psiholog
10.07.2023 16:18

1.Durmuşyñyzda iñ möhüm 4 sany zat saylañ diýseler näme saýlardyñyz! (maddy(pul iymit we s.m) ruhy( abray soygi masgala s.m ) gatnasyklar(ejem cagam kakam s.m) tapawudy yok name tarapdan saylasynyzam)

2.Saýlan 4 zadyñyzdan möhüm bolmadyk 1 ini aýyryñ. ( 3si galsyn)

3. Galan 3sinden ýene birini aýyryñ!

4. Galan 2sinden ýene birini aýyryñ!

5. iñ soñky galan haýsysy?

20
271
psiholog
08.07.2023 03:22

1. Şatlyk, bagt näme we nireden gelýär?

(Mutluluk nedir ve nereden gelir?)

2. Eger adam erbet niýet bilen gowulyk etse onda eden işi gowumy ýada erbet?

3. Keselligi sebäpli özüni dogry alyp baryp bilmeýän adamlar günäkarmi?

Meselem beýnisinde rak bar emma hiç kim bilmeýär. Bu rak keseliñ öýjükleri özünden endotoksin (içki zäher) bölüp çykarýar. Zäheriñ tasirinde bu adam erksiz ýagdaý gören adamyny öpmek isleýär. Şeýle ýagdaýda òzüñizi nähili alyp barardyñyz?!

18
317
psiholog
07.07.2023 21:34

Ähli zatdan ýadadyñyz? Durmuşuñyzy üýtgetmek isleýärsiñizmi?

Adam beýnisiniñ dünýä garaýyşa we pikirlenişe jogap berýän iki bölegi tapawutlandyrylýar.

- Añ

- Añ asty


Añ- bu siziñ erkiñize bagly bolan hereketlere jogap berýär!

Añ asty siziñ erkiñize bagly bolmazdan emma sizi goramak üçin niýetlenen hereketlere jogap berýär.


Adam pikirlenýän wagty energiýa bölûnip çykýar. Energiýa- bu barlyk. Sizden bölünìp çykýan energiýa daşky gurşawa ýaýraýar. Energiýany ugrukdurmak durmuşyñyzyñ üýtgemegine sebäp bolup bilýär!


Energiýany ugrukdurmak üçin ilkinji edilmeli talap pikirlenişiñizi ugrukdurmakdyr.



Içki sözleýiş bu pikirlenişi ýüze çykarýar.


ýagny👇

❗Içki sözleýşiñizi üýtgetseñiz, pikirlenişiñizi üýtgedersiñiz.

❗ pikirlenişiñiz üýtgese energiýañyz ugrukdyrylar

❗ energiýañyzy ulanyp bilseñiz durmuşyñyz üýtgär!

55
950
psiholog
06.07.2023 19:02

Soragy okaýan wagtyñyz göz öñüñize getirip soñ jogaplañ:

siz bir ýerik aýlanmaga gezelnje çykdyñyz. Ýanyñyzda birisi bar

- ilkinji kim göz öñüñize geldi?

Gezelenç dowam edýär. Garşyñyzdan bir haýwan çykdy

- haýsy haýwan ululygy we reñki nähili?

Tokaýyñ icinden syýahatyñyz dowam edýär. Garşyñyzdan bir öý çykdy.

- daşynda diwary (haýat, zawory) barmy?

Gezelenjiñiz dowam edýär. Garşyñyzdan köl çykdy.

-Kölden nädip geçersiñiz? (ýüzüp, kenaryñ gyrasyndan aýagy ölläp ýöräp, ýada umuman suwa degmesiz aýlanyp)

37
882
psiholog
05.07.2023 22:06

Eger kimdir biri başarýan bolsa, onda men başararyn. Eger hiç kim başarmaýan bolsa onda men HÖKMAN B A Ş A R M A L Y!

17
75