Şeýtan üçburçlygyndaky "syrly" wakalar(Bermuda ücburçlugy)
1945-nji ýylda 14 sany pilot ABŞ BMC uçarlarynda adaty türgenleşme missiýasynda ýitirim bolýar. Uçuşyň ýolbaşçysy leýtenant Çarlz Teýloryň: " Biz häzir birgeňsi köpürjikleýän ýaşyl reňkdäki suwuň üstünden geçip barýas. Biz nirededigimizi bilemizok" -diýen sözleri gelip ýeten iň soňky sözleridi. Alymlar bu wakanyň üstünde birnäçe barlag geçirse-de hiç zat tapman "näbelli sebäplere görä" belligi bilen bu temany ýapýarlar.
1916-njy ýylda şol bir ýerde "Siklop" atly 306 adamlyk ýük gämisi, 1944-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda 300 adamlyk "Rubikon" amerikan gämisi, 1965-nji ýylda 10 agzaly ekipaždan ybarat bolan C-119 harby transporty hem ýokarda belläp geçen waka meňzeş täsin şekilde ýitirim bolýarlar.
Bu wakalaryň bolup geçen ýeri Bermuda üçburçlugydyr. Bu termini siz öňem eşdip gören bolmagyňyz mümkin. Bermuda üçburçlygy-Atlantik okeanyndaky Amerikanyň bir ştaty Florida, Puerto-Riko we Bermuda adalaryny öz içine alýan ýer.
Dünýä kartasynda hem görnüşi ýaly, Floridadan Bermuda adalaryna, ondan Puerto-Riko we Puerto-Rikodanam ýene Florida ştatyna çyzyk geçirseň üçburçlyk emele geler. Şonuň üçin hem bu meýdana "Bermuda üçburçlygy" ady dakylýar. Oňa başgaça "Şeýtan üçburçlygy" hem diýipdirler.
Bermuda üçburçlygy- köp uçarlaryň, uly gämileriň dereksiz ýiten we alymlaryň muňa köp wagtlap dogry we takyk jogap tapyp bilmedik ýeridir. Bu termin ilkinji gezek 1964-nji ýylda Argosy žurnalynyň reportýory Winsent Geddis tarapyndan ulanylýar. Onuň ýazan makalasy halk arasynda uly sensasiýa öwrülip, dereksiz ýitmeler bolsa onuň täsinligini has-da artdyrýar. Okeanyň içindäki howply üçburçlykda bolup geçen hadysalar paranormal hadysa söýerleriň ünsüni çekýär. Şondan soň halk arasynda özge planetaly adamlardan başlap wagtyň durmagyna ýa-da ýitip giden suwasty Atlantidanyň ýaşaýjylaryna çenli birnäçe teoriýalar peýda bolup başlaýar. Ýene-de çaklamalardan mysal hökmünde metanyň täsiri we altyburçly bulutlary getirip bolar: metan suwuň düýbünden ýokary çykyp, suwuň öňküden beter dykyz bolmagyna we gämileriň gark bolmagyna getirýär. Altyburçly bulutlaryň esasynda döreýän güýçli şemal bolsa islendik uçary ýa gämini hatardan çykaryp bilýär.
Bularyň ählisi diňe çaklama bolsa, onda bu wakalaryň asyl sebäbi näme?
Aslynda hiç hili üýtgeşik bolup geçen zat ýok!
Ýer ýüzüniň 71%-ni suw tutýar. Bu bolsa 1332 mlrd kub km diýmekdir. Şonuň üçin hem bu ullakan massada gämileriň, uçarlaryň ýitmegi geň zat däl. Dünýä ýüzi entägem 370-nji reýs Malaysia Airlines we örän uly 239 adamly Boeing 777 transportynyň Hindi okeanynda gijäniň ýarynda nädip ýitenine 8 ýyldan bäri anyk düşündiriş berip bilenok. Diňe 3 ýyldan soň Afrikanyň kenarynda öňki awialaýneriň 31 fragmenti tapylýar.
Amerikan Milli müdirliginiň okean we atmosfera barlagynyň berýän maglumatlaryna görä, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň Bermuda üçburçlygy diýip atlandyran şol Atlantika sebitinde tupanlar we tropiki ştormlar köp bolup durýar. Öňler kapitanlar takyk we dogry howa maglumatyna eýe däldiler. Uçar we gämilerde bolsa tupanlara garşy ýeterlik goragy ýokdy. Şeýle-de Karib deňziniň kiçiräk adalary uly gämilere howp salýardylar.
"Haçanda howanyň erbetleşmegi ýa-da nawigasiýa ýalňyşlar ýüze çykanda, okean örän howply bolup bilýär. Bermuda üçburçlygyndaky duýdansyz ýitirimler dünýäniň islendik beýleki ýerlerinden köp bolýanlygyna anyk delil ýok"- diýip müdirligiň wekilleri belleýärler. Mundan başga-da häzirki wagtda her gün Bermuda üçburçlygynyň içinden onlaýn görnüşinde yzarlap bolýan 10-larça uly ýolagçy uçarlary geçýärler. Olaryň hiç haýsynyň hem dereksiz ýitmeýänligini bellemegimiz gerek.
makalam.com