Albert Eýnşteýn-den öwrenmeli käbir maslahatlar.
Albert Eýnşteýniň özi, aýdan jümleleri dünýäniň esasylaryndan. Çünki ol dünýäniň iň zehinli adamy diýlip kabul edilen. Bu sebäpli aýdan her sözi adamlara öwüt-ündew berýär. Makalamyzda ussadyň aýdan maslahat beriji sözlerinden maglumatlar toplanyldy.
“MENIŇ ÝÖRITE BIR ZEHINIM ÝOK, MEN DIŇE ÝOKARY BILESIGELIJI”.
Siziň bilesigeljiligiňizi näme özüne çekýär? Nämäni iň esasy bilesiňiz gelýär? Meniň bilesim gelýän esasy zat käbir adamlaryň başarjaň bolup, käbirleriniň başarjaňlygynyň pesligi.Bu sebäpli ýyllar boýy başarjaň bolmak üçin işledim. Bilesigelijiligiňiziň yzyndan gitseňiz hökman başarjaň bolarsyňyz.
“ GATY ZEHINLI BOLANYMDAN DÄL, KYNÇYLYKLAR BILEN IŞLEŞMEKDEN ÝÜZ DÖNDÜRMEDIGIM ÜÇIN BAŞARÝARYN”.
Bir maksat tutup şol maksadyň soňuna çenli gitmäge sabryňyz barmy? Poçta möhürleri örän gymmatly hasaplanýar, çünki olar barmaly ýeriniň soňuna çenli hata ýapyşýar. Poçta möhüri ýaly boluň we başlan işiňizi dynmaga çalşyň.
“HYÝALY GÜÝÇ HEMME ZATDYR. HYÝALY GÜÝÇ BILMEKDEN HAS ZERUR”.
Hyýaly güýçleriňiz gelejegiňizi kesgitlär.Eýnşteýne görä :” Zehiniň hakyky görkezmesi hyýaly güýçlerdir”.
“HIÇ WAGT ÝALŇYŞMADYK ADAM TÄZE BIR ZADY DEŇEMEDIK DIÝMEKDIR”.
Ýalňyşmakdan gorkmaň.Eger bir işe başlamak isleseňiz çekinmäň, ýalňyşlar sizi has uly derejelere alyp gider. Başarjaň bolmak isleýän bolsaňyz ýalňyşmakdan gorkmaň.
“MEN HIÇ WAGT GELJEGI PIKIR ETMEDIM, NÄME BOLSA-DA GELJEKDIR”
Gelejegi taýýarlamagyň ýeke-täk ýoly, esasan häzirki wagt bolmagyňyz.Şu wagt düýni ýa-da ertiri üýtgedip bilmersiňiz. Zerur bolan esasy wagt HÄZIR.
“IŇ ESASY BAŞARJAŇ BOLMAK ÜÇIN DÄL-DE MÖHÜM BIRI BOLMAK ÜÇIN IŞLÄŇ”.
Wagtyňyzy başarjaň bolmak üçin harçlamaň, zerurlyk döretmäge çalşyň. Eger siz zerur biri bolsaňyz başarjaňlygyň özi size geler.
“DÄLILIK – ŞOL BIR ZADY GAÝTA-GAÝTA EDIP ÜÝTGEŞIK NETIJÄ GARAŞMAKDYR”.
Durmuşyňyzyň üýtgemegini isleýän bolsaňyz, ilki bilen özüňizi üýtgetmegiňiz gerek.
“BILMEK MAGLUMAT DÄLDIR, BILMEGIŇ ÝEKE-TÄK ÝOLY DEŇEMEKDIR”.
Bir mesele üstünde işläp bilersiňiz, emma bu size diňe teoretiki, pelsepe düşünjäni gazandyrar. Bir meseläni bilmek isleýän bolsaňyz ony deňäp görmelisiňiz.
Taýýarlan: Begenç Mälikgulyýew
Jemi 23,907 gezek okaldy, Şu gün 14 gezek okaldy
The post Albert Eýnşteýn-den öwrenmeli käbir maslahatlar. appeared first on Öwrenmeli.
Köne akylly telefonyňyzda edip boljak käbir mümkinçilikler.
Dünýä möçberinde alnanda her bir hojalykda azyndan 1-2 sany ulanylmaýan köne telefon saklanýar.Käbirleri has ulanyşdan galan käbirleri bolsa täzelerden pes işlemeýär.Akylly telefon ulanyjylary dünýä möçberinde 2 ýyldan telefonlaryny täzeleýärler.Elbetde aralarynda 3-4 ýylda ýa-da ondan-da köp wagt ulanýanlar hem bar.Häzirki wagtda çenli telefon öndürijileriň iň köp öndüren modelleri soňky 5 ýylda hasaplanylýar.Netijede, ulanyşdan galýan telefonlaryň hem sany artýar.Bu makalamyzy ulanyp boljak amatlylygy bolan köne telefonlary, durmuşda gerekli ýerinde peýdalanmagy öwretmek maksady bilen taýýarladyk.
Köne ulanmaýan telefonlaryňyz bilen nämeler edip bolar?
Köpümiziň öýünde howpsuzlyk sistemasy ýokdur, bu aýratynlyk uly şäherlerde has zerur bolup bilýär.Köne akylly telefonyňyzy howpsuzlyk kamerasy ýagdaýyna getirip islän ýeriňizden internetiň kömegi bilen öýüňizi ýa-da aýratyn otagyňyzy görüp bilersiňiz.
Köne telefony nädip howpsuzlyk kamerasy ýagdaýyna getirip bolar?
Kamera boljak köne telefon üçin: https://play.google.com/store/apps/details?id=com.ichano.athome.camera
Ulanýan telefonymyz üçin:
https://play.google.com/store/apps/details?id=com.ichano.athome.avs
Ulagyň içinde kamera ulanmak her bir sürüji üçin durmuşda esasy gerek zat.Munuň üçin köne telefonyňyza niýetlenen programmany ýüklemek we ulagyň içinde telefona energiýa (zarýad) bermegi üçin kabel çekmek gerek.
Köne telefony nädip ulag kamerasy edip ulanyp bolar?
https://play.google.com/store/apps/details?id=com.happyconz.blackbox
Häzirki wagtda köp hojalykda wi-fi hyzmaty ulanylýar.Öýüň käbir ýerinde wi-fi internet signaly pes bolup haýal işleýär.Munuň üçin Wi-Fi signal güýçlendiriji apparatlary alyp ýa-da çykdajy etmezden köne telefonyňyzy ulanyp bilersiňiz.
Wi-Fi güýçlendiriji nähili döredilýär?
Akylly telefonlaryň ählisinde hem GPS hyzmaty birikdirilen.Ulagyňyzy ýa-da başga bir size zerur bolan zatlary ogurlatmakdan gorkýan bolsaňyz köne telefonyňyzy GPS apparaty hökmünde ulanyp bolar.GPS yzarlama telefonlarda köp zarýat iýýänligi sebäpli uzak wagt peýdalanmak üçin size uly göwrümli powerbank (akkumulýator) gerek bolar.Elbetde bir ulanylmaýan SIM karta hem gerek.
Köne telefony nädip GPS apparat edip ulanyp bolar?
Taýýarlan:Begenç Mälikgulyýew
Jemi 27,849 gezek okaldy, Şu gün 44 gezek okaldy
The post Köne akylly telefonyňyzda edip boljak käbir mümkinçilikler. appeared first on Öwrenmeli.