Bilýäñmi nämeler üýtgedi?!
Hiç zat...
Ne-hä bagtly boldum, ne-de betbagt.
Goşgulam diñlenýär gözleri ýaşlap,
Ýene ýaşamaga tapamok wagt.
Seýpelmelek boldum, Methaljemalyñ,
Yşky bilen ýüregimi dagladym.
Munda hiç kim üçin gyzyksyz halym,
Bagtly goşgy ýazyp göwün awladym.
Arz etdim Asmana, seniñ adyñy,
Dileg bilen bagladym her demime.
Düýşmidi.. duýýanym söýgüñ dadyny,
Ýa ömürmi ynamyndan kemilen?!
Goşgyñda ýüregi ezýäñ diýdiler,
Senden galan peşgeş bu üýtgeşik at...
Öñkiñden has gowy ýazýañ diýdiler..
Bilýäñmi nämeler üýtgedi?!
Hiç zat..