rigel
05.06.2023 09:58
Ýeri sen meni özüňe nädip maýyl edersiň? Edil agzynda ýerleşen rezonatordan gaýtýan sesiniň gatylygy, owadanlygy bilen öz taýyny magşuk edýän gurbagalar ýaly ýa-da ses wibratsiyasyna maýyl edýän delfinler ýaly meni sesiňe magşuk edermikäň? Ýa bolmasa şah uruşynda görkezen güýji bilen taýynyň erkini elinden alan  goştoýnaklar maşgalasyna degişli bolan keýik şekilliler, antilopalar ýaly güýç-gaýratyň bilen meniň kalbymy eýelärsiňmi? Ýa-da õz owadanlygy, tansy bilen jübütüne õzüni söýdürýän keblekler ýaly owadanlygyňa maýyl edäýermikäň? Ýa bolmasa õz uçuşy we ýüzüşi bilen Leylisiniň kalbyna girýän garynjylar, arylar we balyklar ýaly meniň kalbymy ýöreýşiň bilen gursagymdan sogyryp alaýarmykaň? Ýa-da edil ýürekden çykýan öz dilinde söýgi aýdymyny nagma salyp otyrka golaýyna gelen janly jandarlary duýmaz derejede aýdyp aýdyp Zöhresini aýdymyna bendi edýän gulhar guşuňky ýaly ýüregiňde joşýan söýgi aýdymyňa bendi edäýermikäň? Ýa bolmasa senem edil õz taýyny tansyna maýyl edýän guwlar, durnalar ýaly meni tansyňa maýyl edermikäň? Ýada edil dessanlardaky ýaly düýşümde aşyk bolarmykam saňa?  Ya-da meniň duýgularymy düşüneniň üçin söýdürermikäň özüňi?
  Eý söýgi sen  Türkmenistanyň çäginde hiç dogmaýan  Sentawra ýyldyzy ýaly meniň kalbymda hiç wagt döremejek duýgumykaň? Ýok ýok sen edil Türkmenistanyň çaginde hiç wagt batmaýan Demirgazyk ýyldyzy yaly kalbymda hiç wagt öçmejek ot bolarsyň.
Ýa senem ýer şertlerinde ýok bolan maddanyň 4nji haly bolan plazma ýaly meniň şertimde mümkin bolmadyk söýgimikäň? Bolmasaň bolma meniň şertimde alymlar temperaturasy 10⁵kelwin bolan plazmany almagy we 60-80 milli senunt saklamagy başaran bolsa men seni bütin ömür saklamagy başararyn.
Eý aşygym doň kalbymy eretmegemä edil gaty metal haýal gyzdyryp hayal sowadanda ýumşak metal bolusy yaly haýal geçäýmese? Ýeri muňa seniň takatyň ýetermika?
Edil ýadroda elektron bolmasada käbir kesgitli şertlerde ýadrodaky neýtronlar protonlara we elektronlara bölnüp betta şöhleleri şöhlelendirişi ýaly, söyerlik halymyň ýoklugyna seretmezden, men seni söýenim üçin meni söyermiň?
Toýdan soňky söygüň toýdan soňky söýgüňden artsa artar, emma kemelmez gerek? Ýa ýönekeý mehanizimleri ulananymyzda peydaly iş mydama umumy işden kiçi bolşy ýaly toýdan soňky söýgüň toýdan öňki söýgüňden egsiläýermikä? Meni çagajyklaryň ejesi, ejiz zenan bolanym üçin söýermiň? Eger şeýle bolsaha zynhar ýadyňda sakla eneler iň güýçli ynsanlardyr. Ýok, ýok men bilýärin sen meni barymça söýersiň.
Suwuklyklary näçe gyssaň hem göwrümi üýtgemeýşi ýaly seniň maňa bolan söýgiň näçe gep-gürrüňe seretmezden öz güýjüni kemeltmez gerek? Ýa edil gazy gysyp göwrümini kiçelidip bolşy ýaly, söýgiň artyp-kemäýermikä?
Seniň maňa bolan sõýgüň edil üznüksiz funksiýa ýaly "+",0, "-" bahalardada( artykmaçlygymda, ýoklugymda, kemçiligimde) ûznüksiz bolar gerek?! Ýa beýle dälmi? Seniň söýgi funksiýaň diňe meniň käbir bahalarymda üznüksizmi?
  Ýeri onsaň sen biz gyzlar öz gözelligimizi saklamak üçin iýmitlere çaklendirme goýuşymyz  ýaly, meniň söýgüm üçin oglanlaryň gözünden düşmeýän gyzlara çäklendirme goýarmykaň?
           Meni menligim üçin söyermiň?

                                           Rigel.
10
121