perizadym
08.10.2022 00:37
Günleriň bir güni güneşe çoýunyp ýatan ýaşy bir çene baran pişigiň ýanyndan haýdan-haý ylgap barýan ýaş pişijek büdräp ýykylypdyr. Dessine aýaga galybam halkalaýyn ylgapdyr.
— Näme edýäň? — diýip, gözüni çalaja açyp garryja pişik sorapdyr.
— Men öz guýrugymy tutmak üçin yzyndan ylgaýan — diýip, demi-demine düşmän ýaş pişijek jogap beripdir.
Bu jogaby eşiden garry pişik hezil edip gülüp: « Näme üçin?» diýip sorapdyr.
— Maňa seniň bagtyň guýrugyň diýip aýtdylar. Ynha, menem bagtymy tutmak üçin üç günden bäri guýrugymyň yzyndan ylgaýan, ýöne guýruk maňa tutdurar ýaly däl.
Garran pişiklere mahsus ýylgyryşy bilen garryja pişik ýaş pişijege seredip:
— Bir wagt menem ýaşdym. Şol döwür maňa hem guýrugyňy tutsaň bagt taparsyň diýip aýdyldy. Menem jan edip bagtyma ýetmek üçin iýmän-içmän guýrugymyň yzyndan kowalaýadym. Ysgyn-mydarym gaçsa-da, zordan aýaga galyp ylgaýadym. Şeýdip näçe wagt geçenini bilemok, ahyr mejalsyz ýagdaýda gözümiň düşen tarapyna ýöredim. Bilýäňmi men şonda näme üns berdim?
— Nämä? — diýip, pişijek bilesigelijik bilen sorady.
— Men nirä gitsem guýrugym menden galman yzymdan gelýänine gözüm düşdi. Şonuň üçin, gadyrdan, bagtyň yzyndan ylgama. Öz ýoluňy saýlap maksadyňa tarap gitseň, bagt seniň bilen ýanyňda gider.
12
75
perizadym
perizadym
07.10.2022 21:37
Bolup biler. Näçe adam bar bolsa şonça-da pikir, garaýyş, görüş bar. Eý, meniň heýjan heserlim! Indi sen öz gözleriňe-de ynanmaýan bolsaň, men saňa näme diýeýin… *** Ilkinji tanyşlyk, bir gujak
perizadym
07.10.2022 21:35
Ir zamanlarda bir kerpiç örüji ussa ýaşaýarmyşyn. Onuň galdyran ymaratlaryny bir ýola synlan üşükli kişi, gözi kaklyşandan “Bu jaý pylan ussaň elinden çykan bolmaly” diýip ýalňyşman kesgitleýär eken. Bu ussa şägirt bolup, hünär öwrenmäge höwesekler gaty köp bolanmyşyn diýýär. Hatda alys ýoldan gatnamak kyn bolýar diýip, olaryň ussanyň ýaşaýan obasyna göçüp gelenleri-de bolanmyşyn.
Zehinli kişileriň aglabasyna mahsus bolşy ýaly, bu ussa-da bir töwra häsiýetli eken. Ol işe gijä galyp gelseň, şol bir manydaky soragy üç gezekden köp gaýtalasaň halamandyr. Ussanyň bu häsiýeti erjelligi pes, saly gowşak şägirtleriň käbirlerine ýaramandyr. Hatda olaryň içinde başga halypa gol ýapyp, gidenleri-de bolupdyr.
Kakasynyň pikirine eýerip, bu ussadan tälim alýan ýigitleriň biri her gün agşamlyk işden dolanyp, nägile halda hüňürdeýärmişin.
— Kaka, salgy beren ussaň bolşuna çydar ýaly däl. Jynly ýaly-laý, ol. Şu sapar-a ýylgyrsa gerek diýip, oglanlar bilen dilleşip, eşiden gürrüňlerimizi aýdyp berýäs weli, göwni bir ýaly. Gaýta, bedredäki laýy dessine boşadyp, öňküsinden çalt işleýär. Men-ä başga bir ussa şägirt duraýsam diýýän, käte-käte.
Kakasy oglunyň sözüni diňläp, her sapar şol bir sözüni gaýtalaýarmyşyn.
— Oglum, kyn işiň bähbit diýlen zat bilen çörňeşýänini durmuş görkeze-görkeze gelýär.
Şu halypaň derejesindäki başga bir ussa häli-häzir-ä ýok. Gülüni söýen tikenini hem söýmeli bolar.
Şu gürrüňden soň hepde geçipdir, aý geçipdir. Bir gün ýigit keýpiçag halda öýüne dolanypdyr.
— Kaka, şu gün ussanyň ýanyna alysdaky obalaryň birinden täze ymarat galdyrmak isleýän adam geldi. Ussa ony meniň ýanyma getirip tanyşdyrdy. Soňundanam: “Siziň jaýyňyzy şu oglan salyp berer! Özü-de mendenem has çalt, has gelşikli edip salar. Sebäbi bu häzire çenli ýetişdiren şägirtlerimiň iň zehinlisi, iň ussady, iň ynsaplysy” diýdi. “Gülüni söýen, tikeninem söýer” diýenlerine indi düşündim — diýip, ýigit begenjini gizlejegem bolmandyr.
13
104
perizadym
perizadym
04.10.2022 15:32
Irden gözümi açyp, penjireden daşary seredenimde asmandan inýän ýagyş damjajyklarynyň ýer bilen birleşen çagy çykaran ýakymly sesi gulagyma belli kompozitor Şopeniň döreden sazlary kimin ýakymly
perizadym
04.10.2022 15:30
Biz wagtyň gymmatyny bilmän geçjek-dä. Ol şeýlebir hökmürowan. Onuň biziň nesibämize näme atmalydygyny kesgitleýşine men hemişe haýran galýan. Ol islese berýä, islese…

Wagtyň hökmürowanlygy bizi ulaldýar. Biz her gün bir günlük ulalýarys. Biz muny duýamzogam. Bir hepde geçýär duýamzok, bir aý geçýär welin “eýýäm bir aý geçäýipdir” diýýäs. Pasyllar didarlaşanda bolsa şol wagta görä geýinjek bolup berbaşagaý bolýas. Ýyllaram ýylgyryp gelýär ahyry. Şonda bir yzymyza çalarak garanjaklaýas-da, belli-külli seljeriş geçmänem ýene öňkimiz ýaly öňürdikläp gidiberýäs. Garaz, wagtyň neneňsi geçenini bilip-bilmän galýarys. Şol puryjalaryň arasynda bolsa biziň tanaýanlarymyzyň birnäçesi bu hatardan aýrylýar, täzeje adamjyklaryň birnäçesi peýda bolýar. Biz bolsa olara-da özümiz ýaly öňürdikläp ýörmegiň göreldesini görkezýäris. Biz haçan wagtyň gadyryny bilerkäk?

Ömür uzak wagtyň dowamynda uzalýanam bolsa onuň iň gymmatly pursatlary undulmajak ýatlama öwrülýär. Şeýle pursatlaryň gymmatyny hem duşumyzdan geçenden soň bilip galýarys. Biz şeýdip ahmyr bilen dostlaşýarys-da, hut şu wagty hem ýene ahmyryň eline berip goýberýäris. Biz öz wagtymyzy nämä sarp edýän bolsak ömrümizi şol puryja bilen paýlaşýarys.

Şatlanýasmy — ömrümiz şatlyga öwrülýär.

Didarlaşýasmy — ömrümiz mähirden dolýar.

Öwrenýäsmi — ygtybarly bolup başlaýas.

Zähmet çekýäsmi — gazançly bolýas.

Ynam bildirýäsmi — umytly bolýas.

Duýgular we duýmalar ezber keşdeçiniň elindäki iňňe ýaly wagtyň gymmat puryjalaryny biziň ömür kitabymyza nagyşlap barýar. Indi siz öz ömrüňizi ýaramaz duýgulara, ýakymsyz pursatlara bagyş etmäge razymy? Mysal üçin gahara, ahmyra, aldawçylyga, zeýrenje, emelsizlige. Ömürleriň dürli-dürlüligi ynsanlaryň kalbyndan çykan duýgularyň röwşüne, wagtyň eçilen pursatlarynyň reňkine, ynsanyň olaryň gadyryny bilişine bagly ýaly bolup dur.

Ýene bir meňzeşlik meni aňk edýä. Şu dünýä şeýle bir hasaba ökde. Dükana barsaň hökman eliň gapjygyňa ýeter. Ýanyňda puluň bolmasa dükandan sowlup geçseňem bolman durmaz. Ýöne her gün sagat 00.00 bolanda ömrüňiziň bir güni siziň gapjygyňyzdan öz-özi çykyp gidiberýä. Siz şol gün näme gazandyňyz, meýilleşdiren işleriňize ýetişdiňizmi ýa ýok, ýa bir zatlary ýitirdiňizmi, tapdyňyzmy, tapawudy ýok, wagt siziň erkiňizden azat. Hut şol günki wagta dolanyp barmak ýok. Meniň kalbymy iň gyýýan zat bolsa şol günki şirin duýgularyň gujagyndan sowrulyp gaýtmak. Men ýaňy gülüş-gülüş öwrenen bäbejigimi bagryma basyp oýnajak ahyryn, onuň jennet ysyny onki süňňüm bilen sorup, bihuş bolmaga ýene birazajyk pursat gerek maňa. Birinji synpa baran oguljygymyň harplary goşup okap başlaýşyny, dünýäniň gyrasyndan girip, özi ýaly deň-duşlary bilen gadam basyşyny synlap, guwanmaga pursat gerek maňa. Öz öýümden örýän ömürleriň şowly, bagtly, ygtybarly, ile-güne haýyrly bolmagy üçin olara yhlasymy, azabymy, zähmetimi, halallygymy, mährimi garyp-gatmaga pursat gerek maňa. 00.00-dan başlanýan her gün bolsa seniň beýle şirin duýgularyň bilen söhbet gurup duranok, ol örän howlugýar. Duýgular bolsa näzenin gyzlar ýaly bezenip-beslenip, ýuwunyp-daranyp äwmän geçýärler. Ýöne biziň hakydamyzda welin ömrümiziň hut şonuň ýaly şirin duýgular bilen doly pursatlary galýar.

Sagat 00.00 boldy. Indi size täze wagt garaşýar. Onuň size näme getirjegini welin siziň yhlasyňyz, başarnygyňyz, ýagşy gylyk-häsiýetiňiz, niýetiňiz kesgitleýä. Wagt hakynda adamzat wagtyň nämeligini duýup başlaly bäri pikir edýän bolsa gerek. Wagta erk etmek üçin sagady, senenamany oýlap tapanam bolsa bir adam wagtyň jylawyndan tutup, iki ömür ýaşapdyr diýib-ä eşidemzok. Şonuň üçinem “Wagtdan alanyň özüňki” diýen akyly döredip, iňňesine wagt ýüpegini sapyp dynman keşde çekýän dünýeden paýyňy almak hakynda çuňňur akyl goýupdyrlar. Alyp bolýan zatlaryň ählisini wagtdan alyp bolýar, berip bolýan zatlaryň hem hemmesini biziň elimizden wagt alýar. Wagt bilen ynsan biri-biri bilen Gurbannazaryň “Iki agajyndaky” ýaly ýüzbe-ýüz dur. Özlerem “oň kenary gowy” diýip pikir edýärler. Hakykatda bolsa wagt-a ynsan ýaly hakykata öwrülip bilmeýänine, ynsan bolsa wagt ýaly baky ýaşamaýanyna ahmyr edýän ýaly. Hamana wagtam öz ýanyndan “Adamdan alanyň özüňkidir” diýýän ýaly. Juda çylşyrymly. Men bir gün wagtyň özi bilen söhbetdeş bolup görerin. Ýüreginiň iň çuňňur ýerindäki pikirini bilip-bilmesemem bir zatlar-a aýdar…

7
65
perizadym
01.10.2022 00:45
Adamlaryñ işine görä peýda getirseñ, senden gowsy ýok...
Haçanda özüne görä hereket etseñ, senden erbedi ýok...
3
28
perizadym
perizadym
01.10.2022 00:43
Gitdim, mümkin däldi galmagym, çünki, Pidasydyk aýry şertleriñ, wagtyñ, Şol günde, Şol ýerde, Señ bilen galdy - Şatlygym, hyýallam, gijigen bagtym...
perizadym
30.09.2022 19:28
Her ýylyň 30-njy sentýabrynda terjimeçileriň hünär baýramçylygy bolan «Halkara terjime güni» giňden bellenilýär. Bu halkara güni bellemeklik 1991-nji ýylda Terjimeçileriň halkara federasiýasy tarapyndan tassyklanandyr.

2017-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji sessiýasynda Halkara terjimeçiler güni barada Rezolýusiýa guramanyň agza döwletleri tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Bu Rezolýusiýada dünýäde parahatçylygy üpjün etmekde, halklaryň arasynda özara düşünişmekligi ýola goýmaklykda terjimeçiligiň we terjimeçileriň ornunyň uludygy nygtalýar.

Häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasy köp dillilige aýratyn üns berýär. Çünki köp dillilik maglumat alyşmakda, şeýle-de halklaryň arasynda sazlaşykly aragatnaşygy guramakda möhüm esaslaryň biri bolup durýar.

Her ýyl «Halkara terjime gününiň» çäginde geçirilýän çäreler belli bir mowzuga bagyşlanyp geçirilýär.

Biler bolsaňyz, Ýer ýüzünde, takmynan, 300 müňden gowrak terjimeçi bardyr.
4
63
perizadym
30.09.2022 19:23
Mugallymdan soradym: "söýgi näme ?" diýip,
Ol: "beýle temany geçmedim" diýdi...

Ýolagçydan soradym: " söýgi näme ?" diýip,
Ol: " beýle ýoldan geçmedim" diýdi...

Çagadan soradym : "söýgi näme?" diýip,
Ol : " bu oýuny oýnamadym " diýdi...

Däliden soradym: " söýgi näme?" diýip,
"Meni şu ýagdaýa getiren" diýdi...


Siziñçe söýgi näme ? Teswirlere garaşýan...
10
191
perizadym
perizadym
29.09.2022 13:31
BIPARH Göwnüne degeňsoň bagtly günleriň, Aglanyňda näme, güleňde näme? Sergezdan duýgular dökdi güllerin, Bilmäniňde näme, bileňde näme? Birmahal azaşan umydy dolap, Gelmäniňde näme, geleňde näme?