mr_azik
10.08.2023 00:10

Arşa uçan ýaş ýigit ýaňy 23 ýaşapdy,

Ýokary okuwy gutaryp işlemäge başlapdy,

Ilkinji aýlygyny alyp, gelýärdi ol begenip,

Zalym ajal öňünde duran eken egrelip.


Batly baryp urupdyr ol ajalyň yzyndan,

Beden çykyp aýnadan, sypyp iki dyzyndan,

Amanadyn tabşyryp görmegeýje ýaş ýigit,

Eden arzuw hyýaly, gitdi howada tozup.


Bu gün eje aglaýar, mazara goýup daşy,

Mazardaky käsäni doldurupdyr göz ýaşy,

"Tur gideli jan balam" diýip eje aglaýar,

Ýekeje perzendini bir görsem diýip zarlaýar.


#MR AZIK...✍️

21
140
mr_azik
09.08.2023 11:09

ÖLDI DIÝ !


Bir gün senden sorasalar men hakda,

"Men bilemok birzatlara boldy" diý.

Ýene gaýta-gaýta sorag berseler,

"Meniň birje, sözüm üçin öldi" diý.


Ol näme söz, sorasalar ýene-de,

"Ol durmuşdan geregini aldy" diý.

"Ol men bilen bir ömüri geçirmek,

Bar islegi, bar arzuwy şoldy" diý.


"Ony dälde arzuwlarymy saýladym,

Ol hakynda pikirlerim söndi" diý.

"Ýok, ýok gorkmaň ol entegem ýaşap ýör,

Diri halda, ömürbaky öldi" diý.

31
222