perizadym
08.04.2022 00:01
Adam men , ýalñyşym bilen söýmeli
Jennetde päk biten gül bolup bilmerin.
Ýigrenýänler bar diýip neçüýn köýmeli ?!
Ahyr hemmä ýarar ýaly "pul" bolup bilmerin.
Baý däl , bagtlyny ýüzüme syldym
Başarsam mert bolup gözlere ildim ,
Men diñeje bir güýje gul bolup indim
Ynan , özgelere gul bolup bilmerin .
Ynsan pespäl bolsa ýeñjegi hakdyr
Kalbymyñ gymmaty çen bilen çakdyr !
Süýem barmagyñy ýokary bakdyr !☝️
Ana , men diñeje şol bolup bilmerin .
KERIM HALLY
10
25
1
perizadym
07.04.2022 00:13
Sonra biri çikiyor karşina , seni aşkin varliğina inandiriyor , kendi dünyasinin merkezine seni kuyuyor , gözünün içine bakiyor mutlu ol diye senin için tüm fedakarliklari yapiyor sonra sana diyor'ki " ben sevgiye inanirdim , aşka inanmazdim ama sana aşik oldum hem de çok ' O an anliyorsan aşk var hâlâ ve eninde sonunda diğer yarin çikiyor ortaya " . Seni de kendini de aşka inandiriyor. Diğer yarini bulmak dünyänin en güzel hissi onu anliyorsun..🌸
7
42
4
perizadym
06.04.2022 13:43
Adamyñ özüni bagtly duýmagy üçin üç sözi eşitmegi ýeterlikdir. Ol söz , adatça köpleriñ diýýän " Men seni söýýän " sözi däl_de " Sen maña gerek..."
11
107
8
perizadym
05.04.2022 20:39
Saña " Baryp ýatan sada juda ýönekeý " diýseler , hiç ruhdan düşmegin , sen olara aýt , ähli ajaýyplyklar ýönekeýlikden gözbaş alýandyr. " Sadalykdan zyýan çekilmeýändigini" ahyr işde seniñ rüstem gelýändigiñ hakda kän aýdylýandyr.
Saña " Ýüregiñ daş ýaly" diýseler , ýüregiñ ýumşaklygyna hem gözüñ ýetýän bolsa , gynanma , sen olara aýt , adamlaryñ teşneligini gandyrýan dury suwly çeşmeler hem daşlaryñ arasyndan syzylyp çykýandyr. Gözelleriñ boýuny-barmagyny bezeýän gymmatbaha göwherlerem daşlaryñ arasyndan köwlenip alynýandyr. Diýmek , seniñ ýüregiñde entek alara , buýsanara zat kändir.
8
35
5
perizadym
04.04.2022 00:01
Ýagşylyk- durmuşy gülletmekdir , ýaşaýşa ýardam bermekdir. Ýamanlyk - durmuşy ýok etmekdir , ýaşaýşa zyýan bermekdir.
10
53
7
perizadym
03.04.2022 11:05
Adamyñ ýamany özgeleriñ büdremeginden ýüregine teselli tapýan , kimdir biri ýykylsa begenýän , maksadyna gönügen adamyñ orta ýolda eglenmegine heşelle kakýan adamlardyr.
Gynansakda , käteler şeýle adamlar alnymyzda ýa-da ýanymyzda peýda bolýarlar.
15
46
3
perizadym
02.04.2022 06:01
Adamlar dymmaklygy akmaklyk hasap etse-de , gürlap olaryñ bu pikirini tassyklanyñdan , ýene_de dymmaklyk gowudyr !
15
66
8
perizadym
01.04.2022 00:01
Ak kagyzyñ bir tarapy sen , beýleki tarapy özüm bolasym gelýär . Şeýtmek bilen seni görüp bilmeýänime seretmezden , seniň bardygyña ynanasym gelýär...
Adamlary tanamak üçin bütin güýjiñizi beriñ , emma bütin söýgiñizi bermäñ. Olary tanap başladygyñyzça beren söýgiñiz üçin gynanarsyñyz.
Aýdylýan sözleriñ göwni ýykmakdan ýa_da göwni götermekden başga edip bilýän zady ýokdur ýöne aýtýan zadyñy edip bilmegiñ başarýan zady köpdür.
12
50
4
perizadym
31.03.2022 00:11
...söýgi ýüregime çekipdir keşde
goýanok erkime ýazmajak bolsam
( B. Hudaýnazarow äheñinden )
Üwreme söýginiñ sallançagyny
Gijeler ukyña dözmejek bolsañ
Söýmegin hiç kime açyp gujagñy
Söýginiñ derdine dözmejek bolsañ
Ilki söýme , söýeñden son ökünme !
Söýgide daýangyn bir öz akylña
Aşyk bolup bolmaz her bir bakanña
Ýürekden ýer berip söýmejek bolsañ
Soñ ökünjek bolsañ söýmezler başda
Söýgi höküm sürer ýaz tomus gyşda
Söýgi ýüregime çekipdir keşde
Goýanok erkime ýazmajak bolsam
7
80
6
perizadym
30.03.2022 01:03
Eger aramyz 100 ädim bolsa , men sana tarap diňe 50 ädim äderin. Ondan az hem däl köpem. Galan 50 ädim bolsa seniň öňüňde )
Baýlyk üçin ýaşaýan adamyñ durmuşy gurydyr. Adam hakykatdanam ýaşajak bolsa söýgisi , bagty , maşgalasy üçin ýaşamalydyr. Sebabi seni ömurboýy aýak üstünde saklajak zat şolardyr. Gerek baýlygyñy , gerek bolsa ykbalyñ ozi saňa berer.
10
77
6
Yene yükle