradanda eline şeýle bir hat ýazyp goýberýär: „Sende näçe mis bar bolsa, iber, hemmesini sap altyna öwürip, yzyna ugradaýyn.”
Ikinji gezek Ammaryň ýanyna gelen Kubra, bir müddet bu ýerde düşläninden soň Horezme dini sapak bermäge bellenilýär. Horezmdäki sopuçylyk hereketlerini esaslandyryjy Kubranyň, bu sebitdäki tekke düşünjesine garşy hereketlerden çekinendigi barada gürrüň edilýär. Ýöne, şeýhyň emri esasy zatdyr. Iň soňunda şol buýruk ýerine ýetirilýär we haýyrly netijeler berýär.

■ Şejere daragtlary we Kubrawyýa tarykatynyň şejere daragty

Tarykatlar döwründe sopuçylygyň iň möhüm hususyýetleriniň biri-de şeýhlaryň nesil daragtydyr. Ýagny derwüş, özüne sapak beren şeýhdan başlap, onuň şeýhy, onuň hem şeýhy... ýaly bir zynjyrlama bilen düşünje dünýäsinde Pygamberimize (s.a.w.) çeli barýar. Aslynda bu hili mugallym-talyp, şeýh-mürit zynjyry başda hadys ylmyndaky rawy zynjyry ýaly, beýleki yslamy ylymlara-da hem bardyr. Bu şol bir wagtyň özünde däp-dessura, adatlara baglylygy görkezýär.

■ Kubrawyýa tarykatynyň zynjyry aşakdaky ýalydyr:

1. Hezreti Muhammet (s.a.w.)
2. Hezreti Aly (öl. 40/661)
3. Hezreti Hasan (öl. 49/670)
4. Hezreti Hüseýin (öl. 61/680)
5. Zeýnel Abidin (öl. 94/713)
6. Muhammet Bakyr (öl. 117/733)
7. Jafer Sadyk (öl. 148/765)
8. Musa Kazym (öl.183/799)
9. Aly Ryza (öl. 203/818)
10. Maruf Kerhy (öl. 200/815)
11. Seri Sakaty (öl. 251/865)
12. Jüneýt Bagdady (öl. 297/909)
13. Ebu Aly Ruzbari (öl. 322/933)
14. Ebu Osman Magryby (öl. 373/983)
15. Ebu Kasym Kürkany (öl. 469/1076)
16. Ebu Bekir Nessaj (öl. 487/1094)
17. Ebu’n-Nejib Suhreberdi (öl. 563/1168)
18. Ammar Ýasir (öl. 582/1186)
Ruzbihan Müsri (öl. 584/1188)
Ysmaýyl Kasry (öl. 589/1193)
19 Nejmeddin Kubra (öl. 618/1221)

■ Müritleri

Anadolydaky sopuçylyk durmuşy we düşünjesi bilen Nejimeddin Kubranyň arasyndaky berk baglanşygyň bolandygyny arkaýyn aýdyp bileris. Bu bag esasanda müritleriň üsti bilen gurulandyr. Kubrawyýa tarykaty Anadoluda ýaýran beýik tarykatlaryň arasynda ýer alyp bilmedik. Ýöne, oňa derek bu tarykatyň pikirleri dürli-dürli ýollar arkaly ýaýrapdy. Bu ýoluň ilkinjisi we iň möhümi Mewlewilikdir.
Nefahatul-ünse görä (üns-endik), Möwlananyň kakasy Soltanul-ulama, Nejmeddin Kubranyň müritlerinden biri bolupdyr. Başga bir tarapdan Şems-i Töwrize hem Kubranyň müridi bolan Baba Kemal Jendiniň (?) müridi bu ýýoluň ikinjisi Mirsadul-ibad eseriniň ýazyjysy Nejmeddin Daýedir (öl. 654/1256). Eseriň türk diline edilen terjimesiniň başynda mangollardan gaçyp, Anadola sygnandygy, Kaýseri we Siwasa ýerleşendigi we eserini şol ýyllarda ýazandygyny habar berýär.
Beýik meşhur müritleriniň atlary şulardyr: Mejdiddin Bagdady (öl. 607/1210), Sadeddin Hamewi (öl. 650/1252), Radiýýuddin Aly Lala (öl. 642/1244), Seýfeddin Baherzi (öl. 658/1259), Aýnuzzaman Jemaleddin (?), Nejmeddin Daýe (öl. 654/1256)

■ Soňky ýyllary

Şafygy mezhebine degişli bolan we beýik sopylary ýetişdirmekdäki gazanan üstünlikleri sebäpli „Şeý weli-taraş” lakamyny alan Nejmeddin Kubra Haýweki,öz ruhy äleminde-de bolşy ýaly maddy äleminde-de jyhad alyp barýardy. Çeşmelerde, şahsy aýratynlyklaryň arasynda agzalyp geçilen „Ýazgaranyň gepinden gorkmazlyk” ýaly sözler bilen bir hatarda mangol goşununa garşy hem göreş alyp barandygyny görýäris. 17 Lelingradyň Gündogary öwreniş institutynda saklanýan kitabyň ady hem bu mowzukda kanagatlandyryjy maglumatlar berýär: Şeýh Nejmeddin Kubrany şehit Harezmi harap kylganynyň beýany.
Kubrawyýa tarykatynyň esaslandyryjysynyň soňky pursatlaryny Nefahatül-üns şeýle gürrüň berýär:”...Çyn kapyr tatarlar harezime geldiler, şeýh sahabalaryny jem etdi. Alty ýüzden zyýada erdi. We Soltan Mahmyt Harezimşah gaçmyş erdi. We kapyr tatarlar ony Harezimdedir öýtdüler we Harezime geldiler. Şeýh, sahabalaryndan käbirlerini Şeýh Saadeddin Hamewi we Şeýh Radiýüddin Aly Lala ýaly we başgalaryny çagyrdy. We aýtdy: ”Tiz boluň we öz ýurtlaryňyza gidiň. Maşryk tarapyndan bir ot ýakyldy, magryba ýakyn ýere dek gelendir we bu bir uly pitne bu ymmat içre munuň ýaly waka bolmandy.” Sahabalardan käbirleri aýtdylar: ”Käşgä Hezreti Şeýh bir doga-dileg etse, bu pitne musulmanlaryň ýurdundan gider. Şeýh aýtdy: „Bu bir gutulgysyz kysmatdyr. Depi mümkin däldir.” Netijede sahabalar ýazgyda razy boldular. Dowarlar taýýardyr. Eger, şeýle bolsa, Hezreti Şeýh sahabalary bilen razylaşdy. Tä olar zerur bolany üçin Horosana rowana bolýarlar. Uzak ýerler görünmez. Şeýh aýtdy: „Men bu ýerde şeýh bolmak isleýärin we maňa başga ýere gitmäge rugsat ýokdur. Soňunda sahabalar ýöneldiler. Çünki kapyrlar şähere geldiler, Şeýh sahabalarynyňbeýleki bir toparyny çagyrdy we aýtdy: „Geliň Allanyň ýoluna onuň adyny beýgeltmek üçin söweşeliň.” We çadyrhanasyna girdi we donuny geýip, mäkäm guşady we ol donunyň öňi açyk erdi. Iki goltugyny daş bilen doldurdy we eline bir ok (tire) aldy we daşary çykyp kapyrlar bilen garşylaşdy. We olara garşy daş zyňar erdi. Tä daşlary gutarýança kapyrlar ony ok ýagmyryna tutdylar. Bir ok mübärek synasyna degdi. Çekip çykardy we ýykylyp, wepat boldy. Gürrüňlere görä, şehit bolan wagtynda-da bir kapyryň saçyndan tutupdyr. Şehadetden soň, hiç kim ony Şeýhyň elinden halas edip bilmedi. Onsoň ol kapyryň saçyny kesdiler...”
Möwlana-da bu waka şeýle yşarat edýär:

Bir elden noş edip iman şerabyn
Bir elde kapyr saçyny tutarlar.

■ Pikirleri

Nejmeddin Kubra sopuçylyk taryhynda we medeniýetinde çuňňur yz galdyrýan sopulardan biridir. Eserlerinde we rysalarynda makala (hatlarynda) iki sany zady örän anyk görkezýär:
1. Sopuçylyk duýgularyny dile getirýän nazary düşünjeler. Feval cemal we fevatihul celalyň agramly böýlegi müňa mysal bolup biler.
2. Ýetişdiriji we terbiýeleýji subutnamalaryny öz içine alýar we esasyn-da mürütler üçin „elkitaby hökmünde bolan öwüt-ündewler.” Bu topara degişli kitap we rysalalar üçin bolsa, Usuly aşere we Rysala ilel-haim... atly rysalalary mysal hökmünde görkezip bileris.
Örän täsirli subutnamalar bilen bilelikde şerigatyň şerigatyň kadalaryndan geçmezlige örän çemeleşipdirler. Sopuçylyk taryhyň däplerinde iň köp söz açylan mowzuklardan bir bolan şerigat – tarykat – hakykat barada aýdanlaryny açyp görkezjek, meselä has aýdyňlyk berjegine ynanýarys:
„Şerigat göni ýalydyr, tarykat deňiz ýalydyr, hakykat dür ýalydyr. Düre eýe bolmak isleýän adam gämä müner, deňize çykar we soňundan düre eýe bolar. Bu yzygiderlilige boýun bolmadyk düri ele salypbilmez. Mürüt üçin möhüm zatlaryň bir ilkinji şerigatdyr. Şerigat diýmek, Allanyň we Resulallanyň buýruklarydyr. Täret, namaz, oraza, zekat, haj, haramlary terk etme... ýaly emr buýruklarydyr.
„Tarykat, ähli maddy zatlardan uzak duran, seni Allaha ýakynlaşdyrjak takwalyk ýolundan ýöremekdir. Hakykat bolsa maksada ýetmek, Hakyň nuruna şaýatlyk etmek, ony duýmak diýmekdir. Aslynda namaz barada şeýle diýilpdir: Namazyň üç esasy aýratynlygy bar: Hyzmat, ýakynlaşmak, duşuşuk (hyzmat, kurbet, wuslat). Hyzmat şerigatdyr, ýakynlaşmak tarykatdyr, duşuşyk bolsa hakykatdyr. Namaz bu aýdylan üç aýratynlygy öz içine alýar. Bu barada şeýle-de diýilýär: Oňa ybadat etmek şerigat, onuň hyzmatyna barmak tarykat, oňa göz ýetirmek bolsa hakykatdyr... Şerigatyň tämizligi suw bilen, tarykatyň tämizligi kalby maddy, dünýewi höweslerden uzak bolmak bilen, hakykatyň tämizli bolsa, Alladan başga ähli zady terk etmek bilen bolýar. Şerigaty namazy zikir we sütünler bilen, 19 tarykatyň namazy diňe Allanyň ýolundan ýöräp, dünýewi zatlary terk etmek belinden...”
Kubra, pikirlerini örän anyk dile getiripdir. Şahsy kararsyzlyk,düýş we ruhy gözlegleri hem bularyň arasyndadyr. Mysal üçin käbir ýazyjy sopular Hallajyň (öl. 309/921) adyny käbir jedeller sebäpli agzamaga çekinýärler, ýöne şeýhyň kitaplarynda bu ýagdaýyň tersini görýäris. Düýş we düýşleriň ýorgutlaryna-da uly ähmiýet beren Nejmeddin Kubranyň düşünje ulgamyna görä jehd (işlemek, tijenmek, çalyşmak) we müjahede (söweşmek, çalyşmak) üç sütüne daýanýar:
1. Ýuwaş-ýuwaş iýmiti azaltmak. Çünki gaýrylar (beden, nebis, şeýtan) munuň bilen güýçlenýärler. Iýmit azalsa olaryň häkimýetleri hem azalýar.
2. Kämil mürşidiň eradasyna bagly bolmak.
3. Jüneýit Bagdadiniň (öl. 297/909) sekiz sany esasy bolan kadalryny ýerine ýetirmek.
„Ýolumuz himiýa (magdanlardan altyna öwürme) ýoludyr.” Diýen Nejmeddin Kubranyň asman hakyndaky düşünjeleriniň hem dogrulygy görülýär.
Çeşmelerde özi barada „Şeýhi-ş-şuýuh, Seýýidü-ş-şühedawel-öwliýa, Mälik-i erbab-y Soltanu-l-muhaddisin we’l-müfessirin, Nejmü-l-hak we’d-din” ýaly sözler bilen tanalan Kubra akymynyň piri, weliligiň tamamlanmagy üçin aýdanyzygiderliligi ünsüňi çekýär: Atomdan malekula dogry bolan bu basgançagyň yzygiderliligi şeýledir: telwin, tmkin, tekwin (reňk bermek, agraslyk, döretmek), ylmy, hal, fena (ylmy almak, hala girmek, ýok bolmak). Tejrid, tefrid, towhyd (Ähli zady terk edip Alla sygynma, diňe Alla bilen meşgul bolmak, Allanyň birligine ynanmak). Ybadat, ubudiýýet, (çokunmak gulluk ebedilikdir). Tagabbud, ubudiýet, hürriýet (ybaday etmek, gulluk etmek, azatlyk). Şuhud, gaýbet, işhad – (Göze görünmezlik, şehadat getirnýe)... 20 muňa meňzeş yzygiderlikler özünden öňki sopularda hem duş gelýär.

■ Şygryýet bilen baglanyşygy (Şygryýet dünýäsi)

Eserleriniň derňewünde Nejmeddin Kubranyň şahyrlygy bilen baglanşykly belli bir maglumata duş gelmedik. Deňän eserlerimizde şygyr usulyny ullanmandyr.
Muňa garamazdan, Bertels, diline sopuçylyk we sopuçylyk edebiýaty diýen at bilen terjime edilen eserinde „Rubagyýaty Nejmeddin Kubra” atly mowzukda şeýhyň ýigrimi bäş sany parsça rubagysyny görkezýär.
Bu örän jedelli meselle. Ençeme rubagysy bolan şahsyýetiň ussat şahyr bolmagy, şol sebäpli bu hünärini ähli eserlerinde orta goýmagy we subut etmegi gerek diýip pikir edýäris. Fewaihu’l-jemal ýaly başdan-aýak inçe we psihalogiki pikirler bilen doldurylan eserde, şygyr usulyny ulanmazlygyny pikir hem edip bilmeýäris.
Onuň eserlerindenbiri hasaplanan başga bir eserde örän köp mukdarda arapça goşgularynyň bolandygyny görýäris.
Aslynda Kubranyň eserleri bilen müritleriniň eserleri köplenç biri-biri bilen çalşyrylýar. Baglanan şeýhleriniň pikiri we duýgularynyň agalygy eserlerdäki umumylyklary tapmaga ýeňillik döredýän bolsa, pikiriň kime degişlidigini bilmekde örän kynlaşdyrýar.
Kubrawyýa tarykaty
Isle pikirleri arkaly isle mürütleri arkaly Anadolynyň we sopuçylygyň düşünjesine örän uly täsir eden Nejmeddin Kubranyň esaslandyran tarykaty Anadoly topraklarynda öz ýaýran tarykatlardandyr. 21 munuň sebäpleri barada gürrüň etmekden saklanýarys. Ýöne bir zady ýatlalyň, Anadoly sopuçylyk düşünjesine iň uly täsir eden şahsyýet Muhýiddin bin Azaby bolsa-da, onuň esaslandyran Ekberiýe tarykaty bu topraklarda giňden ýaýylmadygyny bilýäris.
Kubrawyýa esasan bugünki Eýran we Russiýa çäklerinde ýaýrap şöhratlanypdyr. Kubrawyýa tarykatyna degişli adamlaryň bärki döwürlere çenli Russiýadaky syýasata garşylyk görkezip gelendiklerini aýdyp bileris.
Isle piriň şöhraty, isle sopuçylyk düşünjesi taýyndan güýçli müritleriň amala aşyran işleriniň netijesinde tarykat, esasynda bu sebitlerde örän çaltlyk bilen ýaýrapdyr. Onuň aradan çykmagyndan kyrk ýyl soň bu sebite örän uzak bir ýerde (Harran – Sam – Müsür) doglan we ýaşan Ibn Teömiýeniň (öl. 728/1328) esaslerinde hem agzalmasy, bu ýaýrana bir mysal bolup biler (Nakzu’l-mantyk, s. 38, Mejmau Fetawaýy Ibn Teýmiýe, X, s. 454 [Riýad, 1381]).
Kubrawyýanyň işlän pikirleri bilen Piriň düşünjeleriniň arasynda uly meňzeşligiň bolmagy tebygy zatdyr. Buny eserlerinden subut edip biljegimize görä, bu mowzugyň üstünde giňişleýin durup geçmeýäris. Tarykatyň däpleri, adatlary aýry bir uly iş diýmekdir.

■ Häzirki gysgaça maglumat bermek üçin tarykatyň meşhur sekiz sany goluny görkezmek bilen çäklenýäris:

1 Baherziýe / Seýfuddin Baherzi (öl. 658/1259).
2 Nuryýýe / Nuryddin Abyrahman Isferayny (öl. 639/1241).
3 Hamedanyýa /Aly Hamedany (öl. 787/1385).
4 Ruknyýýe /Alaudd’owle Simanany (öl. 736/1336) /Bagadad goly.
5 Ygtyşaşyýýe / Yshak Hattalany (VII / XV asyr) /Horasan goly.
6 Nurbagşyýýa / Muhammet Nurbagşy (öl. 869/1465).
22 7 Aýdarussyýa / Ebu Bekir Aýdarus (öl. 909/1503) /Ýemen goly.
8 Firdöwsiýýe / Ruknuddin Firdöwsi (öl. 724/1323) /Hindistan goly.

■ ESERLERI

Nejme Kubra degişli eserleriň sany örän köpdür. Esasan-da Usuly aşere atly eseriň meşhur bolmagy we birnäçe at bilen atlandyrylmagy bu sany has-da köpeldýär. Biz bu bölümde eserleriniň terjimeleriniň üstünde giňişleýin durup geçenimizden soň, beýleki eserleri barada gürrüň ederis.

1. Usuly-aşere

Sopuçylyk türk düşünjesine görä Nejmeddin Kubranyň iň möhüm eseri şübhesiz Usuly-aşere atly rysalasy (kitaby) bolup durýar.
Rysalanyň başynda tarykatlara degişli bolan üçli synplandyrma (taryk-y-ahýar, taryk-y ebrer, taryk-y şuttar) ýaly, rysalanyň esasy mowzugy bolan on sany sopuçylyk (tasawwufy) sütün (usuly aşere), ençeme asyrlardan bäri öz ähmiýetini we şöhratyny gorap gelýär.
Ysmaýyl Hakky Bursawy (öl. 1137/1724) rysalany terjime hem-de şerh edeninden soň bolsa eseriň Osmanly döwletiniň çägindňki meşhurlygy öňküsindenem artdy. (Asyl teksti hem-de onuň ýanynda ýerleşdirilen Y. Hakky Bursewiniň şerhini hem öňümizdäki sahypalarda görersiňiz. Tekst bilen şerhi biri-birine garyşdyrmazlyk üçin tekst gojy harplar bilen ýazylandyr). Usuly-aşerede sopuçylygyň esasynda düşündirilýän on esas şulardan ybarat: Toba, Zuht (terkidünýälik, dünýä höwes bildirmezlik), Töwekgel (Allaha umyt etme, Allaha bil baglama; bir işi ýa-da meseläni Allaha goýup, kysmatyňa razy bolmak), Kanagat, Uzlat (çete çykyp, köpçülikden daşda ýaşamaklyk), Dowamly zikir (Allahy hem-de Allahyň atlaryny ýatlamak, gaýtalamak; Allahyň atlaryny ýatlap dileg emek), Allaha töweçjih (allaha ýüzlenmek, ünsüni Allaha bermek), Sabyr, Murakebe (gözegçilik etmek, özüňe gözegçilik etmek), Razylyk.
Rysalanyň örän köp gezek göçürilmegi onuň meşhur bolndygyna hem-de giňden ýaýrandygyna şaýatlyk edýär. Göçürilen rysalalaryň köpelmegi (netijesinde) ol rysala dürli atlaryň dakylmagyna sebäp bolupdyr (ýol açypdyr). Mysal üçin, aşakdaky atlar şol bir rysalanyň dürli nusgalardaky atlarydyr:

1. Et-Tarik ilellah,
2. Risale-i Kübrewiýe,
3. Risale fi’t-tasawwuf,
4. Risale-i turuk,
5. Risale-i süluk,
6. Risale-i Nejmüddin,
7. Risale-fi meratibi’s-süluk ilallahi Taala,
8. Risale-i Nejmiýe,
9. Risale-i jelal we’l-jemal,
10. Akrab-i turuk.

Bu ýagdaý ilkibaşda kätip Çelebini hem-de Brokelmany, soňra bolsa bulary Hyjra hökmünde peýdalanan başga alymlary ýalňyşdyrypdyr.
Nejmeddin Kubra eserlerinde we, elbetde, Usuly-aşerede hem peýdalanan hadysalaryň (sahyh) hakyky bolmagyna uly ünüs beripdir. Nejmeddin Kubranyň köp ýylaryň dowamynda hadys ylmyny öwrenendigini hem-de bu ugurda saýlanandygyny mundan öň aýdyp geçdik. Ýöne, Usuly-aşereni şerh eden Ysmaýyl Hakky Bursewi bolsa, şerhde peýdalanan hadyslaryna Nejmeddin Kubra ýalyça üns bermändir.
Terjimede, esasan, Bursa gadymy eserler kitaphanasynda saklanýan nusgany ullandyk (Jami-i Kebir, № 1700, 59а-61а).

2. Risale ile’l-haim

Doly ady Risle ile’l-haif min lewmeti’l-laim bolan bu rysala, Nejmeddin Kubranyň üýtgeşik bir Usuly – aşeresidir. Nejmeddin Kubra rysalanyň baş tarapynda; ruhy we beden arassaçylygyny ýerine ýetirmän Allahyň huzuruna çykyp bolmajagyny, onuň diňe on esasa eýermek bilen mümkin bolup biljegini ýazanyndan soňra şol hususyň her birini aýry-aýry ele alyp, düşündirip geçipdir. Bu esaslar şulardyr: Beden arassalygy, Halwet (çete çykyp ybadat bilen meşgur bolmak), Dowamly dymmak, Dowamly agyz beklemeklik, 25 Dowamly zikr, Boýun bolmaklyk, Ýadyňa hiç zat getirmezlik, Ýüregiňi şeýhe baglamak, Mejbur bolan ýagdaýyňda ýatmak, Iýip-içmekde orta ýoldan gitmek.
Rysalanyň adyndan hem-de sanalyp geçilen esaslardan düşünişimiz ýaly bu eser, baglanan täze müritler üçin ýazylan ýan kitap hökmünde bolupdyr. Nejmeddin Kubra käbir ýerlerde meseleleriň has-da düşnükli bolmagy üçin öz ýatlamalaryndan peýdalanyp düşündirip geçipdir, hem-de aýratyn yhlas bilen her bir esas bilen baglanyşykly aýat we hadyslary ýazypdyr.
Nejmeddin Kubra, hawatyr (ýatlamalar, oýlanmalar, düşünjeler) meselesini beýleki esaslara garanyňda has giňişleýin düşündirýär. Ol zikr barada-da ýerterlik maglumatlar berýär.
Bu rysalanyň Mowaffak bin Mejd Hasi tarapyndan parsça terjime edilendigini bilýäris. Bir meňzeş äheňde Nejmeddin Kubranyň pars dilinde ýazan eserlerine-de duş gelýäris. Şeýlelik bilen Eýran sopuçylyk düşünjesi bilen Nejmeddin Kubranyň arasyndaky baglanyşygyň bolmagynyň sebäbi anyklaşýar. Emma, Nejmeddin Kubranyň we onuň müridi Nejmeddin Razynyň eserleri biri-biriniň adyan geçen bolmagy ähtimal, diýen pikiri hem gözüň öňünde tutmaly.
Terjimede, esasan, şu nusgadan peýdalandyk: Süleýmaniýe ktp. Aýasofýa Kit, № 2052.

3. Fewaih’l-jemal

Kesgitlemegimize görä Şeýh Nejmeddiniň iň möhüm eseri budur. Eseriň asyl ady: Fewaihu’l-jemal we Fewatihu’l-jemal. Nejmeddin Kubra bu eserinde – sopuçylgy esaslandyryjylarynda örän seýrek duş gelýän bir usul bilen – esasan, şahsy duýgylara hem-de görünýän mistiki zatlaryna ähmiýet berip, ýagdaýyndaky kesgilemelerni ýazga geçiripdir hem-de sopuçylyk hakyndaky düşünjelerini bize beýan edip beripdir. Şol sebäpli hem Fewaihde başga sopylardan alnan pikirlere duş gelip bolanok.Hatda biziň terjime eden Rysale ile’l-haim atly eserde Nejmeddin Kubranyň köp-köp peýdalanan aýat we hadysalara-da bu eserde gabat gelmedik. Esere bu tarapdan seredenimizde, onunň kämil sopuçylyk psihologiýasy diýip atlandyryp boljak häsiýete eýedigini aýdyp bileris.
Müşahede (Allahyň ýürekde peýda bolmagy, özüňden gidip, Allahy tapmak. Allahy tomaşa etmek); nebis, şeýtan, bar bolmak, zikr, hatyr (göwün, ýürege gelýän duýgy, pikir, wyždanyň sesi) zowk, istigrak (özüňden geçip dünýäni ýatdan çykarma), pena (guluň nebsinin arzuwlaryndan we haýwan häsiýetlerinden daşlaşmagy, guluň Allahdan başga zady görmezligi) yşk, hal, makam (düşelge dini ahlak we häsiýet; Allaha ýetmek ýolundaky duralgalar, derejeler) wagt, raky-sema, humut-jumut... ýaly mawzuklarda maglumatlary we kesgitlemelerini açyk we sada dil bilen ýazan Nejmeddin Kubra, sopuçylyk durmuşynyň başlarynda gelen ruhy hadysalary hem bolşy ýaly ýazyp geçirip, dogry ýoly görkezmekde (irşatda), bu hili tejribeleri bilen hem müritlerini okadypdyr.
Terjime-golýazma nusgalardan-da peýdalanmak bilen birlikde– esasan, Frytz Meieriň tankytly neşrinde peýdalandyk. (Wyesbaden 1957 ý.) Meieriň esere ýazan 250 sahypalyk nemesçe girişi bolsa – Nejmeddin Kubra bilen baglanyşykly maglumatlaryň jedelli bolmagy taýyndan – uly ähmiýete eýedigini aýtmak bolar. Aýratyn hem, eseriň soňunna Mejdüddin Bagdady, Aly Hemedany, Ammar Bitlisi, Nureddin Bedahşi, Seýfüddin Baherzi, Aziz Nesefi ýaly Kubrawyýa tarykatynyň abraýly sopularyň rysalalaryndan bölümleriň ýerleşdirilmegi neşre bitewilik gazandyrdy.

4. Aýnu’l-haýat, Te’wilat-y Njmeýe, Bahru’l-hakayk

Nejmeddin Kubra hadys ylmy bilen bilelikde tefsiri hem öwrenipdir. Çeşmelerde Nejmeddin Kubranyň hadys bilen baglanyşykly eseri barada agzalmasa-da, tefsiriniň bardygyny bellenip geçilýär.
Başdaky çeşmelerde şol tefsiriň doly ady tapylman galanlygy zerarly meseläniň käbir taraplarynyň gizlin galmagy sebäp boldy. Dürli kitaphanalarda golýazmalary bolan hem-de Aýnu’l-haýat,Te’wilat-y Nejmiýe we Bahru’l-hakçyk atlary bilen tanalýan tefsirler Nejmeddin Kubranyň adynadyr. Käbir nusgalarda we eserlerde bolsa bu eserler Nejmeddin Daýeniňki we Alauddin Simnaniniňki diýip görkezilýär. Şeýlelikde, Brokelmanyň Meieriň, prof. Zehebiniň we Ö. Nasuhi Bilmeniň berýän maglumatlary biri-birine ters gelýär.
Sopuçylyk tefsirler üstünde köp ylmy işler eden Süleýman Ateş bolsa bu mesele babatda şeýle diýýär: „Nejmeddin Kubra ýaazypdyr diýip bellenen 12 jiltlik tefsiri ýokdur... Kubranyň Aýnu’l-haýat atly tefsiri ýitip giden bolsa gerek hem-de onuň nirededigi belli däl... Bahru’l-hakçyk bolsa Nejmeddin Daýa degişlidir”.

Bu dört eserinden başga Nejmeddin Kubranyň kitaphanalarymyzda golýazma görnüşde saklanýan eserleri-de şulardyr:

1. Adabu’s-sufiýýe,
2. Risale-i Nejmüddin,
3. Sekinetü’s-salihin,
4. Risale-i sefine.

● Jemleme

Nejmeddin Kubra bilen baglanyşykly ilkinji işlerimizi we onuň üç eseriniň terjimesini hödürleýäris. Nejmeddin Kubranyň durmuşy, Kubrawyýa tarykaty we başga eserleri bilen baglanyşykly işlerimizi dowam etmek göz öňünde tutýarys.
Işlerimde iň köp kömek eden hem-de goldaw beren hormatly mugallymym Suleýman Uludag boldy. Hem ýol görkezdiler, hem-de zähmetimi başyndan soňuna çenli okadylar. Eden kömekleri üçin men köp zat borçly. Özlerine minnetdarlygymy bildirýärin.
Fewaihu’l-jemalyň fotokopiýasyny Frankfurtdan iberen dostum Hasan Hüseýin Köksaly hem bu ýerde ýatlap geçesim gelýär.
Bu eseri taýýarlamak pikiriniň orta çykmagynda hem-de tertipli halda okyja ýetmeginde „Dergah Neşirýatynyň” köp jan berendigine şübhe ýokdur. Goşant goşan ähli dostlaryma minnetdarlyk bildirýärin.
Hormatly okyjylaryň tankytlary biziň üçin şübhesiz ýol görkeziji bolar. Munuň ýaly sylag etjek okyjylara häzirden sag bol aýtmaly. Şeýle-de, bu işiň maksady Nejmeddin Kubra ugurda ilkinji ädimi ätmekdir. Yhlas bizden, kömek Allahdandyr.

Çekirge Rebiulahyr 1400/Nowruz 1980.

Mustapa KARA,
Bursa ýokary yslam instituty.
4
123
sahet_ashyrov
14.09.2020 10:28
MERWIÑ TARYHY PARS ÇEŞMELERINDE

Merw gadymy çeşmelerde bir şäheriň, bir sebitiň ýa-da welaýatyň adyny aňladyp, şol bir wagtda hem beýik Horasan ülkesiniň çäginde bolan topragynyň dörtden birini aňladypdyr. Murgap ýa-da Merwab diýip atlandyrylýan derýa özüniň suwuny şäherden 25 farsaň (1 farsaň – 6 kilometr töweregi) günortada bol hasylly topraga ýaýradyp başlaýar hem-de derýanyň mes toprakly, bol hasylly ýere ýaýramagy, şäherden birnäçe farsaň demirgazyga, has takygy, Horezmiñ çygryndan Horasan topragyna süsňäp girýän çäge alaňlaryna çenli dowam edýär. Ynha şu bol hasylly giň sähra Merw jülgesi (Merw sebiti) diýip atlandyrylypdyr. Şonuň ýaly hem, ol sebitde ýerleşýän hemme şäherler, galadyr-kentler, ýaşaýyş mekanlary umumylykda Merwe degişli bolupdyrlar. Ol sebit şonuň üçin hem Merw welaýaty diýip hem
atlandyrylypdyr.
Bol hasylly topragy, abadançylykda ýaşaýan ilaty bolan Merw şäheri we Merw welaýaty gadymy Horasan ülkesiniň topragynyň ylla, dörtden bir bölegini özünde jemläpdir hem-de ol sebite takmynan, häzirki Türkmenistanyň gadymy Horasana degişli şäherleriniň aglabasy degişli bolupdyr. Hut şonuň üçin hem, eger Merwiň geçmişi, gadymyýeti barada söhbet açylsa, ol ýerde ady ýatlanýan Merw adynyň diňe bir ýeke şäheri däl-de, gerek ýerinde uly bir sebiti hem aňladýandygyny göz öňünde tutmak gerek. Elbetde, Merw şäheri hem geçmiş taryhyň hemme zamanasynda şol bir ýerde bolmandyr.
Ol ýerde şäher hökmünde ýaşaýyş mekany emele geleninden soňky ilkinji ýüzýyllyklarda Marguş ýa-da Margiana ady bilen meşhur bolup, häzirki Mary şäherinden birnäçe farsaň demirgazykda ýerleşipdir. Soňra bir zaman ol şäheriň günorta tarapynda ýene-de bir ýaşaýyş mekany emele gelip, ol ýaşaýyş mekany yslam dininiň ol sebite aralaşmagy bilen Gäwürgala diýip atlandyrylyp başlapdyr. Ondan nijeme asyr aýlanandan soň, Seljuk şalygy zamanasynda Gäwürgaladan günbatarda täze Merw şäheri esaslandyrylýar.
Bu täze esaslandyrylan şäher Soltan gala ady bilen şöhratlanýar. Mongollaryň çozuşy netijesinde weýran edilen Merw topragy soňra 200 ýyl töweregi weýrançylykda bolýar hem-de imperator Temiriň döwründe Merw täzeden dikeldilýär. Ol dikeldilen şäher Abdylla han galasy diýen ada eýe bolýar.
Ondan birnäçe asyr geçensoň, Abdylla han galasyndan günbatarda Baýramaly gala ady bilen täze Merw şäheri esaslandyrylýar. Şondan soň, Baýramaly galasyna golaý, täze gurlan hemme galalar Baýramaly şäherine birikýärler. Ol sebit gadymy Merwiň ýerli ilatynyň ýaşaýan mekanyna öwrülýär. Iň soňunda mundan 100 ýyldan köpräk wagt ozal, ol ýaşaýyş mekanyndan birnäçe farsaň günbatarda täze şäher esaslandyrylyp, ol şäher Täze Merw diýip at alýar. Häzir Mary diýip atlandyrylýan ol şäher Türkmenistanyň uly şäherleriniň merkezidir.
Geçmişde, bu ýer, ýagny Merw – uly sebitiň, uly jülgäniň hem-de welaýatdyr birnäçe şäherleriň umumy ady bolandygyny nygtamak bilen, şonuň ýaly-da ol şäheriň öz zamanasynda Uly Merw we Sofla Merw (pars dilinde “sofla” sözi – “aşaky”, “aşakda ýerleşen”, “pesde ýerleşen” diýen ýaly manylary berýär – bellik terjimeçiniňki) diýip hem Sufla Merwi – Kiçi Merw, Merwrud hem atlandyrypdyrlar. Ondan başga-da gadymy çeşmeler ony: Merwşaýgan, Maru-
şahjan, Maru-şahijan, Merw-şahjan, Merw-şahe-jahan, Merwşaýjan, Merw-e Sanjar diýip hem atlandyrypdyrlar.
Merw häzirki wagt hem Türkmenistanyň möhüm şäherleriniň biridir. Käbir gadymy çeşmeler Merwiesaslandyran gadymy Ajam patyşasy Tahmuras diýip hasaplasalar, başga birleri gadymy Turanyň şasy Afrasiýab Turanly, ýene-de başgalary Aleksandr Makedonskiý diýip ykrar edýärler.
Emma elde bar bolan ygtybarly maglumatlara görä, ol sebitdäki gadymy medeniýete hem-de ýaşaýşa degişli bolan Marguş – Merw sebitinde iň gadymy ýaşaýyş mekany bolup, ol Aleksandr Makedonskiniň ýaşan asyryndan nijeme ozal, has takygy miladydan öňki iki müňýyllykda esaslandyrylypdyr. Hut şol ýerde örän gadymy zamana degişli medeniýetleriň mekany tapylyp, ol medeniýetli ýaşaýyş mekany uly derýanyň kenarynda, bol hasyl berýän toprakda ýerleşipdir. Merw derýasy (häzirki Murgap derýasy – bellik terjimeçiniňki) Horasan ülkesinde (Jeýhun derýasyndan soňra) möhüm derýalaryň biridir.
Galyberse-de adamzadyň ilkidurmuş jemgyýetinden başlap, adamlaryň Merw jülgesini mekan tutunyp başlandyklaryna şek bolup bilmez. Eýranly taryhçylaryň aglabasy, ylmy adalgada “Kohändež” (gadymy gala) ýa-da Erk, Merwiň merkezi galasy diýip atlandyrylýan galany Tahmuras, ol galanyň töweregindäki binalary bolsa Aleksandr Makedonskiý esaslandyran hasaplaýarlar. Taryhçy Gärdizi Merwi hem-de ol ýerdäki kohändeži Tahmuras esaslandyran diýip habar berse, Estähri—Merw-şahjan diýip atlandyrylan gadymy şäheri aýtmaklaryna görä, ol ýerdäki kohändeži Tahmuras, onuň töweregindäki (şarstany) binalary Aleksandr Makedonskiý, hiç bir dag bolmadyk ýerde esaslandyrypdyrlar – diýip habar berýär. Ýakut hem Merwdäki kohändeži Tahmurasyň Merwiň diwarynyň daşyndaky binalary bolsa Ardeşir bin Esfendýaryň gyzy Hemaý bina etdiripdir diýýär.
Merw şäheriniň Ahemeni şalygy zamanasynda-da bolandygy hem-de olaryň täsirinde (golastynda) bolandygy gürrüňsiz. Çünki, Ahemeni şalarynyň myhy elipbiýinde dag gaýalaryna ýazdyran ýazgylarynda ol sebit Marguş diýip atlandyrylypdyr. Firdöwsi özüniň “Şanama” eserinde Merwiň adyny ol şadessanyň “Kabus bilen Hamaweran şasynyň söweşi” atly şahasynda Keý Kowusyň amala aşyran çäresi barada şeýle ýatlaýar:

Terjimesi:
Her künje ugratdy bir pälwany,
Merwe, Nişapura, Balh, Hyrat-Heri.
Atlyny, hüşgäri, gaýratly äri,
Çar tarapa gönderdi ol, sansyz leşgeri).

Ýöne, Merw baradaky aglaba ýazgylar ýatlamalar Sasani nesliniň şalyk süren zamanasyna, aýratyn hem Bahram Guryň zamanasy bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda takmynan müň gektar töweregi meýdany tutýan hem-de gadymy Merw şäheriniň harabaçylygy diýip atlandyrlýan
ýerde iň gadymy bölek galanyň ýerleşýän ýeri bolup, onuň tutýan meýdany 370 gektardan ybarat. Hut şol ýer hem Sasani şalygy döwründe ýatlanýan Merw şäheridir (Gäwürgala). Meşhur tebip Bärzawih ýada Bozorgmähr (Anşirwan patyşanyň weziri) hem-de Barbad (ol asyryň meşhur sazandasy) ýerligi boýunça Merwdendirler.
Sasanileriň zamanasynda olardan öňki şalyk bolan Parfiýa şalygynyň çägine degişli bolan ülkäni Horasan diýip atlandyryp başlapdyrlar. Ol ülkäniň hökümdarlygyny dört bölege bölüp, ol Eýranyň harby dikmesine degişli edilýär. Dört bölege bölünen Horasan ülkesiniň her bölegine aýratyn ygtyýarly häkim ýolbaşçylyk edipdir. (Ol häkimlere şol wagtlar “märzban” diýip at beripdirler – bellik terjimeçiniňki). Ol dört bölek şulardan ybarat: Merwşaýgan, Balh, Toharystan, Hyrat (Puşang). Mawerannahr hem Horasan ülkesine degişli bolan.
Merwiň iň soňky märzbani Mahan ýa-da Mähäwi Suri diýen şahsyýet bolupdyr. Araplaryň Eýrana çozup girmekleri hem-de Ýezdigerdiň goşunynyň Gedäsiýe diýen ýerde olardan ýeňilmegi netijesinde, Ýezdigerd märzbän Mohandan pena isläp Merwe gelýär. Ýöne ol Merwiň töwereginde ýerleşen suw degirmeninde öldürilýär. Gärdiziniň ýazmagyna görä, Merwe gelen ilkinji arap serkerdesiniň ady Emir bin Ehmär ul-Işkär bolup, ol Merwe dört çaryýarlardan Osmanyň halypalyk süren zamany, hijriniň 31-nji, miladynyň 651-nji ýylynda gelýär hem-de Merwiň kohändež (Köne gala) diýen ýerinde namaz okapdyr... Ýerli halkyň öz ýaşaýan jaýlaryny alyp leşgerindäki arap esgerlere ýaşamaga bermegi talap edip höküm edipdir. Şeýdip ol özüniň bu permany bilen Merwiň ýerli halkynyň oňa garşy gazaba münmegine sebäp bolýar. Netijede, ýerli halk araplaryň garşysyna pitnä başlamakçy bolýar. Şol wagtlar Merw şäheriniň häkimi bolan Berez-Mohan perzendi arap goşunynyň serkerdesini halkyň gozgalaňa taýýarlyk görýändigi barada habardar edýär. Netijede, arap serkerdesi şol gozgalaňa taýýarlyk görenleri köpçülikleýin heläkleýär. Arap serkerdesi Merw şäheriniň häkimi Berez-Mohan perzendine bu eden hyzmaty üçin degişli derejede sylag-serpaý berýär. Ondan soňra, Horasana biraz öň gelip giren Abdylla bin Amer Keriz bu welaýatyň dikmesi bolýar. Şondan soň, Merw şäherinde-de, welaýatda hem hakyky parahat durmuş höküm sürüp başlaýar. Hatem bin Na’man Baheli-halyf Osmanyň tarapyndan Merwe iberilen dikme bolup, Abdylla bin Amer Kerizden üstün çykýar. Hijriniň 31-nji ýylynda bolan ol ýeňişe Ehnäf bin Kis hem gatnaşypdyr diýip aýdyp bolar. Merwiň halky Ajamyň asylzadalaryndan bolansoňlar, araplaryň ezud we tämil hem-de beýleki kowum-taýpalarynyň wekilleri hem ol ýerde mesgen tutmagy makul bilýärler. Şeýlelikde, Abdylla bin Amer Keriz Horasandan çykyp gidýär, dört çaryýarlardan halyf Osman hem dünýäden gaýdýar. Soňra, dört çaryýarlardan iň soňkusy, hezreti Aly bin Abu Taleb (aleýhissalam) halyf kürsüsine çykýar. Ol öz daýysynyň ogly J’ede bin Hebireni Horasana iberýär hem-de ondan Berez-Mohan perzendine nama gönderip, hyrajy oňa bermegä görkezme berýär. Ýakubynyň ýazmagyna görä, hezreti Aly bin Abu Taleb (aleýhissalam) Basrada bolan wagty, Merwiň dikmesi Mahan onuň huzuryna barýar. Şondan soň hezreti Aly onuň bilen parahatçylykly gatnaşyk barada ylalaşyga gelýärler. Hezreti Aly oňa ylalaşyk hatyny berýär. Ol hat tä Ýakuby Merwde bolan wagty hem ol ýerde bar ekeni.
Şeýlelikde, Merw Osmanyň hem-de hezreti Alynyň (aleýhissalamyň) halyflyk süren zamanalary parahatçylykly ylalaşyk esasynda araplaryň eline geçýär. Merwiň ol häkimi hem-de onuň perzentleri bu şäherde we welaýatda arap dikmesiniň wezipesinde galýarlar. Netijede, Merw araplaryň ýörişinden uly bir zyýan görmän galýar. Has dogrusy, Merw arap serdarlarynyň Horasanyň beýleki köp şäherleini basyp almaklary üçin möhüm baza öwrülýär. Şonuň üçin hem Horasan ülkesine araplar tarapyndan Horasan ülkesine bellenen arap dikmeleri Merwde ýaşap, ülkäni dolandyryp başlaýarlar.
Araplar tarapyndan Horasan ülkesiniň hökümdary-emiri diýip bellenen ilkinji arap Hekem bin A’mru ul-Gaffari- hezreti Muhammet (s.a.w.) pygamberiň sahabalaryndan bolup, onuň mübärek gubury gadymy Merw şäheriniň çäginde ýerleşýär. Ol musulmanlaryň içinde Horasanda dünýäden gaýdan ilkinji hökümdar-emirdir.
Harun er-Reşidiň halyf zamanasynda (hijri-kamarynyň 190-njy, miladynyň 805-nji ýyly) ol Horasan ülkesine hökümdarlyk etmegi öz ogly Mamune berýär. Mamun şeýdip Merwe gelip, ol ýerde ýaşap, ülkäni dolandyryp başlaýar. Harun er-Reşit hijriniň 193-nji (miladynyň 808-nji) ýylynda Tus şäherinde aradan çykýar hemde ol ýerde jaýlanýar. Şol pursatdan başlap, onuň perzentleriniň arasynda agzalalyk, duşmançylyk başlaýar. Netijede, Merw şäheri bilen Bagdat şäheri ol ýyllaryň möhüm syýasy merkezlerine öwrülýärler.
Halyf Harun er-Reşidiň ogullarynyň arasyndaky duşmançylykly agzalalyk hijriniň 198-nji (miladynyň 813-nji) ýylynda Mamunyň ýeňmegi bilen tamamlanýar hem-de ol halyfatyň kürsüsini eýeleýär. Ondan soňky bolup geçen möhüm waka: halyf Mamunyň hezreti Muhammet (s.a.w.) pygamberiň gyzy Bibi Patmadan bolan agtyklaryndan bolan nesilleri, on iki ymamlardan sekizinji ymam hezreti ymam Ryza aleýhissalamy Merwe özüniň halyf kürsüsiniň miras geçmegi bilen bagly boljak dabara çagyrmagydyr. Ol dabara hijriniň 200-nji (miladynyň 815-nji) ýylynda bolup geçýär. Mamun hijriniň 202-nji (miladynyň 217-nji) ýylynda öz syýasy meselelerini ýerinde çözmek (bahanasy bilen – bellik terjimeçiniňki) üçin Merw şäherini hemişelik terk edip, Bagdada tarap ýola düşýär. Hut şol wagtdan başlap hem Merw özüniň syýasy ähmiýetini ýitirip başlaýar. Bu mesele babatda aýdypdyrlar ki, Merwiň halkynyň hut özi halyf Mamunyň ol şäheri terk edip gitmegini isläpdirler. Çünki, merwliler Abbasy halyflarynyň we hökümdarlaryň Merwde bolmaklary – mesgen tutmaklary, halkyň eýeçiligindäki ekerançylyga ýaramly mülküň hem-de suwuň kemelmegine getirýär diýip hasaplapdyrlar. Mägdi bu babatda şeýle ýazýar: “Men merwlilerden eşitdim ki olar şeýle diýdiler: “Mamunuň biziň şäherimizi terk edip gitmegine bir zenan sebäp boldy!” Men olardan: “Ol zenan ony nädip çykardy?!” diýip soradym. Olar şeýle jogap berdiler: “Çünki, ol zenan şäheriň abadançylygyna, abatçylygyna ýerli halkdan özge bigäneleriň el urmazlygyny isläp, halyf Mamunyň huzuryna barýar hem-de: “Sen Merwi weýran etdiň!” Şondan soň Mamun goşunynym paty-putylaryny şäherden alyp çykýar (hem-de Bagdada tarap ugraýar – bellik terjimeçiniňki). Her näme bolan hem bolsa, Mamun, Mawerannahry – Samany nesline, Horasan ülkesine hem hökümdarlygy Tahyr Zuliminine berýär. Abdylla bin Tahyr öz maşgalasyna berlen bu hökümetiň paýtagtyny Merw şäherinden Nişapura göçürýär. Çünki, öz paýtagtynyň Horasan ülkesiniň çäginiň merkezinde bolmagyny isläpdir. Şol zamanlar Horasan ülkesiniň çägi Jeýhun derýasyndan Reý şäherine çenli bolupdyr. Şonuň üçin hem Merw şäheri hijriniň III asyrynyň başynda (miladynyň IX asyrynda) özüniň syýasy ähmiýetini Nişapuryň haýryna elden gidirýär. Bu bolup geçen wakalara garamazdan, Merw misli ummanyň içindäki diýseň abadanlaşdyrylan ada ýaly Horasanyň ýowuz çägelik çölleri bilen gurap ýatan sähralyklarynyň arasyndan geçýän şaýolunyň üstünde oturan örän abat şäher bolansoň, Tahyrylaryň hökümeti (hijriniň III miladynyň IX asyry) zamanasynda-da, Samanylaryň hökümeti döwründe hem (hijriniň IV miladynyň X asyry) sebitiň möhüm ähmiýetli şäheri bolmagynda galypdyr. Hut şonuň üçin hem, hijriniň III we IV asyrlarynyň geografiýaçylary Merwe barýan we Merwden çykýan ýollary, ol ýollardaky menzil-düşelgeleri, ýollardaky şäherleriň arasyndaky uzaklyklary öwrenip başlapdyrlar. Şol ýazgylara görä, Sarahsdan Merwe gelmek üçin: Oştermegak, Tulasatan, Dendanakan, Gerugärd menzil-düşelgeleriniň üstünden geçmeli ekeni. Merwden Amula we Buhara gidýän ýolda Keşmihan diýen menzil-düşelgäniň üstünden geçmek zerurlygy bolupdyr. Ýene-de Merwden Merweruda we Balha gitmek üçin ýol: Faz, Mätiabat, Bahrabat (Ýahýaabat), Gerinin diýen menzil-düşelgeleriň üstünden geçipdir.
Merw sebiti we şäheri baradaky iň gowy maglumatlary hijriniň IV (miladynyň X) asyrynyň geografiýaçylary beripdirler. Olaryň beýan etmeklerine görä, Merwden 12 farsaň (her farsaň 6 kilometr töweregi – bellik terjimeçiniňki) ilerde (günortada) Merw derýasynyň ugrunda uly bent bolan. Ol bendiň kömegi bilen derýanyň hemme suwy günbatar-demirgazyga (Mahan diýen ýaşaýyş mesgenine) tarap akdyrylansoň, Merw şäheriniň üstüne tarap suw howpy abanmaz ýaly edilipdir. Şäherden 6 farsaň uzaklykda (Zirek obasynda) bolsa, Bahab diýen ýer bolup, hut şol ýerde suw Merwiň etegindäki şäherçelere, obalara, gala-kentlere hem-de Merw şäheri üçin bölünýän ekeni. Şäherden 1 farsaňlyk uzaklykda bolsa, suwy Merw şäheriniň içinde ýerleşýän etrapçalar üçin bölýän gatla bolupdyr. Dört ene ýabyň birigýän ýerleriniň Asadi Horasani, Zirek, Majan, Hormezfure ýaly atlary bolup, olar Merwiň daş-töweregindäki ýaşaýyş mekanlaryny hem-de şäheriň özüni suw bilen üpjün edipdirler. Ol ene ýaplaryň içinde Zirek ýaby (kanaly) bolup, ol esasan Merw şäheriniň ilatyny suw bilen üpjün edipdir. Ol wagtlara çenli, Sasani şalaryñ zamanasynda esaslandyrylan şäherden ýer ýüzünde weýran bolan harabalyklaryň demirgazygynda Erk gala ýa-da Kohändez saklanyp galypdyr.
Ol köne şäherden ýaşaýyş mesgenleri daşyna çykyp, şol töwereklere ýaýrapdyr. Ýatlanan şäheriň gündogarynda bir ýaşaýyş mekany ýerleşip, ol ýeriň ady Merwiň gadymy hökümdary (yslama çenli hökümdary – bellik terjimeçiniňki) Mahanyň adyndan emele gelipdir. Şonuň üçin hem ol ýer beni Mahan (“Mahanyň nesil-neberesi” – bellik terjimeçiniňki) ýada (Emir Mahan ady bilen meşhur bolupdyr. Ol obany suw bilen (şäherçäni) Asadi Horasani ene ýaby (kanaly) üpjün edipdir. Zerik ene ýaby şäheriň içindäki ilaty suw bilen üpjün edipdir. Ol ene ýap şäheriň günbatar diwarynyň öňünden geçip gidýän ekeni. Şäheriň günbatar etrapçasy Majan diýip atlandyrylypdyr. Ol ýeri Majan ene ýaby suw bilen üpjün eden. Abu Muslim hem hut şu ene ýabyň kenarynda dürli
binalary gurdurypdyr. Bu ýerde meşhur bolan ene ýap Hormuzfure hem Mahan etrapçasynyň günbataryndan akyp geçip, şäherden 5 farsaň demirgazykda ýerleşen Hormuzfure we Başan atly şäherçeleri suw bilen üpjün edipdir. Diwarlaryň radiusy takmynan 4 kilometr bolup, hemme şäherçeler (şäherler) hem-de etrapçalardyr, obalar, gala-kentler ol diwarlaryň daş-töwereginde ýerleşipdirler. Häzirki wagtda hem ol zamanky binalaryň galyndylary göze kaklyşýar. Ol ýerler häzirki wagtda “Giliýekin” “Çil burç” ady bilen meşhur. Sasanileriň guran Merw şäheri dört derwezeli bolup, ol derwezeleriň atlary: Däremşäkan, Senjan, Şähristan (ýa-da Bab-ul-medine) we Balyn ýa-da Daribär diýen atlardan ybarat bolupdyr. Olardan iki derweze şäheriň gündogar tarapynda, beýleki ikisi hem günbatar zolagynda ýerleşipdirler. Merw jülgesinde birnäçe möhüm şäherlerdir şäherçeler ýerleşip, olar şulardan ybarat: Merw şäheriniň demirgazygynda: Kuşmihan, Hormuzfure we Başan; şäheriň günorta tarapynda: Zirek, Kemin, Tireň: şäheriň günbatarynda we (günbatar) günortasynda: Mahan, Sowsankän, Harak, Şeneg (Ebbadi we Ekber) ýa-da
Sahj şäherleridir şäherçeleri ýerleşipdir. Ol şäherleriň käbiriniň daşky diwary hökmünde, gadymy şäherleriň diwarlary hyzmat edipdir. Olaryň içinde IV asyra degişli Reý ýa-da Ilreý galanyň diwary hem bolup, ol diwar Çil burç galasynyň diwarlaryndan birnäçe mertebe beýik, uzynlygy hem 12 kilometrden ybarat ekeni.
Hijriniň IV (miladynyň X) asyrynda ýaşan geografiýaçylar Merwiň geografiki, ykdysady hem-de jemgyýetçilik gurluşy, medeniýeti barada girişleýin maglumaty bize miras goýupdyrlar. “Hudud ul-älem” atly şol zamana degişli eseriň awtory Merw şäherini “naz-nygmatyň hem-de şady-horramlygyň mekany” diýip atlandyryp, soňra bu şäherde Tahmurasyň bina etdiren kohändežiniň (galasynyň) bardygyny, ol galada köşkleriň hem köpdügi barada nygtap, soňra: “Ol mekan “Hosrawanlaryň (patyşalaryň) mekany
bolupdyr” diýip belläýpdir. “Horasan topragynda bu şähere taý geljek şäher ýok... onuň bazary akly haýran edýär. Ol ýerde suwuň her damjasy altyn dänesi ýaly. Merwde öndürilýän pamyk, sirke hem-de ýüpek parçalardyr, lybaslar, “molhäm” diýip atlandyrylýan arzyly ýüpek parçasy ýaly önümlerden bazarynda basara ýer ýok”- diýip, ol taryhçy wasp edipdir. Estähri bolsa, “Merwiň topragy şorlaşan, çägesöw” toprak diýip habar berýär hem-de soňra şeýle diýýär: “Merwde üç sany juma metjidi bolup, olaryň birinjisi, yslamyň ol ýere ilki ornaşan zamanasynda şarstanda (şäheriň merkezinde) bina edilipdir. Ondan köp zaman geçmänkä, başga bir metjit bina edilip, ol köne juma metjidi bolup, şähere girilýän ýerde ýerleşen. Hezreti Muhammet (s.a.w.) pygamberden ýeten hadys-şerifi aýtmagyň, düşündirmegiň ussa- ulamalary hut şol metjide gatnap, ol ýerde namaz okapdyrlar. Ol metjidi beni Mahan (“Mahan nesilleriniň”) metjidi diýip hem atlandyrypdyrlar. Ondan soňra Mahanyň juma metjidi diýip atlandyrylan metjit bina edilen. Ol metjidi, bazary, kerwensaraýyň (köşgüň) ymaratyny Abu Muslim bina
etdiripdir. Häli häzirler hem Abu Muslimiň gurduran gümmezli, dört gapyly we dört eýwanly ol metjit öz ýerinde saklanyp galypdyr. Gadym wagtlar ol ýerdäki bazarlar köne juma metjidiniň töwereginde ýerleşen hem bolsa, soňra Abu Muslimiň zamanasynda ol bazarlar şäheriň Mahan etrapçasyna geçirilýärler.
Baýram namazy şäheriň ortasyndaky merkezi meýdanda okalypdyr. Galyberse-de, Hormuzfure, Mahan ýaly ene ýaplarynyň (kanallarynyň) kenarlarynda namaz okalýan ýörite binalar bar.
Merwde ýetişýän miweler özge şäherlerde ýetişýän miwelerden has datly. “Ol ýerde ýetişen gawuny dilimläp, Güne kakadyp, lezzetli kak taýýarlaýarlar hem-de ony dünýäniň dürli künjegine äkidýärler...
Merwde bişirilýän çöregiň lezzetini taryplamaga dil ejiz gelýär. Ol ýerde gurulan binalaryň, bazarlaryň tertibi örän ýokary hem-de adamlary hem päkize. Bazarlary diýseň arassaçylyk. Şonuň ýaly-da, dürli hünärmenler, senetçileriň öndürýän önümleri üçin, aýry-aýry bazarlary bolan diýip habar berýär hem-de şeýle dowam etdirýär:
“Merwiň ajaýyp köşk-saraýlary, akar suwlary, bagy-bossanlygy hem-de lälezarlygy şeýle bir gözellik welin, özge şäherlerde beýle gözelliklere asla gözleriň düşmez! Söwda kerwenleri jahanyň ähli künjeginden gelip, Merwiň jülgesinden geçip gidýärler. Ol kerwenler ymgyr möçberdäki ýüpegi hem-de piläni başga ýerden alman, diňe Merwden alýarlar. Eşdişime görä, şol zamanlar tüýs, hakyky ýüpek Merwden Täberistana äkidilýär ekeni. Häzirki güne çenli hem ýüpek gurçugynyň tohumyny Merwden Täberistana alyp gidýärler. Merw pamygy hem-de ajap kendiri hem özge ülkelere äkidilýär”.
Mägdisi Merw barada gymmatly we giňişleýin maglumaty şeýle beýan edýär hem-de ol Merw adynyň hem şähere hem-de welaýat derejesinde ulanylýandygyny habar berip şeýle ýazýar: “Merw gadymy welaýat bolup, ony Aleksandr Makedonskiý esaslandyrypdyr”. Ol bu ýazgylaryny dowam etdirip şeýle ýazýar, ki, haçanda Tahmuras Merwiň kohändežini (Köne galasyny) esaslandyrmak islände, ol ilkinji nobatda, hemme işçiler öz zerurlyklaryny kanagatlandyrar ýaly bazar gurdurýar. Ol ýerde işleýän işçilere, ussalara zähmet hakyny her gün agşam töläpdir. Ol gündelik töleg olara özleri üçin zerur harytlary bazardan almaga mümkinçilik beripdir. Günüň ahyryna çenli her bir işçiniň, ussanyň gazanýan haky müň dirheme ýetipdir”. Mägdisi ýene-de Merw welaýaty däl-de, şäheri babatda şeýle ýazypdyr: “Maru-şahjan” gözel, göze ýakymly, synlanyňda özüne maýyl ediji, özboluşly, täsin äheňde binalary bolan, lezzetli hem-de päkize tagamlary bilen akly haýran edýän şäherdir.
Şäherde iki sany juma metjidi bolup, olaryň gurluşygynda hiç bir ýerde binanyň üstüni ýapmak üçin adaty binalarda ulanylýan, keseligine goýulýan nawlar-pürsler ulanylmandyr. Ynha şol metjitlerde donlarynyň syýnda namaz okaýmaly päkize ulamalar, musulmanlar jemlenýärler. Ol metjitlerde wagyz edýän, fykh (şerigat) edeplerini düşündirýän alymlar Ebu Hanifäniň ýoluny dowam etdiriji, sünni mezhebiniň wekilleridi. Medresede okaýan talyplar aýlyk talyp hak bilen üpjün edilýär. Ol şäheriň bazarlary hem diýseň owadan. Bu ýerdäki döwlet emeldarlarynyň öýleriniň diwarlary (kitap) tekjelerinden doly, eýwanly binalar. Merw hammamlary, Merw nany hem-de etli ýarmasy, akylly-düşünjeli adamlary bilen hem meşhurdyr. Bu şäher diýseň gurply şäher, adamlary bolsa çalasyn, ezber hereket etmegiň ussatlarydyr. Tomsuna howa yssy hem-de gurak bolýar, halky dile çeper, degişmegi, haýyr-sogap iş etmegi başarýan halk. Şäherde hemme ýabany kepderler (gögerçinler) höwürtgeläp, olar şähere bezeg berýärler. Merwde bişirilýän possuk ýaly ýumşak çöregiň ysy ynsany melul edýär. Ýene-de bir bellemeli zat, şäher sähralykda, daglyk sebitlerden örän uzakda ýerleşýär. Köne şäher depeleriň üstünde esaslandyrylypdyr. Ol ýerde bolan binalaryň arasynda metjidiň ymaraty hem bolup, ol geçmişde juma metjidi ekeni. Metjidiň daş-töweregini birnäçe öýler gurşap alypdyr. Şäheriň Räbäz derwezesiniň ýanynda dürli binalardyr bazarça ýerleşen. Şäherden çykan ýeriňde hem iki sany metjit bolup, olaryň biri derwezä golaý ýerde, beýlekisi bolsa Särräfen diýen ýerde ýerleşip, ol ýerde ýaşaýanlaryň aglabasy hanafy mezhebinden...”
Mägdisiniň Merwiň ýagdaýy barada beýan edýän döwürleri ol ýerde ýaş ýigit (geljekki keramatly pir – bellik terjimeçiniňki) Abu Seýit Abulhaýyr (Mäne baba) (hijriniň 357-440-njy, miladynyň 967-1048-nji ýyllary arasynda ýaşan) hem okaýan ekeni. Onuň Merwdäki şeýhi sünni mezhebiniň şaf’i şahasynyň meşhur ulamalarynyň biri ymam Abubekr Gaffal Merwezi bolan.
Şeýh Abu Seýit Abulhaýryň ömürbeýany baradaky maglumatlarda, onuň zamanasynda Merwdäki Zerek ene ýabyna Rezik diýip at berýän ekenler. Onuň kenarynda bolsa Derwişan atly hangah ýerleşipdir. Şeýle hem ol şeýhiň Merwde bolan zamanasy, ol ýerde rabat (düşelge) bolup, ol rabat zamanasynyň beýik şeýhi Abdylla Mübäregiň adyny göteripdir.
Hijriniň 389-njy (miladynyň 997-nji) ýyllarynda Merw şäheri bilen Merwrudyň aralygynda Mahmyt Gaznaly bilen Samany şalygynyň ýaş emiriniň arasynda uruş bolýar. Mahmut Gaznaly ýeňiş gazanýar hem-de ondan soň Merw onuň eýeçiligine geçýär. Merw tä hijriniň 431-nji (miladynyň 1039-njy) ýylyna çenli Gaznaly şalygyna degişi bolup, şol ýyl soltan Mahmyt Gaznalynyň ogly Ma’sud Gaznalynyň Seljuk beglerinden Daňdanakan söweşinde ýeňilmegi bilen, Merw Seljuk begleriniň eýeçiligine geçýär. Daňdanakan söweşinde ýeňlip, Gazna tarap gaçyp barýan Ma’sud ýolda “Merwi aldygam, elden hem berdik!” diýipdir. Çünki, bary-ýogy 40 ýylyň içinde Merw şäheri elden-ele üç hökümete Samany, Gaznaly hem-de Seljuk döwletine degişli bolýar. Merw hem Haweran düzünde ýerleşen beýleki şäherler bilen bir hatarda seljuklaryň ol sebite gelen wagtlary hijriniň 426-njy (miladynyň 1034-nji) ýylyndan başlap, tä olar Gaznaly soltanyny hijriniň 431-nji (miladynyň 1039-njy) ýylynda ýeňýänçäler, köp zyýan çeken şäherdir.
Seljuklaryň bu ýeňişinden soňra, Merw şäheri olaryň iki paýtagtynyň biri bolýar. Şol ýeňişden soň, Togrul beg Reý we Yspyhan sebitlerine gidýär, Çagry beg – Dawud bolsa Merwde galýar. Ol pursatdan Merwiň ýene-de bir gülläp ösüş zamanasy başlaýar hem-de Merw üçin ol ajap eýýäm Seljuklaryň iň soňky soltany, Soltan Sanjar hijriniň 552-nji (miladynyň 1157-nji) ýylynda ölüp hem-de Seljuk şalygy Eýranda synýança dowam edýär.
Çagry beg hijriniň 452-nji (miladynyň 1060-njy) ýylynda Togrul beg bolsa hijriniň 455-nji (miladynyñ 1063-nji) ýylynda dünýäden gaýdýarlar. Soltan Togrul begiň yzynda zürýady galmaýar. Bu iki doganyň esaslandyran hem-de Horezm welaýatyny, Mawerannahrdan tä Sistana (Sakystana) hem-de Reýden Yraga, Bagdada çenli ümmülmez giň meýdany öz içine alýan şalygyny dolandyrmak Çagry begiň ogluna, ýagny Alp Arslanyň paýyna düşýär. Ol öz paýtagty hökmünde Merwi saýlap alyp, öz weziri, dana Hoja Nyzam ul-Mülk bilen ol ýerden 10 ýyllap şalygy dolandyrýar. Soltan Alp Arslan soňra hijriniň 465-nji (miladynyň 1072-nji) ýylynda Jeýhun derýasynyň kenarynda ýerleşen Berzem galasynda öldürilýär. Onuň jesedi Merwe getirilýär. Ol soňra agtygy Soltan Sanjaryň özi üçin gurduran mawzoleýiniň töwereginde jaýlanypdyr. Ony hatyralap Senaýi (parsça) şeýle şygyr setirlerini ýazypdyr (sözme-söz terjimesi – bellik terjimeçiniňki):

Alp Arslanyň şalygyny hem başyny, syndyrdy çarhy pelek,
Soltanyň jesedi siňen topragy görmäge, Merwe gelmek gerek.

Alp Arslanyň mirasdüşer ogly, Mälik şa öz eýeçilik edýän şalygynyň çägini giňeltmek niýeti bilen öz hökümetiniň merkezini Merwden Yspyhana geçirýär. Ýöne, kakasy Alp Arslan Merwde jaýlanansoň, ol şäheri hem ünsden düşürmeýär. Sasanilerden miras galyp ol günlere ýeten Merw şäheri bolsa wagtyň geçmegi bilen harabaçylyga öwrülip, weýran bolýar. Ilat ol köne şäheri terk edýär. Onuň günbatar böleginiň esasyny tutýan Majan etrapçasynda ýaşaýyş bolup, ol ýerde şäher öz öňki görnüşini saklap galýar. Soltan Sanjaryň mawzoleýi ol şäheriň ortasynda ýerleşip, ol etrapça häzirki wagtda Soltangala ady bilen meşhur. Ol dörtburçlyk şekilinde, tutýan meýdany bolsa, 400 gektar töweregidir. Bu şäheriň hem dört derwezesi bolup, olar: Ser Majan (günorta derweze), Mäsb Majan ýa-da Keşmihän (demirgazyk derweze), Şäher (günorta-günbatar derweze bolup, Gäwür galanyň Şarstan derwezesi tarapda) hem-de Firuzi (günbatar derweze) atly derwezelerdir. Mongollaryň Merwe çozan zamanasy hem ol şäherde gala diwarlarynda ýokarda ýatlanan derwezeler bar ekeni. Ol zamanalardan soň hem Şahruh hezreti Muhammet (s.a.w.) pygamberimiziň – baýdak göterijileri – Hekim we Büreýde üçin şäheriň günortasynda mawzoleý bina etdirýär. Şonuň üçin günorta derwezede Alämdar derwezesi diýen at bilen meşhurlyk gazanýar. Rus gündogarşynasy Bartoldyň beýan etmegine görä, ol şäher giň bir meýdany eýeläpdir, Majan ene ýaby (kanaly) bolsa ol ýeri agyz suwy bilen üpjün edipdir. Onuň çägi takmynan Gäwürgala çenli uzapdyr. Şol zamanlar Majan kanaly şäheri günortadan demirgazyga iki bölüp geçipdir.
Hijriniň 485-nji (miladynyň 1092-nji) ýylynda Mälik şanyň ölmegi bilen onuň ogullarynyň arasynda tagty eýelemek babatda özara duşmançylyk emele gelýär. Mälik şanyň ogly Sanjar erkek dogany Berkýaryk tarapyndan Horasanyň hökümdary bellenip, Merwe ugradylýar. Şol zamanlar, ýagny hijriniň 498-nji (miladynyň 1104-nji) ýylynda Berkýaryk wepat bolýar hem-de şa tagtyna, Berkýarygyň ýerine Mälik şanyň beýleki bir ogly Muhammet bin Mälik şa çykýar. Ol hem Horasan ülkesinde Sanjaryň hökümdarlygyny täzeden ykrar edýär. Netijede, Sanjar 20 ýylyň dowamynda, öz agasy Muhammet hijriniň 511-nji (miladynyň 1117-nji) ýylynda dünýäden gaýdýança, Horasanyň hökümdary bolmagynda galýar. Diňe ol agasynyň ölüminden soň, ol Seljuk şalygynyň beýik Soltany diýen derejä ýetýär. Soltan Sanjaryň soltanlygy 40 ýyl töweregi dowam edýär. Ol zamanlar Merw gudraty gülläp ösen, haýbaty zemini sarsdyrýan, Jeýhun derýasyndan tä Bagdada-Yraga çenli aralykda bolan uly döwletiň syýasy we medeni merkezine öwrülýär.
Soltan Sanjar öz ata-babalarynyň esaslandyran şäheriniň merkezinde özüne mawzoleý bina etdirýär. (Onuň ol mawzoleýi, atasy Alp Arslanyň guburyny hem öz içine alan bolmagy ahmal). Bu mawzoleýiň binasy hatda hijriniň VII (miladynyň XIII) asyryna çenli, yslam dünýäsinde iň beýik bina diýip hasaplanypdyr. Şonuň ýaly-da, Soltan Sanjar Merw şäheriniň demirgazyk-günbatar çetinde, hezreti ymamzade Muhammet bin Muhammet Zeýid bin ymam Sežad (aleýhissalam) üçin diýseň zynatly mawzoleý bina etdirýär. Häzirki wagtda hem ol mawzoleý Soltan Sanjaryň öz mawzoleýi ýaly gadymy Merwiň çäginde sarsman otyr. Gadymy Merw şäherinde köpsanly zyýaratçylaryň gelip-gidýän, halk tarapyndan bimöçber sarpa goýulýan zyýarat hem geçmişiň beýik aryf-danasy hezreti Hoja Abu Ýakup Ýusup Hemedanynyň mawzoleýidir. Ol hijriniň V-VI (miladynyň XII) asyrlarynda Merwde ýaşap geçen hem-de hijriniň 535-nji (miladynyň 1140-njy) ýylynda aradan çykan. Hoja Ýusup Hemedany Horasanyň aryf-danasy Abu Aly Farmedi tarapyndan bir zaman Mawerannahra hem iberilen beýik pirleriň biridir.
Soltan Sanjaryň döwletiniň öz zamanasynda hemmetaraplaýyn ägirt we şanly bolmagyna garamazdan, ol döwlet soltanyň ömrüniň ahyrky ýyllary ösüşe däl-de, yza tesişe duçar bolýar. Hijriniň 533-nji (miladynyň 1138-nji) ýylynda onuň Horezm (Köneürgenç) welaýatyna bellän häkimi Atsyz soltana boýun egmän, onuň garşysyna aýaga galýar. Hijriniň 536-njy (miladynyň 1141-nji) ýylynda türki kowumlardan garahytaýy diýen kowum Mawerannahra çozuş edýär.
Soltan Sanjar ol kowum bilen Samarkandyň golaýynda gabatlaşýar hem-de agyr ýeňlişe sezewar bolýar. Iň soňunda bolsa, hijriniň 548-nji (miladynyň 1153-nji) ýylynda seljuklaryň taýpadaşlary oguzlardan doly ýeňilýär hem-de iki ýyllap olaryň elinde ýesir bolýar.
Ondan soň, oguzlaryň elinden sypyp gaçýar hem-de çalajan halda Merwe gelýär hem-de hijriniň 552-nji (miladynyň 1157-nji) ýylynda aradan çykýar. Oguz taýpalary Soltan Sanjaryň tabynlygyndaky ýerlerde hökümdarlyk sürüp başlaýarlar. Merw ondan soň tä hijriniň altynjy (miladynyň XII) asyrynyň ahyryna çenli Horezm (Köneürgenç) hökümdary Tekeşiň eýeçiliginde bolýar, ýöne ol döwürler Merw topragy bagtyýar bolmaýar. Ýöne muňa garamazdan, Merw ýene-de bir gezek yslam dünýäsiniň gündogar ülkeleriniň arasynda möhüm merkezine öwrülýär. Hijriniň VI (miladynyň XII) asyrynda Merw topragyndaky şäherler, oba-kentler, abadançylyklar barada iki sany galamgär dürli we takyk maglumatlary ýazypdyr.
Olar: hijriniň 562-nji ýylynda dünýäden gaýdan Sem’ani Merwezi hem-de hijriniň 626-njy ýylynda aradan çykan Ýakut Hemewidir. Bu awtorlar Merwiň töweregindäki meşhur şäherlerden başga-da, ýenede Merwiň töwereginde bar bolan 200 töweregi abat ýaşaýyş mekanlary barada ýazypdyrlar. Şonuň ýaly-da Merw şäheriniň içinde hem-de alkymynda ýerleşýän etrapçalaryň (obalaryň) birnäçesiniň atlaryny şeýle habar beripdirler: Endürst obasy (köýi), Gipsçileriň (gäçgyranlaryň) hem-de tamdyr ýasaýanlaryň kwartaly- mesgeni (Jessen), Uly Babanlaryň kwartaly, Beçwaryň kwartaly (şäheriň eteginde), Beni Mahan kwartalynyň golaýyndaky Bererjan kwartaly, Tüýek kwartaly (ol ýerde Merwdäki ilkinji musulmanlaryň gonamçylygy ýerleşýär), Joýa (gök satýanlaryň kwartaly), Hobbin köýi (obasy), Rezam howzy, Dež säng (Senjan derwezesiniň alkymynda), Diwan köýi (obasy), Zerjin kwartaly, Rezik, Sasian, Selme, Sabyr, Köwsej, Mahyabad ýaly kwartallary bar ekeni.
Rawendi Merwde Soltan Sanjaryň mawzoleýiniň ýerleşýän mesgenini Döwlethana kwartaly diýip atlandyrypdyrlar. Çünki, awtor bu ady ol ýerde hökümetiň esaslandyrylandygy bilen düşündiripdir. Rus gündogarşynasy Bartoldyň aýtmagyna görä bolsa, Soltan Sanjar özi üçin mawzoleýi juma metjidiniň alkymynda bina etdiripdir. Şonuň ýaly-da, Soltan Sanjar Merw şäherinden iki farsaň günortada, gadymy Enderep obasynyň ýanynda köşk binalary gurdurýar.
Guzlaryň elinden sypyp, soltan şol köşkler toplumyna özüni atýar. Şeýle hem şäheriň ýokary hem-de aşak taraplarynda atlary Bererjan hem-de Taheran bolan iki oba ýerleşipdir. Ýakutyň berýän maglumatyna görä, mongollaryň çozuşlarynyň öň ýanynda Merwde iki sany uly juma metjidi bolup, olar yslam dininiň sünni mezhebiniň hanafi hem-de şaf’i şahalaryna degişli ekeni. Ol iki metjidiň örän uly kitaphanalary bolup, olar Eziziýe (on iki müň jiltlik golýazma kitaplary bolan) hem-de Kemaliýe metjitleridir. Olardan başga hem Merwde ýene-de şeýle kitaphanalar: Şeref Mülk medresesindäki Şeref Mülküň kitaphanasy, wezir Hoja Nyzam ul-Mülküň kitaphanasy örän meşhur kitaphanalar bolupdyrlar. Samany şalygy zamanasyna degişli kitaphana hem Merwde bar ekeni. Beýleki kitaphanalaryň atlary şeýle: Zemiriýe Mejäd ul-Mülk, Omidiýe hem-de Hatuniýe medreselerinde kitaphanalar bolupdyr. ýyllap Merwde ýaşaýyş bes edilip, ol weýran bolup galypdyr.
Jüweýniniň habar bermegine görä, soňra diňe hijriniň 643-nji (miladynyň 1245-nji) ýylynda Ergun han (Horasandaky mongol hökümdary) Merw şäheriniň üstünden geçende Ärzeňabat (Soltan Sanjaryň köşkleriniň ýerleşen ýeri) diýen kwartalynda köşk bina etdirýär. Onuň ýanynda bolan başga mongol hanlarydyr emirleri hem, ondan täsir alyp, şol ýerde dürli binalary gurdurýarlar. Emma bu gurlan binalary hem mongollar Merwe gelip düşlänlerinde ýa-da Merwiň üstünden geçip gitmekçi bolanlarynda özleri üçin dynç almaga, ýatmaga-turmaga mesgen bolsun diýen niýet bilen bina etdiripdirler. Mongollar Merwrud derýasynyň günorta akymynda ýerleşen bendi ýykyp, derýany öz tebigy hanasyndan çykaryp, Merw şäheriniň Mahan diýen etrapçasyna tarap gönükdiripdirler. Şonuň üçin hem, tä imperator Teýmir(leñ)iň zamanasyna çenli Merw şäheriniň hem-de bu şäher bilen ýanaşyp oturan şäherleriň içinde diňe Mahanyň ady Murgap jülgesindäki möhüm ýaşaýyş mekany diýip ýatlanýar. Merw şäheriniň synyp, weýran bolmagy Sarahs-Merw-Jeýhun şaýolunyň Mongollaryň hemde ilhanylaryň agalyk süren döwründe öz ähmiýetini ýitirmegine getiripdir. Ol şaýoly soňra ýene-de köne ugry boýunça: Sarahs-Merwrud-Balh we Jeýhun-Mawerannahr ýa-da Hyrat-Merwrud-Balh ugry boýunça rowaçlanyp başlaýar. Şonuň üçin hem Hamydulla Mostofy hijriniň VIII (miladynyň on XIV) asyrynda Sarahs bilen Merwerudyň ondan hem Balh çenli aralykda bolan menzil-düşelgeler, şonuň ýaly-da Merwden Merwruda hem-de Merwden Horezme (Köneürgenje) çenli şaýoluň ýagdaýy barada beýan Merwe mongollaryň hüjümi hijriniň 618-nji (miladynyň 1221-nji) ýylynyň başynda bolup geçýär hem-de ol hüjüme Çingiz hanyň ogly Toly han ýolbaşçylyk edipdir. Toly hanyň leşgeri ilki bilen gelip, Merwiň Firuzi derwezesinde saklanýar hem-de alty günüň
dowamynda şäheriň hendeklerini hem-de minarasyny içgin öwrenýär. Ondan soň, Şarstan derwezesine gidip, ol ýerden şäheri eýelemäge girişýär. Şäher boýun egeninden soň, ol şäheriň ilatyna şäherden çykmagy emr edýär. Merw şäheriniň ilatynyň şäherden çykmak çäresi yzy üzülmän dört gije-gündiz dowam edýär...
Soňra Toly han şäheriň daşky galasynyň diwaryny ýer bilen ýegsan etmegi höküm edýär. Soňra bolsa şäherdäki hanafy juma metjidini otlamaga perman berýär. Şäherdäki şaf’i juma metjidini bolsa, entäk Tekeşiň zamanasynda ýerli ilatyň özi otlapdy. Şäherden çykman gizlenip galan adamlary hem bukylardan alyp, şäheriň daşyna çykaryp öldürmek üçin bir serkerdäniň ýolbaşçylygynda ýörite topar döredilipdir.
Jüweýniniň ýazmagyna görä, Mongollaryň hüjümine çenli Merw şäheriniň ilatynyň sany 1500000 adam töweregi bolupdyr. Emma rus gündogarşynasy Bartold Merwiň Sasani şalygy zamanasyndaky ýaşaýyş toplumy (Gäwür gala) bolan mesgeniň 400 gektar meýdany tutýandygyny göz öňünde tutup, Merwde Seljuk şalygy zamanasynda gurlan Soltangalanyň hem tutuş meýdanyny onuň üstüne goşup, ol ýerde 1300000 adamdan ybarat ilatyň ýerleşmgi hem-de ýaşap bilmegi mümkin däl diýip hasaplapdyr. Onuň
pikiriçe, Ibn Esiriň nygtaýşy ýaly ol şäherde hatda 700.000 adamyň hem hakykata golaý gelmeýär. Listrenj hem bir million ilat baradaky maglumaty inkäredýär. Şeýlelikde, ol ýerde bir million ilat diýip ykrar edilmegi elbetde dogry däl-de, ol maglumat has çişirilen. Eger diňe Merw şäheriniň tutýan 400 gektar meýdany göz öňünde tutulman, şäheriň daş-töweregindäki, birnäçe farsaňlykda ýerleşýän şäherler, şäherçelerdir oba-kentler hem goşulyp, ol hasap umumylaşdyrylsa, belki-de, taryhçy Jüweýniniň aýdanlaryny ykrar etse-de bolar. Ýöne bir hakykaty aýtmak gerek ki, her näm bolan hem bolsa, Mongollaryň hüjüminden soň, 194 edip, taşlanan şaýol bolan Sarahs-Merw şaýolunyň ýagdaýy barada söz açmaýar. Onsoňam, ol Merw şäheriniň weýrançylyklary, ilatdan boşap galandygy barada ýatlap geçse-de, esasan Merw sebitiniň tebigy ýagdaýy, geografiýasy, ekerançylygy barada içgin durup geçýär. Mysal üçin, onuň ýazmagyna görä, Merwde her kim 1 man (1 man Eýrandaky gadymy agramlyk ölçegi bolup, ol ölçeg onuň her welaýatynda dürli-dürli. Mysal üçin, Töwriz many – 3 kilograma, Şah many – 6 kilograma, Reý many – 12 kilograma deň – bellik terjimeçiniňki) galla ekýän bolsa, şol ýyl
100 man bugdaý hasylyny alýar. Soňky ýyly 30 man, ondan soňky ýyl 10 man bugdaý hasylyny alýar. Mundan başga-da, aýtmak gerekdir ki, Merwiň howasy ýaramaz, alynýan hasylda dürli kesel örän köp bolýar. Ýöne miwelerden armyt, üzüm hem-de gawun örän datly we gowy. Olary guradyp, kakadyp, dürli welaýatlarda, ülkelere äkidipdirler. Bu maglumatlar has ozalky döwürlere degişli. Häzirki wagtda Merw şäheriniň haraba öwrülendigini aýtmak gerek diýip “Hozhät ul-kolub” eseriniň awtory habar berýär.
Kazwininiň hijriniň VII asyrynyň ikinji ýarymynda (miladynyň XVI) ýazan “Aser-ul-balad” atly eserinde Merw şäheri entek hem gözel, owadan hem-de abadançylygy bolan şäher diýip wasp edilýär. Emma, onuň bu getirýän maglumatlary, mongollaryň ol şäheri talamaklaryndan ozalky zamana degişli çeşmelerden alynan. (Mümkin, Ýakutyň ýazgylaryndan alynandyr).
Kazwini şeýle hem Büreýde baba (Büreýde bin Hasib) hem-de onuň Merwiň Alemdar derwezesiniň alkymynda ýerleşýän mawzoleýi barada ýatlapdyr. Ol Bureýde babanyň Merwi boýun egdirmäge gatnaşan araplaryň içinde bolandygy hem-de tä dünýäden ötýänçä, Merwde ýaşandygy barada habar berýär. Şonuň ýaly hem Kazwini Merwde ýaýran erbet bir kesel hem-de Merwdäki täsin ýerler barada beýan
edýär. Iň soňunda, imperator agsak Temiriň dünýäden gaýdanyndan bäş ýyl geçensoň, onuň ornuna geçen ogly Şahruh hijriniň 812-nji (miladynyň 1409-njy) ýylynda Merw şäherini täzeden dikeltmek barada netijä gelýär. Ilkinji nobatda ol, Merwiň günortasynda Murgap derýasynda bolan gadymy bendi dikeldip, ýapýar hem-de derýanyň suwuny öňki hanasy boýunça ugrukdyrýar. Ýöne Şahruhyň Merwde bitiren işleri barada ýatlan Hafez Ebru iki ýüz ýylyň dowamynda Merwiň üstünden ne ýolagçy geçdi ne-de ol ýerde ýolagçy saýalar ýaly saýaly bag boldy diýip nygtaýar hem-de Merwiň geçmişi barada hatyralap, onuň geografiýa taýdan ýagdaýy hakynda habar berýär. Şondan soň awtor, Merw (Murgap) derýasynyň täz hanasy, onuň bendinden Merw şäheriniň derwezesine çenli uzynlyk aralygy, menzilleri barada aýdýar hemde ol ýoluň 12 farsaňdan ybaratdygyny nygtaýar. Hafez Ebru ol ýoluň ugrunda ýerleşen ýaşaýyş mekanlarynyň Merw jülgesindäki iň abat ýerlerdigini habar berip, olaryň içinde-de Gireň obasynyň iň abat we abadan mesgendigini aýdýar. Ol şeýle-de öz ýazgylarynda Sagyrçy köşgi hem-de ol wagtlaram gadymy binalaryň käbiriniň saklanyp galanlary barada düşündiriş beripdir. Şonuň ýaly-da ol, ilkinji gezek Merwiň Alemdar (baýdak göteriji) derwezesi barada ýatlaýar, ýöne ol şäheriň Sermajan derwezesi barada has köp beýan edýär. Ol bu derwezeler barada maglumatlary hezreti Muhammet (s.a.w.) pygamberiň alemdarlary (baýdak göterijileri) bolan hem-de soňra Merwe gelip ýaşan we ol toprakda jaýlanan sahabalar Büreýde baba bilen Hekem barada beýan etmek üçin ýatlapdyr. Şonuň ýaly-da, Kazwini Horasan ülkesinde ýerleşýän beýleki şäherler, onlarça oba-kentler, abadan mekanlar barada düşündiriş berýär. Ol zamanlarda göni Merwe degişli obalardan: Mahan hem-de Baban ýaly obalary ýatlap, geçen iki ýüz ýylyň içinde Merwiň Mahan obasy örän abadan saklanyp galandygyny habar berýär we ol obada ekerançylyga ýaramly topragyň kändigi, ol ýerde gawundyr gallanyň gowy hasyl berýändigini nygtaýar.
Hafez Ebru, agsak Temiriň nesli Şahruhyň täzeden esaslandyrýan Merw şäheri barada düşündirişi örän az berýär.
Häzirki wagt ol ýer Baýramaly şäheriniň eteginde, gadymy Merwiň çäginde ýerleşen, dörtgyraň giňişlik bolup, tutýan meýany 40 gektara barabar. Häzirki wagtda Abdylla han galasy diýip atlandyrylýan ol ýer, aslynda Şahruhyň täzeden dikeldilen Merw şäheri bolmaly. Ol gadymy şäheriň Abdylla han galasy diýip atlandyrylmagynyň sebäbi, hijriniň X asyrynyň ahyrynda (miladynyň XVI asyry) özbek hany Abdylla han uzak zaman Merwde hökümdar bolýar, onuň Merwde ýaşan ýeri bolsa Şahruhyň dikeldilen şäheriniň çäginde ýerleşipdir. Ýöne Abdylla hanyň Merw şäherini dikeltmek, abadanlaşdyrmak üçin alyp barýan haýyr işinden, onuň şäheri weýran etmekde eden hereketi has çökderdir. Şäheriň abadanlaşmagynda onuň hyzmaty ýokdur! Her hal, bu şäher 300 ýylyň dowamynda ýuwaş-ýuwaş dikelýär. Ýöne gynansak hem, Merw şäheriniň içki abadançylyklary we
binalary babatda tä Nedir şanyň döwrüne çenli içgin, aýratynlykda ýatlanylmandyr. Häzirki wagta çenli şäheriň daşky diwary saklanyp galan hem bolsa, ol diwaryň iç tarapyndan hiç bir bina biziň günlerimize gelip ýetmändir. Hut şonuň üçin hem ol şäher onçakly düýpli, mäkäm, degişli derejede gurulmandyr diýen netijä gelmek bolýar. Imperator Teýmirleñiň asyryna degişli taryhçylaryň eserlerinde hem Merwde güýçli, dogumly emiriň ýa-da hökümdaryň bolandygy barada maglumat berilmeýär.
Alyşir Nowaýynyň hijriniň IX asyrynyň ahyrlarynda (miladynyň XV asyrlarynda) ýazan “Mäjäläs unnefais” atly eserinde beýan edilmegine görä, Merw şäherinde hezreti Hoja Ýusup babanyň – Hoja Ýusup Hemedanynyň guburynyň töwereginde Nurseýit beg Horezmi diýen şahyr hem jaýlanypdyr. Munuň özi şol wagtlar hem weýran bolan Merwiň her hal gelip-gidilýän ýer bolandygyna şaýatlyk edýär. Pygamberimiziň sahabalary Büreýde babanyň hem-de Hekemiň guburüsti daşlarynda bar bolan ýazgylara görä (olaryň mawzoleýleri Soltan galanyň günortasynda ýerleşýär) ol binalar Şahruhyň zamanasynda gurlupdyrlar. Şonuň ýaly-da, hijriniň IX asyrynyň ikinji ýarymynda (miladynyň XV asyry) Merw şäheriniň günortasynda ýerleşen Talhatandaky (gadymy Gireň obasynyň alkymynda) abadançylyklar barada ýatlanylýar. Ol bolsa şol zamanlar, Merw sebitinde täze abadan mekanlaryň döräp başlandygyna şaýatlyk edýär. Ondan başga-da, Merw derýasynyň günorta kenarynda ýerleşen abadançylyk bolan ýaşaýyş mekanlary: Berktaş, Baba Gammbar, Sarykbözu ýaly gala-kentleriň atlary ýatlanylypdyr. Imperator Temiriň şalygy sebitde synandan soň, sebit, şol sanda Merw özbek hany Şeýbany han (hijriniň 913-nji, miladynyň 1507-nji ýyllary) tarapyndan basylyp alynýar hem-de onuň Şah Ysmaýyl Sefewi bilen bolan söweşine çenli (hijriniň 916-njy, miladynyň 1510-njy ýyllary), Merw şäheriniň eteginde Tahyrabat, Mahmydy, Mahmydy ene ýaby (kanaly), Mahmydy köprüsi (Pol-e Mahmudi) ýaly obalaryň bolandygy barada ýatlanylýar.
Ýokarda ýatlanylýan söweşden soňra, Merw tä hijriniň 930-njy (miladynyň 1523-nji) ýylyna çenli Şa Ysmaýyl Sefewiniň golastynda bolýar. Ol şanyň ölmegi bilen onuň tagtyna geçen ogly Tahmasp hem tejribesiz ýaş oglan bolansoň, özbekler Mawerannahry hem-de Merwi eýeläpdirler. Merw soňra segsen ýyllap, olaryň golastynda bolýar. Şonuň üçin hem Eýran çeşmelerinde Merwiň özbekleriň golastynda bolan 80 ýyly barada ýeterlik maglumat ýok. Rus gündogarşynasy Bartoldyň ýazmagyna görä, özbekler hem Merwe belli bir zerurlyk bolanda gelipdirler, şäheri talap, tozduryp, şäher ilatyny hem ýesir äkidipdirler. Bartold bu maglumatlary özbekleriň Merwe giren döwründen tä hijriniň 1007-nji (miladynyň 1594-nji) ýylda Merw Sefewi şasy şa Abbas birinji tarapyndan eýelenýänçä döwri özbek çeşmelerinden öwrenipdir.
Sefewi şasy, şa Apbasyň ýaşlygyndan peýdalanan özbek Abdulmömin han hijriniň 996-njy (miladynyň 1587-nji) ýylynda Hyrady, ondan bir ýyl soň bolsa mukaddes Maşady basyp alýar. Hijriniň 1006-njy (miladynyň 1597-nji) ýyly geçenden soň, şa Abbas Sefewi özbekleri Hyratdan hem-de mukaddes Maşatdan çykarýar. Ondan soň, hijriniň 1008-nji (miladynyň 1599-njy) ýylynda ol Merwi hem-de onuň bilen ýanaşyk şäherleri hem eýeleýär. Bektaş han ondan soňra bolsa Mährap han Gajar ýaly adamlar şa Abbas tarapyndan Merwiň häkimi wezipesine bellenilýärler. Sefewi şalygynyň soňky zamanlaryna çenli Merw Eýran döwleti bilen özbek hanlygynyň serhetlerinde ýerleşýän ümmülmez sähralygyň merkezinde ýerleşýän harby kent (gala) hem-de şol bir zamanda Merw-şahjan ady bilen Sefewi şalygyna
degişli 13 sany şa begler begilniň biriniň soraýan sebiti bolupdyr. Şäheriň häkiminiň hem-de onuň bir etrabynyň ady Gul begi bolup, ol sebitden her ýyl 16 müň 148 tümen we 9 müň 853 töwriz dinaryny girdeji ýygnalypdyr. Şäheriň ilaty bolsa 3 müň 44 adamdan ybarat bolupdyr.
Nedir şanyň hökümdarlyk süren zamanalary onuň taryh ýazarlarynyň biri şalygyň weziri Muhammet Kazym hem ýerligi boýunça Merwden ekeni. Muhammet Kazym pars dilinde ýazylan “A’lem araý-e Sefewi” atly ajaýyp eseriň hem awtorydyr. Ol öz ýazgylarynda Nedir şanyň şalyk süren zamanasynda Merwiň ýagdaýy barada möhüm we köp maglumatlary getiripdir. Onuň ýazmagyna görä, Sefewi hökümdary şa Abbas, özbekleri Horasan ülkesinden kowup çykaranyndan soňra, Azerbaýjany hem eýeleýär hemde gajar taýpasynyň kowumlarynyň ep-esli bölegini Töwrizden Merwe göçürýär. Ol taýpanyň wekilleri bolsa, Sefewi şalarynyň şalyklarynyň soňunda, Merw şäherini dolandyrmagy öz ellerine geçirýärler. Ýöne Nedir şanyň Eýranda şalyk sürüp başlan ýyllary Merw üçin yzly-yzyna birnäçe täze häkimler bellenilýär. Şol zamanlar tatarlaryň 700 maşgalasy Merwde ýaşap, olar gyzylbaşlara garşy bolýarlar hemde Merw şäherinden çykyp, Türkmengala gidýärler. Haçanda Merw şäherine suw bol-elin gelip başlansoň, olar Merwe dolanyp barýarlar. Şonuň üçin hem hijriniň 1136-njy (miladynyň 1723-nji) ýylynda Merw şäherinde pitne başlaýar. Gyzylbaşlar bu ýagdaý sebäpli Abiwertde hökümdarlyk sürýän Nedirden ýardam isleýärler. Nedir (geljekki Nedir şa – bellik terjimeçiniňki) gyzylbaşlara kömek bermek üçin Merwe tarap hereket edýär. Ol leşger sürüp ilki Janaly bendine (ol wagtky täze Merwiň Bahşab diýen ýerinde ýerleşen) barýar, soňra bolsa Merw galasyna ugraýar.
Soňra Merwden Hasan gala hem-de Türkmengala ugraýar hem-de (ol ýerden) tatarlary kowup çakardy. Emma ondan soň, olary yza çagyryp, olaryň Abiwerdiň Zagçend galasyna göçmeklerini höküm edýär. Şonuň ýaly-da taryhçy Muhammet Kazem Merw şäheriniň daş-töwereginde täze dörän mekan-mesgenler barada, şeýle hem haçanda Nedir (Merwden gidip) Maşada baryp Sefewi şasy Tahmasp ikinjä baryp birleşen zamanynda Merwde taýpalar bilen gyzylbaşlaryň arasynda täzeden emele gelen çaknyşyklar (bu waka hijriniň 1139-njy, miladynyň 1826-njy ýylynda bolup geçen) barada beýan edýär. Ondan başga-da awtor Merwiň Duşenbe derwezesi, Seýit Abbasabat galasy, Buzýaryk ekin meýdany, Janaly kanalynyň bendi hem-de Balhian (Talhatan)
kanaly barada ýatlaýar. Nedir her nähili bolsa-da, tatarlary gysyp saklamak hem-de (Merw şäherine suw akdyrýan) bendi ýumrup, gyzylbaşlary mukaddes Maşada göçürmegi talap edýär. Nediriň dogany hijriniň 1140-njy (miladynyň 1727-nji) ýylynda şeýle hem edýär we ondan ýedi ýyl soň, Nedir Merw derýasynyň bendini täzeden beklemek barada çärä girişýär. Ol wagta çenli Merw eýýäm weýran bolan şäherdi. Ondan soň hem ýaşaýyşdan boşap galan, hökümetsiz, häkimsiz ýerdi. Iň soňunda Nedir Hindistana leşger sürmek islän wagty, has takygy hijriniň 1150-nji (miladynyň 1737-nji) ýylynda merwli gazylary söweşijileri hem-de ol şäheriň hemme ilatyny şol wagt her mekanda ýaşaýan hem bolsalar-da, olaryň Merwe dolanyp gelmeklerini talap edip perman berýär. Sebäbi ol Hindistandan dolanyp geleninden soň, Buhara we Horezme leşger sürmegi niýet edinipdir. Onuň üçin hem Merw şäheriniň abadan we abat bolmagy zerurlygy ýüze
çykypdyr. Muhammet Kazeminiň özi hem özge ýurtda bosgun bolup ýören şol merwli adamlardan bolansoň, öz ata Watanyna – weýran bolup ýatan Merw şäherine dolanyp gelýär. Ol soňra ol wagtky Merw barada şeýle beýan edýär: “Merwdäki hemme ýerler döwlet haýryna geçirilip ol ýerde şahsy hojalyklara ekerançylyk ýa-da başga pişe bilen meşgullanmak gadagan edilýär. Ol ekerançylara döwlet ýerlerinde işläp, hökümetiň diwanynyň hazynasyndan zähmet hakyny tölemeli edilýär. Horasanyň dürli sebitinden maşgalaly raýatlaryň 3.000-i Merwde işlemek üçin ol ýere rowana bolýarlar. Ol wagta çenli on ýyl ozal, Merwiň halky köpçülikleýin ýagdaýda mukaddes Maşada göçüpdiler. Netijede, ol welaýatyň ekerançylyga ýaramly ýerleri zaýalanyp, ekin dolanyşygyndan çykyp, Merw derýasynyň bendi hem ýene-de harap bolupdy. Hut şol sebäpden hem, ony täzeden gurmak barada buýruk berilýär.
Hijriniň 1155-nji (miladynyň 1742-nji) ýylynda Nedir şa dagystanlylaryň hem-de lezginleriň üstüne goşun çekmek bilen meşgul wagty, oňa mukaddes Maşadyň Kärizabat diýen ýeriniň, Çärjewiň hem-de Merwiň gyş gawunlaryny gowşurýarlar. Ol gawunlary Nedir şanyň huzuryna Merwden alyp baran Aly Nagi beg Merwä Nedir şa özi bilen Merw şäherine 4.000 maşgala lezgini äkitmegi hem-de ol lezgileri Merwiň gündogarynda, şäheriň meşhur Juma derwezesiniň Türküstan (ýoly) tarapynda, galanyň daşynda ýaşamaga ýer bermegi höküm edýär. Şol wagt 300 adamyň olary ugratmagynda, ol ýere göçüp baran bir müň iki ýüz hojalyk şalygyň eýeçiligindäki ekerançylyk bilen meşgullanmaga girişýärler. Galanlary bolsa, dürli kärlerde, öz oňarýan (gadymy) hünärleri bilen işläp başlaýarlar.
Hijriniň 1156-njy (miladynyň 1743-nji) ýylynda Nedir şa, Tagi han Şirazininiň hökümdarlygyna syndyrýar hem gaçgaýylardan (olar bir sebäbe görä, göçüp ýada gaçyp giden gadymy oguz taýpasy gaýy (kaýy) taýpasynyň wekilleri. Ol taýpanyň gaçgaýy adyny “gaçyp baran gaýylar” ýa-da “göç bilen baran gaýylar” diýip düşündirip bolar – bellik terjimeçiniňki) üç müň maşgalany Şirazdan Merwe göçürýär. Merwe has takygy, Talhatana göçüp gelen gaçgaýylar hem, ol ýerde mekan tutunýarlar. Nedir şa öz eýeçiligindäki Azerbaýjanyň hem-de Alpşüküriň ilatynyň uly toparyny Talhatana göç bilen ugradýar. Ondan soň, olaryň Merwiň sebite göç edip gelen ýeri Mirabat ady bilen meşhur bolýar. Şonuň ýaly-da, ol ýer Kiçi Merw (Merwe küräk) diýip atlandyrylyp başlanýar (belki-de ol ýer Merwiň golaýyndaky Murgapdyr?!). “A’läm araýi Naderi” atly eserde Merw-şahijanyň, Merw sebitiniň, Merw jülgesiniň, Merw Sanjar mekanyň, Uly Merwiň atlary getirilip, ol ýerleriň şol döwürlere degişli şekilleri ýerleşdirilipdir.
Nedir şa öleninden soň, Merwde bolup geçen wakalar doly anyk däl. Diňe hijriniň 1200-nji (miladynyň 1785-nji) ýylyna çenli, ol ýerde Baýramaly Gajaryň hökümdarlyk sürendigi belli. Şol ýyl hem Bekjan Şamyrat (buharaly özbeklerden) Merwe hüjüm edýär hem-de Baýramaly han öldürilýär.
“Merw galasy” ady bilen gurlan iň soňky gala häzirki Baýramaly şäheriniň eteginde bolupdyr. Ol galadan bölekler häzirki güne çenli hem saklanyp galypdyr, ady hem Baýramaly hanyň galasy ady bilen bilinýär. Baýramaly han gynalyp öldürilenden soň hem, onuň maşgalasy hem-de beýleki gyzylbaş hojalyklary Merwde Şamyrat handan soň, onuň ogullarynyň biri Nasrreddin Töre Merwde hökümdar bolýança ýaşamaklaryny dowam etdirýärler. Şol döwürlerden başlap, tä ruslaryň Merwe hüjüm eden zamanlaryna çenli, Eýran çeşmelerinde ýeterlik maglumat ýok.
Merwi (Maryny) hijriniň 1303-nji (miladynyň 1884-nji) ýylynda rus patyşalygy eýeleýär hem-de Merw şäheri täzeden esaslandyrylýar, şäher ösüşe başlaýar. Muňa garamazdan, geçmişden galan Merw şäheriniň harabalyklary taryhy mekan hökmünde saklanyp galdy. Gadymy Merw şäheriniň harabaçylyklary Abdyllahan galasyndan bir kilometr demirgazykda hem-de Baýramaly şäherinden iki kilometr demirgazykda, Baýramaly-Merw gara ýolundan takmynan dört kilometr uzaklykda ýerleşýär. Şähere günbatar tarapdan baryp bolýar. Barylýan ýeriň sag tarapynda palçykdan bina edilen iki sany gadymy gala bolup, olar Uly Gyzgala hem-de Kiçi Gyzgala galalarydyr. olar, Sasanileriň şalyk süren zamanalaryndan galan binalar bolmagy mümkin?! Soltan gala diýip atlandyrylýan gala Seljuk soltanlarynyň döwrüne degişli, tutýan meýdany 400 gektar hem-de gadymy Merwiň çäginde ýerleşýär. Soltan Sanjaryň mawzoleýi hem Soltangalanyň çäginde. Ol mawzoleý şäheriň dört künjeginden hem görünýär.
Soltan galanyň Erk galasy mawzoleýiň demirgazyk gündogarynda ýerleşýär. Ol “Şähriýar erk” ady bilen hem meşhurdyr. Soltan galanyň daşynda demirgazyk tarapynda 200 gektarlyk meýdan bolup ol ýeri Isgenderiň galasy diýen at bilen tanalýar. Edil şonuň ýaly boş meýdan şäheriň gündogarsynda hem ýerleşýär. Ol Kiçi Soltan gala ady bilen meşhurdyr. Büreýde baba bilen Hekemiň mawzoleýleri hem şol soňky giňişlikde ýerleşýär. Ol mawzoleýleriň gapdalynda gonamçylyk bar. Soltan galanyň gündogar tarapynda, oňa ýanaşyk ýerde Sasani şalarynyň zamanasynda Merw şäheri ýerleşip, oňa Gäwürgala, Gorkala hem-de Antioh Selekwiniň galasy hem diýilýär. Gäwür galanyň Erki onuň demirgazygynda ýerleşýär. Erkiň demirgazygynda palçykdan gurlan gadymy binalaryň bölekleri saklanyp galypdyr. Olar hezreti ymam Ryzanyň (aleýhissalamyň) gadamgähi ýa-da Mamunyň köşgi diýen atlar bilen meşhur. Soltan galanyň demirgazygynda Hoja Ýusup Hemedanynyň täzeden dikeldilen mawzoleýi, täze uly metjit ýerleşýär. Bu binalaryň demirgazyk günbatarynda, has takygy, Merwiň demirgazyk-günbatar burçunda hezreti Muhammet bin Muhammet bin Zeid bin ymam Sejadiniň (aleýhissalamyň) gubury ýerleşýär. Ol mawzoleý Soltan Sanjaryň görkezmesi boýunça bina edilen.
Gadymy Merw häzirki Mary şäherinden 30 kilometr, Tejenden 170, Duşakdan 217, Kakadan (Abiwerd) 257, Aşgabatdan (Nusaýdan) 370 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Baýramalydan Çärjewe (Jeýhunyň kenarynda ýerleşýän şäher) 224 kilometr aralyk bar. Marydan Sarahsa çenli bolsa 165 kilometrdir.

Doktor Mehdi SEÝID.
(Eýran).

# Eýran Yslam Respublikasynyñ "Haweran" žurnaly, 2014 ý.
4
201