moonlight
moonlight
05.05.2023 22:29
Öz pikirleriñi hiç kime aýtma. Diñe netijeleriñ bilen geñ galdyr..
moonlight
moonlight
05.05.2023 17:20
Köpler kimin, duşmasam-da ýara men Duýdum bu kalbymda çäksiz diriliş. Päklige düşündim şo duýgy bilen, Şoñ bilen başlandy iñ gözel durmuş. G.Ezizow
moonlight
moonlight
04.05.2023 13:23
Käbir kişileri durmuşyñyzdan çykaryp biljek derejede güýçlenseñiz, durmuş size täze gapylar açar..
moonlight
04.05.2023 07:46
Bilýän geçmiş bolar bulañ barysy
Janyñy aýardan süýji bu gussa.
Bolmaz aýralygyñ agy, sarysy..
Ýazsañ goşgy bolar, ýazmasañ kyssa.

Kämil çykar söýgüñ derdini çeken
Ýazylana has çuñ akyl ýetirer.
Goşgam çakylyga meñzeýär eken,
Ýürekdeşleriñi toplap getirer.

Onsoñ ine şeýder göwnüñ öwrüler
Hakyky söýgüniñ aramgähine.
Päk yşkyñ zyýapatdygyn ömrüñe,
Ýetirmeli adamlaryñ käsine...

Bolmaz aýralygyñ agy, sarysy..
Ýazsañ goşgy bolar, ýazmasañ kyssa..
Bilýän geçmiş bolar bulañ barysy,
Janyñy aýardan eziz bu gussa..

05.07.2022ý

Gülşürin Hanowa.
24
67
moonlight
moonlight
03.05.2023 21:58
Wagtyñ geçmegi bilen hemme zat düzeler. Emma geçen wagty hiç bir zat düzedip bilmez.. Goethe
moonlight
03.05.2023 12:54
Geldim,
Ýalançy dogruçyl gerek däl eken,
Olar kän eken.

Ýaşadym,
Öli ýaly diri bolup,
Her gün öz-özümi bogup.

Ýazdym,
Gara kagyzy ak etjek bolup,
Sözleri ýarama em etjek bolup.

Söýdüm,
Boldum jelladyma aşyk,
Belki söýdüm çenden aşa.

Üşedim,
Maña ot gerek ýanar ýaly,
Ýene biraz ýazar ýaly.

Doñdum,
Dodaklarym gurapdyr.
Kirpikler bir-birini gujaklapdyr.
Toprak bolupdyrn.
-Soñ?
-Hasap,
İki ýol,
Bakylyk..

Aýsapar Emelowa.
17
42
moonlight
moonlight
02.05.2023 22:13
Durmuşyñyzy şeýle bir adama bagş ediñ! Hat-da siz aglaýan hem bolsañyz, ol güldürip bilsin..
moonlight
02.05.2023 06:30
Käwagt hakykat bolmagyny isleýän düýşlerimiz we düýş bolmagyny isleýän hakykatlarymyz bardyr..
24
137
moonlight
moonlight
01.05.2023 13:33
Degişme üsti bilen aýdylýan sözlere üns ber, Köplenç bularda hakykat bar..
moonlight
moonlight
30.04.2023 15:07
Göräýmäge biziñ dünýämiz aýry, Şonda-da men saña, sen maña gerek..