orhideya_
09.04.2021 13:09
Kyssamyz, Hemme, Biri, Kimdir biri, we Hiç kim atly dort dost barada.
Edilmei oran möhüm iş bardy we Hemmme, Birinin bu işi etjekdigine ynanyardy.
Aslyyetinde, işi Kimdir biri-de edip bilerdi, emma Hiç kim etmedi. Biri muna gaharlandy, çünki iş Hemmanin işidi. Hemme, Kimdir biri bu işi eder öýdýärdi Emma Hiç kim, Hemmanin bu işi etmejekdiginden bihabardy.
Netijede, Kimdir birinin edip biljek işini Hiç kim
etmandigi üçin Hemme, Birini gunäikarledi...
13
167
orhideya_
18.03.2021 22:30
Ulalyp saýgardym gaty kän zady,
Maý berseler çagalykdan gitmezdim.
Men ulalsam seniñ garrajagyñy,
Bilen bolsam , eje , arzuw etmezdim.
12
176
orhideya_
07.03.2021 14:23
Adama wagt hemişe az ýaly, ýöne ol gutaranok, ömür hemişe uzak ýaly, ýöne ol derrew gutarýar. Göräýmäge, ömrüñ uzak -uzak wagtlap dowam edäýjek ýalydyr, ýöne ol köplenç ät galdyryp, armanda goýup geçýär, üýtgemeýän zat ýok. Wagt Jeýhun derýasyna meñzeş akyp gecip barýar. Haýsy ýeriñ çuñdygyna, haýsy ýeriñ saýdygyna, haýsy yerde burgynyñ boljakdygyna welin, öñünden bahabar bolubilmersiñ. Akylyña gelmeýän, sygmaýan zatlar başyña gelýär. Garaşman durkañ, gör, nämeler bolanok!
11
125