owadanjam
owadanjam
18.03.2022 08:23
Menem batly boldum ýagty dünýäde, Menden başga bagtly baryn bilmedim. Ýöne ot başynda dünýäni undyp, Bagtlylaryň söhbetini diňledim. Gurbannazar Ezizow
owadanjam
owadanjam
17.03.2022 08:31
Bu günki ýumuş: Alhamdulillah diý 🙏🙏🙏
owadanjam
owadanjam
16.03.2022 08:57
Şeyle bir gūlmelisiñ velin, ynsanlar seni aglatmaga utanmaly..
owadanjam
15.03.2022 09:03
Ogul:
Salam mährem gülçi daýza, çemen bogaý bägülden.
Ol şeýle bir gözel bolsun, Haýran galsyn Bägül hem.

Ogul:
Salam mährem gülçi daýza, çemen bogaý nyrhsyzrak.
Bar:bir maňlaýymdan öper, Ejem muňa parhsyzrak.

Aýaly:
Salamalik gülçi daýza, bogaý arzan çemeniñ.
Erkekdirdä... Şu gülem bor, awlaryn oň ýüregin.

Ejesi:
Salamalik gülçi dogan, bog çemeniñ gymmatyn.
Çünki otuz ýaşar bu gün, ýeke didäm Hommadym.

Bu zatlary gören gülçiň, pikirleri boldy döwüm,
Ejemizde ýokmyka, ýarymyzda bar göwün...

Kerim Hallyýew
8
33
owadanjam
14.03.2022 20:18
Ýaranjañlyk däldir ýalñyş düşünmäñ,
Pul üçinem gynamok men toýnagym.
Men diñe, diñeje ýeke zat üçin,
Isleýän adamlañ meni söýmegin.

Añsat durmuş üçinem däl düşüniñ,
Anda ýüküm çekdirmegem däl meýlim.
Men diñe, diñeje ýeke zat üçin,
Isleýän adamlañ meni söýmegin.

Gözüm ýumlup, tenim sowan pursaty,
Matam tutup geýip gara köýnegin.
Ajy sesleñ köpräk bolmagy üçin.
Isleýän adamlañ meni söýmegin...

Kerim Hallyýew
11
54
owadanjam
owadanjam
13.03.2022 10:11
Ýamanlyk etmedik ýeriñden biri seni sebãpsiz ýigrenýãn bolsa, õzũnde ýok zadyñ sende barlygydyr!
owadanjam
12.03.2022 17:31
Şeýle bir tymsal bar, iki sany gurbaga bir beýik daga çykmaga ýola dũşũpdirler. Aşakda bulary gõren beýleki haývanlar bulara: " Siziñ bu işiñiz bolmaz, dag gaty beyik, siz nãmã daga çykjak bolýañyz?" diýýãrler. Buny eşiden bir gurbaga durýar ve yzyna dolanýar. Beýleki gurbaga bolsa ýoluna dovam edýãr. Ýolda buny gõren hemme haývanlar şol bir sõzi aýtýarlar ve gygyrýarlar "Gaýt yzyña. Sen nire dag nire...Seniñ bu işiñ bolmaz." Ýõne ol gurbaga dagyñ çũr başyna çen çykýar.
Bilýãñizmi nãme ũçin?
Sebãbi gurbaga ker eken. Adamlar nãme mũmkin dãl diýip aýtýan bolsalar bu olaryñ diñe pikirlenişleri. Olaryñ mũmkin dãl diýen zatlary olar ũçin mũmkin dãl. Olar ũçin mŭmkin dãl zat seniñ ũçin hem mũmkin dãldigini añladanok.
Şonuñ ũçin õñũñde bir maksat goýduñmy? Durma dovamet! Sen hemme islãn zatlaryña ýetersiñ!
11
52
owadanjam
11.03.2022 08:02
Kitap satýan gyz, sõýgũlisiniñ gelenini gordi, ýanynda bolsa kakasy bardy. Gyz sõýgũlisine "nemes ýazary Ýorg Danieliñ "Kakañ õýdemi?" kitabyny almaga geldiñmi?" diýip sorady. Sõýgũlisi: "Ýok, men iñlis ýazary Tomas Munisiñ 'Seni nirede gõrüp bilerin?' kitabyny almaga geldim" diýdi. Gyz "O kitap ýok ýõne ABŞ-li ýazar Partice Oliveriñ 'Alma agajynyñ aşagynda' kitabyny maslahat berýarin" diýip jogap berdi. Sõýgũlisi: "Gaty govy, Belgiýaly ýazar Jean Berneriñ '5 minut soñ jañ ederin' kitabyny ertir getirip bilersiñmi?" diýdi. Gyz: "Hõwes bilen. Hem-de Fransuz ýazary Michel Denieliñ 'Asla ýalnyz goýmarn' kitabyny hem maslahat berýãrin" diýip jogap berdi.
Bu gũrrũñlerden soñra kakasy: "Munça kitap kõp dãlmi? Bularyñ hemmesini okaýarmy?" diýip sorady. Gyz: "Hava kaka, ol õrân akylly oglan hemmesini okaýar" diýip jogap berdi.
"Meniñ mãhriban ve gozel gyzym, beýle bolsa oña Gollandiýaly ýazar Frank Martinsiñ 'Men samsyk dãl' kitabyny maslahat ber ony hem okasyn. Senem oka :)"
13
113
owadanjam
09.03.2022 15:50
Käte ýeke çykyp gijeden gijä,
Käte şägirtlerin yzyna tirkäp,
Gijeler ogurlap towukdyr jüýje
Bir ogry ýaşanmyş obany çürkäp.

Asyl bir aba däl onuň çürkäni,
Köp ýerlere ýeten eken yzasy.
Ahyr bir gün…
Ajaýyp bir ýaz güni
Dolanmyşyn o bendäniň kazasy.
Üýşüşip bir ýere ilen, çalany,
Däbe görä öwenmişin öleni:

-Ýatan ýeri ýagty bolsun pahyryň,
Ahyrýetde hemra bolsun imany.
Arman, ýöne tapylgysyz ýigitdi,
Hiç bilmezdi iliň hakyn iýmäni.

Daýysy, dogany, ýegen, ýeňňesi,
Däbe görä öwenmişler hemmesi.

Ýasa gelen garryja bir ýaşulyň
Ýeke özi galanmyşyn seretse.
Onsoň bu-da öwenmişin özüçe:
“Ogryjady, ogrujady neresse…”

Halyl Kulyýew
13
67
owadanjam
08.03.2022 12:47
Ýyldyzlar gõrunmek isleýãndikleri ũçin şõhle saçanoklar. Ýyldyz bolandyklary ũçin şõhle saçýarlar.

Õzũñiz ũçin ýaşañ. Başgalaryna õzũñizi subut etmek ũçin dãl.

"Gũýçli bol"
8
54