sadadurmusum
04.09.2023 23:54
Ýalňyşmaýan däl, ýalňyşanda
ýalňyşyny çözip bilýän akyllydyr.
16
113
sadadurmusum
03.09.2023 20:46
Durmuşdaky agyr synaglar,
köp adamlara güýçli bolmagy öwreder.
24
119
sadadurmusum
31.08.2023 09:35
Eynşteyn okuwçylary bilen sapak geçip otyrka, ýuwaşlyk bilen tagta çykyp 9x1-9, 9x2=18, 9x3-27ni ýazyp 9x9-a çenli dogry ýazypdyr. Emma ahyrynda

9x10-91 görnüşinde yazan wagty hemme okuwçylar üstünden gülüpdir. Eynşteyn hem ýuwaşlyk bilen yerinde oturyp şeýle diýipdir: Görýäňizmi? Dokuz gezek dogry ýazan wagtym hiç kim begenip gutlamady. Emma iň ahyrynda bir gezek ýalňyşanym üçin ähli okuwçylarym gülüp masgaralady. Durmuşdaky ähli ynsanlaryň psihologiýasy hem hut şeýle. Şunça eden ýagsylyklaryňyzy unudyp, ahyrynda eden ýekeje ýalňyşyň üçin

yaman atly bolmagyňyz mümkin.

Şonuň üçin hiç kime ynanmaň diýen
eken.
13
61
sadadurmusum
24.08.2023 13:28
Näçe sogüşse-de \"Jañ etmezmika\"
diýip garaşýan adamyň duýgusy
HAKYKY SÖYGÜDIR.
24
119
sadadurmusum
23.08.2023 07:48

WESÝETLER



Çagakak «Aglamak utanç!» diýdiler.

Jahylkak «Aldamak utanç!» diýdiler.

Şeýdip endik etdik aglamazlyga.

Şeýdip endik etdik aldamazlyga.

Diýdiler: «Köplükde gägirmek aýyp».

Diýdiler: «Köçede sygyrmak aýyp».

Diýdiler: «Meýlisde geçmäkäň töre,

Hakyň barmy? Törüň özünden sora!»

Ýene-de diýdiler: «Ulalyp ýaşyň,

Garaja gyl bilen basyrlar döşüň».

«Döşüňe bitýänçä şol gyl – diýdiler.

Günäňi geçerler, ogul!» diýdiler.

«Döşüňe bitensoň şol gyl – diýdiler,

Döşüňe mynasyp bolgul!» diýdiler.


Diýdiler: «Dünýäde nämedir gyt zat?»

Üç gezek diýdiler: «Ussat! Ussat! Ussat!»

«Näçe gyt bolsa-da ussat – diýdiler,

Çyn şägirt

ondanam gyt zat!» diýdiler.

«Öwrenip ilkinji harpy – diýdiler,

Gomalar şägirdiň galpy!» diýdiler.

«Galp şägirtden boluň hüşgär!»

«Emer-de,

emjegňi dişlär!» diýdiler.


Ýene-de diýdiler: «Ulamy-kiçä,

Öljegňi bilseň-de, ýalbarma kişä!»


«Diňe bir adama ýalbar!» diýdiler.

Onuňam adyna dilber diýdiler.

«Aýyp däl näzini çekmek – diýdiler,

Näzden ýüzün sowan – akmak!» diýdiler.


«Ýene iki merde ýalbarmak bolar –

Diýdiler – ene hem atadyr olar».

«Ataňa ýalbarsaň – galkynar ruhy».

«Eneňe ýalbarsaň – kemeler ahy»,

«Kim etse şolara tagzym – diýdiler,

Işi rowaç, ýaşy uzyn!» diýdiler.


…Ene kän edepleň tutdular adyn.

Diýdiler: «Gabanma özgäň şöhratyn!»

«Gabanma zehiniň ezelligini!»

«Gabanma öz joraň gözelligini!»

«Gabanma öz äriň gerçekligini!»

«Gabanma öz gelniň alçaklygyny!.

Ne näzlerin, ne-de sözlerin gaban,

Diňe oýnaklatsa…

gözlerin gaban!»


Diýdiler: «Erkekden belentdir aýal!»

«O nämüçin?» diýip berdiler sowal.

Jogabyn berdiler: «Gutaryp ömrüň,

Ýagty dünýä bilen hoşlaşsaň bir gün –

Aýal

är ojagyn saklar – diýdiler,

Söýgiňi müň kerem haklar!» diýdiler.

«Çagalaryn iýdir, geýdir – diýdiler,

Şeýdip ýaş ömrüni köýdir!» diýdiler.


«Emma beýdip bilmez erkek – diýdiler,

Bu babatda pesdir entek!» diýdiler.

«Altmyşdan, ýetmişden geçse-de saly,

Gözlerin ýumdumy eziz aýaly –

Ýatdan çykyp wepa, ygrar – diýdiler,

Ikinjiň gözlegne ylgar!» diýdiler.


…Diýdiler, diýdiler, diýdiler kän zat.

Käbirisi aňsat. Köpüsi kyn zat.

Aňsadyn – hemmeler başar – diýdiler,

Kynyn başarmakda iş bar – diýdiler.

Kyn hem bolsa,

Şudur wesýet – diýdiler.

Diňe kyn zat –

Şol mukaddes! – diýdiler



Kerim Gurbannepesow

17
56
sadadurmusum
19.08.2023 21:34
Kerim Hallyýew - Pul ber oglum ejeň bir ýyl ýaşasyn.

Käbäñ ýatyr keselhana-da dertli,
ýygýan döwri geçdi bugdaý hoşasyn.
Lukman ömrün saklap biläýjek...şertli,
Pul ber oglum ejeñ bir ýyl ýaşasyn.

BiR ýyl ýaşatmaga umyt bar ýaly,
Operasýa talap edip dur jany,
Gerek bolsa satyp bar dünýe maly,
Pul ber oglum ejeñ bir ýyl ýaşasyn.

Elli müñ dollar bes, ýeke ýyl ömre,
Puluñy ejeñden sen eziz görme,
ýaýdanma perzendim,boýnuñy burma,
Pul ber oglum ejeñ bir ýyl ýaşasyn.

Ulaldypdy seni yssy mähirläp,
Beýgeldiñ han bolduñ şäherde ýerläp,
\"Rak\"-a uçrap käbäñ hol ýatyr derläp,
Pul ber oglum ejeñ bir ýyl ýaşasyn.

On ýyl ýygnasamam pensiýam ýetmez,
Karz alsam üzmäge ömrümem ýetmez,
BiR ýyl başyñ sypar hiç zyýan etmez,
Pul ber oglum ejeñ bir ýyl ýaşasyn.

Ynha otuz ýyldyr öýden gaýdanyñ,
Bizi ýeke goýduñ,etmän aýdanym,
Wahh dert tapaýdy-da ýaşar öýdenim,
Pul ber oglum ejeñ bir ýyl ýaşasyn.

Otuz ýylda soramadyk bir şaýlyk,
Pensiýamyza iýdik,ýyrtyjak geýnip,
Ummasyz pul tapman öñüñde eglip,
Pul ber oglum ejeñ bir ýyl ýaşasyn.

Diýdi oğul \"mende pul barmy näme\",
Münýän Mercedesiñ altmyş müñ däne,
Maşyna dözenin dözmedi jana,
ýöne bir janam däl Eje ol Käbe,
Gynanýan pul söýmek owrülýär däbe,
Atañ bu haýyşy uçdy asmana,
\"Pul ber oglum ejeñ bir ýyl ýaşasyn.\"

Kerim Hally
21
106
sadadurmusum
18.08.2023 11:04
Güýçli adam - ejizi ýeñýän däl-de,
ejize güýçli bolmagy öwretýän adamdyr.
25
78
sadadurmusum
17.08.2023 01:08

Bu durmuşda seniň ýykylyşyň däl-de

ondan soň aýaga galyşyň wajypdyr

25
84
sadadurmusum
16.08.2023 17:39

Ýykylaýsan öziň turgun,

Öz arkaňda öziň durgun,

Saňa ähli ýok diýenleň

Işi düşer saňa bir gün


Saklamagyn barýan badyň,

Bolsun diňe öňe ädim,

Ýok diýene ýok ýaly bol

Eşdip dursun diňe adyň.

21
266