owrenmeli_officiall
owrenmeli_officiall
01.12.2022 07:09
Adamyň birek birege berip biljek iň gowy sowgady oňa wagt aýyrmakdyr. Ertiriň haýyrly bolsun!
owrenmeli_officiall
owrenmeli_officiall
21.11.2022 06:33
Durmuşy ýaşadýan arzuwlardyr. Arzuwlaryňyzyň hasyl bolmagyny arzuw edýärin. Ertiriňiz haýyrly bolsun!
owrenmeli_officiall
20.11.2022 00:36
Höwesjeň bilen Ýyldyz derejesi tamamlandy. 
Ulanyjy haçanda 1000 bala ýetende awtomatiki ýagdaýda Höwesjeň derejesine geçer. 
Höwesjeň 6000 bala ýetende awtomatiki ýagdaýda Ýyldyz derejesine geçer. 
Adminler ýa-da moderatorler hiç wagt bir ulanyja profildäki derejelerden öz islegi boýunça bermez. Derejä ýeten ulanyjylaryň paýlaşýan makalalary wagtal wagtal barlanylar. Düzgünlere garşy gelýän post makala bar bolsa derejesi peseldiler.

Derejeli agzalar düzgünlere garşy gelen wagty ýa-da gaty köp şikaýat alan ýagdaýynda derejesi peseldiler ýa-da göni ulanyjy derejä geçiriler. Ulanyja derejä ýetende hem düzgünlere garşy gelip, şikaýat alan wagty hasaby şol ýagdaýa görä wagtlaýyn ýa-da ymykly petiklener.

Höwesjeň:
Günde 2 post paýlaşyp biler. 150 minut aralygy bilen.
Diňe öz postlaryna goýulan like we dislike maglumatlaryny görüp biler.
Postlarda surat paýlaşyp bilmez.
Profilindäki biýografiýasyna iň köp 150 harp ýazyp biler.
Post paýlaşandan soňra 1 günüň içinde düzedip ýa-da pozup biler. 1 günden soňra postyny üýtgedip ýa-da pozup bilmez. 
Teswir ýazandan soňra teswirini 20 minut içinde üýtgedip ýa-da pozup biler.

Ýyldyz:
Günde 3 post paýlaşyp biler. 100 minut aralygy bilen.
Diňe öz postlaryna goýulan like we dislike maglumatlaryny görüp biler.
Postlarda surat paýlaşyp biler.
Profilindäki biýografiýasyna iň köp 250 harp ýazyp biler.
Post paýlaşandan soňra 2 günüň içinde düzedip ýa-da pozup biler. 2 günden soňra postyny üýtgedip ýa-da pozup bilmez. 
Teswir ýazandan soňra teswirini 40 minut içinde üýtgedip ýa-da pozup biler.
Postlarda anteka saýlaw açyp biler.
Adynyň ýanynda hereketli ýyldyzjyk şekiljigini alar.

Administrasiýa bir ulanyjydan derejäni aýyrmak hukugyny özünde saklaýar.
Okanyňy üçin minnetdar!

- Emin
44
966
owrenmeli_officiall
18.11.2022 06:22
Çagalaryňyza pikirleriňize däl-de,  söýgiňizi beriň.
Ertiriň haýyrly bolsun! 
59
555
owrenmeli_officiall
10.11.2022 09:33
Hormatly agzalar Öwrenmelide düzediş işleri alnyp barylýar. Şonuň üçin käbir bölümlerde bökdençlikler bolup biler. Bu ýagdaý üçin ötünç soraýarys. Gysga wagtyň üçinde doly işläp başlar.
31
297
owrenmeli_officiall
06.11.2022 00:28
Durmuşda her bir ýagşy işi yzyna gaýtaryp berjek gowy adamlaryň bardygyna ynanýaryn. Hormat hemmeler üçin bolsa-da, söýgi oňa mynasyp adama degişlidir, gijäňiz rahat bolsun!
76
2 277
owrenmeli_officiall
03.11.2022 21:03
Parolyny unydan içeri girip bilmeýän agzalar +17055011020 imo ýazyp kömek alyp bilersiňiz.
24
377
owrenmeli_officiall
30.10.2022 20:04
Postlar üçin täze reaksiýa bölümi goşuldy. Haladyňyzmy? 
Öwrenmelide başga gerekli bolan zatlar barmy? Pikiriňizi ýazyp bilersiňiz.

38
867
owrenmeli_officiall
28.10.2022 09:31

Haýsy temany ulanýaň?

71
363
owrenmeli_officiall
24.10.2022 21:23
Salam hormatly agzalar. Eger arañyzda ýokary okuw jaýlaryna geljekgi ýyl üçin giriş synaglaryna tayýarlanýanlaryñyz bar bolsa, onda biz hem öz goşandymyzy goşmak isledik. Kim haýsy ýokary okuw jaýyna we haýsy hünäre taýarlanmak isleýän bolsa teswirlerde bellese hoşal bolarys. Bilýän zatlarymyzy bilmeýänlere, bilýänlerimizi bolsa bilmeýänlere Öwrenmelide öwredeliñ:)
Boş waty boşluga sarp etmäliñ!
43
700