moonlight
25.07.2023 10:41
Kalbyma milt edip bilmez,
Puldan haly dokaýanam,
Mähriñ deý gark edip bilmez,
Meni Ýuwaş okeanam.
Saña ýetmek ýeke gamym,
Yşkyñ oduna tütäp men,
Teşnesi kän okamagyñ,
Açylmadyk bir kitap sen.
Iriñlän gussam bir ýana,
Zyñyp, saña el uzatsam,
Duýarmyñ meniñ söýgümi?,
Ses ýetimdenem uzakdan.
Ömür az bolmasa, käşgä,
Ähli wagtymy sarp edip,
Ýaşadardym seni dünýäñ,
Ähli bagtyna gark edip.
Ýylgyrsañ älem ýagtylar,
Gamlansañ garalar pany,
Ählisi bir köpük, sensiz,
Ýaşamakda barmy many?!.
Gözläp taparyn bir tärin,
Täleýim çyksa-da hetden,
Señ bilen galmak islärin,
Müdümilik ahyrýetde.
Köpüsi bagt gözleýär,
Puldan ýa-da ýüz-keşipden,
Ynan, çynymy sözleýän,
Üýtgeşik sen üýtgeşikden.
Beýle ägirt, uly bagta,
Belki, däldirnem mynasyp,
Eger doglan bolsa şol men,
Saña ýeketäk çyn a:şyk.
Üşetse durmuş añzagy,
Señ gujagyñda ýylaýyn,
Gara mañlaýmyñ ak ýerne,
Ýazylan sen bol ylaýym...
Baýram BEJIDOW
25
60
moonlight
17.07.2023 19:36
Men kän ýerde ýüregiňi duýaryn,
Men bar zatda düşünerin halyňa.
Ömrümi yşkyna girew goýanym,
Duýgularym alyp barar ýanyňa,
Sen hemişe gara meniň ýoluma!
Asman tüme dönse, ýyldyzlar öçüp,
Baglara gyş gonsa, guşlary uçup,
Ynan, geler diýip, bar zatdan geçip,
Şol ynamyň alyp barar ýanyňa,
Sen hemişe gara meniň ýoluma!
Kinniwanja şatlyk bolsam gussaňa,
Zemin göwnüm telwas eder Asmana,
Menziller kär etmez bagra basmaga,
Söýgim meni alyp barar ýanyňa,
Sen hemişe gara meniň ýoluma!
Bu bir durmuş, käte dünýäň daralsa,
Üşeseň, ýyljajyk mähre zar bolsaň,
Men ýeterin, şu jahanda bar bolsam,
Söýgim meni alyp barar ýanyňa,
Sen hemişe gara meniň ýoluma!
Gülşirin HANOWA.
22
70
moonlight
16.07.2023 15:48
Men "Sen" diýip, Ýerden üzdüm aýagmy,
Gör, "Sen" diýip, telwas etdim göge men.
Geldim, bir bilbilem, şeýdaýy göwnüm,
Gül küýsedi Aý üstünde gögeren.
Söz ýok!
Sözlüge sygmadym indi!
Bak, baryny aýan eder didelem.
Ahyrsoňy şa gyzyny aparýan
Gadym ertekileň garyp ýigdi men.
Men gedaý göwnüňe wysal dälmidim,
Hanlaryň tamasyn tala daňmyşam.
Bitaýam, binesip bolup gämiden,
Nuhuň tupanyndan aman galmyşam.
Bir jyndym,
Çüýşäni etdiň kül-owram,
Maňa Hakdan berlen paýymmydyň sen?!
Diýdiň:
- Sen şolmudyň?!
Atdym başymy.
Owaldan baryna taýynmydyň sen?!..
Merdan BAÝAT
(şu goşgam şu ýerjikde duraýsyn, gaty gowy gördüm şu goşgyny))
22
52
moonlight
16.07.2023 13:04
Sen «Söýgi» diýilse, nämä düşünýäň?!
Şeýle bir bilesim gelýär pikriňi.
Men üçin-ä söýgi — seniň gözleriň,
Söýgi — seniň şol gözleriň kirpigi.
Söýgi — seniň aýaklaryň ädimi.
Söýgi — seniň gol uzadyp durmagyň.
Men dünýäň gurluşyn geň görüp ýörkäm,
Gelip, öz kalbymda dünýä gurmagyň.
Söýgi — seniň oýa batyp oturşyň.
Söýgi — seniň aýdýan, aýtjak sözleňem.
Men «söýgi» diýdim-de, saňa düşündim,
Mümkin, muny geň görýändir özgeler.
Mümkin, olar öz ýanyndan «Söýgi has
beýik ahyr!» diýýändirler,
ähtimal...
Ýöne, menem peseldemok söýgini,
Sen söýgi dek beýge galdyň, mähriban!
© Aýgül GARAÝEWA
23
57