sahet_ashyrov
03.04.2021 08:45
Azajygam bolsa degişeliñ. Gulmek omurden.

Depderimiñ birinji sahypasy: owadan poçerk, ýalñyşsyz, ähli zat ideal. Beýleki sahypalary bolsa, içgili täjik hytaýçany gije suwuñ aşagynda ýazan ýaly.
12
278
sahet_ashyrov
02.04.2021 09:48
Geliň azajyk degişeliň:
Gülmek ömürden.

"Içimde zat saklamaýyn, içimdäkileri çykaraýyn" diýip, çykardym. Awtobusdan depip kowdular. Men näbileýin sesli çykjagyny...
15
302
sahet_ashyrov
01.04.2021 08:54
Aýallaryň intusiýasyna haýran.

Telefonumyň zarýady gutarany üçin, dostumyň telefonyny alyp öýdäkä jaň etdim, gijiräk barjakdygymy duýduraýyn diýdim. "Alo"-nyň "a" harpyny aýtmankam "Çaltyrak öýe gel, men ýeke" diýdi.

Bäh, edil men jaň edýänimi nädip bildikä?
11
463
sahet_ashyrov
31.03.2021 08:54
Aşakdaky goşgy setirleri haýsy şahyra degişli?

Gider boldum indi üşbu watandan,
Jebir gören iller, galdyň, hoş indi.
Hiç unutman, janym çyksa bu tenden,
Süýji sözlän tiller, galdyň, hoş indi.

Kätmen urup, elem tartyp, nan berdim,
Ara ýolda jepa çekip, jan berdim,
Hyrajyň, salgydyň örän kän berdim,
Jepalyja çiller, galdyň, hoş indi.

Küňňüreli howla gelen myhmanlar,
Ara ýolda köýdi jepaly janlar,
Ili berbat etdi niçe bisanlar...
Agzyň açyp howlular, galdyň, hoş indi.

Gahr eýlesem, indi gelmez gaharlar,
Niçe ýazlar geçdi, baharlar,
Amydan suw içen terçek nahallar,
Sen elwanlap galar bolduň, hoş indi.

Gije-gündiz dynman çapdy bendeler,
Para alyp, ili bozdy gendeler,
Bibat ýerde biten maýmyk igdeler,
Sen ümürläp galar bolduň, hoş indi.

Ýigit bary göçüp gitdi watandan,
Baryp habar algyn ýoldan ötenden,
Jebir gördük Mirhaýdar ýer ýuwtandan,
Aglap, garyp iller, galdyň, hoş indi.
7
174
sahet_ashyrov
25.03.2021 11:59
“WELLI WALANYŇ WALA-WALALARY” ETÝUD-HEKAÝAJYKLAR TOPLUMYNDAN

GÖWNÜHOŞ

Welli Wala bir gün gürrüň berdi:
-Obadaşlaň biri pullandy.
Nirden?
Nädip?
Özünden maňlaýly bendäni gören ýa-da eşiden mundan buýanky beýlekileriň aglaba köpüsiniň kelleçanagynda öz-özünden emele gelýän şu sowallara, öz ýanyndan her kes birhili jogap tapdy.
Wäşiräkler-ä: “Kimi kylyp, kimi ýemelidigini dinozawr ekgäň özi ýahşy biledi!” diýdiler.
Takwaraklar ýa-da takwaraksyraýanlar dişlerinden syzdyrybragam bolsa: “Ryzk Alladandyr! Kime näme berip, näme bermeli dädigini Eýämiziň özi gowy bilýändir!” diýişdiler.
Iki erninden hyllyk deregine öt akýana çalymdaşlar töweregindäkilere eşitdiribräk: “Bir ýerini ýumrandyr-da! Ýa-da bir ýerini ýumrany çürkändir-dä!” diýip, pessaýdan-pyşyrdyly hüňürdeşdiler.
Mümkinçilik tapdyklary kimdir birine nämedir bir zatlaryny göterip bermäge hemişe taýýar päkýürekliler: “Tüf-tüf-tüf! Tüweleme, tüweleme! Göz degmesin! Rysgally, nanly-saçakly, eli açyk beg ýigit bu! Honha, ykbaly göterildi-de, galňady öteýtdi! Ýene-de bir öwran tüf-tüf-tüf! Bizlere-de şonyýnyňky ýalaky ryzk-bereket nesip etsin!” diýip, kiçi dildenmi ýa uly dildenmi, garaz, öz-ä bir ýetişip bildiklerinden alkyşlap aldylar.
Edenleri ugruna bolman, haçan görseň, hatda “düýäň üstünde-de it ýaryp” ýörenler bolsa, şonuň geçip giden yzyna garşy, onuň özüne görkezmänräk, harkyldadyp gakylyk maçylatdylar-da: “Swolyç!” diýmek bilen çäklenäýdiler.
Içi güjükli köpbilmişler bolsa hemişekileri deýin kelam agyzam geplemän, syrlyja, matallyja ýylgyrmak bilen oňdular.
Hamana, olar onyýnyň nireden, nädip nädendigini onuň özündenem gowy bilýämişdikler. Eger gerek bolsa, soralyp-idelen ýerinde onyýnyň şeýdip şeýtmek üçin gaýryp-goparan ähli hokgalaryny köpükme-köpük, öýjükme-öýjük sanabam berip biljekmişler.
Emma...
“Adamçylyk” diýibem bir zat bamyşdyk.
Onnoňam olar şunyýny ýalylaryň gaýryp-goparýan şonyýny ýaly zatlaryny söklemek üçin mugtuna işläp ýatarlary ýaly, eýlebir beýle barypýatan akmagam dämişdik, elbetde.
Şu nukdaýnazardanam, olar hemmeje zadyň magadyna göz ýetiripjik ýatandyklaryna garamazdan, keplerini içlerinde saklap, dymyp ýörmüşdik.
Çünki, uşbu ýalançy dünýäde: “Akmak ýanynda dyman ýagşy” diýen köpmanyly kepem bilinmän aýdylmanmyşdyk...
Garaz, pullananyň obadaşlarynyň her haýsy bir zat diýdi.
Ýa-da oýlandy.
Ýöne, gep onda däl-de, munda.
Şonuň ýaly, her kimsäge nesip etmegi, ömrüň her pursadynda diýen ýaly öte yhlas bilen arzuw eýlenilýän, ajaýypdan gelen bir ýagdaýa duçar bolandan soňra, ol maňlaýly bende-de, özi ýaly ryzky ýorunjadan soň ekilen keleme dönen ynsanlaryň aglaba köpüsine mahsuslykda, birnäçe üýtgeşik häsiýet tapyndy.
Birinjisi: Gyşy-tomsy egni kelte ýeňli, mymyjak matadan köýnekli, syrtyndaky jalbarynyň inekhanasy öküziň inegi salnan deýin şalkyldap, dyzyna ýetip duran sypatda, jorapsyz aýagam gymmatbaha şypbykly gezmäni çykardy.
Sowugam bildirmedi oňa, yssam.
Çapgyn ýeldir, ýagyş-garam kär etmedi.
Ikinjisi: “Keplese-de baýyň ogly keplesin! Hi-hi-hi!” diýip çylkasyz gülüp, özüne habar gatylsyn-gatylmasyn, hemme ýerde hemme gürrüňe goşulakga, hemme zat barada özüniň iň dogry, iň düşnükli, iň hakyky, garaz ýetmiş ýedi müň älemlerde bar bolan hemme “iň”-leri özünde jemleýän parasatlydan gelen, dana hem danyşment pikirlerini aýtmagy endik edindi.
Üçünjisi: Kimdir biriniň gün-güzeranyndan zeýrenýänini eşidäýdigi, näme üçindir mydama ýagjaryp duran, lopbuş dodagyny göwnüýetmezçilik bilen çöwrüp: “Haçan görseň, aglap-eňräp ýörmän, ynhalykga, mysal üçin, özlemmiz ýalaky ýymşajyk ýeriňi derledip, çarp urmaly-da! Şonuň ýaly dünýädä bi!” diýip, gorkmasa-ha gününden nalaýanyň al-petinden aldy. Al-petden alybermäge çekinse-de: “Dossum, o ýatyp iýilýän ýerdenem näme, atamyz Adam pahyr, “etme” diýlenini edip, kowlup gaýdaýpdyr-da!” diýip degşen boldy.
Dördünjisi bolsa, ol hemişe göwnühoş gezdi. Haçan görseň jak-jaklap gülüp ýören ol bendäniň tutuksy wagtyny, megerem: “Takmynan ep-esliň ýarysy ýaly baýrak berjek!” diýseňem gören tapylmazmyka diýýärin!
Galan häsiýetleri barada kän bir gürläp oturasy işem ýok. Sebäbi, onuňam ýaňky aýdylan dördüsinden başgasy biziň hemmämiziňki ýaly.
Öwseler – begenýä.
Sögseler – gaharlanýa.
Umuman, bi aýdýanym öňem-ä ilden üýtgeşik eşek däldi welin, şeýle bolandan soň-a, hasam birhili göwnühoşa öwrüldi öteýtdi.
Nämesinden şeýle boldy?
Nädip?
Nireden?
Kim bilýä?!
8
155
sahet_ashyrov
24.03.2021 10:20
ZOMBI NEÝROLOGIÝASY

■ Zombi neýrologiýasy bolup bilermi?

Elbetde, isleseñiz, bolup biler!
Ylmy-fantastiki kinofilmlerde we kitaplarda barmak büküp sanardan köp mysallara duş gelensiñiz: Hamala dünýäni aldym-berdime salýan wirus gaplap alýar, wirusa ýoluganlar birden-bire zombileşmäge başlaýar. Meselem, “I am Legend”. Kim häzirem tomaşa etmedik bolsa, muny hökman alyp görmegi maslahat berýärin.

■ Zombiler çendenaşa serhoş ýagdaýda bolup bilerlermi?

Lukmanlar alaçsyz halda munuñ antiwirusyny tapmaga çytraşýarka, adamlar zombilerden gaçjak bolýar, aldym-berdimpi yzarlaýyş we adrenalini ýokary döwüş sahnalary bilen garşyma-garşy gelersiñiz. Çüýreşen hamlar, entirekläp - aragy aşa köp içen arakhoruñ ýöreýşini ýatladýan ýöreýişler, düşnüksiz iññildiler we beýnä agram salýan diýetler - bular zombilere mahsus häsiýetleriñ diñe birnäçesi.
Frankenşteýn, Kont Drakula ýaly legendarlaryñ ýanyna adyny ýazdyryp başaran zombiler diñe fantastiki eserleriñ muşdaklaryny däl, eýsem alymlaryñam ünsüni özüne çekýär. Näme üçin diýseñiz?

■ Zombileriñ geñsi hereketleriniñ syry

San Diegonyñ Kaliforniýa uniwersitetinden Bredli Woýtek we Karnegi Mellon uniwersitetinden Tom Werstynen "zombi muşdaklaryndan" bolan iki sany neýrohünärmen. Zombi hereketleriniñ añyrsynda ýatan (bolup biläýjek) biologiýa bilen gyzyklanan bu iki ýoldaş baryp-ha talyp döwürleri muña jogap agtarypdyrlar. Siziñem bilşiñiz ýaly, teleseriallarda we kinofilmlerde esasan iki hili zombiler bardyr:
1). Hereketi haýal - çaman zombiler;
2). Hereketi çalt - çakgan zombiler.
Woýtekiñ pikiriçe, çaman zombiler organizm koordinasiýasyndan binesip bolandygy we gapylary açyp bilmeýändigi sebäpli, olar kiçi beýnilerinde bir ýetmezçilik bolaýmaly. Çünki mini beýni hökmünde tanalýan bu ýer koordinirlenen hereket babatda uly rol oýnaýar.
Muña garamazdan, ähli zombileriñ hakydasy pesdir. Barlagçylar olaryñ añ aýratynlyklarynda düýpli ýetmezçilikleriñ bolmagyny-da, öñki loblarynyñ talabalaýyk işlemeýändigi üçin bolup biljekdigini orta atýarlar. Bu düşündirişlere salgylansak, aslynda zombiler "düşünişme kynçylygyny" başdan geçirýän bolarly. (Aslyýetinde bu döwürdeş adamlarymyzyñ ýagdaýyna ynjalykdan gaçyrjak derejede çalym edýär!) Eýse bu babatda nägileligimiz barmy? Bardyr öýdemok. Näme-de bolsa, zombileriñ biziñ bilen dil tapyşmagyny, düşünişip gitmegini isleýän bolsak gerek.

■ Zombileriñ beýnisi siziñ pikir edişiñiz ýaly däl

Zombileriñ beýni funksiýalarynyñ birnäçe tarapdan alanda näsazdygyna göz ýetirmek kyn däl, emma olaryñ ys alma ukybynyñ bardygyny görmezlige salyp bilmeris. Aýdaly, diri adam bilen maslyk bolup ýatan zombini tapawutlandyrmaga olar diýseñ ökde. Zombileriñ käbir görnüşi sese garşy hem täsin intuisiýasy bar. Biz saza bolan teşneligimize "saz gulagy" diýýändiris. Edil şolar ýaly derejede olaryñam ses duýma ukyby güýçli. Özem çalaja tykyrda hem müñzäberýärler!
Bu fantastiki mahluklar hakynda kelle agyrdýan başga bir ylmy barlagçylaryñ birem Garward uniwersitetinde çaga psihiatristi bolup işleýän Dr. Steven Schlozman.
Ol özüniñ "Zombi ekspertizalary" kitabynda zombi biologiýasynyñ we zombi wirusynyñ hyýaly hakykatda nähili amala aşjakdygynyñ üstünde pikir alyşýar.
Schlozman seljermesine bu wirusy güýçlendirip biljek hadysany derñemekden başlaýar. Zombi keseli pidalaryna nädip ýokuşýar? Elbetde, dişlemek arkaly! Emma Schlozmanyñ romany howada gaýmalaýan we ýeke üsgülewükde birinden başga birine geçýän, ýörite taýýarlanan wirusdan söz açýar. Schlozmanyñ suratlandyran zombi wirusy beýnidäki "söweş ýa-da gaç" pikirinden jogapkär badam şekilli amigdala çenli gemrip taşlaýan bolmaly.
Zombiler köplenç beýin diýetalaryna arakesme bermeýärler. (Meselem, wegan zombi ýok.) Çünki, beýniniñ beýleki möhüm bolan - doýýandygymyzy duýdurýan (ventromedial hipotalamus) duýgy olarda işlänok diýen ýaly. Beýniniñ mesele çözmäge ukyply öñki loblaram wirus tarapyndan gemrilendigi üçin zombiler garjaşyk kararlary hem kabul edenok. Meselem, walýuta dolanşygyndaky pese gaçmalar we ýokarlanmalar olara gyzykly däl.

■ Aýdaly, 2020-nji ýylda zombi çozuşy bolsa?

Aýdaly, gözelliklerden doly şu 2020-nji ýylymyz hasam ajaýyplaşdy we zombiler dünýäni ele geçirdi. Şol wagt täsin pikire gaplanarsyñyz. Bir zombini nädende öldürip bileris? Käbir fantastiki zombi eserlerinde zombilere garşy uruşýan gahrymanlarymyz bu mahluklary kellesinden (urup, mynjyradyp, kesip we ş.m.) öldürýändirler, ýadyñyza salyñ. Eýse, nämüçin? Munuñ sebäbi, megerem, bedeniñ iñ esasy işlerini dolandyrýan "beýin sapy" diýilýän böleginiñ beden bilen baglanşygyny kesmek bolsa gerek. Sebäbi, kelle ýok ýerinde ne dem alma bar, ne ýürek urşy. Eýse, zombilerde bular barmy? Ony anyk bilemzok...
Aslynda bu ýazgynyñ düýp maksady şu:
Ylym elmydama real we köplenç iriziji problemalar bilen gyzyklanmaga borçly däl. Siz nämäni isleseñiz, ylym we ylmy düşünje şoña görä-de peýdaly bolup biler. Emma size ýatladýaryn: meselem, Marwel gahrymanlarynyñ, ýa-da adaty ekşn kinofilmlerdäki personažlaryñ fiziologiki we añ mümkinçiliklerini ylmy taýdan analizlemäge synanyşsañyz, kinofilmleriñ duzy-tagamy gaçyp biler. Biziñki diñe ýatlatmak. Iñ gowsy, oturagetdin, tomaşa edip keýpini görmek!

P.S.: Sarymsak arkaly zombilerden goranyp bilmersiñiz.

Wera SARA POÝRAZ.
12
122
sahet_ashyrov
20.03.2021 09:03
SOWET DÖWRÜNIŇ ÝOMAKLARY

Sekretar näme üçin soňky gezekki partiýa ýygnagynda bolmanlygyny soraýar.
– Wah, onuň soňky gezekdigini näbileýin!

* * *

Garyndaşlaryna ýazan hatyndan:
– 100 manat iberjekdim weli, arman bukjany ýelmäýsem nätjek...

* * *

– A gyz, Abraşa gepläp bilýämi?
– Gepleýä-le, indi oňa dymmany öwredýäs.

* * *

– Rabinowiçi jaýlamaga gideňokmy?
– Näme üçin gideýin? Ol meni jaýlamaga geler öýdýäňmi?

* * *

Anketdäki partiýanyň liniýasyny ýöretmekde yrgalyga ýol berdiňizmi diýen sowala:
– «Liniýa bilen bilelikde yrgyldadym» diýip jogap berdi.

* * *

– Siz partiýa hataryna giripmidiňiz!
Ol gorkuly gözlerini köwşünden aýyrman:
– Nirede? – diýip sorady.

* * *

– XXII gurultaý göwnüňize ýaradymy?
– Iň soňundan jeset alnyp çykylan gurultaýmy?

* * *

– Sowet Soýuzynyň gimnini niçik görýäňiz?
– Gimn gowy, söz ýok!

* * *

Är-aýal plaskart wagonda. Äri uly ses bilen içini çekýär:
Aýaly:
– Men saňa ozal adam bar ýerinde syýasat hakda gürrüň etme diýip näçe gezek haýyş edipdim – diýip, ärine igenýär.

* * *

Ol aýnada özüni synlap durşuna şeýle diýipdir:
– Ikimizden birimiziň şugulçydygyny anyk bilýän.

* * *

– Gazly suw satyp, nädip daça gurup bildiňiz?
– Eger döwlet ýönekeý bir suwuň üstünde äpet GES gurup bilýän bolsa, men näme üçin gazly suwuň üstünde daça gurmaly dälmişim.

* * *

– Meniň bolşewikler bilen agrar meselede pikirlerim çapraz gelýär. Olar-a meniň ýeriň astynda ýatmagymy isleýärler, men hem olaryň ýeriň teýinde ýatmagyny isleýärin.

* * *

Rabinowiçi saýlaw döwründe agitator edip belläpdirler. Ol bir gapydan beýleki bir gapa baryp, şeýle wagyz edipdir:
– Sowet hökümetiniň dünýäde iň gowy hökümetdigini aýtmagy maňa haýyş etdiler. Biynjalyk edenim üçin bagyşlaň, bolýar, hoş onda.

* * *

NKWD-nyň jaýynyň ýanyndan geçip barýanyň biri gapynyň ýüzündäki «Keseki adamlar üçin girmek gadagan» diýen ýazga gözi düşüp:
– Wah, «Hoş geldiňiz» diýlip ýazlanda-da oňa aýagyny sekjekmi? – diýipdir.

* * *

– Ýoldaş Rabinowiç, şu mesele bilen baglanyşykly pikiriňiz barmy? – diýip, sekretar partbýuronyň mejlisinde soraýar:
– Pikirim bar, ýöne men şol pikirim bilen ylalaşamok! – diýip jogap beripdir.

* * *

Şundanam bir durmuş bolarmy? – diýeni hem şoldy welin ony ýygnadylar.
– Men Amerikadaky durmuş hakynda aýtdym – diýip, ol adam özüni aklajak bolýar.
– Ýör, at oýnatma, o durmuşyň nirededigini biz senden gowy bilýäris!

Toplan: Allaýar ÇÜRIÝEW.

Paýlaşan: Şäher Aşyrow
20
297
sahet_ashyrov
19.03.2021 09:41
Soragly gosgy setirleri:

Gel, köňül, nesihat eşitgil bizden,
Biwepany baky zamandyr diýme;
Hakyň ryzasyna bagla biliňi,
Herne hökm eýlese, ýamandyr diýme.

Ajal gelse, bir dem goýmaz zamanyň,
Ganymat bil munda galsa nyşanyň,
Gahar aklyň alar, kine imanyň,
Ynan bu sözlere, gümandyr diýme.

Galandar dek geýen köne şalyňa,
(Aşak) tut päliňi, pikir et halyňa,
«Döwletim» diýp guwanmagyl malyňa,
Ogulsyz döwleti döwrandyr diýme.

Ýatma, ahyretiň tohmun ekewer,
Gözleriňden ganly ýaşlar dökewer,
Köp ýalbaryp, mert minnetin çekewer,
Muhannes ähline zamandyr diýme.

Söweş gün ýesiri bolsaň bir merdiň,
Harç etgin hünäriň, goç ýigit gördün,
Ýoldaşyny taşlap gaçan namardyň
Ölende hemrahy imandyr dýýme.

Tagat bilen ötür ýaz bilen gyşy,
Gözleriňden akdyr gan bilen ýaşy,
«Dogry ýola gir» diýp urgan derwüşi
Dost bilgin özüňe, duşmandyr diýme.

Gel imdi, .................... , tany ýoluňy,
Köp hetdiňden aşma, bilgil halyňy,
Il derdine sarp eýlegen malyňy
Peýda bil özüňe, zyýandyr diýme.

Su gosgy setirleri kime degisli?
23
130
sahet_ashyrov
18.03.2021 09:08
Soragly gosgy setirleri.

Wysalyndan gamgyn köňlüm açyldy,
Pyrkatyndan elip kaddym ýaý imdi.
Ýüzüň nury älem ara saçyldy,
Hergiz dogmaz özüň kimin aý imdi.

Muştakdyr roýuňa bu dünýä pany,
Ýoluňda gedadyr hanlaryň hany,
Keşt eýledim on sekiz müň jahany,
Hiç tapmadym bir zülpüňe taý imdi.

Säher ýeli zülpuň perişan eder,
Gamzaň okdur, jiger bagrym gan eder,
Görse bizi şum rakyplar taň eder,
Gyz, eýlegin öz goýnuňda jaý imdi.

Senden özge ýary gözüm görmesin,
Sensiz zowky alla maňa bermesin.
Sen bolmasaň, dünýä bir dem durmasyn,
Ýykym-ýumrum bolsa, diýmen «waý» imdi...

.................. diýr, bir ýara bilim baglar men,
Aryf özüm, dost-duşmany saglar men,
Tä ölinçäm, Durdyhal diýp aglar men.
Gözlerimden dolup aksyn çaý imdi.

Sorag: köp nokadyñ yerine haysy şahyryñ ady gelmeli we gosgy setirleri kime degisli?

Sular yaly soraglary goysam nahili bolar dostlar?
26
115
sahet_ashyrov
17.03.2021 09:11
«Pylanynyň ýerinde bolan
bolsam, köp zatlary
düzederdim...» «Ýok, her
haýsymyzyň öz ornumyzda näme
iş edip biljekdigimiz hakynda
oýlanmalydyrys.Men näme üçin
doguldym? Adamyň bütin ömri
şu soragyň jogabydyr.
(Okyja hatdan)

Bir başyň bar, müň işiň bar dünýäde,
Müň şükür! Ýykylyp galmaýşyň besdir.
Baryna ýetmeli paýy-pyýada,
Tigirçek hökman däl –
Şu köwşüň besdir.

Bir köwşüň tozdumy – ýene bir köwüş,
Ikinji tozdumy – üçünjä çalyş,
Her bagy çözlende ýer bilen emiş,
Toprak ajykdyrmaz –
Şol aşyň besdir.

Ertir bolmaz ýaly dilleriň peltek,
Täze menzillere ýetmeli entek.
Duşsa-da ýoluňda müň dürli kötek,
Diýme: «Dynç gulagym,
Aç başym besdir!»

Haýwana mahsusdyr aç baş, dynç gulak,
Ynsana mahsus zat – döretmek, gurmak,
Döredilýän ýerde dynç almaz gursak,
Öň ene bagrynda
Dynç alşyň besdir.

Ýöremeli ýoluň gysgamy, uzak –
Durmak jenaýatdyr ýatýança ýürek.
Diýýärler: «Ýüregi aýamak gerek!»
Dogrudyr.
Ýöne öz aýaşyň besdir.

Ýürege girmezmiş ýüregin aýan,
Ýürek aýan – bermez iline peýan.
(Gapdalyňda barka bir tebip aýal –
Ýürek işlär.
Ýalňyz syrdaşyň besdir).

Näçe dartylsa-da kebzäňde damar,
Gözüň ejizligi bermesin habar,
Sagmyň ýa näsagmyň – işiňi oňar,
Başda adam bolup
Döreýşiň besdir.

Öz seçen kärini oňarsa her kim,
Ýarpy ýeňledermiş dünýäniň ýükün.
Ýekeje hünäre ýöretseň höküm –
Iliňe bergidar bolmaýşyň besdir.

Sowal berdi student gyz Roza:
«Puşkin ýaly haçan ýazjak proza?»
Jogap berdim: «Ili goýman azara,
Goşgymy oňarsam,
Şol işim besdir!»

Ýene biri diýdi: «Misli, Pyragy,
Sözleň merjeninden döret bir dagy!»
Men diýdim: «O z
atlar möçberňe bagly,
Dag däl,
Meniň üçin bir daşam besdir!»

Nanyňy
goşgudan berse-de ykbal,
Goşgudan öň
adam bolmagyň hökman
Şygyr bilen uly ynsap birikmän –
Şahyr-da, ynsan-da
bolmaýşyň besdir.

Ak bilen garadyr garagyň reňki,
Şolaň haýsy seniň ýüregiň reňki?
Birisini saýlap, diýme, «Şu meňki!»
Iller aýdar –
Birje ýylgyrşyň besdir.

Ömrüňde etdiňmi kişä bahyllyk?
(Ili bahyllykdan gorar şahyrlyk!)
Dünýäde bir müýnüň – aşyk Tahyrlyk.
Täk däl,
Goşa söýgä ýugrulşyň besdir.

Nirelerde ýörsüň ilkinji söýgi?
Bir ýerlerde barmyň gyzlaryň tugy?
Gumdan owaz geldi «Eý, yşkyň ogly,
Men bar.
Ýöne maňa... guwanşyň besdir!»

Nirelerde ýörsüň, ikinji söýgi?
Bir ýerlerde barmyň bagtymyň bagy?
Öýmüzden ses çykdy: «Eý adam ogly,
«Söýýän! Söýýän!» diýip,
Ýaňraşyň besdir!»

Birisi Säheriň, biri Guşlugyň,
Biri Oglanlygyň, biri Ýaşlygyň.
Birinjisi – diňe salamlaşdygyň,
Ikinjä
Ömürlik baglanşyň besdir.

Şeýdip pähim ýygnap söýgüden söýgä,
Ýetdiň on üç sany gülälek çaga.
Şolardan bäşisin gömüp ak çägä,
Bäş gezek
Gizlenip aglaýşyň besdir.

Gülüber, işläber, saýraber, şahyr.
Hyjuwyň hiç haçan bolmasyn ahyr!
Bäşinji müçede diýdirip jahyl,
Dünýäniň mährinden
Doýmaşyň besdir.

Kalp däldir mähirsiz, söýgüsiz kalp
(Beýle kalp ýa boşdur,
ýogsa-da galp!)
Bir uly ýygnakda ör boýna galyp,
diýdi biri:
«Şahyr, saýraşyň besdir!»

Söýgüsiz oňmandyr, oňmazam ýürek.
Ýöne gapdalynda ýigrenjem gerek.
Ogra-jümrä, egrä gelende gezek,–
Diýdi ol ýöwselläp,
Ýygrylşyň besdir!»

«Örän dogry! – diýdi yzdan bir gelin
Näm üçin henizem ýatanok galyň?
Agam on ýyl ozal karz alan pulun
Henizem üzüp ýör...
Duýmaşyň besdir!»

Arman, ne sülçi sen, ne-de prokuror.
Ýöne igenmäge gelniň haky bar.
Seniň söz diýilýän ötgür okuň bar,
Atjak-atjak bolup,
Giç galşyň besdir.

Şygyr atylmaly! Ýeňmeli şygyr!
Şoňa arkalanýar her köýen bagyr.
Döwrüň arkasyna düşen her ýagyr
Şondan em almaly!
Ýalňyşyň besdir.

Söýga çürşen bolsa oýkeniň ýary,
Indi il derdinden çürşmeli bary.
Ykbalyňdan nalap çekmegin zary,
Şeýleräk täleý
Saýlaşyň besdir.

Şygryňy dokuz aý bagryňda sakla,
Şondan soň stoluň üstüne okla.
Gygyryp dogur-da,
gygyrman oka,
Doglaňda
Gygyryp dogulşyň besdir.

Uludyryn öýtme etseler taryp!
Kiçidirin öýtme peseltse görip!
Ne uly, ne kiçi, ne baý, ne garyp,
Tüýs baryp ýatany –
Şu bolşuň besdir.

Ýalaňaç, aç-suwsuz galmasaň gatap,
Soranlara diýseň:
«Aý, bardyr bir tap...»
Bir stol, üç keçe; iki müň kitap –
Başga zat gerek däl,
Şo goşuň besdir.

Işläňde işleseň öz başyň bilen,
Gyşlaňda gyşlasaň öz gyşyň bilen,
Dişläni dişleseň öz dişiň bilen –
Gädijegem bolsa,
Öz dişiň besdir.

Diş hakda, ýaş hakda irräk-le heniz!
Seret, bagyň içi säher dek tämiz,
Han-ha iki gelin, ýene-de üç gyz
Saňa lak atýarlar.
Şu ýaşyň besdir.

Joralaň bäşisem misli gül-çeçek.
Ak gelin, seslendi misli ak ýüpek:
«Şahyr, büküljiräp ýöreme entek,
Sen garrama,
Dünýäň garraýşam besdir!»

Katdymy dikledim. Sowuldym ýoldan,
«Dinden çyk – diýlipdir – çykmagyn
ilden!»
Oturdym, gülüşdim... Perişde däl men,
Adamdan doglupdym.
Şo dogşum besdir.

Diýdiler: «Okap ber ýekeje goşgy!»
Okadym. Göterdi päkligiň yşgy.
Diňlenilýän wagty okanyň ýagşy,
Näziňi artdyryp,
Gomalşyň besdir.

Goý, ýaşlyk mährinden
güýç alsyn ýürek,
Ikisin okap ber
bir goşga derek.
Okadym. Ýol ogly ýolunda gerek:
«Hoş, gyzlar,
Biderek güýmeşim besdir!»

Öýmüze ugradym. Şäher lälezar.
Müň bagtly ýigit bar, nowça läle bar,
Olar ne geýme zar, ne-de bala zar,
Guwanyp,
Giň köçä sygmaşym besdir.

Ak şäher gök baga basyrnyp otyr,
Ilerde Köpetdag keserlip otyr.
(Aşgabat tegelek asyrlyk otyr,
Ýene müň asyra
Gol berşim besdir!)

Gündizler abadan, gijeler tämiz.
Kempirler owadan, gojalar eziz.
...Gök gapyň agzynda gulpaklyja gyz
«Waý!» diýip gygyrdy.
Ylgaşym besdir.

Bir görsem murtluja dodagyn gemrip,
Ogly
atasyna çenäp dur ýumruk.
Ýigidiň ýumrugyn yzyna gaňryp,
Görejine bakdym:
Doňmaşym besdir.

Göreji buz ýaly, gaşlary gara.
Boýy iki metr, saçy üç sere.
Maşynyn dyrmalap seretdi ýere.
Ene hüňürdedi:
«Dogmaşyň besdir!»

Ata bir ah çekdi. Aýylganç dymdy.
(Erkekde beýle zat görmändim şindi!)
Şu nokatdan eýläk geçmäýin indi,
Siz gyýylmaň,
Meniň, gyýylşym besdir.

Ýöne men bir zady goýmaýyn kaza,
Ýogsa ýüregimde galar bir yza.
Ata el gatana
gözlense jeza,
Jezalaň
Ulusyn saýlaşym besdir.

Ýene ýola düşdim. Ýagtyldy köçe –
Göründi uzakdan aksakgal goja –
Miweli agaç dek eglip çalaja,
Gelýär ol,
Nurundan ganmaşym besdir.

Tanaýarmyň ýa-da tanaňokmy sen –
Bisalam geçmäge dälsiň hakly sen.
Saçyň çalarsa-da,
düýnki tokly sen.
Gudraty
Ýüzüňe sylmaşyň besdir.

Ugradym.
Göründi ýene bir güneş –
Ak saç ene gelýär ak bagta meňzeş.
Ýuwaş! Ýuwaş! Akja «Žuguli», ýuwaş!
Ene geçsin! Ýolun baglaşyň besdir.

Akja torbasynda käşirmi, sogan,
Ene gelýär! Öňün kesmek gadagan!
Nirä sürnüp barýaň, taksiçi dogan?
Dogranyň kimdigin
Bilmeýşiň besdir.

Çyralaryn ýakdy ýüz ýaşly şäher.
Gyzlaryň deminden döränmiş säher.
Ýöne säher
näçe bolsa-da ýeser,
Agşamy-da
Pesde goýmaşym besdir.

Hanha bir gyz gelýär
Sülgünmi, durna –
Gabaklary ýüpek, ýaňagy hurma.
Iň eziz, iň tanyş
ys urdy burna,
Baş Söýgimi ýatlap,
Köreşim besdir.

Gözleri-de tanyş, gaşy-da tanyş,
Giň alny-da tanyş, dişi-de tanyş.
On sekiz – on dokuz ýaşy-da tanyş,
Keşbin görüp,
Şagga derleşim besdir.

Ädiminde galp ýok, sözünde ýalan,
(Asylly enäniň sapagyn alan!)
Megerem, bir ýerden okuwa gelen –
Galam-depderinden
Çenleşim besdir.

Bir golundan tutup ýandaky joraň,
Ýag dek akdy gitdi. Açyldy aram.
Soraň, eý, agaçlar,
şo gyzdan soraň!
Keşbi tanyş!
Tanap bilmeşim besdir.

Agaçlaň birinden çykdy bir owaz:
«Şahyr, başky Söýgiň
balasy şol gyz!»
Şo bada ýüregme girip bir nyýaz,
Esli wagt
Özüme gelmeşim besdir.

Bitipdir, ösüpdir enä mynasyp.
Gözler düýpsüz derýa, nury bihesip.
Söýjek ýigit,
sen bir galma binesip,
Sen jowranma,
Meniň jowranşym besdir!

Barýar topar-topar gyzlar-gelinler.
(Şäherliler hem-de myhman gelenler).
Söýgüden aglanlar ýa-da gülenler –
Haýsyňyz köp?
Size ýüzlenşim besdir.

Dymyp geçip barýar gözellik sili,
Her gözel – bir bagtyň sütüni ýaly.
(Sütünler saklaýar Watany, ili!)
Şolarsyz
Ýetim dek müzzerşiň besdir.

Joşup Gözelligiň tolkunna görä,
Ýöräber ýaşlygyň akymna görä!
Çokul diýen zat hem akylňa görä
Ykjar eken.
Ozal aňmaýşym besdir.

Öň ýanymdan barýar bir harman çokul.
Ýeňseden kükäp dur gözdäki akyl.
Ýanyndaky goç hem – duran bir nakyl!
Toraňňymy ýatlap,
Ýuwdunşym besdir.

Zyýany ýok! Söýüp gyzlaň naýbaşyn,
Öwrenipdiň dünýäň dürsün, ýalňyşyn.
(Söýmedige düşnüksizdir durmuşyň,
Söýen üçin –
Birje dem alşyň besdir).

Dünýäde
şol Aýal sag gezip ýörkän,
Ýüregim daşdandyr, dagdandyr arkam.
Şonuň aýak yzy toprakda barkan –
Ýeri agyrtmaga,
Dözmeýşim besdir.

Mydam gözellige dikip nazarym,
Gödekligi nyşanama alaryn.
Myssarmaň, agsamaň, kapyýalarym,
Dim-dik ýöräň,
Size söýenşim besdir.

Bolsa-da myssyklyk, agsaklyk sende,
Eý, goşgym, bolmasyn
biparhlyk sende!
Asmanyň astynda, ýeriň üstünde
Diňe
Biparhlardan eýmenşim besdir.

Maňlaýy bulutdyr. Nazary demir.
Gülküsi azapdyr. Ýylgyrşy jebir.
Ne-hä roman okar, ne-de bir şygyr,
Gözleriň görende
Demigşiň besdir.

Bir maýyp ýykylyp, köçede ýatyr.
Biparhlyk seredip, içerde ýatyr.
Ýürekde rehim ýok, gözde howatyr.
Ýüzüne bakaňda
Düwünşiň besdir.

Ili ýagy çapsyn – däldir parhyna,
Bir ýurdy ýer hopsun
– däldir parhyna.
Gynanmak, guwanmak ýatdyr ruhuna,
Ony düwnük bilen deňeşim besdir.

Goşgym
çaga däl sen, sakgallysyň sen,
Murtuň towlap, orta çykmalysyň sen,
Kimi öpüp, kimi çakmalysyň sen.
Diňe şonda şahyr ykballysyň sen,
Ýogsa
Gara şaýa degmeşiň besdir.

Ýamanyň bagrynda döredip azap,
Ýagşynyň ýüregin nur bilen bezäp,
Hol barýan çokullak gyzlara meňzäp,
Dikgirdäň!
Köwşüňiz nallaşym besdir.

Ökjelerden gidip çüý dek formalar,
Döräpdir sagyrlak platformalar.
Şeýdiň-de arkaýyn ýöräň, durnalar,
Ýagşy zada
Sizçe begenşim besdir.

Deň ýarysy aşyk, deň ýary dogan,
WUZ-dan çogup çykdy
ýüz gyz, ýüz oglan.
Gülgün köýnekli gyz, azajyk eglen,
Söz aýtjak!
Arzuwma meňzeşiň besdir.

Sagrysynda owlak gezibermeli,
Gözlerinde balyk ýüzübermeli,
Ýaňagyna goşgy ýazybermeli
Sen gyzy
Gelinlik belleýşim besdir.

Jaýyň içindenmi ýa-da astyndan,
Enäň sesi geldi ýeriň pestinden:
«Iki horjun puly okla üstümden!
Ýogsa gyz ýok!
Pulsuz molaşyň besdir!»

Gorarys, ene jan, gyzlaryň erkin.
Galyň diýen zadyň bereris merkin.
Belläp onuň
üçin,
ýedisin,
kyrkyn,
Soň bolsa,
Aşyndan doýmaşym besdir...

Geçdi gapdalymdan,
ýüz oglan, ýüz gyz,
Ädimler edepli, gürrüňler eziz.
Ýöne näçe-näçe hile bar heniz,
Içine gir,
Daşdan synlaşyň besdir!

Salam berip geçdi
tanyş bir gelin.
Bagry pide-pide, ýüregi dilim.
Eý, gelin,
asmana ýetýärkä eliň,
Söýgi bilen
Gurjak oýnaşyň besdir.

Ol ýigide seni çatmandy hiç kim,
Şepbik dek ýelmeşdiň.
Tirkeşdiň üç gün.
Dördünji gün derrew sypadyň saçyn,
Bäşinji gün
Eýýäm aldanşyň besdir.

Peseltdiň mukaddes mertebäňi sen,
Aýlap ýere çaldyň gyz jygaňy sen.
Indem
başa düşen pajygaňy sen
Içiňe sygdyrman,
Aglaşyň besdir.

Erkiň-ygtyýaryň, elbetde, seňki,
Ýöne weli dälsiň özüň özüňki!
Özüň – Watanyňky, Watan – biziňki.
Seni Watan kimin
Gabanşym besdir...

Gepledi Aşgabat. Ýaňlandy konsert.
Özgert, aýdym, gödek zatlary özgert!
Her gezek tenime girende bir dert,
Diňe seni diňläp
Sagalşym besdir.

Tutuş bagrym bilen guwanyp ýagşa,
Öýe ýetip barýan diň salyp bagşa.
Hiý, şu wagtam
signal bolar oguşýa!
Eý, maşyn,
Bimahal gugurşyň besdir.

Göter, Sahy bagşy, ýene-de göter,
Göter, Çuwal bagşy, ondanam beter.
Göterdiler. Serpaý haýsyna ýeter?
Bir serpaýy
Des-deň paýlaşym besdir.

Ikisi-de biri-birinden beýik.
(Beýikleň boýuny ölçemek aýyp!)
«Her haýsy bir dagyň örküji» diýip,
Goşa daga
Des-deň buýsanşym besdir.

Aýdymyň yzyndan ýaňlandy bir saz.
Bu niçik gudratka, bu niçik owaz?
(Mylly atam,
gowşat taryňy biraz.
Ogluňy jadylap
Gynaýşyň besdir).

Onýança ýaňlandy ne bir mukam.
Çalýanlaň ýüregi hazynamykan?
...Eý açgöz,
şuň ýaly baýlygmyz barkan,
Ýene baýlyk gözläp,
Aýnaşyň besdir.

Besdir mukam ýerne çişlik sygnaşyň,
Besdir alkyş ýerne gyzyl ýygnaşyň,
Besdir ili ütüp, gapa sygmaşyň,
Ynsabyňy satyp,
Ýognaşyň besdir.

Özüňki hasaplap il-günüň jübsün,
Sokjap, ýara edip döwletiň göwsün,
Dost-ýaran tutunyp adamlaň pisin,
Halallary
Adam sanmaşyň besdir.

Rüstemiň öňünde – billeriň orak,
Asgynyň öňünde – kamatyň derek.
Diňe agzyň gülýär, gülenok ýürek –
Çaňňalak dek
Sort-sort ýylgyrşyň besdir.

Jaýyňa seretseň – aňk edýär nagşy.
(Daşyn görýär, için bilenok goňşy!)
Ýaşaýyş jaýymy, Şasenem köşgi! –
Nämedigin
Zordan saýgarşyň besdir.

Derwezäniň öňi – giden çarbaglyk.
Şapyrdap ses edýär howzuňda balyk,
Gol çekip alýanyň näçeräk aýlyk?
Ortaça işçiňkä
Deňleşim besdir.

Emma jamyň gyzyl, çäýnegiň gyzyl
Portsigaryň gyzyl, äýnegiň gyzyl.
«Näme üçin dälkä köýnegim gyzyl?»
Müň şükür,
Bir şony diýmeşiň besdir.

Ne ýasda görünýäň, ne-de bir toýda.
(Bilemok çal beýniň niçiksi küýde!)
Goňşyň ýas baglaýar, sen bolsa öýde,
Äpişgeden jyklap,
Gözleşiň besdir.

Daşyňdan seretseň – duran medeniýet
Boýnuňda galstuk, egniňde žilet.
Eýläňde žurnal dur, eliňde gazet,
Diňe tiražlaryn
Barlaşyň besdir.

Öýüňde heňläp dur
Bäş şkaf kitap –
Puşkin, Baýron ýatyr daş ýaly gatap,
Kerbabaýew dik dur iç-bagry tütäp...
Kitaplaryň diňe arkasyn sypap,
Saraýyň goýny dek
Synlaşyň besdir.

Okaýan kitabyň diňe bir Haýýam,
Şonam öz haýryňa ulanýaň, haýwan!
«Käte köpräk içsem, käýäýse aýal,
Diýýäň – şu şahyra
Daýanşym besdir!»

Ähli hereketiň hasaba görä,
Ýeke gymyldyň ýok ynsaba görä.
Diňe içen wagtyň,
kitaba görä
«Içip»,
Haýýamy-da aldaşyň besdir.

Güjügňi-de öz heňiňde jöwledýäň,
Pişigiň-de öz häsiýetiň öwredýäň.
(Goşgymy-da özüň ýaly ownadýaň!)
Eý goşgym, belent dur!
Ownaşyň besdir.

Şeýle pikirleri kalbyma gaplap,
Barýaryn mukama tenimi taplap.
Eý, mukam, dünýäni hapadan saplap
Bolmazmyka?
Jogap soraşym besdir.

Mukam jogap berdi: «Saplarys hökman!
Ýöne çabga ýagmaz ýyldyrym çakman!
Tutuş il-gün çaksa hiç zada bakman,
Hapa ýuwlar.
Kän-kän synaşym, besdir.

Hapalyk azlykdyr. Tämizlik köplük.
Ýagyberse – durmaz öňünde süplük.
Ýagmaýan adamyň nyrhy bir köpük.
Çak, ýag, göreş!
Guk-paňk oýnaşyň besdir!»

Onýança başlandy ýyldyrym urşy.
Birden şaglap geldi tomusyň ýagşy.
Diňse ýagşy,
guýsa ondanam ýagşy –
Ak ýagşy
Ak bagta deňeşim besdir.

Ýaplara gapgarlyp çöp-çalam, hapa,
Çagbanyň güýjünden döredi depe.
Ýene münder-münder ugrady çepe!
Gidiber!
Kenardan çogmaşyň besdir!

Çöpler bir-biriniň başyndan idip,
Kirler bir-biriniň üstünden ädip,
Gitdiler...
Dünýänem ýuwarys şeýdip!
Il güýjüne
Umyt baglaşym besdir.

Ýagyş ýagmasyny etdirýär dowam.
(Çabga, sende güýç bar, akylym haýran!)
Süllümbaý boldum-la! Hany saýawan?
Ýok gerek däl.
Kirden ýuwulşym besdir.

Megerem, gygyrsam:
«Ös, saçym, ös, ös!»
Maňlaýma saç biter. Seç, ýagmyrym, seç!
Saçym gögermedi. (Gögermänler geç,
Bir mahal
Telpegme sygmaşyň besdir!)

Ýagyş diňdi. Dünýä gül açdy niçik.
Äpişgeler açyk, işikler açyk.
Bütin şäher mawy ekrany açyp,
«Wagty» diňläp otyr.
Säginşim besdir.

Öýmüze çaltrak ýetmeli hökman.
Ýene-de nämeler tapdyka Ak tam?
Pentagon. Neýtron... Ertire çykman
Bir goşgy ýazmaly.
Äwmeşim besdir.

Ýetdim köçämize. Garaldy iňrik.
Çagalar çapyp ýör gök hyýar gemrip.
Olaryň şatlygna bolup deň şärik.
Gapa ýetenimi
Duýmaşym besdir.

Öýe girdim. Derrew towladym «Wagty».
Mawy ekran saçdy öýmüze ýagty.
Diýdi: «Eý, adamzat, geçirme wagty,
Erte giç bor.
Bidert ýaýnaşyň besdir! –

Asyryň aýagy – ullakan synag.
Dikeldi dünýäde iň elhenç sorag:
«Ýere miras goýjak nähili sylag –
Adammy, kerpiçmi? –
Saýlaşyň besdir!»

Soňra howa hakda sözledi diktor.
Tebigatyň erbet howasy ýokdur!
Gökden ajal ýagsa – şol hatarrakdyr.
Eý, Koen,
Ajala çagyrşyň besdir!

Wagşy neýtronyň wagşy atasy,
Belli dälmi saňa dünýäň kartasy?
Öýüň üçin däl-de,
Ýeriň ortasy
Üçin
wagşy ogul dogurşyň besdir.

Berline çen ölçäp garyşma-garyş
Ýigrimi milliony edipdik bagyş.
Şonça pida bilen öldürlen Uruş,
Ýene-de täzeden
Janlanşyň besdir!

Birdenkä ýene-de ýyldyrym çakdy.
Göýä bir okean topraga çökdi.
Ýeri aklyk tutdy. Garalyk akdy.
Gudrata
Demsalym aňalşym besdir.

Çabga kiparlady. Gepleşik tamam.
Gapynyň öňünde eşdildi salam.
Kim bolsaň-da derrew girewer myhman,
Bu dünýäde
Sensiz oňmaşym besdir.

Täze başlan goşgym gutarman ýatyr.
Bu gün ýazylmasa, ýazylar ertir!
Häzirlikçe eziz myhmanym otyr,
Gözlerinden
Gözüm sowmaşym besdir.

Ol gitdi. Ýene-de kakyldy gapy.
Ugradanym birdi, gelenler iki.
Birmi, onmy – deňdir myhmanyň ýüki,
Çydapdym, çydaryn,
Sag başym besdir.

Ätledi gapydan ýegendir ata.
Derrew gözüm düşdi attestat-hata.
Diýdi: «Hany şu ýyl gal-da gaýrata,
Ýegeniňi okat!
Ýaýdanşyň besdir!»

«Okuwlaň haýsyna girmekçi ýegen?»
«Köplük nirä bolsa, şo ýere-de men...»
Garalawjy boljak! «Oňardyň-ow sen,
Bu dünýäniň
Öňki sögüşem besdir.»

«Näm üçin şol ugra dyzaýar hemme?»
Ata gönüledi: «Gözlüje emme!
Sen o zatlar hakda pikire çümme,
Diýenime «Hoş» diý,
Bir «Hoşuň» besdir».

Diýdim: «Eltäýeli edebiýat, dile?»
Atasy ör turdy çemçesi bile,
«Bälçireme!» diýip, ýylgyrdy çala –
Ol ugurdan
Seniň çygylşyň besdir! –

Tapaly ýegene «süýtlüje» zähmet;
Seniň bu hünäriň duran bir mähnet.
Şonda-da jübiň boş, iýýäniň doň et,
Biz ýaşaly,
Seniň bogulşyň besdir!»

Ataň sözlerine bersem-de jogap,
Özi-de, ogly-da etmedi togap.
(Olar gitdi, ýene başlandy azap,
Ýazyber, üýtgeme,
Öz bolşuň besdir!)

Özüň üýtgeme-de, üýtgäni üýtget!
Şudur maňlaýyňa çyzylan kysmat.
Şony başarmasaň – gopgunňy bes et,
Kyrk ýyllap,
Bihuda samraşyň besdir!

Baş waspyň bolsa-da Gözellik, Gowluk,
Şeriň gapdalyndan geçmegin sowlup.
Oňa öz sözüňi aýtmaga howluk,
Aýtmasaň ol aýdar,
Giç galşyň besdir.

Watan, baýdak, söýgi,
kommunist, il-gün –
Bu bäş sözi parhsyz heçjiklemegin,
Dil-de däl,
kalbyňda göterip bilgin,
Olardan
Howa dek dem alşyň besdir.

Şygryň bilen edip olara kömek,
Kömek soramagyn kömegňe derek.
Diňe mahal-mahal
sanjanda ýürek,
Il-günüňden
Kuwwat soraşyň besdir.

Ýagşymy, ýamanmy, şudur ýaraşyň,
Göwräň söýgüdendir, bolmaz gargyşyň,
Iň uly gargyşyň: «Päliň – ýoldaşyň!»
Özüňe-de
Päliň – ýoldaşyň besdir.

Arzuwyň –
Ýüz ýaşa bolmakdyr şaýat.
Ýöne uzak ýaşdan taparmyň myrat?
Dertlä em bermeseň, ejize kuwwat –
Ägirt betbagtlykdyr
ýüz ýaş diýen zat.

...Il näçe ýaşatsa –
Şo ýaşyň besdir.
26
186