nabat_
12.01.2024 07:58
Planetamyzyň iň eýjejik üç haýwany
1.Kwokka(1-nji surat)
Bu kiçijik jandar şadyýan tebigaty bilen tanalýar. (Setonix brachyurus) diýlip hem atlandyrylýan gysga guýrukly tüýlek wallaby (kiçi kengru) kwokkanyň asyl ölçegi pişigiň ululygyndadyr. Ol öz tumşujygy bilen belka ýa-da towşana hem meňzeýär.
Kwokka marsupialdyr. Bu haýwan gijeki bolup ol öz çagasyny jübüsinde göterýar
Kwokkalaryň ýaşaýan ýeke-täk ýeri Awstraliýanyň kenaryndaky Rottnest adasydyr. Bu dünýäniň iň uzak ýerlerinden biridir. Muňa garamazdan, kwokka şeýle meşhurlyga eýe boldular welin, indi bu ýer syýahatçylyk merkezine öwrüldi. Alserli ýaşaýjylar, kwokkalara bolan söýgiňizi hakykatdanam görkezmek isleseňiz, olary gorap saklamak baradaky tagallalaryna goldaw bermelidiginizi aýdýarlar. Kwokkalar ýaşaýyş ýerleriniň ýitmegi sebäpli resmi taýdan "Gowşak" diýilip sanawa girizildi
Gyzyl panda (Ailurus fulgens) (2-nji surat)
Gyzyl panda (Ailurus fulgens) gündogar Gimalaý daglarynda we Hytaýyň günorta-günbatarynda ýaşaýar. Bu owadan jandar tilki bilen äpet pandanyň arasyndaky garyşyga meňzeýär, ýöne ikisi bilenem baglanyşykly däl. Ýöne olar ýenotlara we alajagözenlere has ýakyndyralar.
Gyzyl pandanyň galyň gyzyl sütükli we zolakly guýrugy bar. Olar öý pişiginiň ululygynda we agramyndadyr. Garagol ýüzi we oýnawaç häsiýeti gzyl pnadany haýwanalaryň we haýwanat baglaryna we goraghanalara baryp görýänleriň arasynda meşhur etdi. Gynansagam, gyzyl pandalar howp astyndadyr. Uly pandalar ýaly, olar diňe bambuk iýýärler we ýaşaýyş ýerleriniň ýitmegi ilatynyň azalmagyna sebäp boldy. Şeýle-de bolsa, haýwanat baglary gyzyl pandalary üstünlikli ösdürýärler.
Fennek tilkisi, ähli tilkileriň iň kiçisi
(3-nji surat)
Bu näzijek, inçejik penjeleri we ullakan gulaklary bolan haýwandyr.
Fennek tilki (Vulpes zerd a) Sahara çölünde, Marokkoda, Mawritaniýada, Nigeriň demirgazygynda, Müsürde we Sinaý ýarym adasynda kiçijik ýerli tilkidir. Onuň uly gulaklary tilki yssy howa şertlerinde ýaşap biler ýaly ýylylygy ýaýratmaga kömek edýär. Penjelerindäki galyň sütük ony çölüň yssy çägelerinden goraýar. Ol ownuk guşlar, gemrijiler, miweler we süýrenijiler bilen iýmitlenýär. Kine maşgalasynyň iň kiçi agzasy, fennek tilkiniň agramy bary-ýogy 8,8 kg-dyr.
Bu eýjejik tilki, Al Algeririň milli futbol ýygyndysyna Les Fennecs adyny dakdy. Bu haýwan Al Algerirde, Müsürde, Marokkoda we Tunisde goralyp saklanýan haýwan görnüşidir.
27
146
nabat_
17.12.2023 13:16
Görer gözüň gymmaty
Gözi goramak üçin ýörite iýmitlenmegiň öz düzgüni bar. Şonuň üçinem göz damarlaryny berkidiji iýmitleri iýmek has peýdalydyr.
Gözümizi Gün şöhlesinden goramagy hem unutmaly däldiris. Size hödürlejek maslahatlarymyz siziň görer gözüňiziň has-da nurly, nerw öýjükleriniň ýadawlygynyň aýrylmagyna getirer hem-de gözüň hereketlendiriji myşsalary berkär.
Kitap okalanda, hat ýazylanda gözden 30 sm araçäkde bolmaly.
Telewizor görlende, her 30-40 minutdan 5-10 minutlyk göze dynç bermeli.
Gözi goramak üçin ýörite iýmit düzgünlerini berjaý etmeli. Olar A, B, С witaminleri saklaýan balyk, bagyr, çernika, gara smorodina, şugundyr, käşir, kelem, garaly, ukrop, petruşka, gök sogan ýaly gök önümlerdir.
Her 1-1,5 sagatdan 10-15 minut gözlere dynç bermeli; gözleri ýumup 8 gezek saga we çep tarapa aýlamaly, soň gözleri açyp çalt-çaltdan gyrpmaly.
Göz bäbenegini ýokaryk-aşak hereketlendiriň. Gün içinde bu maşky 5-6 gezek gaýtalamaga synanyşyň!
Gözleri saga, soňra çepe hereketlendiriň! Bu maşk gözi ýeterlik mukdarda çyglandyrmaga ýardam eder.
Gözüňizi bar güýjüňiz bilen ýumup, 30 sekuntdan soňra giňden açyň! Bu maşky günde 4 gezek gaýtalamak ýeterlikdir.
Gözüňiz bilen süýem barmagyň ujuna serediň, soňra barmagyňyzy ýokaryk-aşak hereket etdiriň, hereketi gözleriňiz bilen yzarlaň!
Kelläňi yza agdaryp dem almaly, soň öňe egip demi goýbermeli.
Gözüň ýadawlygyny aýyrmak üçin, pagtany gök çaýa ezip, gözüň üstünde goýsaň, göz damarynyň rahatlanmagyna peýdasy deger.
Daşa ýakyna 1 minutlap seredip, soň burnuňdan 10-15sm ýakynlyga seretmeli.
Oňaýly iş ýeri, ýeterlikli ýagty we ýagtylyk şöhlesi göni göze düşmeli däl, ýagtylyk bütin otaga deň ýaýran bolmaly. Gözi goramak üçin ýörite iýmitlenmegiň öz kadasy bolmaly. Ýagny, damarlary berkidiji maddalary saklaýan iýmitleri; çernika, garaly, käşir, balyk, bagyr, ukrop, kelem, gök sogan, petruşka ýaly gök önümleriň köp iýilmegi maslahat berilýär.
Gözleriňizi aýap saklaň! Çünki gözümiz dünýämiziň aýnasy, kalbymyzyň nurudyr.
Leýli URUMBAÝEWA,
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Lebap welaýat saglygy goraýyş we anyklaýyş merkeziniň oftalmolog lukmany.
36
47
nabat_
15.12.2023 00:08
Göwün ýykmak gerek däl

Bir adam mekdebe golaý ýerde ýaşaýan eken. Garrap, hormatly dynç alşa çykansoň, uzynly gün öýde bolmak ony irizipdir. Aýratyn-da okuwçylaryň gohy onuň ýüregine düşýän eken. Bir gün ol ala-goh edişip mekdepden gelýän okuwçylary saklap, şeýle diýipdir:
— Çagalar, menem siz ýalykam goh-galmagal etmegi halaýardym. Siz maňa çagalygymy ýatladýaňyz. Öýümiň deňinden geçeniňizde edil şular ýaly goh etseňiz, size her gün bir manat berjek — diýipdir.
Çagalar ala-goh bolşup, muzdlaryny alypdyrlar. Birnäçe günden soň ýaşuly:
— Çagalar, şu günler pul ýagdaýym gowy däl. Mundan beýläk men size diňe elli teňňeden berip bilýän — diýipdir.
Ýaşuly birnäçe günläp olara elli teňňe beripdir. Bir günem:
— Çagalar, şu günler pul ýagdaýym öwerlik däl, biraz tygşytly bolaýmasam kyn boljak. Indi size her gün goh edeniňiz üçin on teňňe berip bilýän — diýipdir.
Şonda çagalaryň biri:
— Ýok, daýy jan, ol bolmaz. Bary-ýogy on teňňe üçin goh eder öýdýän bolsaňyz-a ýalňyşýaňyz. Biz beýle arzan goh etmeris — diýipdir. Onuň bu sözlerini beýleki çagalar hem alyp göteripdirler.
Şondan soň çagalar ýaşulynyň öýüniň deňinden geçenlerinde goh etmän, ümsüm geçipdirler.
HIKMETI. Göwün ýykmanam göwnüňe ýakmadyk zatlardan dynmak mümkin
33
109