pinchi
07.07.2023 21:32

Akyl satmak danalaryn isidir

Beyiklerin gowunleri kicidir

Hemmelerem gurlemegi basaryar

Dinlemegi basaryanlar kişidir


Yhlas etsen gozde yash bar eken

Gorulman atylyan dash bar eken

Dushmanymy bir menzilden tanayan

Dosty tanamakda ish bar eken


Payhasyn yoluna goyulsa gadam

Biparh goymaz seni yekeje zadam

Arsha cykdym dp men menlik etme

Ucmagy gushlardan owrendi adam


Ka ortelip jiger daglanam bolsam

Ka ortelip ka aglanam bolsam

Ozganin gownuni aldamadym men

Kate oz gownumi aldanam bolsam


Ynsaba eyledim palcygyn atsyn

Yagshy niyet bilen dusedim ustun

Sabyrdan owadan bina gurdum men

Kanagat bilen bezedim koshgumin ustun


Ilki moncha boldum soz bilyanime

Kop zatmyka oyutdim oz bilyanime

Nace okap nace owrendigimce

Sonca goz yetirdim az bilyanime

13
46