nurjemal_06
21.08.2024 20:37

Ömür bilen geçer gider hemme zat


Gowja seret,kim bar degre-daşyñda,

Göryän ähli zadyñ,terk eder taşlap.

Sabrly bol,hiç zat durmaz başyñda,

Ömür bilen geçer gider hemme zat.


Ne bir ÿaşlyk galar,ne-de bir bagt,

Bar zady başyñdan geçirer wagt.

Durmuş,berenlerini eliñden alyp,

Ömür bilen geçer gider hemme zat.


Ÿylgyr,saña hiç zat bermez gussalañ,

Bagtly bolmaz,ÿylgyrşyny gysganan.

Bu durmuşda,hiç bir zady gyssamañ,

Ömür bilen geçer gider hemme zat.


Sabr bilen ÿeñip,günleñ ezÿetin,

Duyup ÿaşa,dünyäñ süyji lezzetin.

Aladam bar diyip,iyme öz etiñ,

Ömür bilen geçer gider hemme zat.


Yanar köze dönüp,kül bolar odam,

Ajalyñ öñüne geçmez,hiç zadam.

Şonuñ üçin gaÿgylanma ey adam,

Ömür bilen geçer gider hemme zat.

11
35
nurjemal_06
20.08.2024 11:13
Ÿaraşalymy

Sähel zady bahana edip durman,
Oñan bolup ÿörüs jañ etmän,görmän.
Bir-birege ogryn garaşyp ÿörmän,
Henizem giç dälkä ÿaraşalymy?

Ÿürege çekilen yoda yitmänkä,
Yşgymyza höwesimiz yatmanka.
Aramyza özge biri ÿetmänkä?
Henizem giç dälä ÿaraşalymy?

Sende-de,mende-de bar ol hötjetlik,
Eden arzuwmyza bile yetjekdik.
Yşk bilen älemi bagtly etjekdik,
Henizem giç dälkä ÿaraşalymy.

Sesiñ eşitsem yumşar öykeli göwün,
Senem eşitseñ çözüler kalpda düwün.
Ertire-de galma,habar al şu gün,
Henizem giç dälkä ÿaraşalymy.
4
17
nurjemal_06
18.08.2024 15:53

" Bagtly bolmak üçin ýa-da durmuşyñy üýtgetmek üçin hiç haçan giç däl. Bu güni durmuşyñ iñ ajaýyp gününe öwürmek seniñ eliñde. Bu gün şowsuzlykdan asla gorkma, gelejek sene-de şol bir duran ýeriñde durmakdan gork. Hiç bir zady ertä goýma, çünki belki ertir bolar, ýöne sen bolman bilersiñ ! "

📚| Gerçek mucize kendine inanmaktir

📲| e-kitaphana: 63 31 16 64

12
55
nurjemal_06
16.08.2024 23:10
Tymsal: Başgaça garaýşy ide

Köne bir gürrüňe görä, bir gezek ýarawsyz birini hassahananyň otagyna tigirçekli krowatda getiripdirler, otagda penjiräniň öňünde ýerleşen başga da bir hassa bar eken. Olar dostlaşypdyrlar, penjirä golaý ýerleşen kişi daşaryk seredip, daşky dünýäni täsin suratlandyryp, düşege örklenen ýoldaşyny uzak wagtlap güýmär eken. Ol garşydaky seýilgähde bolan ajaýyp daragtlar, ýapraklaryň şemala oýnaýyşlary bara da gürrüň berer eken, käte geçip gidýän ötegçileri ýoldaşyna jikme-jik suratlandyryp berer eken. Ýöne wagt geçip dur, düşe ge örklenen hassa bu gudratlaryň baryny öz gözleri bilen synlap bilmeýänligi üçin, gamgyn bolup başlapdyr. Ahyry ol dertdeş ýoldaşyny halaman ugrapdyr, soňra bolsa ýigrenipdir hem.
Bir gije penjiräniň öňünde ýatan hassa yzyny üzmän, gökdalak bolup üsgüripdir, üsgülewigine boglupdyr da, demi gelmändir. Ikinji kişi hatda lukmany hem çagyrjak bolmandyr. Irden ajaýyp görnüşleri suratlandyryp, dostunyň göwnüni göteren ol kişiniň ýogalandygyny aýdyp, onuň ýatan krowatyny hem otagdan äkidipdirler. Ikinji şobada özüni penjiräniň öňüne geçirmeklerini haýyş edipdir, nobatçy şepagat uýasy onuň krowatyny penjiräniň alkymyna süýşüripdir. Emma ol daşaryk seredende endam jany elenip gidipdir: asyl penjireden görünýän ýeke-täk görnüş tutuşlygyna kerpiçden örülen diwar eken. Täsin suratlandyrmalaryň ählisini onuň otagdaşy oýlap tapýar eken, sebäbi dostuna nebsi agyryp, onuň bu kyn pursadyny, sähelçe-de bolsa ýeňilleşdirmek isleýär eken. Ony beýle etmäge iteren akgöwünliligi eken.
Kitap: Öleñden soñ kim aglar 📘
Ýazyjysy: Robin Şarma ✍️
Dili: Türkmençe 🇹🇲
Pdf ün imo: 99363311664 📲
11
94