nepesowna
25.06.2024 19:27
" Adamlaryň köpüsi ýitirmekden gorkýandygy üçin söýmekden gorkýar. Söýülmekden gorkýar - özüni söýülmäge mynasyp görmeýändigi üçin. Pikirlenmekden gorkýar - jogapkärçiligini artdyrjakdygy üçin. Gürlemekden gorkýar - tankytlanmakdan gorkýandygy üçin.Duýgularyny beýan etmekden gorkýar - ret edilmekden gorkýandygy üçin. Garramakdan gorkýar - ýaşlygyň gadryny bilmändigi üçin. Unudylmakdan gorkýar - dünýä bir zatlar goýup gitmeýänligi üçin. Ölmekden gorkýar - aslynda, ýaşamany öwrenmändigi üçin".

W. Şekspir
22
57
nepesowna
04.04.2024 06:41
Ýürekde hiç hili süňk ýok, ýöne iň köp döwülýän ýer şol.
11
41
nepesowna
03.04.2024 14:20
Meniň adamlara bolan ynanjym, ejemiň: "bäri gel, seni urmaryn" diýen sözünden soň ölen. (😂😂😂)
30
249
nepesowna
18.02.2024 11:22
Diňe söýmeýänler gabanyp biler,

Hem söýýänler söýgiň çäginden aşyp:

Ol biriniň bil baglara yşky ýok,

Ol biri aklyndan aýrylan aşyk.

N. Rejepow
25
40
nepesowna
16.02.2024 21:09
❃ Ak kagyzdym men, ýazgydymy ýazýan galama aşykdym ❃
24
49
nepesowna
01.02.2024 00:16
“Adamlaryň bagtly ýa-da bagtsyz bolmagynda, takdyryň paýy-da kändir welin, olaryň özüni alyp baryşlarynyň paýy-da az däl”.

La Roçefoukault
28
49
nepesowna
30.01.2024 23:02
“Arzuwlardyr ar almak ýaly duýgular akylyň sesini eşitmez”.

***
“Sözleriň asmana galasy gelýär, emma pikirleriň ýerde. Özen bolmadymy, sözler asmana göterilmeýär”.

***
“Bir töhmet başga töhmetleriň döremegine sebäp bolar”.

***
“Erkinlik daşaryda bolsa, sürgünlik siziň ýanyňyzdadyr”.

***
“Alla size bir ýüz beripdir, sizem oňa ýene birini goşmaň”.

***
“Meniň düşünýänim seniň sözleriňdäki gazapdyr, o sözleriň manysy däl”.

***
“Iň süýji balyňam artykmajy adamy irizer”.

***
“Käbir ýykylmalar, has ajaýyp turmalaryň höweslendirijisidir”.

***
“Ýara bilen oýun eder, ýaralanyp görmedik adam…”.

***
“Günäli kelle şübhäniň hemişe ýüz tapýan ýeri”.

***

“Galan miraslaryň hiç biri dogrulyk kimin baý bolup bilmez”.

***
“Geplemänkäň oňatja pikirlen, gepläniňden soň pikirlenmeziň ýaly”.

***
“Hiç zadyň eýesi bolmasaňyz, ýitirjek hiç zadyňyz ýokdur”.

***
“Hakykat keteginde gabagda oturan sadyk köpekdir”.

***
“Dowzah boşdur. Çünki ähli şeýtanlar bärde…”

***
“Hyýanata sezewar bolmagyň ajysyny diňe haýynlar biler”.

***
“Ynam ruha çalymdaş bir zat, terk eden bedenine gaýdyp dolanmaýar”.

***
“Adam söýmäge başladymy, şol bir wagtyň özünde ýaşamaga-da başlar”.

***
“Nähak dawa üçin göreşmegi, hakyky batyrlyk hasap edip bolmaz”.

Wilýam Şekspir
25
50
nepesowna
30.01.2024 11:18
Ýüregiňizi diňläň!
Baryň huzuryna päklenip kemsiz.
Uzyn gijelerde galyň ikiçäk.
Darkaşyndan başly – barat duýgulaň
Ýürek – size sypalgadyr ýeke-täk.

Ähli hossarlardan, dosty-ýarlardan
Golaýdyr ol, iňňän golaýdyr size.
Öwrüm-öwrüm, aýlaw-aýlaw ýollaryň
Haýsynyň nireden çykarjagyny
Şol aýdar size.

Şol aýdar müşgilleň asan çözgüdin,
Şol aýdar –
Şoňkudan özge ýalandyr.
Alla owal-başda ynsan ogluny
Ýere gönderende nurundan ýasap,
Dolap ýürek atly düwünçejige
Özündenem birje bölek salandyr –
Ýürekde bolýandyr iň uly hasap.

Iň owadan ýazlar ýürege gelýär,
Iň ýowuz kyýamat gopýar ýürekde.
Ol ymgyr ummanda ýalňyz gämidir –
Jan-jedel bol – yhlas bilen kürekle!
Ýürek tämiz bolsa, ýollar tämizdir.
Ol çäji harpykdan saýlap durandyr.
Diňe gül bedeniň gülgün ganyn däl,
Ykballaryň kültem-kültem ýollaryn
Öz-özünde sazlap, aýlap durandyr.

Ýüregňizi diňläň!
Ýürek – öz dünýäňe ýalňyz gapyňdyr!
Ýüregiňizi diňläň! Syrdaşdyr size,
Size sizden ýakyndyr!

Kakamyrat REJEBOW
17
31
nepesowna
21.01.2024 23:16
Adamlar dürli kesellerden, haýwanlardan, bela-beterlerden özlerini gorap gezýärler. Esasy özüňi a͎d͎a͎m͎l͎a͎r͎d͎a͎n͎ goramaly eken. Adam ýalňyz galmakdan gorkup, köp zady içine salýar. Başgalaryň göwnüni tapjak bolup öz göwnüni unudýar, hemem özi üçin däl, başgalar üçin ýaşap başlaýar. Ol ýalňyzlykdanam beter ejir çekýär... Şonuň üçin ýalňyz bolmakdan gorkma! Diňe özüňi söý, özüň üçin ýaşa! Özüni söýýän adam hiç haçan ýalňyz däl.
ᕯᕯᕯᕯᕯᕯᕯᕯᕯᕯᕯᕯᕯᕯᕯᕯᕯᕯᕯᕯ
Seniň tutuş ömrüňi bile geçirjek ýeketäk adamyň - seniň özüň. Şonuň üçin özüňi söý.

@nepesowna
21
74
nepesowna
20.01.2024 12:38
Saňa důșůnýån bolsalar bu - bagt,
Seni sõýýån bolsalar bu - uly bagt,
Sen sõýýån bolsañ bu - hakyky bagt.
20
45