Mejnun eden Leýli gyz". Arzymy kime aýtmaly, kime ýetmeli derdim?
Hatlarym jogapsyz galdyla meniň
Bu durmuşda hasratyň ençesin gördüm
Leýli gyz janymy aldyla meniň.
Leýliň derdin çekip, daglara barsam
Daglar gümmür eýläp, aglar megerem
Aýdaýyn derdimi çöllere diýsem
Çöl hem nala çekip gurar megerem.
Men saňa näçeler goşgy goşsamda
Seň görküň müň goşga taýdyr, geregim
Ýoluňa bägüli müňläp seçsemde
Ýörän ýoluň gül beýwana taýdyr, geregim.
Kanalyň boýunda, ýylgyn düýbünde
Aýly gije görsedim, seniň görküňi
Biliňden gujaklap, gyzgyn dodakdan
Ogşap-ogşap alsadym, seniň erkiňi.
Sen maňa näz edýäň, dolup gujagma
Gözlerime bakýarsyň, gülüp, ýylgyryp
Yuwaşjadan pyşyrdap meniň gulagma
"Men gözüňden ogşajak,sen gözüňi ýum"-diýip.
"Dälim"-diýip däliredýäň, Söýgülim.
Mährem ysyň janym alýar, Söýgülim.
Leýli üçin janyn beren Mejnunyň
Asyl ady "Däli" dälmi, Söýgülim?
Müdimi Mejnunyň bolmaga taýyn
Ýüregiň-ýüregme ýugrulan ýaly.
Sensiz, gursagymdan boşadyp jaýyn-
-Ýüregim göýä-ki sogrulan ýaly.