sabyrly
18.01.2024 16:09
Bakyp yşga duçar etdiñ,
Saçyñ taryn dutar etdim,
Bagyma gül bolup bitdiñ,
Aý deñinde goýýan seni,
Gara gözlim söýýän seni.

Söýgüm aýtsam oýun görýãñ,
Her gün synap oýun gurýañ,
Ýalbaryplar boýnum burýan,
Ne azara goýýañ meni,
Müñ bir näzlim söýýän seni.

Dertlerimi emsiz goýma,
Sensiñ howam demsiz goýma,
Bu ýüregim sensiz goýma,
Men ýanaryn duýýan muny,
Şirin sözlim söýýän seni.

Aldyñ elden ynjalygy,
Bilmen haçan dynjagymy,
Kalbymyñ bir künjegini,
Berýän aýap sakla ony,
Bahar ýazlym söýýän seni.

Süleýman Tekäýew
19
33
sabyrly
18.01.2024 11:41
O günler şeýle bir tiz geçdi ýa-da
Şeýlemikä bagtly günleň ykbaly?
O günler şeýle bir tiz geçdi göýä
Tüpeňden atylyp çykan ok ýaly.

Köňül - ganatlary gyrylan guş deý,
Uçmaga hiç ýana edenok meýil.
Ol ajaýyp günler şeýle tiz geçdi,
Üstümden garlawaç kölgesi deýin.

Häzir meň şeýle bir sussum pes, hatda
Aglara agy ýok, gülere gülki.
Ýatlamalar galdy o günler hakda,
Ýürek sende galdy, göwräm özümki.

Şol şat günler hasrat bolup bu beýnä
Guýulyp, aklym has goýalan ýaly,
Gezip ýörün bir ajaýyp düýş görüp,
Iň oňat ýerinde oýanan ýaly.

Atamyrat Atabaýew
22
40
sabyrly
17.01.2024 11:34
Edil düýnem atalydym,
Edil düýnem arkalydym.
Zalym ajal biwagt gelip,
Ýüregimi darkaladyň.

Edil düýnem atalydym,
Ynam bardy loly dünýä.
Bu gün senden köňlüm doýdy,
Gam-hasratdan doly dünýä.

Edil düýnem atalydym,
Duýmandym ýetimlik jebrin.
Aç gözleriň eziz dädem,
Paýlaşaly galan ömrüm.

Goý, näm bolsak bir bolaly,
Zaryn çekmän bir-biregiň.
Heý-de sensiz oňup bormy,
Sen sütünim hem diregim,

Dek düýnjigem atalydym,
Dost gazandym atam barka.
Bu gün dostlar halym zebun,
Atasyz hal niçik borka?!

Sädi Sädiýew
22
49
sabyrly
16.01.2024 17:23
Sen  ir  gitdiň, dünýeden däl, dünýämden.
Soragsyz-idegsiz.  Gelişiň  ýaly.
Maňa näme bolar?!
Anyk bilýän men:
Men oňmaryn, emma  ýüregmiň  haly
teň  bolup, uçrasa  dowasyz  derde
Asla, eger-eger  geňem  görjek  däl
Duýdansyz  baryna  çekdiňde  perde
Gitdiň, gitme diýip golum serjek  däl
Şonsuzam  bilýäňä näme diýjegmi
Çuňlugynda  ot  gaýnaýan göreçlem,
aýdyp  durka   aýdylmaýan syrlarmy
Syr bermejek bolup guran göreşlem
peýdasyzka  peýda gözläp ne peýda
taparyn?
Galsam-da hernice    derde.
Gitdiň.  Görünseňde  maňa  bir  meýdan
Duýdansyz  baryna  çekdiň-de  perde

Ýazygymmy  ýazgydymyň  ýazgysyn
Özüm  ýazmadygym?!  Jogabyň  hany?
Kagyzamy  ýazdym  sözi  ýazmasyz?
Meni galam  bilen  eýlediň  ganym.
Her  pursat  alamda  men  ony  ele
Sen gelýäň dile...

Geljegime  goýan hasratyň  bile
Öňe  barýan  ýollarymy  ýoýduň sen
Jellat gözlim, bakyşlaryň  jan  alar
Gözleň bilen gözlerimi  oýduň  sen

Her säherde  howlugardym  saňa men
Senem   maňa.
Günler  şeýle  süýjüdi
Arzuwlap-arzuwlap  çykýan  daňa   men
Sensizlikde  söýgim  has-da  güýjedi.
Sensizligiň  yzasynyň yzlary
Tagma bolup galar, şeýle-de bolar
Ýüregim,
gözlerim,
ömrüm,
durmuşym-
-Sensiz  ýetim  ýaly  galdyla  olar.


Ömrümiz  amanat,  bu  hemmä  belli
Bizde  söýgimizem  boldy  amanat
Bir – dünýede  barlygyň-da  teselli
Indi  şeýdip  etmelimi  kanagat?!
Indi göýä  Günüň  nuram  peseldi
Günlerem    geçenok  ajysyn  pürkmän
Men  gorkamok   ýatlamaga  geçeni
Seni  unutmakdan  şeýle  bir    gorkýan

Birden  ýitip  gitse  gözden  suduryň
Soň  näderin?! 
Soň  keşbiňi  görmenmi?
Oňmaly  bormykam  suratyň  ogşap,
Görübilmän  görkden  gorly   gözlerňi?!
Suratlaryň  dälmi gijäň bir wagty
Mejburlap  ellerme  galam  tutduran?!
Gülüm,  sen-ä  ýeňdiň  söýgi  oýnunda,
Men - bijesiz! Bijesini  utduran!

Seniň  mähriň   ýene  duýasym  geler
Ýatlasam  ýene-de  göresim  geler
Ýokmyka  öňümde günleň  bizligi?
Şol  pursat  ýanyňa  barasym  geler
Baryp  bilmerin:
Sen  haýyş  edipdiň  görünmezligi...

12.10.2012
Mukam Muhamow
20
49
sabyrly
16.01.2024 08:51
Ownujak zatlar agzap durmalyň,
Aýlar geçip, ýyllar aýlanyp dursun.
Toýlar toýa, ýaslar ýasa meňzesin,
Ak gün depämizden sallanyp dursun.

Her paslyň ýagdaýy — rejesi bar.
Her zadyň özüniň derejesi bar.
Adamyň agy bar, garasy bar,
Ýagşylar ýamandan saýlanyp dursun.

Men kemimi öz içimde saklan däl.
Görüp durus, her diplomly lukman däl.
Bileňokmy — bilýän diýmek hökman däl.
Bilmeýän bilýänden öwrenip dursun.

Ýap boýunda tallar yransyn herýan,
Sülmüresin deňiz, çyrpynsyn derýa.
Sepilen tohumlar bolmasyn yrýa,
Ýaýlalar ýagmyrdan suwlanyp dursun.

Öý-öýdür, üzügi, durlugy bilen,
Adamy tanarlar ýerligi bilen,
Säheriň çygy dek terligi bilen,
Gyz çyksyn,
Ýigitler öýlenip dursun.

Ogullarmyz ata ýumşun bitirsin,
Her kes diňe öz ornunda otursyn.
Gelen özi bilen döwlet getirsin,
Gidenler yzyna köwlenip dursun.

Ýigit ýalňyz dogulmasyn dörände,
Hossar bolsun, dost-ýar bolsun degräňde.
Bili guşap bir tarapa ugranda,
Işimiz mydama şowlanyp dursun.

Biderek gitmesin berlen öwütler,
Goý, ýetişsin garga däl-de, bürgütler.
Häh! diýende Mäh diýäýjek ýigitler,
Çapyljak at ýaly şaýlanyp dursun.

Bolsa-da adamlar beýikli-pesli,
Maýda-ha bolmandyr türkmeniň asly.
Oguz hanyň yzy, Göroglyň nesli,
Ownama haw, murtuň towlanyp dursun.

Berdinazar Hudaýnazarow
22
36
sabyrly
15.01.2024 21:54
Kakasy-da entek çalmandy şarpyk,
Wah, ol onuň dözmezidi, guşudy.
Ajal kakasyny äkitdi dartyp,
Süýt ysly agzyna basyp uçugy.

Agraldy asman,
Ýer düňderildi - 
Oglanjygyň gaty deglen göwnüne.
Garaldy,
Saraldy, dünýe daraldy,
Daralyp, oglanyň sygdy öýüne.
Ol göge garady guýa gaçan deý.
Günüň ýüzi boz – ýaz,
Ýaýýar saçyny.
Aglady,
Aglady,
Ahyr aýňaldy,
Aý – gün ýene öňküsi deý aýlandy.

Ilki gezek öýe getirende “bäş”,
Enäniň gözünde tegelendi ýaş.

Gyzyl galstukly gelende bir gün,
Ejesi ogluna geripdi bagryn.

Bir gün törde çalyp otyr dutary,
Ene pyşyrdady “Şonuň didary”.

Ýalňyz ýadygärlik ol ene üçin,
Oglanjyk doldurdy bir gün on üçün.

Ol indi gijeler bilenok ýatyp,
Jübüde klasdaş gyzyna haty.

Süýji hyýallarda dümtünýär uzak,
Ene gördi muny birnäçe gezek.

Ir säher...
Duýulýar Gün gyzarýany,
Oglun oýarmaga däl dözer ýaly.

Gözler başuçdaky depdere düşdi,
Ogly söýgi hakda ýazypdyr goşgy.
Bu şatlyk enäniň dördi derdini,
Nur çaýdy atanyň portretine.

Diwarda adamsy,
Diwanda ogly,
Törde päk umytdan doly sallançak...

...Kä seni gujaklap aglasym gelýär,
Käte saňa gözüm gidýär oglanjyk.

Rejepgeldi Mejikow
24
68
sabyrly
14.01.2024 19:04
Düşüneňok meň halyma düşmänsoň,
Diýýäň bu köseýşim entäk saňa az.
Ýüregiňde yşk kerweni düşlänsoň,
Ana şonda maňa düşünersiň gyz.

Ýakyn barsam gyýa gaçýaň ýanymdan,
Ýüzleriňem çytyk dilleriňem duz.
Söýgä duşup geçeniňde janyňdan,
Ana şonda maňa düşünersiň gyz.

Söýemok diýp gözleriňi oýnatma,
Bildirýär kesäňden etseňde sen näz.
Kejirligňe tutup meni boýn etme,
Senem maňa birje düşünäýdä gyz.

Ýüregimde adyň galdy oýulyp,
Sensiz kalbym çalýar bir gamgynja saz.
Men senden ýeke dem bilmen aýrylyp,
Meňem ýagdaýyma düşünäýdä gyz.

Gaharlansaň dünýäm bulut oraýa,
Ýylgyrsaň ýüregim bolar ala ýaz.
Kalbym haçan meňki bor diýp soraýa,
Ýüregmiň sesine goşulaýda gyz.

Wagty geler senem meni söýersiň,
Goýaryn kalbyňda ömür öçmez yz.
Örtenersiñ, ökünersiñ köýersiñ,
Senem maña bir gün düşünersiň gyz.

Süleýman Tekäýew
26
67
sabyrly
13.01.2024 18:44
Durmuşyň akymy gutarmaz ýoda,
Howatyr etdirer kyn ýol bir bada,
Pesi belentligi geçseň pyýada,
Ýüregiň ornaşan ýolunda galgyn.

Gyş-gyşa meňzemez gary ýagmasa,
Örtülmez ýagan gar çakdan agmasa,
Için döken kişi hakdan aglasa,
Hossar dek sagynda solunda galgyn.

Janyňa tenekär bahar şemaly,
Düşärmiň ýaradan gül beden haly,
Yşga salar seni ýaryň jemaly,
Aşyk deý Mežnunyň halynda galgyn.

Ýatlasaň joş alyp ýaşlyk çagyny,
Saýlansyň özüňe söýgiň bagyny,
Unutma ömrüňde yşgyň çagyny,
Örküňden ýitmeýän talynda galgyn.

Gol berip uzasaň pudak mysaly,
Soň yzyňa ser salarsyň hasaly,
Güýz sanalar hak arzuwlaň wysaly,
Çyrag deý nesilleň kalbynda galgyn.

Sapargeldi Gummanow
23
61
sabyrly
12.01.2024 17:04
Hiç haýyr bermedik miwesiz bagyň,
Bahasy guransoň odunda galar.
Diňe şol hakdaky ýatlamalaryň,
Bir pursatlyk ýakan oduňda galar.

Adamdyr özüniň uly duşmany,
Ýürek islär öz ýaryna du:şmany,
Ykbalyňda aýralygyň nyşany,
Iň eziz görülýän zadyňda galar.

Durmuşda çyn dostdan duşmanyň kändir,
Haýyr işde badak atjak betpäldir,
Umytsyz başlangyç başlangyç däldir,
Ol diňe batlanan badyňda galar.

Ýürek gamdan çişer mähre ganmasa,
Göwnüň aglar her pursatda gam basa,
Gül ýüzüňden bagtyň nury dammasa,
Köýen umytlaryň dadyňda galar.

Kineler dert berer,gezmegin aýtman,
Ädim ät hoş goş güne yzyňa gaýtman,
Il üçin iş etseň gijeler ýatman,
Asyrlar geçsede adyňda galar.

Ýüregmize goýup bir pursat eli,
Mährem enelere tagzym edeli,
Zeminde ýagşy söz azam däl weli,
Ýöne iň ezizi ýadyňda galar.

Muhammet Bekgiýew
21
58
sabyrly
12.01.2024 11:24
Bize bir giň göwün beren Biribar,
Şol göwni gülmekden binesip etme.
Bilip bolmaz — bu çarkandak ýollarda
Büdresek, galmakdan binesip etme.

Dinden çykarmawer dine geleni,
Sandan çykarmawer sana geleni.
Enäň göwresinde jana geleni
Bu dünýä gelmekden binesip etme.

Gaýmakly süýt kimin säheriň çagy
Ýukajyk çal ümür örtende dagy.
Guşlar dil açanda, oýadyp bagy,
Sag-aman turmakdan binesip etme.

Bahar gelip yşkyňa yşk goşanda,
Çagajyklar oýnap ýörkä daşarda.
Gyzmaç çal bulutlar gylyçlaşanda
Çapaklar çalmakdan binesip etme.

Keremlisiň, öz bendäňe ynsap et,
Senden gorkmadykdan sora hasabat.
Mümkin bolsa, köpbilmişden halas et,
Bilimden — bilmekden binesip etme.

Gaçyrmawer egne göterenimi,
Tapmaga ýardam et ýitirenimi.
Adam diýip dünýä getireniňi
Soň adam bolmakdan binesip etme.

Goçak bolup gelen gezsin ownaman,
Hiç kime ýaş berilmändir sanaman,
Soňky haýyş: azap bermän, gynaman,
Ýeňiljek ölmekden binesip etme.

Berdinazar Hudaýnazarow
23
57